СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

7-nji synp Turkmenistan taryh 2-nj çärýek

Категория: История

Нажмите, чтобы узнать подробности

7-nji synp Turkmenistan taryh 2-nj çärýek

Просмотр содержимого документа
«7-nji synp Turkmenistan taryh 2-nj çärýek»

Ders mugallymy:Rozyýewa Nigara

Senesi:31.10.2023ý

Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy:VIIA/B


Sapagyň temasy:

Amydeyrýanyň orta akymyndaky Kuşan döwrüniň ýadygärlikleri

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Kerki, Mürzebek, Köýten, Beşir, Esenmeňli ýadygärlikleri, medeniýet, şekillendiriş we binagärçilik sungaty barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

okuwçylara temanyň üsti bilen watançylyk terbiýesini bermek

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)“ Günorta Horezm we Lebap welaýatynyň ýerleri Kuşan döwletiniň düzüminde” diýen teksti okadyp, mazmunyny gürrüň berdirmek.

b)Sorag-jogap alyşmak.

1. Kuşan döwleti nirede we näçenji asyrda döräpdir.?

2. Kuşan patyşalygy haýsy döwletleri öz içine alypdyr?

3. Onuň merkezi (paýtagt) haýsy şäherler bolupdyr?

4. Kuşan döwletiniň ilkinji patyşasy kim bolupdyr?

5. Kuşan döwletiniň düzüminde wagty Amyderýanyň boýunda haýsy gadymy şäherler döräpdir? 3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Amyderýanyň orta akymyndaky Kuşan döwrüniň ýadygärlikleri

2 В. e. I–IV asyrlarynda binagärçilik

3. Şekillendiriş sungaty barada gürrüň berme

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Kuşan döwrüniň ýadygärlikleri barada gürrüň berip

– Beşir oazisiniň ýerlerinde näçe sany ilatly galalar bolanlygyny

– Beýik Kuşanlylaryň köşkleri barada

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– В. e. II asyrlarynda ilat nirelerde ýaşandygy barada gürrüň bermegi

– Kuşan patyşalygy haýsy döwletleri öz içine alandygy barada aýtmagy

– Amyderýanyň orta akymlarynda ýaşan ilat näme bilen meşgul bolandygy barada gürrüň bermegi

– Günorta-Gündogar Türkmenistanyň Kuşan döwrüne degişli nähili ýadygärlikler tapylandygy hakynda aýtmagy

§ 5. Amyderýanyň orta akymyndaky Kuşan döwrüniň ýadygärlikleriDemirgazyk-Gündogar Türkmenistanyň Kuşan imperiýasynyň düzüminde bolan döwründen başlap, ol ýerleriň ilatynyň ykdysady we medeni durmuşynda uly öňegidişlikler bolupdyr. Amatly ýerleriň köp mukdarda özleşdirilmegi bolsa ekerançylygyň ösmegine şert döredipdir. В. e. II asyrlarynda ilat, esasan, Beşir, Kerki, Mürzebeg we Köýtendag oazislerinde ýaşapdyr. Beşir oazisiniň ýerlerinde 7 sany ilatly galalar ýerleşipdir. Şolaryň ikisinde häzirki

Esenmeňli we Beşir galalarynyň ýerleşen ýerlerinde uly şäher görnüşli gala bolupdyr.

Kerki (Atamyrat) oazisinde jemi 5 sany ilatly ýerler bolupdyr. Olaryň üçüsi Kerki geçelgesiniň golaýynda ýerleşipdir. Mürzebeg oazisi Kuşan döwründe-de uly hem-de gür ilatly ýer bolupdyr. Bu döwürde onda 17 sany oba ýerleşipdir. Köýtendag oazisinde 5 sany

ilatly oba bolupdyr.

В. e. I–IV asyrlarynda binagärçilik. Şekillendiriş sungaty. Beýik Kuşanlaryň döwletiniň medeni jähtden Demirgazyk Türkmenistanyň ýerleri üçin uly ähmiýeti bolupdyr. Horezmde şol wagtlar köp sanly şäherler we oturymly obalar bolupdyr. Olardan has içgin öwrenileni Toprakgala şäheridir. Şäheriň daşy çig kerpiçden galdyrylyp berkidilipdir. Onuň köp ýerinde duşmandan goranmak üçin diňler salnypdyr, ýaý atmak üçin ýörite deşikler goýlupdyr. Galanyň içinde uly, iki gatdan ybarat horezm şalarynyň köşgi ýerleşipdir. Köşkde tomaşa-meýlis geçirilýän «patyşalaryň uly otagy» ýerleşipdir. Onuň diwarlarynyň eteginde patyşalaryň, olaryň aýallarynyň, begzadalaryň heýkelleriniň toplumy ýerleşdirilipdir. Diwaryň ýüzüne bütin boýy bilen köp sanly suratlar çekilipdir. Bu köşkde ýarag ýasalýan ussahana we ýarag saklanylýan ýörite otaglar bolupdyr.

Amyderýanyň orta akymlarynda ýaşan ilat dokmaçylyk bilen meşgul bolupdyr. Adamlar uly ymaratlary guranda bişen kerpiçleri peýdalanypdyrlar. Küýzegärçilik senedi ösüpdir. Küýzegärler dürli görnüşli küýze önümlerini: bulgurlary, golçalary, humlary, käseleri, okaralary, zenan hudaýlaryň hem-de erkek adamlaryň heýkeljiklerini ýasapdyrlar. Küýze önümlerini ýörite peçlerde bişiripdirler. Adamlar b.e. I–II asyrlarynda däne üwemek üçin daşdan ýasalan owguçlary peýdalanan bolsalar, eýýäm III–IV asyrlarda dänäni degirmen daşlary bilen üwäp başlapdyrlar.

Günorta-Gündogar Türkmenistanyň Kuşan döwrüne degişli ýadygärliklerinden tapylan heýkeljiklerde ýewropa pisint zenanlaryň keşbi şekillendirilipdir.Heýkeljikleriň köpüsi şol döwürdäki ýerli zenan hudaýlaryň şekilini aňladypdyr. Diýmek, ýerli zenanlara kelleýalaňaç gezmek heniz gadagan edilmändir. Aýallaryň saçlary ýeňsesine timar berlip daralypdyr, kähalatda saçlar ortasyndan açylyp, iki tarapa örülipdir. Aýallar ökjesini ýapyp duran uzyn köýnek geýipdirler. Olar gymmat bahaly metallardan, daşlardan hem-de süňklerden ýasalan şaý-sepleri dakynypdyrlar.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Beşir oazisiniň ýerlerinde näçe sany ilatly galalar bolupdyr?

2. Beýik Kuşanlylaryň köşkleri barada gürrüň beriň.

3. В. e. II asyrlarynda ilat esasan nirelerde ýaşapdyr?

