СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

6-njy synp Turkmenistan taryh 4-nji çärýek

Категория: История

Нажмите, чтобы узнать подробности

6-njy synp Turkmenistan taryh 4-nji çärýek

Просмотр содержимого документа
«6-njy synp Turkmenistan taryh 4-nji çärýek»

Mekdebi:

Senesi:




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy: VI





Sapagyň temasy:

Selewkiler döwletiniň dőremegi

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Selewkiler döwletiniň dőremegi. Antioh I we onuň özgertmeleri barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Leksiýa sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini soramak:

a)Okuwçylara “Täze şäherleriň esaslandyrylmagy” tekstini okatmak mazmunyny gürrüň berdirmek

b) Sorag-jogap alyşmak.

3. Dariý III-niň Aleksandrdan ýeňilmeginiň sebäpleri barada gürrüň beriň.

4. Spitamen barada näme bilýärsiňiz, ol barada gürrüň beriň.

5. Häzirki Türkmenistanyň haýsy ýerleri Aleksandr tarapyndan basylyp alynmandyr?

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Türkmenistan Selewkiler döwletiniň döwründe

2. Antioh I we onuň özgertmeleri

3. Antioh I-yň eýelän ýerleri

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Haçan we näme sebäpli Selewk I öz ogly Antiohy Gündogaryň hökümdary edip belländigini

– Spitamen barada aýdyp

– Antiohyň Merkezi Aziýa halklary bilen nähili garyndaşlygy bolandygyny

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Selewk I-niň Demirgazyk Hindistany basyp almagy barada aýtmagy

– Antioh I ýurdy dolandyran ýyllary barada aýtmagy

– Parfiýan we Apawarktiken atly welaýatlar döredilmeginiň maksadyny aýtmagy

§ 20. Türkmenistan Selewkiler döwletiniň döwründe

Selewkiler döwletiniň döremegi. Aleksandr Makedonskiý aradan çykandan soň, onuň imperiýasy dargaýar. Onuň serkerdeleriniň içinde Selewk Wawilonda pugta ornaşýar. Soňra onuň ýerleri Baktriýany hem öz içine alyp, Hindistana çenli baryp ýetipdir. Özara göreşleriň netijesinde selewkiler b. e. öňki 312-nji ýylda täze Selewkiler döwletiniň düýbüni tutýarlar. Selewk I (b. e. öňki 312–281 ý.) häkimlik eden döwrüniň ilkinji on ýylynda öz häkimiýetini günbatara hem-de gündogara tarap giňeldýär. Emma Merkezi Aziýada aýgytly garşylyklara

duçar bolýar. Oňa Baktriýany, Parfiýany we Sogdy uly kynçylyklardan soň, özüne tabyn etmek başardýar.

Selewk I-niň Demirgazyk Hindistany basyp almak synanyşygy puja çykypdyr. Ýöne onuň döwleti Selewk I Nikator ägirt uly giňişlikleri öz içine alypdyr. Emma döwletiň gündogar serhetleri üns berilmegini talap edenden soň, ol b. e. öňki 292-nji ýylda öz ogly Antiohy Gündogarda häkim edip goýmaga mejbur bolýar. Antioh Selewk I-niň Spitameniň Apama atly gyzyndan bolan ogludyr.

Antioh I we onuň özgertmeleri. Antioh I ýurdy dolandyran ýyllarynda (b. e. öňki 281–261 ý.) Margianada, Ariý welaýatynda gurluşyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylypdyr. Gadymy grek geografy Strabonyň ýazmagyna görä, gadymy Merwiň mes topragynyň hasyllylygyna haýran galan Antioh I ol ýerde Antiohiýa şäheriniň düýbüni tutupdyr. Onuň harabaçylygy häzir Gäwürgala ady bilen Baýramaly şäheriniň 3–4 km demirgazygynda ýerleşýär.

S oňra tutuş oazisiň demirgazyk, gündogar hem-de günbatar taraplaryny berkitmek maksady bilen, ol uzynlygy 250 km bolan gorag diwaryny gurdurypdyr. Bu gorag diwarlaryny gurmak bilen Antioh I Merw oazisini çarwa taýpalaryň çozuşyndan we ekerançylyk ýerlerini ürgün çägäniň süýşmeginden gorap saklamagy maksat edinipdir.

Antioh I-niň döwründe Murgap derýasynyň ýokary akymlarynda ýene bir Antiohiýa şäheri gurlupdyr. Ol häzirki Tagtabazar etrabynyň Merwerut atly orta asyr şäheriniň töwereginde ýerleşipdir. Şol wagtlar arileriň paýtagty Artokoanada-da hem uly gurluşyk işleri alnyp barlypdyr. Bu döwürde altyn we kümüş çaýylan pullar zikgelenipdir. Olaryň ýüzünde Aleksandr Makedonskiniň şekili ýerleşdirilipdir. Şonuň bilen birlikde Selewk I öz suraty çekilen pullary hem çykardypdyr. Antiohyň zamanynda dolandyryş özgertmeleri geçirilip, uly welaýatlaryň ýerine ownuk dolandyryş birlikleri döredilipdir. Mysal üçin, ozalky Parfiýa we-laýatynyň ýerinde täze Astawen, Parfiýan we Apawarktiken atly welaýatlar döredilipdir. Bu özgertmäniň esasy maksady basylyp alnan ýurtlarda dolandyryşy ýeňilleşdirmek, salgyt ýygnamagy guramak we uly welaýatlarda häkimleriň selewkilerden bölünip aýryl-mak meýliniň öňüni almaklyga gönükdirilipdir.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Haçan we näme sebäpli Selewk I öz ogly Antiohy Gündogaryň hökümdary edip belläpdir?

2. Antiohyň Merkezi Aziýa halklary bilen nähili garyndaşlygy bolupdyr?

3. Antioh I-niň şäher gurluşyk işlerini häsiýetlendiriň.

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. § 20 Sah.: 74-75

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __

Mekdebi:

Senesi:




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy: VI





Sapagyň temasy:

Selewkiler döwletinde hojalygyň, şäherleriň, hünärmentçiligiň we söwdanyň ösmegi.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Hojalygy, şäherleriň, hünärmentçiligiň we söwdanyň ösmegi. Margiana Antiohiýasy (Gäwürgala) şäheri. Selewkileriň agalygyna garşy göreş we onuň netijeleri. Garaşsyz döwletleriň döremegi barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a) Okuwçylara “Selewkiler döwletiniň dőremegi” tekstini okatmak mazmunyny gürrüň berdirmek

b) Sorag-jogap alyşmak.

