СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

6-njy synp Turkmenistan taryh 2-nji çärýek

Категория: История

Нажмите, чтобы узнать подробности

6-njy synp Turkmenistan taryh 2-nji çärýek

Просмотр содержимого документа
«6-njy synp Turkmenistan taryh 2-nji çärýek»

Ders mugallymy:Rozyýewa Nigara

Senesi:31.11.2023




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy:VIA/B





Sapagyň temasy:

Kelteminar medeniýeti. Uzboý. Atalyk urugy

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Kelteminar medeniýeti. Uzboý. Ilatyň meşgul bolan kärleri. Zähmet gurallary. Zähmet bölünişigi. Atalyk urugy barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

okuwçylara temanyň üsti bilen watançylyk terbiýesini bermek

Sapagyň görnüşi:

täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini soramak:

a)Okuwçylara “Jeýtun medeniýeti we onuň ýadygärlikleri. Pessejik depe, Çopan depe” diýen teksti okatdyryp mazmunyny gürrüň berdirmek.

b) Sorag-jogap alyşmak.

1. Jeýtun medeniýeti nirede we haçan ýüze çykypdyr?

2. Pessejikdepäniň diwar sungaty barada näme bilýärsiňiz?

3. Çopandepe nirede ýerleşýär, ol barada gürrüň beriň.

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1 . Kelteminar medeniýeti

2. Ilatyň meşgul bolan kärleri

3. Atalyk urugy barada

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Kelteminarlylaryň hünärleri we zähmet gurallary barada gürrüň berip

– Uzboýda ýaşaýyş haýsy wagtda ýüze çykandygyny aýdyp

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Kelteminar medeniýeti barada aýtmagy

– Zähmet bölünişigi barada aýtmagy

– Atalyk urugy barada aýtmagy

§ 6. Kelteminar medeniýeti

Alymlaryň kesgitlemeklerine görä, Günbatar we Demirgazyk Türkmenistanda ýaşan adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy Merkezi Aziýanyň uly bölegini tutan, b. e. öňki IV müňýyllyga degişli awçylyk we balykçylyk bilen meşgul bolan kelteminarlylaryň medeniýetine meňzeş bolupdyr. «Kelteminar medeniýeti» adynyň gelip çykyşy Kelteminar kanaly bilen baglanyşyklydyr, çünki bu medeniýete degişli ýadygärlikleri alymlar ilkinji gezek şol kanalyň ýakalaryndan tapypdyrlar.

Kelteminarlylaryň jaýlarynyň ýokarsy gümmez görnüşinde bolup, sütünler bilen berkidilipdir. Olar uzynlygy 25 metrden gowrak, beýikligi 4 metre barabar hatara gurlan ymaratlardan ybarat bolupdyr. Ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlarynyň daş tarapy gamyşdyr çybyklar bilen örtülip, ýokarsynda tüsse çykar ýaly deşik goýlupdyr. Bu uly jaýlaryň içinde birnäçe ojak ýerleşipdir.

Kelteminar medeniýetiniň düşelgeleriniň käbiri biri-birinden 300-400 m uzaklykda ýerleşipdir. Şeýle düşelgeleriň adamlary köp ýerleri eýeläp, bir urugy döredipdirler.

Gadymy Horezmiň çäklerinde täze daş asyryna degişli oturymly ýerleriň biri 4-nji Ýanbaşgala mekany bolup, ondan tapylan tapyndylar hem Kelteminar medeniýetiniň ýadygärlikleri barada maglumat berýär. Uzboý. Gadymy adamlaryň mekanlarynyň biri Uzboýdur. Uzboý jülgesinde mekan tutan gadymy adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy öwrenilende daşdan ýasalan, ýylmanan paltajyklara duş gelindi. Bu paltajyklar edil Kelteminarda duş gelen paltajyklara meňzeşdirler.