4. Amyderýanyň orta akymlarynda ýaşan ilat näme bilen meşgul bolupdyr?

5. Günorta-Gündogar Türkmenistanyň Kuşan döwrüne degişli nähili ýadygärlikler tapylypdyr?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. §5 Sah.: 22-23.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?









Ders mugallymy:Rozyýewa Nigara

Senesi:07.11.2023ý

Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy:VII A/B

Sapagyň temasy:

Ilatyň ykdysady we syýasy, medeni durmuşy

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Kuşanlylaryň döwründe ilatyň ykdysady-syýasy, medeni durmuşy barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara temanyň üsti bilen watançylyk terbiýesini bermek

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)“ Amydeyrýanyň orta akymyndaky Kuşan döwrüniň ýadygärlikleri” diýen teksti okadyp, mazmunyny gürrüň berdirmek.

b)Sorag-jogap alyşmak.

1. Beşir oazisiniň ýerlerinde näçe sany ilatly galalar bolupdyr?

2. Beýik Kuşanlylaryň köşkleri barada gürrüň beriň.

3. В. e. II asyrlarynda ilat esasan nirelerde ýaşapdyr?

4. Amyderýanyň orta akymlarynda ýaşan ilat näme bilen meşgul bolupdyr?

5. Günorta-Gündogar Türkmenistanyň Kuşan döwrüne degişli nähili ýadygärlikler tapylypdyr? 3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1.Demirgazyk Türkmenistan kuşanlylaryň döwründe

2.Däp-dessurlary barada

3.Horezmiň ilatynyň hat-ýazuwyna degişli arheologik maglumatlar

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Ilatyň syýasy-ykdysady, medeni durmuşy barada gürrüň berip

– Horezm ýerlerinden tapylan gadymy hat-ýazuw ýadygärlikleri bararda gürrüň berip

– Ilatyň medeniýeti we däp-dessurlary hakynda aýdyp

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Horezm ýerleri haýsy wagtda Kuşan döwletiniň düzümine girendigi barada gürrüň bermegi

– Horezm ýerleri näçenji asyrda özbaşdaklygyny alandygy barada aýtmagy

– Horezmlileriň merhumy jaýlamak däpleri barada gürrüň bermegi

– Horezmiň ilatynyň hat-ýazuwyna degişli arheologik maglumatlar nireden tapylandygy barada aýtmagy

§ 6. Demirgazyk Türkmenistan kuşanlylaryň döwründe

Ilatyň syýasy-ykdysady, medeni durmuşy. Türkmenistanyň demirgazyk etraplary, ýagny Horezm ýerleri kuşanlylaryň golastyndan diňe III asyrda çykyp, özbaşdaklygyny gazanyp bilipdirler.

Kuşanlar döwründe gadymy horezmlileriň durmuşynda uly özgerişlikler bolup geçýär. Horezmde öňki uly 10-15 otagdan ybarat urug jemgyýeti dargap, oba–goňşuçylyk jemagatyna ösüp geçip başlapdyr. Oňa taryhda «oba (goňşuçylyk) jemagaty» diýilýär. Kuşanlar döwründe öňki wagtlardan tapawutlylykda kiçi galalar, howly görnüşli jaýlar peýda bolýar. Kuşan şalygynyň döwründe özboluşly şäher medeniýeti özüniň gülläp ösüşiniň ýokary derejesine ýetipdir. Döwletiň çäkleri giňelenden soň, täze berkidilen galalar peýda bolýar. Çermenýabyň we Könehowzuň suwarymly ýerleriniň meýdanlary giňelýär, maldarçylyk ösýär, bular bilen birlikde söwda hem giň gerim alýar, oňa hünärmentçiligiň ýöriteleşmegi (küýzegärçilik, zergärçilik) itergi beripdir.

В. e. I–III asyryna degişli Toprakgaladan tapylan arheologik tapyndylar gadymy Horezmiň durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösendigine güwä geçýär. Mysal üçin, Horezmiň kuşanlar döwrüniň gadymy ilatynyň öz elipbiýi bolupdyr. Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde gadymy Goýungyrlan galanyň harabaçylygyndan alymlar horezm hatynyň üstüni açýarlar. Ol Merkezi Aziýada Kuşan döwrüne degişli tapylan hatlaryň ilkinjisi hasaplanylýar. Eýlenen mal derisine (pergament) we agajyň gabygyna ýazylan bu hat arameý hatyna ýakyn bolupdyr. Horezm ýerlerinden tapylan gadymy hat-ýazuw ýadygärlikleri Kuşan döwrüniň ýadygärlikleri bolup, bu ýerde siwilizasiýanyň ýokary derejede ösendigini görkezýär.

Merhumy jaýlamak bilen baglanyşykly däpler. Gadymy horezmliler hem otparazçylyk dinine uýupdyrlar. Bu ynanja görä, gadymy şäher-galalarynda merhumlary iň soňky ýoluna ugratmak üçin ýörite ybadathana hem bolupdyr. Olarda merhumy jaýlamak däbi häzirki günlerimizdäkiden bütinleý tapawutlanypdyr. B. e. öňki IV – b.e. I asyrlarynda horezmliler merhumyň jesedini däl-de, diňe onuň süňklerini jaýlapdyrlar. Onuň üçin jeset gaby ýasalypdyr. Jeset gaplary her hili görnüşde daşdan-da, alebastr bilen suwalan adaty palçykdan-da taýýarlanylypdyr.

Jeset gaplary erkek adam şekilinde-de, aýal adam şekilinde-de ýasalypdyr. Sungat eseri bolan bu jeset gaplary hakyky heýkel görnüşinde bolupdyr. Erkek adam şekilindäki heýkelleriň käbirindäki ýasalan sakgallar öz görnüşi boýunça häzirki adamlaryň sakgallaryna meňzeş bolupdyr.

Arheologlaryň Goýungyrlan galadan tapan keramika nikaplary, heýkel gaplary, şol ýerlerdäki ot yzlary merhumyň jesedini ýakandyklaryny, soňam onuň külüni ýörite gaba salandyklaryny aýtmaga esas berýär.

Demirgazyk Türkmenistanyň Kuşan döwletiniň düzümine girmegi netijesinde öňki däp-dessurlar kem-kemden üýtgäpdir. Bu ýagdaý Kuşanlar döwründe täze diniň ýaýramagy netijesinde ýüze çykypdyr. Olar buddalara sežde etmeklik bilen bagly bolupdyr. Budda dininiň gelmegi bilen ýerli halkyň durmuş ýoly hem üýtgäpdir.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Horezm ýerleri haýsy wagtda Kuşan döwletiniň düzümine giripdir?

2. Horezmlileriň merhumy jaýlamak däpleri barada gürrüň beriň.

3. Horezm ýerleri näçenji asyrda özbaşdaklygyny alypdyr?

4. Horezmiň ilatynyň hat-ýazuwyna degişli arheologik maglumatlar nireden tapylýar?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. §6 Sah.: 23-24.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?




