СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

6-njy synp Turkmenistan taryh 1-nji çärýek

Категория: История

Нажмите, чтобы узнать подробности

6-njy synp Turkmenistan taryh 1-nji çärýek

Просмотр содержимого документа
«6-njy synp Turkmenistan taryh 1-nji çärýek»

Mekdebi:

Senesi:




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy: VI





Sapagyň temasy:

Giriş. Türkmenistanyň taryhy, mazmuny.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Türkmenistanyň taryhyna degişli maddy we ýazuw çeşmeler.Türkmenistanyň taryhynyň döwürleri barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Leksiýa sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini soramak:

a) 5-njy synpda geçilenleri gaýtalamak.

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Türkmenistanyň taryhy, mazmuny

2. Gadymy türkmen topragy

3. Türkmen halkynyň gadymy we orta asyr taryhynyň öwrenilmegi

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Türkmenistanyň taryhy dersi näme öwredýändigini

– Gadymy türkmen topragy adamzat medeniýetiniň nämesi diýip hasaplandygyny

– Taryh ylmynyň iň esasy çeşmeleri nämedigini

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Türkmen halkynyň geçmiş taryhyna degişli arheologik ýadygärlikler barada aýtmagy

–Geçmiş taryhymyz nämäniň üsti bilen ýazylýandygyny we öwrenilýändigini aýtmagy

– Ýazuw haçan ýüze çykandygy barada aýtmagy

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň geçmiş taryhyna degişli arheologik ýadygärlikleriň, ýazuw çeşmeleriň giňişleýin öwrenilmegi türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk şöhratly taryhynyň barlygynyň subutnamasydyr. Gadymy taryhy ýerlerimiz hem-de beýik taryhy şahsyýetlerimiz barada alymlaryň, taryhçylaryň, edebiýatçylaryň miras galdyran gymmatly eserleri halkymyzyň köp müňýyllyk taryhyny aýdyň beýan etmäge mümkinçilik döretdi.

Gadymy türkmen topragy adamzat medeniýetiniň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzyň çäklerinde ýaşan iň gadymy adamlar jemgyýetiň ösüş kanunlaryna laýyklykda ilkidurmuş gurluşyny başdan geçiripdirler. Nesilbaşymyz Oguz hanyň döwründe türkmen halky döwlet gurmak derejesine ýetipdir. Türkmen halkynyň öz-boluşly medeniýetiniň we maddy gymmatlyklarynyň döremeginde we kämilleşmeginde Gadymy Oguz türkmenleriniň ahemeniler, parfiýalylar, hunlar, sasanylar, göktürkmenler, tahyrylar, saffarylar, samanylar ýaly döwletleriniň uly ähmiýeti bardyr. Müňýyllyklaryň dowamynda biziň ata-babalarymyz dünýä gymmatlyklaryna öz goşantlaryny goşupdyrlar.

Geçmişimizi doly öwrenmek üçin biz taryh ylmynyň gazananlaryna çuňňur ýüzlenmeli bolýarys. Taryh ylmynyň iň esasy çeşmeleriniň biri-de ýazuw ýadygärlikleridir. Olar taryhy eserlerden, çeper edebiýatdan, ylmy we dini beýanlardan, resmi hatlardan we beýleki çeşmelerden ybaratdyr. Şol çeşmeleriň üsti bilen geçmiş taryhymyz ýazylýar we öwrenilýär. Ýazuw dürli ýurtlarda dürli wagtlarda ýüze çykypdyr. Mysal üçin, Derýaaralygy (Mesopotamiýa) bilen Müsürde b. e. öňki III müňýyllykda, Kiçi Aziýada b. e. öňki 1800-nji ýyllarda, Hytaýda b. e. öňki 1400-nji ýyllarda ýüze çykypdyr. Türkmenistanda hat-ýazuwyň başlangyjynyň bürünç asyrynda, ýagny b. e. öňki III müňýyllygyň başlarynda peýda bolandygy barada birnäçe maglumatlar bar.

Taryhy öwrenmekde irki döwrüň alymlarynyň goşantlary hem örän uludyr. Türkmenistanyň we onuň halkynyň taryhy barada iň gadymy döwürden başlap häzirki günlere çenli köp taryhçylar onlarça taryhy işleri ýazypdyrlar. Gadymy taryhçylaryň hataryna grek we rim taryhçylary, ýagny Gerodoty, Fukididi, Aristoteli, Diodoty, Strabony goşup bolar. Türkmen halky barada orta asyr türkmen, arap, pars, rus taryhçylary taryhy maglumatlary ýazypdyrlar. Olardan Biruny, Mahmyt Kaşgarly, Ibn al-Asir, Reşideddin, Ý. Biçurin, N. Gumilýow... ýaly taryhçylaryň atlaryny tutup bolar.

Türkmen halkynyň gadymy we orta asyr taryhy, esasan hem, XIX–XX asyrlarda öwrenildi. Bu ugurda uly işleri bitiren alymlardan W. W. Bartoldyň (1869–1930), S. P. Tolstowyň (1908–1976), M. Ý. Massonyň (1894–1986) atlaryny mysal getirip bolar. Türkmenistanyň ga-dymy döwrüniň taryhyny öwrenmekde arheolog alym W. I. Sarianidiniň bitiren işleri has hem uludyr.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Türkmenistanyň taryhy dersi näme öwrenýär?