Uzboýda ýaşaýyş üçin has amatly şertler bolupdyr. Amyderýanyň Sarygamşa guýýan ýerinde kelteminarlylaryň gonalgalary ýerleşipdir. Uzboýda adamlar b.e. öňki IV müňýyllykda köpçülikleýin ornaşypdyrlar. Uzboýuň boýunda gadymy mekanlar köp bolupdyr. Olar Uzboýuň aşak akymynda we ondan demirgazykda, Amyderýanyň aşak akymlarynda yzy üzülmeýän hatar-hatar bolup ýerleşipdirler. Howanyň çyglylygynyň artmagy bilen b. e. öňki IV müňýyllygyň I ýarymynda Uzboýda ýaşaýyş gülläp ösüpdir. B. e. öňki IV müňýyllygyň ahyrlarynda Amyderýanyň şahalarynyň akym ugrunyň üýtgemegi bilen Uzboýa suw akmasy kesilipdir. Şeýlelikde, gurak howa şertlerinde bu ýerleriň ilatynyň esasy bölegi göçüp gidipdirler we ýaşaýjylary bolsa azalypdyr.

Ilatyň meşgul bolan kärleri we zähmet gurallary. Alymlar Uzboýuň ýokary we orta akymlarynda, Sarygamyş kölüniň töwereginde Kelteminar medeniýetine degişli ýadygärliklerden şol döwrüň ýaşaýyş jaýlarynyň galyndylaryny, daşdan ýasalan dürli zähmet gurallaryny, ýönekeýje çyzyklar bilen nagyşlanan küýze önümlerini tapdylar.

Kelteminar medeniýetine degişli ilat, esasan, balykçylyk, awçylyk hem-de ýabany ösümlikleriň miwelerini çöplemek bilen meşgullanypdyr. Ilatyň bir bölegi maldarçylygy ösdürmäge üns beripdir. Kelteminarlylar, esasan, iri we ownuk şahly mallary eldekileşdiripdirler. Şol döwürde-de mallary araba goşup, ulag hökmünde ulanypdyrlar. Ekerançylyk işinde ilkinji ulanylan iri mal öküz we düýe bolupdyr. Adamlar goşa öküzi kündä goşup ýer sürüpdirler, düýäni araba goşup ýük çekipdirler.

Eneolit döwründe Türkmenistanyň demirgazygynda ilat balykçylyk bilen hem meşgul bolupdyr. Olar lakga, kepir ýaly balyklary tutupdyrlar, jeren, gulan we ýabany atlary awlamagy-dabaşarypdyrlar. Keltemi-narlylar suwuň içindäki her hili suw jandarlaryny, guş ýumurtgalaryny iýmit hökmünde peýdalanypdyrlar.

Kelteminarlylar ozalkylary ýaly çakmak daşyndan ýasalan tyglary, agaç peýkamlary ulanypdyrlar. Olar dörtgyraň peýkam uçlaryny, gök daşdan paltalary ýasapdyrlar we olary ýylmap timarlapdyrlar.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Kelteminarlylaryň hünärleri we zähmet gurallary barada gürrüň beriň.

2. Uzboýda ýaşaýyş haýsy wagtda ýüze çykypdyr?

3. Haýsy wagtlarda Uzboýa Amyderýadan suw akmasy kesilipdir?

4. Zähmet bölünişigi barada aýdyp beriň.

5. Atalyk urugy barada näme bilýärsiňiz?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. § 6. Sah.: 22-24

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ders mugallymy:Rozyýewa Nigara

Senesi:08.11.2023ý




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy: VI A/B





Sapagyň temasy:

Eneolit. Misiň ulanylyp başlanmagy.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Eneolit. Misiň açylmagy. Misiň ulanylyp başlanmagy. Zähmet gurallarynyň kämilleşmegi. Hünärmentçiligiň ýüze çykmagy (küýzegärçilik işi, dokmaçylyk, metaly işläp bejermek) barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara temanyň üsti bilen watançylyk terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)Okuwçylara “Kelteminar medeniýeti” diýen teksti okatdyryp mazmunyny gürrüň berdirmek.

b) Sorag-jogap alyşmak.