Ders mugallymy:Rozyýewa Nigara

Senesi:18.11.2023ý

Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy:VII A/B

Sapagyň temasy:

Däpler. Buddizmiń ýaýramagy.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Ilatyň ykdysady-syýasy, medeni durmuşy, däpleri, buddizmiń ýaýramagy barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara temanyň üsti bilen watançylyk terbiýesini bermek

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwrenmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:

depderlerini gözden geçirmek soraglara jogap ýazmak

3.Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak.

Sorag-jogap alyşmak.

1. Horezm ýerleri haýsy wagtda Kuşan döwletiniň düzümine giripdir?

2. Horezmlileriň merhumy jaýlamak däpleri barada gürrüň beriň.

3. Horezm ýerleri näçenji asyrda özbaşdaklygyny alypdyr?

4. Horezmiň ilatynyň hat-ýazuwyna degişli arheologik maglumatlar nireden tapylýar?

4.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

5.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Demirgazyk Türkmenistan kuşanlylaryň döwründe

2. Buddizm dininiň taglymatlaryny hytaý diline terjime edilmegi

3. Buddizmiň Merkezi Aziýa ýaýramagy

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Buddizm dininiň taglymatlaryny hytaý diline terjime edilmegi bararda gürrüň berip

– Kuşanlar döwründe ylym, aýratyn hem, şekillendiriş sungaty ösmegi barada aýdyp

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Buddizm dininiň taglymatlaryny hytaý diline kim terjime edendigi barada gürrüň bermegi

– Horezmiň ilatynyň hat-ýazuwyna degişli arheologik maglumatlar nireden tapylandygy barada aýtmagy

– Kuşan şalygy döwründen başlap buddizm dininiň ýaýramagy barada gürrüň bermegi

– Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan heýkeller barada aýdyp bermegi


§ 6. Demirgazyk Türkmenistan kuşanlylaryň döwründe (dowamy)

IV asyrda Demirgazyk Türkmenistana, Horezmiň çäklerine çarwa alan we hun taýpalarynyň hüjümi başlanypdyr. Olar kem-kemden bu ýerlerde ornaşypdyrlar we ýerli halklar bilen

garyşypdyrlar. Şonuň üçin bu çarwa taýpalaryň ýerli halka medeni täsirinden daşary etniki we syýasy täsiri-de uly bolupdyr. Ýurtda bolup geçen durmuşy ýagdaýlar ýerli ilatyň syýasy

taýdan birleşmegine, häkimiýet başyna ýerli afrigiler taýpasynyň gelmegine şert döredipdir. Afrigiler döwletiniň agalyk süren döwründe Demirgazyk Türkmenistanyň ilatynyň sosial-ykdysady durmuşynda uly öňegidişlikler bolup, ykdysady ösüşler mese-mälim duýlupdyr. Emma hünärmentçilikde, esasan hem, küýzegärçilikde durgunlyk ýüze çykypdyr. Bu bolsa öňki hünärmentleriň köpüsiniň ekerançylyga geçmegine getiripdir. Şonuň üçin küýzegärçilik

önümçiligi bellibir derejede pese gaçypdyr. Buddizmiň Merkezi Aziýa ýaýramagy. Kuşan şalygy döwründen başlap buddizm Türkmenistanyň günorta-gündogar etraplarynda ýeterlik derejede yz galdyrypdyr. Kuşan teňňeleriniň käbiriniň ýüzünde Buddanyň şekili hem ýerleşdirilipdir. Buddizm b. e. öňki I – b. e. I asyrlarynda Merwde hem ýaýrapdyr. B. e. 148-nji ýylynda asly parfiýaly An-şi-gao diýen adam Loýan şäherine gelip, budda kitabyny pars dilinden hytaý diline terjime edipdir. Hytaýyň ilaty şondan soň buddizmiň taglymatlary bilen tanşypdyrlar we bu dini kabul edipdirler. Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde gadymy Gäwürgaladan alymlar b. e. I–II asyrlaryna degişli budda ybadathanasyny we Budda hudaýynyň ägirt uly (beýikligi 0,75 metre ýetýän) kelle heýkelini tapdylar. Ybadathana köp asyrlaryň geçmegi bilen weýran bolupdyr. Onda diňe iki sany sütün we buddanyň duran ýerindäki belentlige çykmak üçin salnan basgançaklar saklanyp galypdyr. Kuşanlar döwründe ylym, aýratyn hem, astronomiýa, şekillendiriş sungaty ösüpdir.

6. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Horezm ýerleri haýsy wagtda Kuşan döwletiniň düzümine giripdir?

2. Horezmlileriň merhumy jaýlamak däpleri barada gürrüň beriň.

3. Horezm ýerleri näçenji asyrda özbaşdaklygyny alypdyr?

4. Horezmiň ilatynyň hat-ýazuwyna degişli arheologik maglumatlar nireden tapylýar?

5. Buddizm dininiň taglymatlaryny hytaý diline kim terjime edipdir?

7. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. §6 Sah.: 24-25.

8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


















Ders mugallymy:Rozyýewa Nigara

Senesi:25.11.2023ý

Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy:VII A/B


Sapagyň temasy:

Beýik Hun döwletiniň döremegi

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Beýik Hun döwletiniň döremegi, Duman Beýik, Mete han, döwletiň dolandyrylyşy barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara temanyň üsti bilen watançylyk terbiýesini bermek

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylmaly esb. we goşmaça magl.:

Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)dilden soramak b)Sorag-jogap alyşmak.

1. Horezm ýerleri haýsy wagtda Kuşan döwletiniň düzümine giripdir?

2. Horezmlileriň merhumy jaýlamak däpleri barada gürrüň beriň.

3. Horezm ýerleri näçenji asyrda özbaşdaklygyny alypdyr?

4. Horezmiň ilatynyň hat-ýazuwyna degişli arheologik maglumatlar nireden tapylýar?

5. Buddizm dininiň taglymatlaryny hytaý diline kim terjime edipdir?

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Beýik Hun döwletiniň döremegi we gülläp ösmegi

2. Mete hanyň dolandyran döwri

3. Han imperatory Gao Szunyň döwründe Hun döwleti bilen oňşuksyzlyk

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Duman Beýigiň ýuweýjiler döwletiniň üstüne ýörüşi barada gürrüň berip

– Mete hanyň dolandyran döwründe döwletiň gülläp ösmegi bararda gürrüň berip

– Han imperatory Gaoszunyň döwründe Hun döwletine garşy uruş hereketleriniň başlanmagy barada aýdyp

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Mete han Beýik Hun döwletini näçenji ýylda döredenligi barada gürrüň bermegi

– Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň düzümine haýsy ýerleri girendigi barada aýtmagy