2. Gadymy türkmen topragy adamzat medeniýetiniň nämesi diýip hasaplanylýar?

3. Taryh ylmynyň iň esasy çeşmeleri näme?

4. Nämäniň üsti bilen geçmiş taryhymyz ýazylýar we öwrenilýär?

5. Ýazuw haçan ýüze çykypdyr?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. Sah.: 7-8

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________

Mekdebi:

Senesi:




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy: VI





Sapagyň temasy:

Giriş. Türkmenistanyň taryhynyň döwürleri.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Türkmenistanyň taryhyna degişli maddy we ýazuw çeşmeler.Türkmenistanyň taryhynyň döwürleri barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Leksiýa sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini soramak:

a)Okuwçylara “Giriş. Türkmenistanyň taryhy, mazmuny” diýen teksti okatdyryp mazmunyny gürrüň berdirmek.

b) Sorag-jogap alyşmak.

1. Türkmenistanyň taryhy dersi näme öwrenýär?

2. Gadymy türkmen topragy adamzat medeniýetiniň nämesi diýip hasaplanylýar?

3. Taryh ylmynyň iň esasy çeşmeleri näme?

4. Nämäniň üsti bilen geçmiş taryhymyz ýazylýar we öwrenilýär?

5. Ýazuw haçan ýüze çykypdyr?

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Türkmenistanyň taryhynyň döwürleri

2. Daş asyry. Paleolit döwri.

3. Mezolit döwri.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Paleolit döwri barada

– Mezolit döwri barada

– Neolit döwri barada

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Mis asyry barada aýtmagy

– Bürünç asyry barada aýtmagy

– Demir asyry barada aýtmagy

Türkmenistanyň taryhynyň döwürleri. Alymlar Türkmenis-tanyň iň gadymy taryhyny öz aýratynlyklaryna laýyklykda döwürlere bölüpdirler. Şol döwürleşdiriş ählumumy taryh ylmynyň döwürlere-bölünişi bilen gabat gelýär. Alymlar iň gadymy adamzat jemgyýetinde peýdalanylan zähmet gurallarynyň esasynda ol döwri daş, mis, bürünç we demir asyrlaryna bölýärler.

Daş asyry. Paleolit döwri. Daş asyrynyň birinji döwri paleolit, ýagny gadymy daş asyry (paleo – gadymy, litos – daş) diýlip atlandyrylýar. Paleolit döwri Türkmenistanyň çäginde iň gadymy döwürlerden başlap b. e. öňki XII müňýyllyga çenli dowam edipdir.

Mezolit döwri. Daş asyrynyň ikinji döwri mezolit (grekçe mezos – orta) diýlip atlandyrylýar. Ol orta daş asyry bolup, XI müňýyllykdan b. e. öňki XII–VII müňýyllygyň birinji ýarymyny öz içine alýar.

Neolit döwri. Daş asyrynyň üçünji döwri neolit (grekçe neos – täze) diýlip atlandyrylýar, ol täze daş asyry hasaplanylýar. Neolit döwri b. e. öňki VII müňýyllygyň ikinji ýarymyndan b. e. öňki V müňýyllygyň birinji ýarymyna çenli dowam edipdir.

Mis asyry. B. e. öňki V müňýyllygyň ikinji ýarymy eneolit (grekçe enous – mis) asyry hasaplanylýar. Bu döwürde adamlar misden zähmet gurallaryny ýasap başlapdyrlar, şonuň üçin bu döwre mis asyry diýip at beripdirler. Eneolit – mis asyry b. e. öňki IV müňýyllygyň ahyrlaryna çenli dowam edipdir.

Bürünç asyry. B. e. öňki III müňýyllygyň başlaryndan II müňýyllygyň ahyrlaryna çenli bolan döwre bürünç asyry diýilýär. Adamlar galaýy bilen misi garyp, bürünç almagy başarypdyrlar. Bürünçden ýasa-lan zähmet gurallary has berk bolupdyr.

Demir asyry. B. e. öňki II müňýyllygyň ahyrlarynda demriň tapyl-magy we önümçilige ornaşdyrylyp başlanmagy bilen, alymlar bu asyra demir asyry diýip at beripdirler. Demriň ýüze çykmagy bilen önümçilik has giňäpdir, täze durmuş-ykdysady gatnaşyklar ýüze çykyp, jemgyýe-tiň ösüşine uly badalga beripdir.