1. Kelteminarlylaryň hünärleri we zähmet gurallary barada gürrüň beriň. 2. Uzboýda ýaşaýyş haýsy wagtda ýüze çykypdyr?

3. Haýsy wagtlarda Uzboýa Amyderýadan suw akmasy kesilipdir?

4. Zähmet bölünişigi barada aýdyp beriň.

5. Atalyk urugy barada näme bilýärsiňiz?

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1 . Mis asyry

2. Misiň açylmagy

3. Misiň ulanylyp başlanmagy

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Zähmet gurallarynyň kämilleşmegi barada gürrüň berip

– Hünärmentçiligiň ýüze çykmagy barada aýdyp

– . Mis haýsy döwürden ulanylyp başlanýandygyny

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Eneolit döwrüne degişli ýadygärlikleri barada aýtmagy

– Metaly nähili ýol bilen eredip galyplara guýandyklary barada aýtmagy

– Dokmaçylygyň we küýzegärligiň ýüze çykyşy barada aýtmagy

§ 7. Eneolit

Mis asyry (eneolit). B.e.öňki IV müňýyllykda gadymy ekerançylyk obalary giňäpdir. Günorta Türkmenistanda ýaşan oturymly taýpalar özboluşly we özleriniň döwrüne garanyňda ýokary derejede ösen medeniýeti döredipdirler. Bu döwür eneolit döwri bolup, täze daş asyryndan mis asyryna geçiş döwri bolupdyr. Ol Günorta Türkmenis-tanyň ilatynyň taryhy ösüşinde aýratyn bir döwür bolup durýar. Çünki eneolit döwri Jeýtun medeniýeti döwründen öz hili we möçberi boýunça düýpli tapawutlanýar. Eneolit 1,5 müň ýyllap dowam edýär. Bu döwürde maldarçylyk we ekerançylyk hojalyklara berk ornaşýar, ekerançylyk üçin özleşdirilýän ýerler artýar we şonuň üçin hem oturymly oba ilaty köpelýär, senetçilik, metal işläp bejermek, dokmaçylyk we küýzegärlik ýaly pudaklar hem hojalykda esasy orna geçip başlaýar.

Ýurdumyzda eneolit döwrüne degişli ýadygärlikleriň 30-dan gowragy mälimdir. Olar, esasan hem, Günorta Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşendir. Olar Änewdepe, Garadepe, Namazgadepe, Göksüýri ýaly gadymy ýadygärliklerden ybaratdyr.

Eneolit döwründe hem ekerançylyk işinde adamlar goşa öküzi kün-dä goşup ýer sürüpdirler, bu bolsa ekerançylyk ýerleriniň has giňelme-gine, köp hasyl alynmagyna mümkinçilik beripdir. Şeýle-de hojalyklarda düýäniň ulanylyp başlanmagy, ýagny düýe bilen odun çekilmegi ýa-da ony araba goşup, ýük daşalmagy adamlaryň işini kän ýeňilleşdiripdir.