– Beýik Hun döwletiniň nähili adat we döwlet kanunlary bolandygy barada gürrüň bermegi

– Hytaýda raýatlyk urşy barada aýtmagy

§ 7. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň döremegi we gülläp ösmegi

Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwleti gadymy ata-babalarymyzyň döreden jahanşalyklarynyň biridir. Taryhy maglumatlara görä, Hun döwleti b. e. öňki III asyryň ahyrky çärýeginden b. e. I asyrynyň birinji çärýegine çenli has-da kuwwatlanypdyr. Duman Beýigiň hökümdarlyk eden döwründe hunlaryň ýerleri goňşy taýpalaryň hasabyna ep-esli giňäpdir. Duman Beýigiň iki ogly bolupdyr. Onuň hökümdarlyk eden döwründe uly ogly Mete han goňşuçylykda ýaşaýan ýuweýjileriň döwletiniň köşgünde ýaşapdyr. Şazadalaryň we ýokary emeldarlaryň çagalarynyň keseki döwletleriň köşgünde saklanmagy, şol döwletiň belli bir derejede beýleki döwlete tabynlygyny aňladypdyr. Şeýle-de, geçmişde dünýä tejribesinde köp ulanylan bu syýasat şazadalaryň berlen ýurdunyň garşysyna uruş hereketleriniň alnyp barylmazlygy üçin edilipdir. Şazada Metäniň ýuweýjileriň köşgünde bolýan wagty iki goňşy döwletiň arasynda oňşuksyzlyk ýüze çykyp, Duman Beýik ýuweýjiler döwletiniň üstüne ýöriş edipdir. Bu waka Mete şazadanyň janyny howp astyna salypdyr. Ýöne oňa ýuweýjilerden gaçmaklyk başardypdyr. Duman Beýik oglunyň edermenligine guwanyp, oňa bir tümeni, ýagny 10 müň öýli ilaty dolandyrmaga beripdir. Şondan soň Mete han öz nökerlerine harby tälim berip başlapdyr. Mete han «şuwlap» ses çykarýan oklary ýasadypdyr. Kakasy Duman Beýik ölenden soň Mete han b. e. öňki 209-njy ýylda tagta çykyp, özüni «Şanýuý» – «Beýikleriň beýigi» diýip yglan edipdir.

Mete hanyň dolandyran döwründe (b. e. öňki 209–174 ý.) döwletiň gülläp ösmegi. Mete hanyň döwründe Hun döwleti güýçlenip, düzümine ownukly-irili 26 döwlet girizilipdir. Mete han merkezleşdirilen döwleti döretmek, merkezi häkimiýeti berkitmek maksady bilen döwletiň dolandyryş ulgamynda özgerişleri geçiripdir. Ol bütin ýurdy 84 welaýata bölüpdir. Olaryň başynda öz diýen adamlaryny goýup, ägirt uly döwleti bir merkezden dolandyryp-dyr. Bu döwletiň bir tarapy Hazardan tä Hindi ummanyna, beýleki tarapy bolsa Gimalaý daglaryndan Sibire çenli aralygy öz içine alypdyr.

Hun döwletiniň kuwwatlanýan döwri Hytaýda raýatlyk urşy, ýagny özara uruşlar bolupdyr. B. e. öňki 202-nji ýylda raýatlyk urşunda ýeňiş gazanan Lýu Ban Hytaýda Han imperiýasyny we nesilşalygyny esaslandyryp, imperator bolupdyr.

Han imperatory Gaoszunyň döwründe Hun döwleti bilen oňşuksyzlyk ýüze çykyp, bu uruş hereketleriniň başlanmagyna getiripdir. B. e. öňki 200-nji ýylyň gyşynda Mete han öz atly goşunyny dört topara bölüpdir we hytaý goşunlarynyň daşyny gabapdyr. Diňe imperatoryň haýyşyndan soň, Mete han hytaý goşunlarynyň daşyndan gabawy aýrypdyr. Netijede, Hun döwleti bilen Han imperiýasynyň arasynda ýaraşyk barada ylalaşyk gazanylypdyr.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Mete han Beýik Hun döwletini näçenji ýylda döredipdir?

2. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň düzümine haýsy ýerler giripdir?

3. Beýik Hun döwletiniň nähili adat we döwlet kanunlary bolupdyr?

işjeň usuldan peýdalanmak:

Hun döwleti







6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. §7 Sah.: 26-27.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?



Ders mugallymy:Rozyýewa Nigara

Senesi:02.11.2023ý

Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy:VII A/B


Sapagyň temasy:

Hun döwletiniň jemgyýetçilik gurluşy. Adatlar we döwlet kanunlary.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Jemgyýetçilik gurluşy, adatlar we döwlet kanunlary, däp-dessurlary we ynançlary barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylary watançylyk, zähmetsöýerlik, beýik adamkärçilik ruhunda terbiýelemek. Olaryň watansöýüjilik duýgularyny ösdürmek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylmaly esb. we goşmaça magl.:

Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini soramak:

a)“ Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň döremegi we gülläp ösmegi” diýen teksti okadyp, mazmunyny gürrüň berdirmek.

b)Sorag-jogap alyşmak.

1. Mete han Beýik Hun döwletini näçenji ýylda döredipdir?

2. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň düzümine haýsy ýerler giripdir?

3. Beýik Hun döwletiniň nähili adat we döwlet kanunlary bolupdyr?

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Hunlarda döwletiň dolandyrylyşy we olaryň jemgyýetçilik gurluşy

2 Dini ynançlary

3. Adat we döwlet kanunlary

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Hun döwletiniň begzadalary barada gürrüň berip

– Hunlaryň dini ynançlary bararda gürrüň berip

– Mete hanyň döwleti dolandyran döwri barada aýdyp

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Mete hanyň dolandyran döwleti barada gürrüň bermegi

– Döwletde tertip-düzgüniň berjaý edilmegi barada aýtmagy

– Oguzlarda bitewi döwletiň dörändigi barada gürrüň bermegi

– Beýik Hun döwletiniň nähili adat we döwlet kanunlary bolandygy barada aýtmagy

§ 7. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň döremegi we gülläp ösmegi(dowamy)

Hunlarda döwletiň dolandyrylyşy we olaryň jemgyýetçilik gurluşy. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň kuwwatly uly döwlete öwrülmeginde Mete hanyň ägirt uly hyzmaty

bardyr. Mete han tarapyndan döredilen döwlet dolandyryş ulgamy urug gatnaşyklaryny berkidipdir. Urug begzadalary ähli häkimiýeti öz ellerine almak bilen halk maslahatyny urug serdarlarynyň ýygnagy bilen çalşyrypdyrlar. Hun döwletinde urug serdarlarynyň we begzadalarynyň ýygnagy ýylda iki gezek yzygiderli geçirilipdir. Bu bolsa döwletde tertip-düzgüniň berjaý edilmegini üpjün edipdir. Şu düzgüne garşy gidýänlere bolsa berk çäre görlüpdir.