Bu okuw kitaby bäş bölümden, ýigrimi dört paragrafdan ybaratdyr. Bu bölümlerde Türkmenistanda iň gadymy adamlaryň ýaşan ýerleri bolan Ýangyja, Damdamçeşme, Jebel, Gaýly ýaly gonalgalar, ol ýerlerde ýaşan adamlaryň meşgul bolan kärleri we zähmet gurallarynyň görnüşleri giňişleýin beýan edilýär. Adamlaryň ekerançylyga we maldarçylyga geçmekleri bilen öndüriji hojalygyň ýüze çykyşy, iň gadymy suwarymly ekerançylygyň ýüze çykan ýeri bolan Jeýtun medeniýeti barada gürrüň edilýär. Şeýle-de misiň ýüze çykmagy bilen zähmet gurallarynyň kämilleşmegi, hünärmentçiligiň ýüze çykyp, giň gerime eýe bolşy taryhy maglumatlaryň üsti bilen subut edilýär. Bu döwrüň esasy ýadygärlikleri bolan Garadepe, Namazgadepe, Göksüýri ýaly oturymly obalaryň ilatynyň ekerançylyga uly ähmiýet berişleri, olaryň guran suwaryş desgalary barada hem giňden gürrüň berilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň çäginde ýaşan gadymy adamlaryň sungaty we dini ynançlary barada maglumatlar getirilýär. Zergärçiligiň ýüze çykyşy, keramika önümleriniň kämilleşdirilişi hem-de olarda adamlaryň we dürli haýwanlaryň şekilleriniň ýasalyşy we olara dürli reňkler berlip taraşlanyşy beýan edilýär. Göksüýri, Ýalaňaçdepe ýadygärliklerinden tapylan keramika önümlerinde Günüň şekili bilen alamatlandyrylan ilkinji senenama ýüze çykdy we bu senenamanyň gadymy ekerançylaryň senenamasydygy anyklanyldy. Diýmek, bu maglumatlar b. e. öňki IV müňýyllygyň ahyrlarynda, III müňýyllygyň başlarynda Türkmenistanyň çäklerinde ilkinji senenamanyň bolandygyny doly subut edýär.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Türkmenistanyň taryhynyň döwürleri näçe bölümden ybarat?

2. Paleolit döwri haýsy ýyllary öz içine alýar?

3. Mezolit döwri haýsy ýyllary öz içine alýar?

4. Mis asyry haýsy ýyllary öz içine alýar?

5. Bürünç asyry haýsy ýyllary öz içine alýar?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. Sah.: 8-11

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?

Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________

Mekdebi:

Senesi:




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy: VI





Sapagyň temasy:

Türkmenistan iň gadymy adamlaryň mekanydyr.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Türkmenistan iň gadymy adamlaryň mekanydyr. Daş asyry. Paleolit. Otdan peýdalanmak. Paleolit döwrüniň esasy gonalgalary. Ýangyja barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)Okuwçylara “Giriş. Türkmenistanyň taryhynyň döwürleri” diýen teksti okatdyryp mazmunyny gürrüň berdirmek.

b) Sorag-jogap alyşmak.

1. Türkmenistanyň taryhynyň döwürleri näçe bölümden ybarat?

2. Paleolit döwri haýsy ýyllary öz içine alýar?

3. Mezolit döwri haýsy ýyllary öz içine alýar?

4. Mis asyry haýsy ýyllary öz içine alýar?

5. Bürünç asyry haýsy ýyllary öz içine alýar?

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Türkmenistanyň ýerlerinde ýaşan iň gadymy adamlar

2. Paleolit döwrüniň adamlary

3. Arheologik gazuw-barlag işleriniň geçirilmegi

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Iň gadymy adamlar barada gürrüň berip

– Gadymy Türkmenistanyň çägi barada aýdyp

– Paleolit döwrüniň adamlarynyň ýasan gurallary barada aýdyp

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Türkmenistanda iň gadymy adamlaryň ýaşan ýerleri barada aýtmagy

– Paleolit döwrüniň gonalgalary barada aýtmagy

– Paleolit döwründe nähili zähmet gurallary ýasalandygy barada aýtmagy

-Alymlar Türkmenistanyň haýsy ýerlerinden piliň süňklerini tapandyklary barada aýtmagy

§ 1. Türkmenistanyň ýerlerinde ýaşan iň gadymy adamlar

Iň gadymy adamlar Türkmenistanyň ýerlerinde1,8 million ýyl mundan ozal ýaşap başlapdyrlar, olar «başarjaň» adam diýlip hasaplanypdyr. Sebäbi olar sowukdan we güýçli ýelden goranmagy, agaçdan, süňkden we daşdan dürli-dürli zähmet gurallaryny ýasamaklygy başarypdyrlar. Olaryň eňegi örän kiçi bolupdyr, barmaklarynyň bogny gödek bolup, çeýe hereket edip bilmändirler. Olaryň beýnisiniň gurluşy maýmynyňkydan uly, häzirki zaman adamynyň beýnisinden kiçi bolup, maňlaý bölegi gowşak ösen bolupdyr. Şol döwrüň adamlary gepläp bilmändirler, zordan üzlem-saplam sesleri aýtmagy başarypdyrlar. Şeýle sesler arkaly olar öz gaharlaryny we gorkularyny aňladypdyrlar. Şol ses bilen howp abananda bir-birlerini kömege çagyryp bilipdirler. Olarda pikirlenmek juda çäkli bolupdyr. Bu döwrüň adamlarynyň Merkezi Aziýanyň çäklerindäki Deşikdaş gowagynda ýaşandyklary mälim boldy. Sebäbi alymlar bu ýerden 8–9 ýaşly iň gadymy oglanjygyň süňküni tapýarlar.

Ýüz müňlerçe ýyllaryň geçmegi bilen häzirki zaman adamlaryna meňzeş akylly-paýhasly adamlar peýda bolupdyr. Adamlaryň ýaşaýyş we durmuş tejribesi kem-kemden özgerip başlapdyr Ilki-ilkiler adamlar uly haýwanlary köpçülik bolup awlamagy başarypdyrlar. Şol haýwanlaryň etleri olara köp wagtlap azyk bolupdyr.

Gadymy Türkmenistanyň çägi günortasyny Köpetdaga direýän, günbataryny deňiz tutýan, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ajaýyp düzlükdir. Ýurdumyzyň esasy ýerini çöl tutýar, onuň çet gyralaryny bolsa suwarymly ýerler, demirgazyk-gündogar çäklerini Amyderýa jülgesi tutýar.