Zähmet gurallarynyň kämilleşmegi. Bu döwrüň häsiýetli aýratynlygy metalyň – misiň ýüze çykmagydyr. B. e. öňki IV müňýyllykda metal gurallar ýaýraýar. Metal gurallaryň ilkinjileri ähli ýerde misden ýasalypdyr, ýöne daşyň ähmiýeti hem entek ýokary bolupdyr (çakmak daşyndan ýasalan peýkam oklary, oraklaryň daşdan ýasalan tyglary). Şonuň üçin bu döwre «Mis-daş asyry» diýlip hem at berilýär. Bu döwürde adamlar misden zähmet gurallaryny, bezeg şaýlaryny, iki tarapy ýiteldi-len pyçaklary ýasamagyň usullaryny öwrenipdirler. Namazgadepe II-de b.e.öňki IV müňýyllykda metaly gyzdyryp taplamagy oýlap tapypdyrlar. Namazgadepeden eneolit döwrüne degişli zähmet gurallary: palta, orak, gazawlar, burawlar, däne owguçlary tapyldy, olar zähmet gurallarynyň has kämilleşendiginden habar berýärler. Namazgadepeden, şeýle-de mis bizler, temençeler, taýagyň ýa-da naýzanyň ujuna oturdylan misden ýasalan çişler tapyldy. Ol ýerde metaly ýörite peçlerde eredip, metalyň erginini galyplara guýmak üçin gerek bolan dürli ölçegdäki çemçeler ýa-salypdyr. Metal böleklerinden ýiti reňkler bilen haşamlanan gap-çanaklar hem ýasalypdyr. Bu bolsa daşdan ýasalan zähmet gurallaryna görä has öndürijilikli bolupdyr. Metal gurallaryň has giň ýaýran zamany, adatça, misiň we galaýynyň goşulyp-garylmagy netijesinde bürünjiň alynmagy bilen baglanyşykly bolup, şol zamana «bürünç asyry» diýilýär. Hünärmentçilik (küýzegärlik). Eneolit döwründe küýze önüm-lerini öndürmek kämilleşipdir. Jamlar köp mukdarda öndürilip, küýze önümlerine salynýan nagyşlar has hem gözelleşipdir. Olar dürli reňkler bilen reňklenip bezelipdir. Häzirki türkmen halylaryna salynýan na-gyşlaryň köpüsi şol döwrüň küýze önümlerindäki nagyşlara örän meň-zeşdir. Namazgadepäniň gatlaklaryndan tapylan köpdürli reňkler bilen haşamlanan ýukajyk gap-çanaklar has kämil ýasalypdyr. Namazgadepede arabanyň tigirleriniň ilkinji nusgalary ýasalypdyr. Şol döwürde adamlar bezeg şaýlaryny altyndan, kümüşden, misden ýasap ugrapdyrlar. Dokmaçylyk. Eneolit döwrüniň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri dokmaçylygyň giň gerime eýe bolmagydyr. Bu döwre degişli Namazga-depe we beýleki gonalgalar öwrenilende aýal mazarlarynyň hemmesin-den diýen ýaly ikbaş tapylýar. Bu ýagdaý olaryň ik egrip, ýüplük taýýar-landyklaryna şaýatlyk edýär. Ýasalan zähmet gurallarynyň arasynda dokma keserleri, jorap örmek üçin çişler, bizler we ş.m. zatlar hem bar.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Mis haýsy döwürden ulanylyp başlanýar?

2. Eneolit döwrüne degişli haýsy ýadygärlikleri bilýärsiňiz?

3. Zähmet gurallarynyň kämilleşmegi barada aýdyp beriň.

4. Metaly nähili ýol bilen eredip galyplara guýupdyrlar?

5. Dokmaçylygyň we küýzegärligiň ýüze çykyşy barada gürrüň beriň.

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. § 7. Sah.: 24-25

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ders mugallymy:Rozyýewa Nigara

Senesi:15.11.2023




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy: VI A/B





Sapagyň temasy:

Ekerançylygyň ösmegi. Änew.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Ekerançylygyň ösmegi. Änew. Gallaçylykda ak bugdaýyň tohumynyň girizilmegi. Suwaryş desgalarynyň gurluşygy (ýaplar, suw howdanlary) barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara temanyň üsti bilen watançylyk terbiýesini bermek

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)Okuwçylara “Eneolit. Misiň ulanylyp başlanmagy” diýen teksti mazmunyny gürrüň berdirmek.

b) Sorag-jogap alyşmak.