Hun döwletinde ähli wezipeler nesilden-nesle geçipdir. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletinde hökümdar we kazylykdan başga wezipeleriň ählisini diýen ýaly hökümdaryň neslinden bolan şazadalar eýeläpdirler. Ähli begzadalaryň özleriniň şahsy nökerleri bolupdyr. Uly begzadalarda 10 müň nöker, kiçiräklerinde bolsa birnäçe müňe çenli nöker bolupdyr. Hunlaryň döwletinde begzadalaryň 3 görnüşi: şazadalar, gullukçy we tire-taýpa begzadalary bolupdyr. Hunlar öz ýurdunda hiç haçan gulçulyga sezewar edilmändir. Gullar, esasan, ýesir düşen kese ýerlilerden bolupdyr. Olary hojalyk işlerinde ulanypdyrlar.

Olaryň gulçulyk ýagdaýy beýleki ýurtlardaky gullardan ýeňil bolupdyr. Hun döwletiniň bütin taryhynda gul söwdasy hem bolmandyr.

Dini ynançlary. Adat we döwlet kanunlary. Oguzlarda bitewi döwletiň dörändigine taryhy çeşmeler şaýatlyk edýär. Oguzlar bir taňra uýupdyrlar, olaryň ynanjy gök (asman) bolupdyr, taňry diýip bolsa göge düşünipdirler. Emma şol döwürlerde ösen döwletlerde, ýagny gadymy Müsürde, Wawilonda, Assiriýada, Hytaýda, Hindistanda ýaşan halklar köp hudaýlylyga uýupdyrlar. Hunlaryň döwründe oguz türkmenleriniň özboluşly kanunlary bolupdyr. Hytaýly taryhçylaryň ýazmagyna görä, «Olaryň kanunlary ýeňil we ulanmak üçin amatly» bolupdyr. Agyr jenaýatlar edilende ölüm jezasy berlipdir. Oguz türkmenlerinde ogurlyk iň bir ýigrenilýän jenaýat hasaplanypdyr. Şonuň üçin ogry diňe bir öz emläginden däl, eýsem, maşgalasyndan hem jyda düşürilipdir. Mete hanyň döwründe hunlarda döwlet kanunlary hem hereket edipdir. Harby düzgün-nyzamy bozanlara, gulluk etmekden boýun gaçyr ýanlara ölüm jezasy berlipdir. Bu kanunlar Mete hanyň döwründe güýçli goşunyň döremegine we Hun döwletiniň Aziýada iň kuwwatly döwlete öwrülmegine getiripdir.

Mete hanyň döwleti dolandyran döwründe halk döwlete salgyt tölemändir. Sebäbi erkin adam salgyt tölemeklige öz erkinligine şikes ýetirýän hadysa hökmünde garapdyr. Hun döwletinde salgytlar diňe tabyn edilen taýpalardan we halklardan ýygnalypdyr.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Mete han Beýik Hun döwletini näçenji ýylda döredipdir?

2. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň düzümine haýsy ýerler giripdir?

3. Beýik Hun döwletiniň nähili adat we döwlet kanunlary bolupdyr?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. §7 Sah.: 27-29.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?



Ders mugallymy:Rozyýewa Nigara

Senesi:09.12.2023ý

Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy:VII A/B

Sapagyň temasy:

Hun döwletiniň harby özgertmeleri. Ýerleriň giňeldilmegi

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Ýerleriň giňeldilmegi, Hunlaryň goňşy halklar bilen gatnaşyklary barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara temanyň üsti bilen watançylyk terbiýesini bermek

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylmaly esb. we goşmaça magl.:

Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)“ Hun döwletiniň jemgyýetçilik gurluşy. Adatlar we döwlet kanunlary” diýen teksti okadyp, mazmunyny gürrüň berdirmek.

b)Sorag-jogap alyşmak.

1. Mete han Beýik Hun döwletini näçenji ýylda döredipdir?

2. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň düzümine haýsy ýerler giripdir?

3. Beýik Hun döwletiniň nähili adat we döwlet kanunlary bolupdyr?

3. Beýik Hun döwletiniň nähili adat we döwlet kanunlary bolupdyr?

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Hun döwletiniň harby özgertmeleri

2 Döwletiň harby ýagdaýy

3. Döwletiň goňşy halklar bilen gatnaşyklary

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Döwletiň harby ýagdaýy barada gürrüň berip

– Mete hanyň goşuny bararda gürrüň berip

– Döwletiň goňşy halklar bilen gatnaşyklary barada aýdyp

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Mete hanyň goşuny barada gürrüň bermegi

– Hunlaryň goşunynyň esasyny düzen esgerler barada aýtmagy

– Hunlaryň esasy ýaraglary barada gürrüň bermegi

– Gündogar bilen Günbataryň arasynda açylan söwda ýoly barada aýtmagy

Döwletiň harby ýagdaýy. Mete hanyň geçiren özgertmeleri Hun döwletiniň kemala gelmegine, berkemegine ýardam edipdir.Ýönekeý hun söweşijisiniň esger bolmagy ony ähli kynçylyklardan halas edipdir, erkin adam bolup galmagyny kepillendiripdir. Parahatçylyk döwri ýönekeý esger öz mallaryny bakypdyr. Hytaýly taryhçylar hunlarda esgerler «şadyýan ýaşaýarlar» diýip belläpdirler. Şol sebäpden hem araçäkde gulluk edýän hytaýlylar häli-şindi erkinlikde ýaşaýan hunlaryň arasyna gaçyp gidipdirler. Mete hanyň goşunynyň umumy sany hytaý taryhçysy Syma Sýanyň (b. e. öňki 145–90 ý.) ýazmagyna görä, 300 müňe ýetipdir. Bu bolsa hunlaryň şol döwürdäki umumy sanynyň 1,5 mln töweregi bolandygyna güwä geçýär. Hunlaryň goşunynyň esasyny atlylar düzüpdir. Esasy ýaraglary bolsa ýaý bolupdyr. Hun goşunynyň esasy söweş tilsimi garşydaşyny tapdan düşürmek bolupdyr. Gabawdan, açlykdan halys tapdan düşürilen duşman esgerleri ýaraglaryny taşlap, boýun bolmaga mejbur bolupdyrlar. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň taryhyny ýazan alymlar: «Hunlary kowmak ýeňil, ýeňmek kyn, derbi-dagyn etmek bolsa asla mümkin däl» diýip ýazypdyrlar.