P aleolit döwrüniň ahyrlarynda adam- ýasalan gurallar lar Türkmenistanyň çäginiň köp ýerlerinde, ýagny Hazaryň kenarlarynda, Uzboý sebitlerinde, Sumbar, Çendir jülgelerinde, Merkezi Köpetdagyň, Sarahsyň günortasyndaky Bathyz baýyrlyklarynda ýaşapdyrlar.

Paleolit döwrüniň adamlary özlerine iň gerekli zatlary ýasamagy öwrenipdirler. Gadymy ussalar çakmak daşyndan uly bolmadyk ýasy görnüşli gysgyçlary, ýuka hem ýiti uçly deşewaçlary ýasamagy başaryp-dyrlar. Şol gurallar agaç, süňk kesmek üçin amatly bolupdyr.

Deşewaçlaryň kömegi bilen awlan haýwanlarynyň derisinden ýönekeýje egin-eşik tikip, azyk önümlerini saklar ýaly dürli göwrümli meşik (malyň derisinden edilýän gap) edinipdirler.

Arheologik gazuw-barlag işleriniň geçirilmegi bilen, alymlar Hudaýdag çöketliginiň demirgazyk tarapyndan gadymy piliň aýaklarynyň süňklerini, azy dişiniň döwügini tapdylar. Piliň süňkleri we dişleriniň syrçaly döwükleri Hudaýdag bilen Monjuklynyň arasyndan hem-de Uzboýuň kenaryndaky ýerlerden hem tapyldy.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Türkmenistanda iň gadymy adamlaryň ýaşan ýerleri barada gürrüň beriň.

2. Paleolit döwrüniň gonalgalary barada aýdyň.

3. Alymlar Türkmenistanyň haýsy ýerlerinden piliň süňklerini tapypdyrlar, olar barada gürrüň beriň.

4. Paleolit döwründe nähili zähmet gurallary ýasalypdyr?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. § 1. Sah.: 12-14

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?

Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________

Mekdebi:

Senesi:




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy: VI





Sapagyň temasy:

Mezolit döwrüniň arheologiki ýadygärlikleri

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Mezolit döwrüniň arheologiki ýadygärlikleri. Damdamçeşme, Jebel, Gaýly barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)Okuwçylara “Türkmenistan iň gadymy adamlaryň mekanydyr” diýen teksti okatdyryp mazmunyny gürrüň berdirmek.

b) Sorag-jogap alyşmak.

1. Türkmenistanda iň gadymy adamlaryň ýaşan ýerleri barada gürrüň beriň.

2. Paleolit döwrüniň gonalgalary barada aýdyň.

3. Alymlar Türkmenistanyň haýsy ýerlerinden piliň süňklerini tapypdyrlar, olar barada gürrüň beriň.

4. Paleolit döwründe nähili zähmet gurallary ýasalypdyr?

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Mezolit döwrüniň arheologik ýadygärlikleri

2. Bu döwrüň adamlarynyň kärleri

3. Mezolit döwrüniň zähmet gurallary

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Mezolit döwrüniň adamlarynyň esasy kärleri barada aýdyp

– Türkmenistanyň ýerlerinde ýaşan adamlaryň gonalgalary, esasan, haýsy welaýatyň çäklerinde bolandygyny

– Mezolit dowründe awçylary barada aýdyp

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Türkmenistanda iň gadymy adamlaryň ýaşan ýerleri barada aýtmagy

– Paleolit döwrüniň gonalgalary barada aýtmagy

– Paleolit döwründe nähili zähmet gurallary ýasalandygy barada aýtmagy

- Daş asyrynyň ussahanasy barada aýtmagy

§ 2. Mezolit döwrüniň arheologik ýadygärlikleri. Bu döwrüň adamlarynyň kärleri we zähmet gurallary

Mezolit döwrüniň ýadygärlikleri: Damdamçeşme, Jebel, Gaýly. Mezolit ýa-da orta daş asyry döwründe (b. e. öňki, takmynan, XII–VII müňýyllyklar) Türkmenistanyň ýerlerinde ýaşan adamlaryň gonalgalary, esasan, Balkan welaýatynyň çäklerinde bolupdyr. Günba-tar Türkmenistandaky Damdamçeşme II, Jebel, Gaýly ýaly köpgatly gowaklardan mezolit döwrüne degişli birnäçe zähmet gurallary tapyldy. Uly Balkan dagyndaky Damdamçeşme gowagyndan, gadymy gatlaryň içinde, gyralary örän oňat ýonulan ýasy çakmak daşlary tapyldy. Olaryň içinde saplanan gazawlar we gapdallary oýuk ýasy daşlar hem bar. Şol gowagyň ýakynyndaky başga bir gowakdan (Damdamçeşme II) we Gaýly gaýasyndan hem çakmak daşyndan ýasalan gazawlaryň, ýasy daşlaryň üsti açyldy.

Türkmenistanyň dag gowaklaryndan tapylan tapyndylar gadymy adamlaryň ýaşaýyş-durmuşlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şol gowaklardan tapylan ýabany haýwanlaryň süňklerinden çen tutulanda, şol gowaklarda ýaşan adamlaryň kärleri awçylyk we balykçylyk bolupdyr.