1. Mis haýsy döwürden ulanylyp başlanýar?

2. Eneolit döwrüne degişli haýsy ýadygärlikleri bilýärsiňiz?

3. Zähmet gurallarynyň kämilleşmegi barada aýdyp beriň.

4. Metaly nähili ýol bilen eredip galyplara guýupdyrlar?

5. Dokmaçylygyň we küýzegärligiň ýüze çykyşy barada gürrüň beriň.

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1 . Ekerançylygyň ösmegi

2. Eneolit döwrüniň ýadygärlikleri

3. Gallaçylykda ak bugdaýyň tohumynyň girizilmegi

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Ekerançylygyň ösmegi barada gürrüň berip

– Suwaryş desgalarynyň gurluşy barada aýdyp

– Änewiň ak bugdaýyň watanydygyny

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Namazgadepe barada aýtmagy

– Namazgadepeden nähili hojalyk esbaplary tapylandygyny aýtmagy

– Göksüýrilileriň esasy kärleri näme bolandygyny aýtmagy

§ 8. Ekerançylygyň ösmegi. Eneolit döwrüniň ýadygärlikleri

Eneolit döwrüniň oturymly ýerleri Türkmenistanyň çäginde örän köpdür. Şol oturymly ýerler günbatarda häzirki Serdar (Gyzylarbat) şäherinden başlap, gündogarda Tejen derýasynyň orta akymlaryna çenli bolan bütin dagetek zolagyny tutýar. Kaka etrabyndaky Namazgade-pe, Garadepe, Tejen şäherinden 20 kilometr gündogar tarapda ýerleşen Göksüýri we başga-da ençeme ýadygärlikler şol zamanyň oturymly eke-rançylyk ýerleriniň galyndylarydyr.

B. e. öňki IV müňýyllykda Günorta Türkmenistanyň ilaty, dag derýajуklarynyň joşýan wagty onuň öňüne böwet basyp, ekin meýdan-laryny çilläp suwarmak usulyny özleşdiripdirler. Mis asyrynyň orta döwründe Köpetdag eteginde derýalar bolmansoň, ekerançylyk üçin uly suw desgalaryny gurmandyrlar. Emma ilat dag çeşmelerini ekerançylyk üçin peýdalanypdyr.

Günorta Türkmenistanyň gadymy ekerançylyk taýpalarynyň ta-ryhyny we medeniýetini öwrenmek üçin Änew obasynyň ýakynyndaky iki (demirgazyk we günorta) depede gazuw-agtaryş işleri geçirilipdir. Olaryň öwrenilmegi baryp 1904-nji ýylda amerikan alymy R. Pampel-liniň ýolbaşçylygynda başlanýar.

Änew medeniýetine degişli ýadygärliklerde arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirilende çig kerpijiň galyndylarynda dänäniň gabyklary we gylçyklary tapylypdyr. Munuň özi gadymy ata-babalarymy-zyň bu ýerde däne ekinlerini ösdürip ýetişdiren-diklerine şaýatlyk edýär. Tapylan bugdaýyň bu görnüşi häzir «ak bugdaý» ady bilen bellidir. Änew medeniýetine degişli obalaryň galyndylary häzirki Çäçe obasyndan başlap, Aşgabat-Bäherden ýolu-nyň 73 km aralygynda duş gelýär.

Eneolit döwrüniň ýadygärlikleri: Garadepe, Namazgadepe, Göksüýri. Eneolit döwrüniň esasy ýadygärliklerinden Garadepäni, Namazgadepäni we Gök-süýrini bellemek bolar. Artyk obasynyň golaýynda ýerleşen Garadepäniň ýaşaýjylary hem ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolupdyrlar. Garadepe b. e. öňki IV müňýyllygyň ortalaryna degişlidir. Onuň ilaty (2 müňe çenli adam ýaşapdyr) ir wagtdan bäri düýäni eldekileşdirip, ony araba goşup ýük daşamak üçin ulanypdyr. Garadepede ilat çig kerpiç-den salnan köpotagly jaýlarda ýaşapdyr. Ol ýerde misden ýasalan zatlar has köp bolupdyr, olaryň içinde misden ýasalan gylyç hem bolupdyr.

Garadepeden palçykdan ýasalan köpsanly aýal heýkeljikleriniň ta-pylmagy, olaryň mukaddes enä sežde edendiklerini görkezýär.