Döwletiň goňşy halklar bilen gatnaşyklary. Mete han edenli hökümdar, başarjaň serkerde bolsa-da goňşy döwletler, esasan hem, Hytaý döwleti bilen parahatçylykly gatnaşyklary alyp barmaga çalşypdyr. Şeýle syýasatyň netijesinde halklaryň arasynda söwda we medeni gatnaşyklar ösüpdir. Gündogar bilen Günbataryň arasynda «Beýik Ýüpek ýoly» diýlip atlandyrylan uly söwda ýoly açylypdyr. Şu ýoluň açylmagynda we soňra gülläp ösmeginde

Mete hanyň hyzmaty uludyr. Sebäbi Hytaý bilen Günbatar ýurtlarynyň arasynda Mete han tarapyndan döredilen merkezleşdirilen asuda türkmen döwleti gülläp ösüpdir. Mete han b. e. öňki 174-nji ýylda aradan çykypdyr. Döwlet dolandyryş ulgamynda, kanunlaryň berjaý edilmeginde onuň nesillerinden hiç kim Mete hanyň derejesine ýetip bilmändir.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Mete hanyň goşunynyň umumy sany näçe bolupdyr?

2. Hunlaryň goşunynyň esasyny nähili esgerler düzüpdir?

3. Esasy ýaraglary näme bolupdyr?

4. Hun goşunynyň esasy söweş tilsimi nämeden ybarat bolupdyr?

5. Gündogar bilen Günbataryň arasynda nähili söwda ýoly açylypdyr?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. §8 Sah.: 29-30

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?





























Mekdebi:

Senesi:

Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy:VII


Sapagyň temasy:

Hunlaryň günorta we demirgazyk böleklere bölünmegi.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Hunlaryň günorta we demirgazyk böleklere bölünmegi barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylary watançylyk, zähmetsöýerlik, beýik adamkärçilik ruhunda terbiýelemek. Olaryň watansöýüjilik duýgularyny ösdürmek.

Sapagyň görnüşi:

Garyşyk sapagy

Sapakda ulanylmaly esb. we goşmaça magl.:

Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

Geçilen temany okap gelmek. §8 Sah.: 29-30

3.Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak.

Sorag-jogap alyşmak.

1. Mete hanyň goşunynyň umumy sany näçe bolupdyr?

2. Hunlaryň goşunynyň esasyny nähili esgerler düzüpdir?

3. Esasy ýaraglary näme bolupdyr?

4. Hun goşunynyň esasy söweş tilsimi nämeden ybarat bolupdyr?

5. Gündogar bilen Günbataryň arasynda nähili söwda ýoly açylypdyr?

4.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

5.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Hun döwletiniň harby özgertmeleri

2. Hunlaryň Günorta we Demirgazyk böleklere bölünmegi

3. Demirgazyk hunlar

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Hun döwleti näme sebäpden ikä bölünenligi barada gürrüň berip

– Demirgazyk Hun topary bararda gürrüň berip

– Hun döwleti Balamber hanyň serkerdeligine hereket etmegi barada aýdyp

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Hunlaryň ikä bölünmegi barada gürrüň bermegi

– Hunlaryň eýelän ýerleri barada aýtmagy

–Demirgazyk Hun döwleti Hytaýa garşy uruş yglan etmegi barada gürrüň bermegi

–Hunlaryň günbatar bölegi barada aýtmagy

§ 8. Hun döwletiniň harby özgertmeleri (dowamy)

Hunlaryň Günorta we Demirgazyk böleklere bölünmegi. B. e. 48-nji ýylynda hunlar Günorta we Demirgazyk toparlara bölünipdirler. Şol iki topar özara bäsleşip, olaryň her haýsy Hytaýdan goldaw almakçy bolupdyrlar. Hunlaryň iki topara bölünmekleri diňe bir olaryň öz aralarynda däl, eýsem, Hytaý bilen gatnaşyklarynda hem kynçylyklary döredipdir. Her toparyň başynda duran häkim ozalkylar ýaly hökümdar diýlip atlandyrylsa-da, olaryň

b. e. öňki II–I asyrlardaky ýaly syýasy güýçleri bolmandyr. Emma günortadaky topar Demirgazyk hunlardan syýasy tarapdan güýçli bolupdyr. Sebäbi günortadaky hunlar serhetdeş sebitleriň sekiz welaýatyny Hytaýa beripdirler, şonuň üçin Hytaýyň baý gatlaklary olary goldapdyrlar. Bu ýagdaý Demirgazyk Hun toparyny biynjalyk edipdir. B. e. 55-nji we 62-nji ýyllarynda Demirgazyk Hun döwleti Hytaýa garşy uruş yglan edipdir. Şol ýörişlerden soň Hytaý imperatory Demirgazyk Hun döwletine eglişik edip, ýaraşyk baglaşmaga mejbur bolupdyr. Hunlaryň günbatara süýşmekleri. B. e. başlarynda hunlar Merkezi Aziýadan günbatara süýşen döwürlerinde Hazar we Aral sebitlerinde köp wagtlap oturypdyrlar. Hunlar günbatara süýşdükleriçe, olaryň düzümine täze taýpalar barha köp goşulypdyr. Taryhy ýazgylarda olaryň içinde bulgarlaryň, slawýanlaryň käbir taýpalarynyň, sarmatlaryň atlary tutulýar. Ýewropalylar hunlara «gunlar» diýipdirler. Günbatara köpçülikleýin ýörişe ugran hunlar 360–370-nji ýyllarda Aral köli bilen Don derýalarynyň arasynda ýaşap ýören alanlary ýeňlişe sezewar edip, özlerine birikdiripdirler. Soňra hunlar Balamber hanyň serkerdeliginde hereket edip, Dnepr derýasynyň boýundaky germanlaryň got taýpalarynyň döwletini ýykypdyrlar. Şol ýyllarda hunlar häzirki Ermenistanyň üsti bilen Gündogar Rim (Wizantiýa) imperiýasyna degişli Derýa-aralygyna (häzirki Yrak) çenli baryp ýetipdirler. Hunlar günbatarda täze ýerleri basyp alypdyrlar. Emma Frakiýanyň hökümdary Feodosiý olara berk zarba urupdyr. Olardan köp adam gula öwrülipdir. Hunlaryň uly bölegi Gara deňziň demirgazyk sebitlerinde Wizantiýa döwletiniň dürli welaýatlarynda mekan tutupdyrlar. Emma V asyryň birinji ýarymynda hun taýpalary Atyllanyň (433–453 ý.) ýolbaşçylygynda syýasy sahnada täzeden peýda bolup, güýçli döwleti döredipdirler.

6. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Oguzlaryň Beýik Hun döwletiniň jemgyýetçilik gurluşy barada aýdyp beriň.

2. Oguzlaryň Beýik Hun döwletiniň harby ýagdaýy barada gürrüň beriň.

7. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. §8 Sah.: 30-31

8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________



Mekdebi:

Senesi:

Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy:VII


Sapagyň temasy:

Hunlaryň Gündogar we Günbatar Rim imperiýasy bilen gatnaşyklary.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Hunlaryň Gündogar we Günbatar Rim imperiýasy bilen gatnaşyklary, Atylla, döwletiň synmagy barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylary watançylyk, zähmetsöýerlik, beýik adamkärçilik ruhunda terbiýelemek. Olaryň watansöýüjilik duýgularyny ösdürmek.