Mezolit dowründe awçylar üçburçluk görnüşindäki çakmak daşlaryny ulanypdyrlar. Çakmak daşyndan edilen ýasy daşlaryň ýüzi ýörite ýonguç bilen ýiteldilip, bir tarapy çuň oýulypdyr. Bu ýasy oýukly daşlar peýkamlary, agaç oklary ýasamak üçin hyzmat edipdir. Mundan başga-da, gowakda gazawlar we deşgiç gornüşli gurallar hem köp bolupdyr. Bu dowürde Jebel gowagynda ýaşan adamlar üçburçluk gornüşindäki kiçijik gurallary ýasapdyrlar, daşdan ýasalan iri tyglary we peýkam ýaly gurallary, ýasy daş owguçlary ulanypdyrlar. Tapyndylaryň käbiri çöplenen däneleri owmak üçin niýetlenipdir.

Mezolit döwrüniň adamlary awlan haýwanlarynyň derisini eýlemegiň, agaçdan, süňkden, daşdan dürli görnüşli gurallary hem-de balykgulaklardan bezegleri ýasamagyň hötdesinden gelipdirler. Jebel gowagyndan sungat önümleri hem tapyldy. Bu ýerde ýaşan gadymy adamlar balykgulaklardan ýasalan dürli şaý-sepleri dakynypdyrlar.

Bu döwrüň adamlary mallaryň derilerinden haýwanlaryň guradylan damarlaryndan taýýarlanylan sapaklar bilen tikilen geýimleri geýipdirler. Mysal üçin, Gaýly gowagynyň aşaky gatyndan, sapak sapmak üçin kiçijik gözli süňkden ýasalan iňňe tapyldy. Bu tapyndylar Türkmenistanyň çäginde ýaşan gadymy adamlaryň nähili ýaşandyklary we näme bilen meşgullanandyklary barada maglumat berýär.

Gubaseňňir burnunyň gaýaly belentliginden «zergärçilik» ussahanasy hem tapyldy. Ussahana daş asyrynyň durmuşy barada maglumat berýär. Ol ýerde balykgulaklardan ýasalan köpsanly monjuklaryň birentegi ak reňkde bolsa, käbirleri gyzyl reňke boýalypdyr.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Mezolit döwrüniň adamlarynyň esasy kärleri barada näme bilýärsiňiz?

2. Türkmenistanyň ýerlerinde ýaşan adamlaryň gonalgalary, esasan, haýsy welaýatyň çäklerinde bolupdyr?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. § 2. Sah.: 14-16

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?

Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________

Mekdebi:

Senesi:




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy: VI





Sapagyň temasy:

Iń gadymy adamlaryń esasy kärleri, zähmet gurallary we gadymy öýleri.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Iń gadymy adamlaryń esasy kärleri, zähmet gurallary we gadymy öýleri. Ýygnaýjylyk, awçylyk we balykçylyk. Ok - ýaýyň ýüze çykmagy. Enelik urugy barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)Okuwçylara “Mezolit döwrüniň arheologiki ýadygärlikleri” diýen teksti okatdyryp mazmunyny gürrüň berdirmek.

b) Sorag-jogap alyşmak.

1. Mezolit döwrüniň adamlarynyň esasy kärleri barada näme bilýärsiňiz?

2. Türkmenistanyň ýerlerinde ýaşan adamlaryň gonalgalary, esasan, haýsy welaýatyň çäklerinde bolupdyr?

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Iň gadymy adamlaryň esasy kärleri

2. Iň gadymy adamlaryň zähmet gurallary we gadymy öýleri

3. Ýygnaýjylyk, awçylyk we balykçylyk

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Gadymy adamlaryň zähmet gurallary we ýygnaýjylyk, awçylyk, balykçylyk barada aýdyp

– Oduň ýüze çykmagy we onuň ähmiýeti barada aýdyp

– Ok-ýaýyň ýüze çykmagy adamlaryň ýaşaýşynda nähili üýtgeşmeleri döredendigi barada aýdyp

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Türkmenistanyň mezolit döwründe ýaşan adamlar meşgullanan kärleri barada aýtmagy

– Ýygnaýjylyk, awçylyk we balykçylyk barada aýtmagy

– Ok - ýaýyň ýüze çykmagy barada aýtmagy

- Enelik urugy barada aýtmagy

§ 3. Iň gadymy adamlaryň esasy kärleri, zähmet gurallary we gadymy öýleri

Ýygnaýjylyk, awçylyk we balykçylyk. Türkmenistanyň çäklerinde mezolit döwründe ýaşan adamlar awçylyk, balyk tutmak, ir-iý-miş çöplemek we haýwanlary eldekileşdirmek bilen meşgullanypdyrlar. Gaýly, Damdamçeşme II we Jebel gowaklaryndan tapylan goýundyr geçiniň, jerendir balygyň süňk galyndylary mezolit döwründe ýaşan adamlaryň awçylyk, ýygnaýjylyk, balyk tutmak bilen bir hatarda maldarçylyk bilen hem meşgul bolandyklaryny subut edýär. Ilkidurmuş maldarçylygyna geçilmegi oturymly ýaşaýşyň alamatlarynyň ýüze çykmagyna – çatmalaryň gurulmagyna itergi beripdir.