Eneolit döwrüne degişli ikinji bir ýadygärlik Namazgadepedir. Na-mazgadepe häzirki Kaka etrabynyň merkezinden günbatar tarapda ýerleşýär. Onuň tutýan meýdany 50 gektar bolupdyr. Namazgadepede köp ilat ýaşapdyr. Namazgadepäniň jaý gurluşygy, ol ýerden tapylan tapyn-dylar Altyndepäniňki bilen meňzeşdir.

Namazgadepede geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde bu ýerden mis bizler, temençeler, naýzanyň ujuna oturdylan misden ýa-salan çişler, her dürli ownuk bezeg şaýlary, gap-gaçlar tapylýar. Na-mazgadepeden tapylan köpdürli reňkler bilen haşamlanan ýukajyk gap-çanaklar has gowy ýasalypdyr we hili boýunça kämilleşipdir. Na-mazgadepede hem arabanyň tigirleriniň nusgalary ýasalypdyr. Ol ýerde palçykdan we daşdan ýasalan ikbaşlaryň tapylmagy dokmaçylygyň ýüze çykandygyny görkezýär.

Eneolit döwrüniň ýadygärlikleriniň oňat öwrenilen ýerleriniň biri hem Göksüýri oazisidir. Ol häzirki Tejen şäherinden demirgazyk-gündogarda, Göksüýri demir ýol duralgasynyň töwereklerinde ýerleşýär. Bu ýerler Tejen derýasynyň aşak akymlarydyr.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Ekerançylygyň ösmegi we suwaryş desgalary barada aýdyp beriň.

2. Änewiň ak bugdaýyň watanydygyny düşündiriň.

3. Garadepe nirede ýerleşýär, onuň ilaty näme bilen meşgul bolupdyr?

4. Namazgadepeden nähili hojalyk esbaplary tapylypdyr?

5. Göksüýrilileriň esasy kärleri näme bolupdyr?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. § 8. Sah.: 26-29

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ders mugallymy:Rozyýewa Nigara

Senesi:22.11.2023ý




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy: VI A/B





Sapagyň temasy:

Eneolit döwrüniň ýadygärlikleri. Garadepe, Namazgadepe, Göksüýri.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Eneolit döwrüniň ýadygärlikleri. Garadepe, Namazgadepe, Göksüýri barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara temanyň üsti bilen watançylyk terbiýesini bermek , olarda watançylyk duýgylaryny ösdürmek

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)dilden soramak

b) Sorag-jogap alyşmak.

1. Ekerançylygyň ösmegi we suwaryş desgalary barada aýdyp beriň.

2. Änewiň ak bugdaýyň watanydygyny düşündiriň.

3. Garadepe nirede ýerleşýär, onuň ilaty näme bilen meşgul bolupdyr?

4. Namazgadepeden nähili hojalyk esbaplary tapylypdyr?

5. Göksüýrilileriň esasy kärleri näme bolupdyr?

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1 . Eneolit döwrüniň ýadygärlikleri (dowamy)

2. Garadepe, Namazgadepe, Göksüýri barada gürrüň bermek

3. Namazgadepede geçirilen gazuw-agtaryş işleri

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Garadepe barada barada aýdyp

– Namazgadepe barada aýdyp

– Göksüýri barada aýdyp

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Garadepäniň ýaşaýjylary barada aýtmagy

– Namazgadepede geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň geçirilmegi barada aýtmagy

– Göksüýride ekerançylyk, maldarçylyk we awçylygyň dowam etmegi barada aýtmagy

§ 8. Ekerançylygyň ösmegi. Eneolit döwrüniň ýadygärlikleri (dowamy)

Eneolit döwrüniň ýadygärlikleri: Garadepe, Namazgadepe, Göksüýri. Eneolit döwrüniň esasy ýadygärliklerinden Garadepäni, Namazgadepäni we Göksüýrini bellemek bolar. Artyk obasynyň golaýynda ýerleşen Garadepäniň ýaşaýjylary hem ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolupdyrlar. Garadepe b. e. öňki IV müňýyllygyň ortalaryna degişlidir. Onuň ilaty (2 müňe çenli adam ýaşapdyr) ir wagtdan bäri düýäni eldekileşdirip, ony araba goşup ýük daşamak üçin ulanypdyr. Garadepede ilat çig kerpiç-den salnan köpotagly jaýlarda ýaşapdyr. Ol ýerde misden ýasalan zatlar has köp bolupdyr, olaryň içinde misden ýasalan gylyç hem bolupdyr.