Sapagyň görnüşi:

Leksiýa sapagy

Sapakda ulanylmaly esb. we goşmaça magl.:

Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini soramak:

a)“ Hunlaryň günorta we demirgazyk böleklere bölünmegi” diýen teksti okadyp, mazmunyny gürrüň berdirmek.

b)Sorag-jogap alyşmak.

1. Oguzlaryň Beýik Hun döwletiniň jemgyýetçilik gurluşy barada aýdyp beriň.

2. Oguzlaryň Beýik Hun döwletiniň harby ýagdaýy barada gürrüň beriň.

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Hunlaryň Gündogar we Günbatar Rim imperiýasy bilen gatnaşyklary

2 Atylla

3. Wizantiýa döwleti

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Atylla barada gürrüň berip

– Bleda bararda gürrüň berip

– Wizantiýa döwleti barada aýdyp

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Hunlaryň Gündogar we Günbatar Rim imperiýasy bilen gatnaşyklary barada gürrüň bermegi

- Atyllanyň gahrymançylygy barada gürrüň bermegi

– Atyllanyň basyp alan ýerleri barada aýtmagy

– Hun döwletiniň synmagy barada gürrüň bermegi

§ 9. Hunlaryň Gündogar we Günbatar Rim imperiýasy bilen gatnaşyklary

Atylla. Rowaýatlara görä, Atylla ene-atasyndan ir jyda düşýär. Şol döwürlerde hökümdarlar şertnama baglaşyp, şertnamanyň şert leriniň doly we dogry ýerine ýetirilmegi üçin bir-biri bilen guda-garyndaş bolar ekenler ýa-da biri beýlekisiniň çagasyny öz ýanynda saklar eken. Şol adata eýerilip, hökümdaryň ogly Atylla ýaşlykda Rimde ýaşamaly bolupdyr. Ol ýerde bolan wagty Atylla rimlileriň döwlet dolandyryşyny, harby tilsimlerini öwrenipdir. Rim serkerdesiniň ogly Aesiý hem hunlaryňkyda bolmaly bolupdyr. Atylla bilen Aesiý oňat gatnaşykda bolupdyrlar. Atylla latyn, Aesiý bolsa hun dilini öwrenipdir. 430-njy ýyllaryň başlarynda hun hökümdary aradan çykandan soň, onuň ogullary Bleda we Atylla ýurtda häkimlik etmäge başlaýarlar. Baş hökümdar Bleda s aýylsa-da, ähli döwlet işlerine, şol sanda goşuna-da Atylla ýolbaşçylyk edipdir. Olaryň bilelikdäki Atylla hökümdarlygy Bleda aradan çykýança, 444-nji ýyla çenli dowam edipdir. Atyllanyň şahsy batyrlygy, salyhatlylygy we adalatlylygy onuň abraýyny has-da ýokary galdyrypdyr. Hunlar häzirki Wengriýanyň ýerini özlerine mekan edinipdirler. Hun hökümdary Atyllanyň başy täçli (jygaly) bolupdyr. Hunlaryň baýdagynyň ýüzünde bürgüdiň şekili bolupdyr. Atylla gysga wagtyň içinde Ýewropa döwletlerine degişli 70-den gowrak şäheri özüne tabyn etmegi başarypdyr. Ol Sofiýa we beýleki şäherleri eýeläp, häzirki Bolgariýanyň ýerlerini özüne birikdirýär. Günorta-Günbatar Russiýa hem onuň häkimligini ykrar edipdir. Atylla özüne boýun bolan ýurtlarda gullary azatlyga çykaryp, halklaryň deňhukuklydygyny jar edipdir. Şol sebäpli oňa tabyn bolan halklaryň we taýpalaryň sany barha köpelipdir. German taýpalary, ilkinji nobatda hem gündogar gotlar Atyllany öz hökümdary hasaplapdyrlar. Tanymal got serkerdeleri onuň köşgüniň öňünde sakçylyk edipdirler.

Hunlaryň Gündogar we Günbatar Rim imperiýasy bilen gatnaşyklary. Döwletiň synmagy. V asyryň ortalarynda Ýewropada iki sany imperiýa döräpdir. Olar Rim we täze dörän Hun imperiýasydyr. Emma b. e. 395-nji ýylynda Rim ikä bölünip, Gündogar Rim (Wizantiýa) (paýtagty Konstantinopol – häzirki Stambul şäheri) we Günbatar Rim (merkezi Rim şäheri) döwletleri emele gelýär. Muňa garamazdan, bu döwletler hunlara garşy bilelikde göreşipdirler.

Wizantiýa döwleti Konstantinopolyň alkymyna gelen hunlardan goranmak üçin Atylla 350 altyn liwr möçberinde paç tölemeli bolupdyr. 442-nji ýylda Atylla öz goşunlary bilen Konstantinopolyň diwarlarynyň ýanyna barýar. Imperator Feodosiý II Atylla her ýyl uly möçberde, ýagny 2 müň altyn liwr tölemeklige boýun bolup, Dunaýyň günorta kenaryndan hunlara ýer bölüp bermäge mejbur bolýar. Şertnama garamazdan, Feodosiý II ähtiýalanlyk edip, Atyllany para berip öldürtmäge synanyşýar. Emma imperatoryň bu pirimi başa barmandyr. 450-nji ýylda täze imperator tagta çykandan soň, Atylla Wizantiýa bolan talaplaryny has-da artdyrýar.

Atylla Günbatar Rim imperatory Walentiniň uýasyna öýlenmek bahanasy bilen, 452-nji ýylda uly goşun bilen Rim şäheriniň alkymyna gelýär. Imperator Rim papasyny (hristian dininiň ýolbaşçysy) iki sany ilçi bilen Atyllanyň ýanyna töwella ugradyp, Atyllany razy edipdir. Emma Atyllanyň gümürtik ýagdaýda tarpa-taýyn aradan çykmagy bilen, hunlaryň döwleti gowşap başlaýar we tiz wagtdan ýykylýar. Şondan soň hunlar beýleki halklara goşulyşyp-garyşyp gidipdirler.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Hunlaryň Demirgazyk we Günorta toparlara bölünişi barada aýdyp beriň.