Gazuw-agtaryş işleri wagtynda Gaýly, Damdamçeşme II we Jebel gowaklaryndan bekre, çöke, kepir balyklarynyň süňk galyndylarynyň tapylmagy şol ýaşaýjylaryň balykçylyk bilen meşgul bolandyklaryny, balyklary iýmit hökmünde ulanandyklaryny tassyklaýar.

Damdamçeşme II-den, Jebelden ýabany haýwanlaryň köp mukdar-daky süňk galyndylarynyň tapylmagy hem ilatyň awçylyk bilen meşgul bolandygyny tassyklaýar. Uly naýzalar hem-de dürli ölçegli ok-ýaýlar awçylaryň aw we zähmet gurallary bolup hyzmat edipdir.

Otdan peýdalanylyşy. Orta daş asyrynyň (b. e. öňki XI-VII müňýyllyklar) ýene bir häsiýetli aýratynlygy oduň ýüze çykmagydyr. Sümme tokaýlarda ýyldyrym çakmagy ýa-da wulkan atylmagy sebäpli tokaýlarda bolup geçýän ýangynlar adamlar üçin, şonuň ýaly-da haýwanlar üçin hem örän howply bolupdyr. Şol ýangyn sebäpli haýwanlaryň birnäçesi oduň içinde galypdyr. Adamlar otda bişen mallaryň etiniň çig etden has tagamly bolýandygyny bilipdirler. Galyberse-de, ot adamlary sowukdan gorapdyr, ol ýyrtyjy haýwanlardan goranmak üçin hem amatly bolupdyr. Başga sebitlere göçenlerinde-de oduň közüni söndürmän saklapdyrlar.

Wagtyň geçmegi bilen adamlar emeli ýol bilen ot almagy başarypdyrlar. Olar çakmak daşlaryny bir-birine sürtüp, ody almagy öwrenipdirler.

Ok-ýaýyň ýüze çykmagy. Orta daş asyry (mezolit) döwründe öndüriji güýçleriň ösüşiniň taryhynda oduň we ýaýyň oýlanyp tapylmagy aýratyn ähmiýete eýe bolupdyr. Ok-ýaýyň ýüze çykmagy bilen adamlar öz urugyny et, ýüň, deri bilen üpjün edipdirler.

Ýaýyň oýlanyp tapylmagy adamlaryň ýaşaýşynda uly öňegidişlik bolupdyr. Munuň özi indi adamlaryň ýyndam haýwanlary, guşlary awlamaklaryna hem mümkinçilik beripdir. Indi gadymy adamlaryň hojalygynda ätiýaçlyk et önümleri has köpelipdir. Bu bolsa adamlary açlykdan halas edipdir. Adamlar tutan mallaryny öldürmän eldeki-leşdirip başlapdyrlar. Adamlaryň eldekileşdiren ilkinji öý haýwany it bolupdyr. Itler adamlaryň ýaşaýan ýerlerini gorapdyrlar, aw awlanlarynda haýwanlary kowalamaga kömek beripdirler. Soňra adamlar ýuwaş-ýuwaşdan häzirki öý haýwanlarynyň hemmesini hem eldekileşdiripdirler we köpeldipdirler.

Enelik urugy. Daş asyrynyň ikinji döwri bolan mezolit döwründe (b. e. öňki XII-VII müňýyllyklar) adamlaryň ilkinji urug toparlary döräp-dir. Olaryň topary onlarça adamlardan ybarat bolup, ganybir garyndaş hasaplanypdyr. Olar bile ýaşap, ýygnan zatlaryny deň paýlaşypdyrlar. Şeýle uruglaryň birnäçesi birleşip, bir taýpany emele getiripdir.

Türkmenistanyň çäklerinde hem urug jemgyýeti peýda bolýar. Gadymy adamlaryň urugçylyk gurluşy ikä, ýagny enelik urugyna we atalyk urugyna bölünipdir. Enelik urugy b. e. öňki XII müňýyllyklarda, giçki paleolit we mezolit döwürlerinde döräpdir we ol jemgyýetiň ilkinji düwünçegi bolup hyzmat edipdir.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Gadymy adamlaryň zähmet gurallary we ýygnaýjylyk, awçylyk, balykçylyk barada gürrüň beriň.

2. Oduň ýüze çykmagy we onuň ähmiýeti barada gürrüň beriň.

3. Ok-ýaýyň ýüze çykmagy adamlaryň ýaşaýşynda nähili üýtgeşmeleri döredipdir?

4. Enelik urugy haçan ýüze çykypdyr?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. § 3. Sah.: 16-18

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________

Mekdebi:

Senesi:




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy: VI





Sapagyň temasy:

Neolit. Öndüriji hojalyga geçilmegi. Günorta Türkmenistanda ekerançylygyň başlanmagy.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Neolit. Öndüriji hojalyga geçilmegi. Günorta Türkmenistanda ekerançylygyň başlanmagy barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Garyşyk sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:

Geçilen temany okap gelmek. § 3. Sah.: 16-18

3.Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak.

Sorag-jogap alyşmak.