1. Haçan we näme sebäpli Selewk I öz ogly Antiohy Gündogaryň hökümdary edip belläpdir?

2. Antiohyň Merkezi Aziýa halklary bilen nähili garyndaşlygy bolupdyr?

3. Antioh I-niň şäher gurluşyk işlerini häsiýetlendiriň.

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Selewkiler döwletinde hojalygyň ýagdaýy

2. Senetçiligiň ösmegi

3. Selewkiler döwletinde şäherleriň, hünärmentçiligiň we söwdanyň ösmegi

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

- Orta Aziýanyň çäklerinde gadymy siwilizasiýanyň halklarynyň özara gatnaşygy barada

- Türkmenistanyň taryhynyň iň gadymy, gadymy döwürleriniň çäkleri; iň gadymy döwürde Orta Aziýanyň taryhy-geografiki kartasy, iň gadymy adamlaryň ýerleşişi hakynda

- Türkmenistanda gadymy siwilizasiýanyň ýerleşişi barada

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

- Türkmenistanyň taryhy kartasyny şertli belgiler esasynda okamak; taýpalaryň ýerleşişini, gadymy döwletleriň serhetlerini kartadan görkezmegi;

- hadysalaryň we taryhy wakalaryň sebäplerini hem-de netijelerini düşündirmek; taryhy şahsyýetlere baha bermegi;

§ 20. Türkmenistan Selewkiler döwletiniň döwründe (dowamy)

Hojalygyň ýagdaýy. Şäherleriň, hünärmentçiligiň we söwdanyň ösmegi. Selewkiler döwründe Türkmenistanyň ýerinde oba hojalygy, senetçilik hem-de söwda ösüpdir. Goňşy ýurtlar bilen söwda gatnaşyk-laryny alyp barypdyrlar. Ekerançylykda, maldarçylykda, hünärmentçi-likde ýokary hilli önümler öndürilipdir. Şäher önümçiligi ösüpdir, ba-zarlar bol harytly bolupdyr.

Margiana, Parfiýa we Horezm öz önümleri bilen şöhratlanypdyr.

Gadymy Merwde şol wagtlar Margiana Antiohiýasy şäheri oazisiň dolandyryş merkezine öwrülipdir. Bu sebitde b. e. öňki IV -III asyrlarda Murgap derýasynyň boýunda uly suw howdany gurlupdyr, orta asyrlar-da bu howdanyň ýerinde Soltanbent bendi gurlupdyr.

Horezmde hem suwaryş üçin örän köp kanallar çekilipdir. Bu ýerde Ýanbaşgala we Bazargala ýaly uly gadymy şäherler gurlupdyr. Horez-me degişli bolan Galalygyr diýen gadymy şäherden we Horezmiň sag tarapynda ýerleşen Goýungyrlan galadan b. e. öňki IV–III asyrlara de-gişli tapyndylar senetçiligiň ösendigini görkezýär. Merkezi Aziýada täze şertlerde ösen şäherlerde senetçiligiň we söwdanyň ösmegi haryt önüm-çiliginiň we dolanyşygynyň giňelmegi bilen bagly bolupdyr.

Senetçiligiň ösmegi bilen daşary we içeri söwdanyň ähmiýeti hem güýçlenipdir. Selewkiler onlarça ýyllaryň dowamynda şäherleri, gala berkitmelerini, söwdany, ekerançylygy ösdüripdirler. Olar bu we-laýatlarda özleriniň häkimiýetini pugtalandyrmaga, ilaty öz tarapyna çekmäge çalşypdyrlar. Bu döwürde Günorta Türkmenistanyň üstünden Hindistany we Baktriýany birikdirýän söwda ýollary geçipdir. Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň şäherlerini Alynky Aziýanyň şäherleri bilen birikdirýän uly halkara söwda ýollarynyň geçmegi se-bitiň ykdysadyýetiniň ýokary göterilmegine getiripdir. Bu döwürde Sogdda we Baktriýada altyn we kümüş pullar çykarylyp, olar söwda dolanyşyklary üçin ulanylypdyr. Emma Parfiýanyň, Margiananyň we Baktriýanyň hojalygynyň ýokary göterilip başlamagy, olaryň syýasy öz-başdaklyga ymtylmaklaryna getiripdir.

Selewkilere garşy göreşiň güýçlenmegi. Garaşsyz döwletleriň döremegi. Selewki patyşalary günbatarda, ýagny Müsürdäki Ptolemeýler döwleti bilen agyr hem uzak wagtlap dowam eden göreşe girişipdirler. Emele gelen ýagdaýdan peýdalanyp, Merkezi Aziýanyň ýerli hökümdarlary merkezi häkimiýete barha garaşsyz bolup ugrapdyrlar. Patyşa An-tioh II (b.e. öňki 261–247 ý.) döwründe Baktriýanyň hökümdary Diodot b. e. öňki 256-njy ýylda, Parfiýa hökümdary Andragor Selewkiler döwle-tinden bölünip aýrylyp, özlerini özbaşdak diýip yglan edýärler we täze patyşalyklary esaslandyrýarlar. Şeýlelik bilen, selewkileriň gündogar sebitlerinde iki sany özbaşdak döwletler emele gelýär.

B . e. öňki 237-nji ýylda Selewk II elden gideren gündogar welaýat-laryny, şol sanda garaşsyzlygyny ýaňy alan Parfiýany eýelemek maksady bilen, öz goşunlaryny gündogara tarap sürüpdir. Emma parfiýalylar Selewk II-niň goşunlaryny derbi-dagyn edipdirler.

B. e. öňki 209-njy ýylda selewkileriň şasy Antioh III hem özleriniň gündogardaky ýerlerin-de agalygyny dikeltmeklige synanyşyk edipdir. Antioh III 100 müň pyýada, 20 müň atly goşun bilen parfiýalylara garşy ýörişe başlapdyr. Parfiýalylar mertlik bilen garşylyk görkezipdirler, emma duşmanyň agdyklyk edýän güýjüne hötde gelip bilmändirler. Olar öz ýerleriniň bir bölegini ýitiripdirler we selewkiler bilen ylalyşyk baglaşmaga mejbur bolupdyrlar, ýöne öz garaşsyzlyklaryny saklap galypdyrlar.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

4. Antioh näme sebäplere görä satraplyklaryň çägini kiçeldipdir?

5. Ýerli ilatyň öz garaşsyzlygy üçin selewkilere garşy göreşi we onuň netijeleri barada gürrüň beriň.

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. § 20 Sah.: 75-77

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?

Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __

Mekdebi:

Senesi:




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy: VI





Sapagyň temasy:

Parfiýa döwletiniň döremegi

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Ärsak şa. Parfiýa döwletiniň gülläp ösmegi. Mitridat I we Mitridat II barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)Okuwçylara “Selewkiler döwletinde hojalygyň, şäherleriň, hünärmentçiligiň we söwdanyň ösmegi” tekstini okatmak mazmunyny gürrüň berdirmek

b) Sorag-jogap alyşmak.

4. Antioh näme sebäplere görä satraplyklaryň çägini kiçeldipdir?

5. Ýerli ilatyň öz garaşsyzlygy üçin selewkilere garşy göreşi we onuň netijeleri barada gürrüň beriň. 3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Parfiýa döwletiniň döremegi

2. Parfiýa patyşalygy

3. Ärsak şa

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

- Parfiýa döwletiniň düýbüni tutan kim bolupdygyny

- Mitridat II-ä nähili at-dereje berlendigini;

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

- Parfiýa döwleti haýsy döwlete garşy göreşip özbaşdak bolandygyny;

- Mitridat I barada gürrüň bermegi

- Kartadan Parfiýa döwletiniň düzümine giren ýerleri görkezmegi;

§ 21. Parfiýa döwletiniň döremegi

Parfiýanyň özbaşdaklyk gazanmagy. Günorta Türkmenis-tan gadymyýetiň kuwwatly döwletleriniň biri bolan Parfiýa patyşalygynyň dörän ýeridir. B.e.öňki III asyryň ortalarynda Selewkiler döwleti gowşap başlaýar. Selewki patyşalygynyň Baktriýadaky dikmesi Diodot, Parfiýadaky satraby Andragor bolupdyr. Bular bölünip aýrylyp, özlerini özbaşdak hökümdar diýip yglan edipdirler. Şeýlelikde, Baktriýa topragynda Diodotyň ýolbaşçylygynda, başynda sap grekler duran özboluşly Grek-Baktriýa patyşalygy emele gelipdir. Parfiýa hökümdary Andragoryň ýolbaşçylygynda bolsa Parfiýa patyşalygy emele gelýär. Emma Andragor häkimligi öz elinde uzak wagt saklap bilmändir.

B. e. öňki III asyryň birinji ýarymynda Garagumuň jümmüşinde göçüp-gonup ýören çarwalar (parnlar-parlar, dahlar we beýl.) Günorta Türkmenistana tarap süýşüp başlaýarlar. Olar ilki häzirki Türkme-nistanyň Bereket, Serdar, Baharly etraplaryna (Parfiýena) aralaşýar-lar. Gaýduwsyz çarwalar tiz wagtyň içinde oturymly parfiýalylar bilen gatyşyp-garyşypdyrlar. Emma göçüp-gonup ýören parn taýpalary goz-galaňa başlaýarlar. Parn taýpalarynyň serdary Ärsak goňşy grek-baktriýa patyşasy Diodot II bilen ylalaşyk baglaşyp, selewkilere berk zarba urýar. Söweş tamamlanmanka, Siriýadan köşk oňşuksyzlygy hakynda howsalaly habar gelensoň, Selewk II yzyna Siriýa gitmeli bolýar.

Ä rsak emele gelen ýagdaýdan oňat peýdalanypdyr we b. e. öňki 247-nji ýylda selewkileriň elinden döwletiň gündogar bölegini basyp alýar we özbaşdak Parfiýa döwletini döredýär. Parfiýa döwleti b.e.öňki II–I asyrlarda Gündogaryň uly, ykdysady hem medeni taýdan ösen döwletleriniň biri bolupdyr. Şol bir wagtda hem Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda möhüm söwda merkezi bolup hyzmat edipdir. Bu döwlet 471 ýyl ýaşapdyr.

Ärsak şa. Taýpa serdary Ärsak patyşa diýlip yglan edilipdir. Parfiýa ýyl ýazgylarynda b. e. öňki 247-nji ýyldan başlap «Ärsaklar neberesiniň dolandyran asyry» başlanýar. Ärsaklar nesli Parfiýa döwletini ahyryna çenli dolandyrypdyrlar. Türkmen dilinde «ärsak» sözi hakyky Ärsak I Parfiýa halk lybasynda mert, batyr («ar, är») we goragçy, sakçy («sak», «sakla») sözlerinden ybarat bolupdyr. Türkmenlerde gujurly, batyr, edermen, mert adamlara serdar adyny beripdirler.

Grek geografy Isidor Harakskiniň (b. e. öňki II asyr) maglumatlarynda şeýle setirler bar: «Ärsak I Asaak şäherinde patyşa diýlip yglan edildi. Müdimilik oduň öňünde başyna şalyk täji geýdirildi, soňra Nusaýa baryp ornaşdy».

Selewkiler bilen çaknyşyklar we döwletiň döredilmegi. Parfiýa patyşalary eýýäm Ärsagyň döwründen başlap täze ýurtlary basyp almak ugrundaky göreşe girişipdirler.

B. e. öňki 239-njy ýylda Selewk II-niň Müsüri dolandyryjy Ptolemeýler bilen ýaraşyk baglaşmagy, onuň Gündo-gara tarap ýöriş etmegine mümkinçilik beripdir. Emma selewkileriň bu ýörişi ilkibaşlarda şowly bolan hem bolsa, Parfiýanyň ilaty soňky söweşlerde selewkilerden üstün çykypdyrlar. Parfiýa döwleti emele gelenden soň, onuň patyşalary b.e. öňki II asyr b. e. öňki III asyryň ahyrlarynda Günbatar tarapa basybalyjylykly ýörişe başlap-dyrlar. Şeýlelikde, Parfiýa kiçiräk döwlet bolanlygyndan giňäp, uly döwlete öwrülip başlaýar. Selewkiler döwleti bolsa pese gaçyp, has gowşaýar.

Parfiýa Tridat patyşanyň döwründe ilki bilen öz goňşusy Girkaniýany (Hazaryň günorta-gündogar kenary) birikdirýär. Tridat Selewkiler we Grek-Baktriýa döwletleri tarapyndan hüjüm edilmeginden howatyrlanypdyr. Şonuň üçin ol uly goşun döredipdir. Parfiýalylaryň bu hereketi selewkilere ýaramandyr. Sebäbi selewkiler öz döwletiniň öňki kuwwatyny dikeltmek isläpdir, emma ol başa barmandyr. Şondan soň Selewkiler döwleti birnäçe owunjak döwletlere bölünipdir.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Parfiýa döwleti haýsy döwlete garşy göreşip özbaşdak boldy?