2. Hunlar Ýewropada nirelerde mekan tutupdyrlar?

3. Hunlar Wizantiýa döwletinden näçeräk salgyt alypdyrlar?

4. Atylla Ýewropanyň näçeräk şäherlerini basyp alýar?

5. Atyllanyň bitiren işleri barada gürrüň beriň.

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. §9 Sah.: 31-33

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________



Mekdebi:

Senesi:

Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy:VII


Sapagyň temasy:

Köpetdagyň demirgazyk etekleri, Merw, Dehistan Sasanylar döwletiniň düzüminde.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Sasanylaryň Amyderýanyň çep kenaryndaky ýerleri özüne birikdirmegi, döwleti dolandyryşy, harby özgertmeleri, ekerançylyk medeniýeti, suwaryş desgalary barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylary watançylyk, zähmetsöýerlik, beýik adamkärçilik ruhunda terbiýelemek. Olaryň watansöýüjilik duýgularyny ösdürmek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylmaly esb. we goşmaça magl.:

Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)“ Hunlaryň Gündogar we Günbatar Rim imperiýasy bilen gatnaşyklary” diýen teksti okadyp, mazmunyny gürrüň berdirmek.

b)Sorag-jogap alyşmak.

1. Hunlaryň Demirgazyk we Günorta toparlara bölünişi barada aýdyp beriň.

2. Hunlar Ýewropada nirelerde mekan tutupdyrlar?

3. Hunlar Wizantiýa döwletinden näçeräk salgyt alypdyrlar?

4. Atylla Ýewropanyň näçeräk şäherlerini basyp alýar?

5. Atyllanyň bitiren işleri barada gürrüň beriň.

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Köpetdagyň demirgazyk etekleri, Merw, Dehistan Sasanylar döwletiniň düzüminde

2. Sasan begzadasy hakynda

3. Sasanylaryň Amyderýanyň çep kenaryndaky ýerleri özüne birikdirmegi

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Sasan atly begzadanyň Pars welaýatyndaky häkimiýeti öz eline alýanlygy barada gürrüň berip

– Ardaşiriň tagta çykmagy bararda gürrüň berip

– Türkmenistanyň haýsy ýerleri Sasanylar döwletiniň düzümine girendigi barada aýdyp

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Sasanylarda weziriň hukuklary barada gürrüň bermegi

– Sasanylar döwletiniň dolandyryş ulgamy barada aýtmagy

– Döwletde geçirilen harby özgertmeler barada gürrüň bermegi

– Ardaşiriň basyp alan ýerleri barada aýtmagy

§ 10. Köpetdagyň demirgazyk etekleri, Merw, Dehistan Sasanylar döwletiniň düzüminde

В. e. III asyrynyň başlarynda gadymy Parfiýa döwletinde içki we daşky gapma-garşylyklar has ýitileşýär. Döwletiň düzümindäki welaýatlaryň köpüsi merkezi hökümetiň tabynlygyndan çykyp başlaýarlar. Parfiýa döwletiniň düzümindäki şeýle ýerleriň biri-de Pars welaýatydy. III asyryň başlarynda Pars welaýatyny parfiýalylaryň dikmesi Goçihr dolandyrýardy. Emma Sasan atly ýerli begzada ony agdaryp, Pars welaýatyndaky häkimiýeti öz eline alýar. Sasan Parfiýa patyşalarynyň tabynlygyndan çykmaga çalşypdyr. Onuň bu syýasatyny ogly Papak, ondan soň bolsa agtygy Ardaşir dowam etdirýär. Ardaşiriň özbaşdaklygy Parfiýa patyşasy Artaban V-ä ýaramandyr we hökümdar bilen dikmäniň arasynda uruş hereketleri başlanýar. Bu uruş 224-nji ýylda häzirki Eýranyň çäginde ýerleşýän Ormuzdagan düzlüginde bolýar we Artaban V-niň ýeňilmegi bilen tamamlanýar. Bu waka türkmenleriň Beýik Parfiýa döwletiniň gutarnykly synmagyna getirýär. Täze dörän döwletiň ady Sasany serdaryň ady bilen Sasanylar döwleti diýlip atlandyrylýar. Sasanylar döwleti Ardaşiriň döwründe güýçlenipdir. Ol Pars welaýatyny we onuň bilen serhetdeş ähli ýerleri birleşdirýär. Ardaşir 226-njy ýylda tagta çykyp, özüni «Şalar-şasy» diýip yglan edýär.

Täze dörän Sasanylar döwleti gysga wagtyň dowamynda Margianany, Köpetdagyň demirgazyk eteklerini, Dehistany, hatda Amyderýanyň çep kenaryndaky ýerleri hem özüne birikdirýär. Emma Horezm ýerlerini we Beýik Kuşanlar döwletini basyp almak olara başartmandyr.

Günorta Türkmenistanyň ýerleriniň sasanylar tarapyndan basylyp alynmagy, bu ýerlerde ykdysadyýetiň juda pese gaçmagy bilen baglanyşykly bolupdyr. Parfiýanyň esasy welaýatlary bilen birlikde Nusaý şäheriniň sasanylaryň golastyna düşmegi, Nusaýyň öňki ähmiýetini ýitirmegine getiripdir. Köpetdagyň eteklerindäki oturymly obalar hem azalypdyr. Ykdysady taýdan pese gaçyş Günbatar Türkmenistanyň ýerlerini – Dehistany hem öz içine

alypdyr. Sasanylar döwletiniň gündogar sebitleri bolan Merwiň – Gäwürgalanyň ýerlerinde III asyrda uly bir ykdysady üýtgeşiklikler bolmadyk hem bolsa, IV asyryň içinde bu ýerlerde senetçilik we söwda juda pese düşüpdir. Şäher kiçelipdir, obalarda ilat azalyp, ekin meýdanlary hem kemelipdir.

Sasanylaryň Amyderýanyň çep kenaryndaky ýerleri özüne birikdirmegi. Kuşan döwleti dargandan soň, sasanylar Amyderýanyň sebitlerini birikdirmek üçin göreşip başlapdyrlar.

Harby ýörişleriň netijesinde Amyderýanyň çep kenaryndaky giň welaýatlar sasanylara birikdirilipdir. Emma IV asyryň ortasynda Orta Aziýanyň halklarynyň sasanylara garşy erjel göreşmekleri netijesinde, olar Amyderýa boýlaryndan gysylyp çykarylypdyr. Sasanylar döwletiniň demirgazygynda täze Eftalylar döwleti emele gelipdir, Türkmenistanyň ýerleri tutuşlygyna diýen ýaly onuň düzümine birikdirilipdir.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Türkmenistanyň haýsy ýerleri Sasanylar döwletiniň düzümine giripdir?

2. Sasanylaryň döwleti dolandyryş ulgamy barada gürrüň beriň.

3. Sasanylarda weziriň hukuklary barada aýdyp beriň.

4. Döwletde geçirilen harby özgertmeler barada gürrüň beriň.

5. Ekerançylyk Türkmenistanyň nirelerinde ösdürilipdir?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. §10 Sah.: 34-37

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary


Скачать

Рекомендуем курсы ПК и ППК для учителей

Вебинар для учителей

Свидетельство об участии БЕСПЛАТНО!