1. Gadymy adamlaryň zähmet gurallary we ýygnaýjylyk, awçylyk, balykçylyk ba-rada gürrüň beriň.

2. Oduň ýüze çykmagy we onuň ähmiýeti barada gürrüň beriň.

3. Ok-ýaýyň ýüze çykmagy adamlaryň ýaşaýşynda nähili üýtgeşmeleri döredipdir?

4. Enelik urugy haçan ýüze çykypdyr?

4.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

5.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Neolit döwri

2. Günorta Türkmenistanda ekerançylygyň başlanmagy

3. Öndüriji hojalyga geçilmegi

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Ekerançylygyň ýüze çykyşyny aýdyp

– Öndüriji hojalyga geçilmegi barada aýdyp

– Günorta Türkmenistanda ekerançylygyň başlanmagy barada aýdyp

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Neolit döwrüniň maldarçylygy barada näme bilýändigiňizi aýtmagy

– Ekerançylygyň ýüze çykmagy barada aýtmagy

– Ilkidurmuş adamlarynyň mallary eldekileşdirip başlamagy barada aýtmagy


§ 4. Ekerançylygyň we maldarçylygyň ýüze çykmagy. Neolit döwri

Neolit ýa-da täze daş asyry b. e. öňki VII müňýyllygyň ikinji ýarymyndan b.e. öňki V müňýyllygyň birinji ýarymyna çenli bolan döwri öz içine alýar. Bu döwürde Türkmenistanyň günortasyndaky dagetek zolagynda awçylyk we ýabany ösýän däneli ösümlikleri ýygnamak bilen meşgul bolan ilatyň hojalyk durmuşynda düýpli üýtgeşmeler ýüze çykyp ugrapdyr. B.e. öňki VI müňýyllykda Köpetdag eteklerinde ýaşan adamlar ýuwaş-ýuwaşdan oturymlylyga geçip, arpa, bugdaý ekip, ownuk mallary köpeldipdirler. Şeýlelikde, olar Türkmenistanyň iň gadymy ekerançylyk medeniýetiniň biri bolan Jeýtun medeniýetini döredipdirler.

Öndüriji hojalyga geçilmegi. Günorta Türkmenistanda ekerançylygyň başlanmagy. Köpetdag eteklerinden çykýan çeşmeleriň aýagujunda, suwly ýerleriň golaýynda adamlar oturymlylyga geçipdirler. Olar ýuwaş-ýuwaşdan ýönekeý ekerançylyk we maldarçylyk hojaly-gyny alyp barmaga uýgunlaşyp başlapdyrlar. Neolit döwründe Günorta Türkmenistanyň dagetek zolagynda ekerançylaryň medeniýeti ýaýran bolsa, Günbatar we Demirgazyk Türkmenistanda ýygnaýjylaryň, balykçylaryň, maldarlaryň özboluşly medeniýeti dowam edipdir.

Ilkidurmuş adamlarynyň mallary eldekileşdirip başlamagy, oturymly ýaşaýşyň ilkinji alamatlarynyň ýüze çykmagyna itergi beripdir. Awçylykdan maldarçylyga geçilmegi adamlaryň ete, süýde, ýüňe we derä bolan islegini kanagatlandyrypdyr.

Ekerançylygyň we maldarçylygyň ýüze çykmagy adamlaryň durmuşynda uly öňegidişlik bolupdyr. Adamlar taýýar önümleri ýygnamakdan indi şol önümleri öndürmeklige geçipdirler, bu bolsa olary tebigy şertlere has garaşsyz edipdir.

6. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Ekerançylygyň ýüze çykyşyny aýdyp beriň.

2. Neolit döwrüniň maldarçylygy barada näme bilýärsiňiz?

7. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. § 4. Sah.: 18-19

8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________

Mekdebi:

Senesi:




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy: VI





Sapagyň temasy:

Jeýtun medeniýeti we onuň ýadygärlikleri. Pessejik depe, Çopan depe.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Jeýtun medeniýeti we onuň ýadygärlikleri. Pessejik depe, Çopan depe. Ýaşaýyş jaý gurluşygy. “Paýhas çeşmesi” atly kitapda ekerançylyk baradaky atalar sözi we nakyllar barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)Okuwçylara “Neolit. Öndüriji hojalyga geçilmegi. Günorta Türkmenistanda ekerançylygyň başlanmagy” diýen teksti okatdyryp mazmunyny gürrüň berdirmek.

b) Sorag-jogap alyşmak.

1. Ekerançylygyň ýüze çykyşyny aýdyp beriň.

2. Neolit döwrüniň maldarçylygy barada näme bilýärsiňiz?

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1 Jeýtun medeniýeti we onuň ýadygärlikleri

2. Jeýtun medeniýetiniň ekerançylygy

3. Pessejikdepe, Çopandepe

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Jeýtun medeniýeti nirede we haçan ýüze çykyşyny aýdyp

– Pessejikdepäniň diwar sungaty barada näme bilýändigiňizi aýdyp

– Çopandepe nirede ýerleşýändigini aýdyp

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Jeýtundaky ilatyň ýaşaýyş jaýlary barada aýtmagy

– Jeýtunlylaryň ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanmagy barada aýtmagy

– Pessejikdepäniň ýaşaýyş jaýlarynyň umumy gurluşy barada aýtmagy

§ 5. Jeýtun medeniýeti we onuň ýadygärlikleri

Pessejikdepe, Çopandepe. Türkmenistanyň günorta etraplarynda ýüze çykan iň gadymy ekerançylyk merkezi dünýä taryhynda «Jeýtun medeniýeti» ady bilen bellidir. Ol b. e. öňki V müňýyllyga de-gişlidir. Jeýtun adynyň gelip gykyşy Jeýtun obasynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Ol Aşgabat şäherinden 30 km demirgazyk – günbatarda ýerleşýär.