2. Parfiýa döwletiniň düýbüni tutan kim bolupdyr?

3. Mitridat I Parfiýa döwletiniň günbatar çäklerini nirä ýetiripdir?

4. Mitridat II-ä nähili at-dereje berlipdir?

5. Kartadan Parfiýa döwletiniň düzümine giren ýerleri görkeziň.

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. § 21 Sah.: 78-82

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __

Mekdebi:

Senesi:




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy: VI





Sapagyň temasy:

Parfiýanyň hojalygynyň ösüşi

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Ekerançylyk, maldarçylyk, atçylyk. Nusaýyň we Merwiň gülläp ösmegi. Hünärmentçilik we söwda barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Garyşyk sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:

Geçilen temany okap gelmek. § 21 Sah.: 78-82

3.Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak.

Sorag-jogap alyşmak.

1. Parfiýa döwleti haýsy döwlete garşy göreşip özbaşdak boldy?

2. Parfiýa döwletiniň düýbüni tutan kim bolupdyr?

3. Mitridat I Parfiýa döwletiniň günbatar çäklerini nirä ýetiripdir?

4. Mitridat II-ä nähili at-dereje berlipdir?

5. Kartadan Parfiýa döwletiniň düzümine giren ýerleri görkeziň.

4.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

5.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Parfiýanyň hojalygynyň ösüşi

2. Ekerançylyk, maldarçylyk we atçylyk

3. Nusaý galasy

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

- Parfiýa döwletiniň hojalygynyň ösüşi barada

- Parfiýanyň ekerançylygy barada

- Parfiýa döwletiniň ilkinji paýtagty barada

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

- döwletiniň hojalygynyň ösüşi barada aýtmagy

- Parfiýa döwletiniň ilkinji paýtagty hakynda gürrüň bermegi

- Köne Nusaý galasynyň näçe sany diňli galasy bolandygyny bilmegi

§ 22. Parfiýanyň hojalygynyň ösüşi

Ekerançylyk, maldarçylyk we atçylyk. Parfiýa patyşalygynyň ilatynyň hojalygy köp pudakly bolupdyr. Ilat ekerançylyk, maldarçylyk, hünärmentçilik, söwda, awçylyk we hojalygyň beýleki pudaklary bilen meşgullanypdyr.

Parfiýaly ekerançylar bugdaý, arpa, jöwen we süle ýaly däneli ekin-leri, künji we pagta ýaly tehniki ekinleri ekipdirler. B. e. öňki II asyryň ahyrlaryndaky hytaý ýazuw çeşmelerinde bellenişine görä, parfiýalylar şaly ekýän eken. Gök-bakja önümleri bilen bir hatarda miweli baglary-da ýetişdiripdirler. Üzüm parfiýalylaryň iň köp ekýän miweli agaç-larynyň biri bolupdyr. Ony Parfiýada, Margianada, şeýle hem Sumbar jülgesinde ösdürip ýetişdiripdirler.Parfiýa patyşalygy döwründe Günorta-Gündogar we Günbatar Türkmenistanda ekerançylygy ösdürmäge şert döredýän uly kanallar, suw desgalary gurlupdyr. Olar, esasan hem, Maşat-Misirýan düzlüginde, Etrek derýasynyň boýlarynda gurlupdyr.

Parfiýa döwrüniň ilaty maldarçylykda iri şahly we gara mallary idetmäge uly üns beripdirler. Ol mallar ilatyň ete, süýde, gök önümlere bolan esasy islegini kanagatlandyrypdyr.Parfiýalylar düýedarçylyk we gylýalçylyk bilen-de meşgullanypdyrlar. Köpetdagyň etek-leri dünýä belli ahalteke atlarynyň dörän ýerleriniň biri hasaplanýar. Düýeler, gylýallar, atlar şol döwrüň adamlarynyň esasy ulag serişdesi bolupdyr.

Ş äherler. Nusaýyň we Merwiň gülläp ösmegi. B.e. öňki II-I asyrlarda Parfiýa döwleti ykdysady taýdan ýokary derejede bolup-dyr. Bu ýagdaý şäherleriň san taýdan köpelmegine itergi beripdir. Köne şäherleriň ilaty köpelip, täze şäherler peýda bolýar. Bu döwürde şäher-leriň daşyna diwar çekilipdir, diňler gurlupdyr. Şäherleriň söwda ýol-larynyň ugrunda bolmagynyň söwdanyň ösmeginde uly ähmiýeti bolupdyr. Parfiýa döwletiniň ilkinji paýtagty Aşgabadyň günbatarynda, Bagyr obasynda ýerleşýän Nusaý galasy bolupdyr. Bu ýerde biri-birin-den uzakda bolmadyk iki sany Köne Nusaý we Täze Nusaý diýlip atlan-dyrylýan galalar bar. Hakykatda bolsa, Täze Nusaý galasy Köne Nusaý galasynyň düýbi tutulmazdan müň ýyldan hem gowrak öň oturymly ekerançylyk obasy bolupdyr.

Köne Nusaý galasynda ärsaklaryň köşk galasy bolup, onda döwlet diwany, ybadathana, hazyna, patyşalaryň maşgalalarynyň, şeýle hem köşge ýakyn adamlaryň ýaşaýyş jaýlary ýerleşipdir. Täze Nusaý, esa-san, şäher ilatynyň ýaşan ýeri bolup, onda ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde jemgyýetçilik ymaratlary hem bolupdyr.

Şol döwürde 15 gektar meýdany tutýan Köne Nusaýyň 43 sany diňli galyň gala diwary bolupdyr. Galada toý-dabara geçirer ýaly uly otagly, ybadathanaly, köpsanly gulluk otaglary bolan uly köşk bolup-dyr. Köne Nusaýyň gurluşygy Mitridat I-niň patyşalyk eden döwründe amala aşyrylypdyr. Gazuw-agtaryş işleri wagtynda resminamalaryň bi-rinden galanyň gadymy ady bolan Mitridatokert (Mitridatkirt) «Mitridat şäheri» diýlip ýazylan ýazgy tapyldy. Bu bolsa Mitridat I döwründe galanyň düýbi tutulypdyr diýmäge esas berýär.

6. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Parfiýaly ekerançylar, esasan, haýsy ekinleri ekipdirler?

2. Parfiýa döwletiniň ilkinji paýtagty nirede ýerleşipdir?

3. Köne Nusaý galasynyň näçe sany diňli galasy bolupdyr?

7. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. § 22 Sah.: 82-86

8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?

Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary____ __

Mekdebi:

Senesi:




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy: VI





Sapagyň temasy:

Parfiýanyň daşary syýasaty

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Parfiýa-rim uruşlary. Karry söweşi. Parfiýanyň Kuşan, Hytaý döwletleri bilen gatnaşyklary barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)Okuwçylara “Parfiýanyň hojalygynyň ösüşi” tekstini okatmak mazmunyny gürrüň berdirmek

b) Sorag-jogap alyşmak.

1. Parfiýaly ekerançylar, esasan, haýsy ekinleri ekipdirler?

2. Parfiýa döwletiniň ilkinji paýtagty nirede ýerleşipdir?

3. Köne Nusaý galasynyň näçe sany diňli galasy bolupdyr?

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1.Parfiýanyň daşary syýasaty

2. Parfiýa-Rim uruşlary

3. Demir tordan örülen sowutlar

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

-Parfiýa-Rim uruşlary haçan başlanandygyny

-Karry söweşi haçan bolandygyny we kimiň ýeňşi bilen gutarandygyny

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

-Serkerde Süreniň söweş hereketleri barada gürrüň bermegi

- Parfiýa döwletine ilkinji gezek Hytaý ilçisiniň gelşi barada gürrüň bernegi

- Parfiýa döwleti haçan synýandygyny, onuň sebäpleri nämeden durýandygyny aýtmagy

§ 23. Parfiýa döwletiniň daşary syýasaty

Parfiýanyň daşary syýasaty. Parfiýa hökümdarlary günbatarda Wawilony, Derýaaralygyny birikdirip, gündogarda bolsa Pakistanyň häzirki ýerlerine çenli baryp ýetipdirler. Emma döwletiň çäkleri mydama bir durşuna durman, üýtgäp durupdyr.

Parfiýa döwletiniň gülläp ösen döwri patyşa Orod I-niň (b. e. öňki 55–38/37 ý.) döwri bolupdyr. Onuň döwründe döwletiň paýtagty has aňryk Tigr derýasynyň çep kenaryndaky Ktesifon şäherine geçirilýär.

Günbatarda Parfiýanyň dürli döwürlerde üç sany paýtagt şäheriniň (Gekatompil, Ekbatan, Ktesifon) bolmagy, döwletiň syýasy durmuşynyň günbatara geçendigini aňladýar. Parfiýa patyşalary esasy ünsi günbatar serhedine berip, rimliler bilen serhedini berkidipdirler. Şol sebäpli ärsaklaryň gelip çykan öz ýurtlary Parfiýa döwletiniň bir çeti bolup galypdyr. Bu ýagdaý Parfiýanyň ösüşini haýalladypdyr we kem-kemden onuň gündogar sebitleriniň peselmegine getiripdir.

P arfiýa-Rim uruşlary. Karry (Harran) söweşi. Parfiýa öz döwründe dünýäniň iň güýçli döwletleriniň – günbatarda Rim imperiýasy-nyň, gündogarda Kuşan döwletiniň gazaply bäsdeşi bolupdyr. B. e. öňki 65-nji ýylda Parfiýanyň Rim bilen ilkinji çaknyşygy bolup geçýär. Bu çaknyşyk uzaga çeken parfiýarim urşunyň başyny başlapdyr. Bu iki döwletiň güýçli goşunlarynyň barlygyna garamazdan, hiç biri-de gutarnykly ýeňiş gazanyp bilmändir. Netijede, Parfiýa bilen Rimiň serhedi Ýewfrat derýasy bolup galypdyr.

Parfiýa patyşasy Orod I-niň ýurdy dolandyran döwründe Parfiýa-Rim gat-naşyklary has ýitileşýär. B. e. öňki 53-nji ýylda Karry şäheriniň golaýynda (häzir Türkiýäniň Harran şäheri) Rim serkerdesi Mark Krass bilen Parfiýa serkerdesi Süreniň arasynda uly söweş bolup geçýär. Oňa taryhda «Karry söweşi» diýlip at berlipdir. Bu söweş barada gadymy grek taryhçysy Plutarh (b. e. 46–120 ý.) öz ýazgylarynda jikme-jik beýan edipdir. Rim serkerdesi Mark Krassyň goşuny 42000 adamdan ybarat bolupdyr. Parfiýa patyşasy Krassa dawany parahatçylykly ýol bilen çözmegi teklip edipdir. Krassyň serkerdeleriniň birnäçesi bu urşa garşy çykypdyrlar, emma Krass diňe öz diýenini tutupdyr. Ermenistanyň patyşasy Artabaz bolsa Krassy goldajakdygyny aýdypdyr we demirgazyk tarapdan Parfiýa çozmagy meýilleşdiripdir. Artabaz oňa goşun kömegini berjekdigini hem aýdypdyr.

Söweşe parfiýalylar hem ykjam taýýarlanypdyrlar. Parfiýa şasy Orod I öz goşunyny ikä bölüp, onuň bir bölegini Ermenistana tarap ugradypdyr. Beýleki topary bolsa rim goşunynyň garşysyna çykarypdyr. Parfiýa serkerdesi Süren batyrlygy, edermenligi we zehinliligi bilen öz döwürdeşleriniň arasynda meşhur bolupdyr. Onuň goşunynyň esasy bölegi demir sowut geýnen atly goşundan ybarat bolupdyr. Demir tordan örülen sowutlar söweş atlarynyň hem bedenini örtüpdir. Merwli ýarag ussalary tarapyndan ýasalan Parfiýa harby esbaplary özleriniň ýokary hilliligi bilen rimlileri haýran galdyrypdyr. Rim ýazyjylary parfiýalylaryň ýyndam we çydamly atlaryny öz işlerinde wasp edipdirler.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Parfiýa-Rim uruşlary haçan başlanypdyr?

2. Karry söweşi haçan bolýar we kimiň ýeňşi bilen gutarýar?

3. Serkerde Süreniň söweş hereketleri barada gürrüň beriň.

4. Parfiýa döwletine ilkinji gezek Hytaý ilçisiniň gelşi barada gürrüň beriň.

5. Parfiýa döwleti haçan synýar, onuň sebäpleri nämeden durýar?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. § 23 Sah.: 86-90

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?

Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary ________

Mekdebi:

Senesi:




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy: VI





Sapagyň temasy:

Parfiýanyň medeniýeti

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Sungat (binagärçilik, nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, ritonlar). Parfiýanyň hat-ýazuwy. Dini ynançlar. Ellinizmiň medeniýete ýetiren täsiri. Parfiýalylaryň dini garaýyşlary. “Paýhas çeşmesi” atly kitapda medeniýet baradaky atalar sözi we nakyllar barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)Okuwçylara “Parfiýanyň daşary syýasaty” tekstini okatmak mazmunyny gürrüň berdirmek

b) Sorag-jogap alyşmak.