Jeýtunda geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde, Türkmenistan dünýäde iň gadymy emeli suwaryş ulgamynyň dörän ýerleriniň biri diýlip hasaplanylýar. Gadymy jeýtunly ekerançylar ekin meýdanlaryny suwarmak üçin dag çeşmelerinden peýdalanypdyrlar.

Oturymly ekerançylyga geçilmegi bilen bu ýerde ilatyň sany artypdyr. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, Jeýtunda her maşgalada 5–6 adamdan ybarat bolan 35-40 maşgala hojalygy bolup, onda jemi 200-240 töweregi adam ýaşapdyr. Her bir maşgalanyň hojalyk gap-gaçlary, bezeg şaýlary şol maşgala degişli jaýlarda saklanypdyr. Emma azyk önümleri, arpa, bugdaý we ş.m. zatlar bütin oba üçin niýetlenen umumy jaýda ýerleşdirilipdir.

Jeýtundaky ilatyň ýaşaýyş jaýlary palçykdan bolup, bir otagly inedördül görnüşde salnypdyr. Ol b. e. öňki V müňýyllyga degişlidir. Gapylary darajyk bolup, olar haýwanlaryň derileri bilen ýapylypdyr. Jaýyň diwarlarynda bolsa kiçeňräk tekjejikler bolup, olarda bezeg şaý-seplerini goýupdyrlar. Ýaşaýyş jaýlarynyň gapdalynda kömekçi ho-jalyk jaýlary hem ýerleşipdir.

Ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanmak jeýtunlylaryň esasy käri bolupdyr. Ol ýerden 530-dan gowrak çakmak daşyndan ýasa-lan oragyň, eldekileşdirilen itiň, goýnuň, geçiniň, ýabany keýigiň süňk galyndylarynyň tapylmagy, ýaşaýyş jaýlarynyň suwaglarynda arpadyr bugdaý dänesiniň yzlarynyň saklanyp galmagy hem olaryň kärleriniň ekerançylyk we maldarçylyk bolandygyny tassyklaýar.

Jeýtunlylar ussat küýzegärler bolupdyrlar. Olar toýun palçykdan düýbi ýasy gap-gaçlary ýasap, olary göni, egri-bugry çyzyklar bilen ýönekeý nagyş görnüşinde bezemegi başarypdyrlar.

Jeýtun medeniýetiniň ýadygärlikleri üç döwre: irki, orta we giç-ki döwürlere bölünýär. Jeýtun medeniýeti häzirki Ahal welaýatynyň Bamy obasyndan başlap tä Mäne-Çäçe obasyna çenli aralygy öz içine alypdyr. Onuň irki döwrüne Jeýtundepe, Togalakdepe oturymly obalary degişlidir. Häzirki Gökdepe etrabyndaky Pessejikdepe, Çopandepe we beýlekiler bu medeniýetiň ortaky döwrüniň ýadygärlikleridir. Jeýtun medeniýetiniň giçki döwrüniň ýadygärlikleriniň biri-de Mäne bilen Çäçe obalarynyň (häzirki Altyn asyr etraby) arasyndaky Çagyllydepedir.

Jeýtunlylar ýuka, ýasy ýylmanan çakmak daşlaryny dişäp, agaja daňyp, orak ýasamagy başarypdyrlar. Olar gallaçylygyň iki görnüşini: güýzlük hem-de düme bugdaýlary ösdürip ýetişdiripdirler. Jeýtun medeniýeti döwründen başlap, adamlar diňe bir ownuk şahly mallary däl, eýsem, iri şahly mallary-da eldekileşdiripdirler.

Häzirki Gökdepe etrabynyň ýerindäki Pessejikdepe Jeýtun medeniýetiniň ortaky döwrüniň esasy merkezleriniň biri bolupdyr. Ga-zuw-agtaryş işleri wagtynda ol ýerden çakmak daşdan ýasalan oraklar, gazawaçlar, burawlar, däne owguçlary, süňkden bizler, iňňeler, küýze önümleriniň bölekleri, toýundan ýasalan her dürli monjuklar, daşdan we balykgulakdan ýasalan şelpeler tapyldy.

Pessejikdepäniň ýaşaýyş jaýlarynyň umumy gurluşy, gurluşyk ma-teriallary jeýtunlylaryň ýaşaýyş jaýlaryndan känbir tapawutlanmandyr. Oňa garamazdan, pessejikdepelileriň durmuşynyň köp aýratynlyklary bolupdyr. Ol ýerde bütin taýpanyň ybadathanasy bolan jaý gurlupdyr. Bu uly jaýyň bezegini şekillendiriş sungatynyň ilkinji görnüşi hasaplap bolar. Sebäbi onuň ak diwarlarynyň ýüzünde gara we gyzyl reňkler bi-len haýwan şekilleri çekilipdir. Pessejikdepeden tapylan gadymy diwar bezegleri Türkmenistanyň gadymy adamlarynyň sungaty barada bize düşünje berýär.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Jeýtun medeniýeti nirede we haçan ýüze çykypdyr?

2. Pessejikdepäniň diwar sungaty barada näme bilýärsiňiz?

3. Çopandepe nirede ýerleşýär, ol barada gürrüň beriň.

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. § 5. Sah.: 19-21

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?

Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________


Скачать

Рекомендуем курсы ПК и ППК для учителей

Вебинар для учителей

Свидетельство об участии БЕСПЛАТНО!