1. Parfiýa-Rim uruşlary haçan başlanypdyr?

2. Karry söweşi haçan bolýar we kimiň ýeňşi bilen gutarýar?

3. Serkerde Süreniň söweş hereketleri barada gürrüň beriň.

4. Parfiýa döwletine ilkinji gezek Hytaý ilçisiniň gelşi barada gürrüň beriň.

5. Parfiýa döwleti haçan synýar, onuň sebäpleri nämeden durýar?

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1.Parfiýanyň medeniýeti

2. Parfiýanyň sungaty

3. Selewkileriň patyşasy Antioh I

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

- Orta Aziýanyň çäklerinde gadymy siwilizasiýanyň halklarynyň özara gatnaşygy barada aýdyp

Köne Nusaý galasyndaky ymaratlaryň gurluşy barada aýdyp

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

- Günorta Türkmenistanyň ýerlerindäki Parfiýa döwletiniň şäherleri barada aýtmagy

- Nusaý bulgurlary – ritonlary barada aýtmagy

- Ellinizm medeniýeti barada aýtmagy

§ 24. Parfiýanyň medeniýeti

Parfiýanyň sungaty. Günorta Türkmenistanyň ýerleriniň öz döwründe dünýä medeniýetiniň taryhynda, Parfiýa siwilizasiýasynyň ýüze çykmagynda we ösmeginde örän uly ähmiýeti bolupdyr.

Parfiýa b.e. öňki III asyryň ahyrlaryndan b.e. III asyrynyň başlaryna çenli Gündogaryň medeni taýdan ösen döwletleriniň biri bolupdyr. Nusaý şäheri Parfiýa döwletiniň paýtagty bolup, öz döwrüniň medeniýet ojagyna öwrülipdir. Onda onlarça döwlet edaralary, dini ymaratlar, harby-hojalyk jaýlary, patyşa köşgi ýerleşipdir. Ol özüniň medeniýetini gadymy grek we rim sungatynyň esasynda sazlaşykly ösdüripdir.Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Nusaý galasynyň Parfiýa döwrüne degişli ýadygärlikleriniň 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy Nusaýyň umumadamzat gymmatlyk-larynyň hazynasydygyny görkezdi.

Öz döwründe 15 gektar meýdany tutýan Köne Nusaý galasynyň diwarynyň düýbüniň galyňlygy 3 metre golaý, uzynlygy bolsa 7 kilometre ýetipdir. Onda toý-dabara, gulluk otaglary, ybadathanalary bolan uly köşk bolupdyr. Köne Nusaýyň gurluşygy Mitridatyň patyşalyk eden döwründe amala aşyrylypdyr. Şonuň üçin hem onuň hormatyna Mitri-dat şäheri diýlip at berlipdir. Şäheriň daşky aýlawy berkidilipdir. Nusaý köşgüniň diwarlary çig kerpiçden galyň edilip salnypdyr, onuň myhman kabul edýän uly otagy bolupdyr. Otagda tekjeler ýasalyp, olarda palçykdan ýasalyp reňklenen heýkeljikler goýlupdyr. Nusaýda diň şekilli ybadathana hem salnypdyr. Ybadathanada mukaddes ot ýakylypdyr.

Parfiýa döwletiniň Günorta-Gündogar Türkmenistanda ýerleşýän iri şäherleriniň biri Margiana bolupdyr. Parfiýa döwründe bu ýerde şäheriň daşyna uly gala salnypdyr. Margiana iki bölek edilip gurlupdyr we ösdürilipdir. Erkgala onuň esasy özeni bolupdyr.

Selewkileriň patyşasy Antioh I tarapyndan harby inženerlik gur-luşy esasynda gurdurylan Gäwürgala şäheriň howpsuzlygyny üpjün et-mäge ýardam beripdir.

Gäwürgalanyň demirgazyk-gündogar çetinde bürünç we demir işläp bejerýän ussahanalar işläpdir. Bu ýerde dünýä meşhur merw poladyndan ýaraglar ýasalypdyr, eşikler taýýarlanypdyr. Şeýlelikde, b.e. öňki I we b. e. I asyrlarynda Merw oazisiniň merkezi bolan Gä-würgala ägirt uly şähere öwrülipdir.

Täze Nusaý galasynda Parfiýa döwrüniň ýaşaýşyny hem durmuşyny häsiýetlendirýän ençeme binalaryň we beýleki maddy ýadygärlikleriň üsti açyldy. Bu ýerden tapylan Parfiýa döwrüne degişli ybadathana birnäçe otagdan ybarat bolupdyr. Ybadathananyň sütünleri agaçdan bo-lup, häzirki zaman eýwanly jaýlara çalymdaş bolupdyr. Nusaýdan däne ammary, ýüzi hatly küýze döwükleri, parfiýa pullary, başga-da birnäçe zatlar tapyldy. Nusaýdan tapylan şirmaýydan haşamlanyp ýasalan bul-gurlar, ritonlar, heýkeller, parfiýa şalarynyň şekilleri zikgelenen altyn teňňeler, ösen nakgaşlyk öz döwründe Parfiýa–Nusaý medeniýetiniň örän ösendiginden habar berýär. Ritonlaryň käbirleri köşkde geçirilýän meýlisler üçin has uly 1,5–2,5 litr ölçeginde hem ýasalypdyr. Häzire çen-li dünýäniň dürli künjeginden tapylan ritonlaryň arasynda öz görnüşiniň kämilligi we çeper bezegi boýunça Köne Nusaý ritonlary dünýä sun-gatynyň iňňän ajaýyp nusgalarynyň hataryna goşulýar.Arheologik barlaglar diňe Ahal welaýatyndan Parfiýa döwrüne degişli birnäçe gadymy mekanlaryň 30-dan gowragynyň üstüni açdy. Olardan Hysrowgalany, Ýelkendepäni (Kaka etrabynda), Garrykäriz (Gök-depe etrabynda), Sarahs galasyny we başgalary belläp bolar.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Köne Nusaý galasyndaky ymaratlaryň gurluşy barada gürrüň beriň.

2. Günorta Türkmenistanyň ýerlerindäki Parfiýa döwletiniň şäherlerini aýdyp beriň.

3. Nusaý bulgurlary – ritonlary barada näme bilýärsiňiz?

4. Parfiýanyň hat-ýazuwy bolupdyrmy?

5. Ellinizm medeniýeti diýip nämä düşünýärsiňiz?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. § 24 Sah.: 91-94

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?

Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary ________

Mekdebi:

Senesi:




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy: VI





Sapagyň temasy:

Umumylaşdyryjy sapak

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Geçilenleri gaýtalamak we umumylaşdyrmak. Okuwçylaryň gözýetimlerini giňeltmek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Gaýtalamak sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)Okuwçylara “Parfiýanyň medeniýeti” tekstini okatmak mazmunyny gürrüň berdirmek

b) Sorag-jogap alyşmak.

1. Köne Nusaý galasyndaky ymaratlaryň gurluşy barada gürrüň beriň.

2. Günorta Türkmenistanyň ýerlerindäki Parfiýa döwletiniň şäherlerini aýdyp beriň.

3. Nusaý bulgurlary – ritonlary barada näme bilýärsiňiz? 4. Parfiýanyň hat-ýazuwy bolupdyrmy?

5. Ellinizm medeniýeti diýip nämä düşünýärsiňiz?

3.Geçilenleri sorag-jogap arkaly gaýtalap berkitmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Umumylaşdyryjy sapak

2. Parfiýanyň hat-ýazuwy

3. Zikgelenýän pullar

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

- Ellinizm medeniýeti barada aýdyp

- iň gadymy adamlaryň esasy kärlerini aýdyp

- gadymy döwürde (suwarymly) ekerançylygyň, suwaryş desgalarynyň, söwdanyň, hünärmentçiligiň, pul çalşygynyň we hususy eýeçiligiň döremegi hem-de ösmegi barada aýdyp

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

-Parfiýa döwletiniň dini ynançlary barada aýtmagy

- hadysalaryň we taryhy wakalaryň sebäplerini hem-de netijelerini düşündirmegi; taryhy şahsyýetlere baha bermegi;

Parfiýanyň hat-ýazuwy. Parfiýa döwletiniň medeniýetiniň möhüm ýadygärlikleriniň biri hem hat-ýazuwyň ýüze çykmagydyr. Muňa gadymy hytaý ýyl ýazgylary hem şaýatlyk edýär. Parfiýa patyşa-larynyň ýörite hat-ýazuw işleri bilen meşgullanýan mürzeleri bolupdyr. Parfiýa döwletiniň haty-elipbiýi dolulygyna bize gelip ýetmändir. Onuň nusgalary ilkinji gezek 1948-nji ýylda Nusaý hökümdarynyň köşgüniň diwarynyň aşagyndan tapyldy. B. e. öňki II–I asyrlara degişli tapylan bu resminamalara taryhy edebiýatlarda «Nusaý arhiwi» ýa-da «Nusaý hazynalary» diýilýär. Gazuw-agtaryş işleri Köne Nusaý galasyndan ýüzi hatly küýze bölekleriniň 2700-den gowragynyň üstüni açdy. Hatlaryň mazmuny salgyt häsiýetli bolupdyr.

Dini ynançlar. Parfiýa döwletinde köp taýpalar we halklar ýaşapdyrlar, olaryň dini düşünjeleri birmeňzeş bolmandyr. Irki döwürlerde ilatyň durmuşynda atyň we Günüň keramaty güýçli saýylypdyr. Aýal hudaýlarynyň arasynda beýik Ene hudaýy aýratyn hormatlanypdyr. Parfiýa döwletinde ýerli ilat öz hudaýlaryny grek hudaýlaryna meň-zedipdirler. Mysal üçin, Zews hudaýy Ahuramazda, Apollon Mitra hudaýyna meňzedilipdir hem olara çokunylypdyr. Dini ynançlara görä, ata-babalaryň ruhuna uýmak güýçli bolupdyr. Serkerdeleriň gubrunyň üstüne jaý gurmak däbi durmuşa ornaşypdyr. Dini ybadatlary berjaý etmek üçin dürli jaýlar, ybadathanalar gurlupdyr.

Soňra kem-kemden otparazlyk (zoroastrizm) esasy dine öwrülipdir. Ellinizmiň Merkezi Aziýa halklarynyň medeniýetine eden täsiri. Gadymy grek medeniýeti ylymda «Ellin medeniýeti» diýlip at-landyrylýar. Sebäbi grekler özüne ellinler diýipdirler. Şonuň üçin XIX asyryň 70-nji ýyllarynda Ýewropa alymlary bu dörän täze medeniýete ellinizm medeniýeti diýip at beripdirler.

Grek-makedon goşunlarynyň Merkezi Aziýany eýelemeginiň netijesinde bu çäklere aralaşan grekler Gündogar halklarynyň medeniýe-tine bellibir derejede öz täsirini ýetiripdirler. Tiz wagtdan bu ýerlere grek-makedon söwdagärleri, hünärmentleri-senetçileri hem göçüp gelipdirler. Ýerli ilat grekleriň dilini, däp-dessurlaryny, adatlaryny kabul edipdirler. Şonuň ýaly-da grekler hem ýerli ilatyň medeniýetini, däp-dessurlaryny kabul edipdirler. Grekleriň binagärçilik, heýkeltaraşlyk, şekillendiriş sungatlaryna täsiri uly bolupdyr. Zikgelenýän pullar ilki-başlarda grek hudaýlary we hatlary bilen şekillendirilipdir. Diňe b.e. II asyrynyň ortalaryndan başlap pullaryň bir bölegi harpy boýunça-da, dili boýunça-da Parfiýa sözleri bilen çalşyrylýar. Hat ýazmak üçin küýze bölejiklerinden başga-da ýukajyk tagtajyklar hem ulanylyp başlapdyr. Möhüm resmi hatlar, mukaddes işler ýazylan mahalynda deriden ýasalan gymmatbaha pergamentler (eýlenen mal derisi) ulanylypdyr. Onuň şeýle bolandygyny Köne Nusaý galasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesi subut edýär. Şeýle-de XX asyryň birinji ýarymyn-da Nusaýda geçirilen gazuw-agtaryş işleri patyşa köşgüni bezemek üçin grek adamlarynyň heýkelleriniň goýlandygyny subut etdi. Bu açyşlar hem grek medeniýetiniň ýerli halkyň medeniýeti bilen goşulyp-garyşandygyndan habar berýär.

Parfiýa medeniýeti ellin medeniýetiniň we sungatynyň iň oňat däplerini özüne siňdirip, gülläp ösüpdir.

Sorag-jogap alyşmak:

1. Parfiýa-Rim uruşlary haçan başlanypdyr?

2. Karry söweşi haçan bolýar we kimiň ýeňşi bilen gutarýar?

3. Serkerde Süreniň söweş hereketleri barada gürrüň beriň.

4. Parfiýa döwletine ilkinji gezek Hytaý ilçisiniň gelşi barada gürrüň beriň.

5. Parfiýa döwleti haçan synýar, onuň sebäpleri nämeden durýar?

4. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temalary okap gelmek.

5. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?

Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary ________

Mekdebi:

Senesi:




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy: VI





Sapagyň temasy:

Jemleýji sapak

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Geçilenleri gaýtalamak we umumylaşdyrmak. Okuwçylaryň gözýetimlerini giňeltmek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Gaýtalamak sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)Okuwçylara geçilenleri gaýtalatmak.

b) Sorag-jogap alyşmak.

1. Parfiýa-Rim uruşlary haçan başlanypdyr?

2. Karry söweşi haçan bolýar we kimiň ýeňşi bilen gutarýar?

3. Serkerde Süreniň söweş hereketleri barada gürrüň beriň.

4. Parfiýa döwletine ilkinji gezek Hytaý ilçisiniň gelşi barada gürrüň beriň.

5. Parfiýa döwleti haçan synýar, onuň sebäpleri nämeden durýar?

3.Geçilenleri sorag-jogap arkaly gaýtalap berkitmek:

Parfiýanyň Kuşan, Hytaý bilen gatnaşyklary. B. e. öňki 30-njy ýyllardan başlap Parfiýa gowşap başlaýar. Parfiýanyň bir bölegi Kuşanlar döwletiniň eline geçýär. В. e. I–II asyrlarynda döwletiň gündogar çetlerin-de Merkezi Aziýa çarwalarynyň tolgunyşyklary ýüze çykypdyr. Köp ýerlerde gozgalaňlar turupdyr. Ol gozgalaňlary basyp ýatyrmak parfiýalylara ýeňil düşmändir. Şeýle hem Parfiýa günbatarda Rim imperiýasyna garşy birnäçe gezek urşa giripdir. Şol bir wagtyň özünde çarwa sak taýpalary hem Parfiýa garşy öz çozuşlaryny dowam etdiripdirler.

Bu döwürde Parfiýa döwletinde birnäçe netijeli diplomatik çäreler işlenilip düzülipdir.Parfiýa Hytaý bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga çalşypdyr. Şeýle gatnaşyga Hytaý hem, Parfiýa hem mätäç bolupdyr.

Hytaý çeşmelerinde Parfiýanyň ady Ansi diýlip atlandyrylypdyr. Şol çeşmelerde Ansi (Parfiýa) 100-den gowrak ululy-kiçili şäherli, örän uly ýerleri eýelän beýik döwlet hasaplanypdyr.

B.e.öňki 32-nji ýylda Hytaý syýahatçylary Parfiýa ýurduna gelip-dirler. Emma Parfiýa–Hytaý diplomatik gatnaşyklary b. e. II asyryndan başlanypdyr. B. e. 107-nji ýylynda Hytaý ilçisi ilkinji gezek Parfiýa ge-lipdir. Oňa belent mertebeli myhman hökmünde adaty bolmadyk hez-zet-hormat edipdirler.

Ilçini Parfiýa döwletiniň serhedinde 20 müň goşun bilen garşylap-dyrlar we ony Parfiýanyň paýtagt şäheriniň biri bolan Gekatompil şäherine çenli ugradypdyrlar. Hytaý ilçisi öz ýurduna gaýdanda, Hy-taý patyşasyna sowgat iberipdirler. Sowgatlaryň arasynda düýeguş ýu-murtgasy-da bolupdyr. Hytaý ilçileri Parfiýa ýurdundan üzüm we ýorunja tohumyny äkidipdirler. Hytaýdan Parfiýa ýurduna ýüpek, polat ýaly birnäçe zatlar getirilipdir.

В. e. I asyrynyň ahyrlarynda, II asyrynyň başlarynda imperiýa gowşap, onuň welaýatlary özbaşdaklyga ymtylypdyrlar. Ilki bilen Margiana özbaşdaklygyny yglan edýär. Imperiýanyň içinde emele gelen ýagdaýy düzetmäge Parfiýanyň güýji ýetmändir. Merkezleşen döwlet pese düşýär. Tiz wagtda bolsa sasanylaryň neslinden bolan Ardaşir Pars welaýatynyň hökümdary bolýar, ol birnäçe ýerleri basyp almagy başarypdyr. Ardaşir Parfiýa garşy ýöriş edipdir. Söweşleriň iň soňkusy Midiýanyň çäklerinde 224-nji ýylda bolup geçýär. Söweşde Parfiýa döwletiniň iň soňky patyşasy Artaban V heläk bolýar. Şeýlelikde, Par-fiýa döwleti synýar we döwlet hökmünde ýaşamagyny bes edýär.

PLUTARHYŇ KARRY SÖWEŞI BARADAKY BEÝANYNDAN BÖLEKLER

Parfiýalylar rimlileri şeýle gopgunlar bilen gorkuzanlaryndan soň, birden harby enjamlaryň örtgülerini sypyryp, duşmanyň alnyndan ok ýaly atylyp çykdylar, özleriniň eginlerinde, başlarynda gözüňi deşip gelýän margian poladyndan ýasalan sowut, tuwulga bardy, atlary mis-dir demirden taýýarlanylan sowutlydy, hemmelerden görmegeý Süren hanyň özi hem geldi...parfiýalylar yza çekildiler we aljyraňňylykda her kim bir ýana ýeňse beren kişi bolup, rimlilere bildirmezden, dörtburç ha-tarly halka atýarlar. Krass ýeňil ýaraglanan nökerlerine duşmanyň üs-tüne çozmagy buýruk berdi, emma olar sanlyja ädim ätmänkäler, bulut ýaly süýşüp ugran peýkamly oklar bilen garşylandylar. ... parfiýalylar bolsa ýaýraşyp, dumly-duşdan diýen ýaly peýkamly ok ýagdyryp başladylar, rimliler şeýle bir ýygjam, şeýle bir jebis durdular welin, nyşa-nadan bilgeşleýin sowa geçeýin diýseň-de däldi, parfiýalylar özleriniň dartgynly uly ýaýlaryny gaty-gaty çekip atýardylar ... Eýýäm şol wagt rimlileriň ýagdaýy meniňki bolsun diýer ýaly däldi: olar hatarda gal-salar-da, birsyhly ýaralanýardylar, hüjüme geçmäge synanyşanlarynda bolsa güýçleri deň däldi, ejiz gelýärdiler.

4. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temalary okap gelmek.

5. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?

Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary ______________________




Скачать

Рекомендуем курсы ПК и ППК для учителей

Вебинар для учителей

Свидетельство об участии БЕСПЛАТНО!