Garadepeden palçykdan ýasalan köpsanly aýal heýkeljikleriniň tapylmagy, olaryň mukaddes enä sežde edendiklerini görkezýär.

Eneolit döwrüne degişli ikinji bir ýadygärlik Namazgadepedir. Namazgadepe häzirki Kaka etrabynyň merkezinden günbatar tarapda ýerleşýär. Onuň tutýan meýdany 50 gektar bolupdyr. Namazgadepede köp ilat ýaşapdyr. Namazgadepäniň jaý gurluşygy, ol ýerden tapylan tapyndylar Altyndepäniňki bilen meňzeşdir.

Namazgadepede geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde bu ýerden mis bizler, temençeler, naýzanyň ujuna oturdylan misden ýasalan çişler, her dürli ownuk bezeg şaýlary, gap-gaçlar tapylýar. Namazgadepeden tapylan köpdürli reňkler bilen haşamlanan ýukajyk gap-çanaklar has gowy ýasalypdyr we hili boýunça kämilleşipdir. Namazgadepede hem arabanyň tigirleriniň nusgalary ýasalypdyr. Ol ýerde palçykdan we daşdan ýasalan ikbaşlaryň tapylmagy dokmaçylygyň ýüze çykandygyny görkezýär.

Eneolit döwrüniň ýadygärlikleriniň oňat öwrenilen ýerleriniň biri hem Göksüýri oazisidir. Ol häzirki Tejen şäherinden demirgazyk-gündogarda, Göksüýri demir ýol duralgasynyň töwereklerinde ýerleşýär. Bu ýerler Tejen derýasynyň aşak akymlarydyr.

Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Göksüýride ekerançylyk bilen meşgul bolan 9 obanyň üsti açylýar. Şol gadymy ekerançylyk obalary eneolit döwrüne, ýagny b. e. öňki IV müňýyllyga degişlidir. Bu ýerlerde ýaşan ilat uly suwaryş desgalaryny-kanallary, howdanlary gazypdyrlar. Şeýle howuzlardan biriniň ini 35 metre barabar bolup, tutýan meýdany 1 müň kw/m, çuňlugy bolsa 3 metrden hem gowrak bolupdyr. Göksüýri-liler, esasan, arpa we bugdaý ekipdirler. Göksüýri I diýlip atlandyrylan obada, b. e. öňki IV we III müňýyllygyň sepgidinde orta hasapdan 2 müňe çenli adam ýaşapdyr. Obanyň jaýlarynyň arasy darajyk köçe-jikler bilen bölünipdir. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, göksüýrililer ekin meýdanlaryndan 100 tonna barabar däne ýygnap, öz ilatyny çörek bilen üpjün edipdirler.

Göksüýride ekerançylyk we maldarçylyk bilen bir hatarda awçylyk hem dowam edipdir. Tapylan süňk galyndylaryndan belli bolşy ýaly, olar tokaý we çöl haýwanlaryndan sugun, ýekegapan, keýik we gulan awlapdyrlar. Göksüýri oazisi bilen utgaşyp gidýän häzirki Oguzhan massiwiniň ýerli ilat tarapyndan «Gulanly» diýlip atlandyrylmagy hem geçmişde şol ýerlerden gulan awlanandygyna güwä geçýär.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Ekerançylygyň ösmegi we suwaryş desgalary barada aýdyp beriň.

2. Änewiň ak bugdaýyň watanydygyny düşündiriň.

3. Garadepe nirede ýerleşýär, onuň ilaty näme bilen meşgul bolupdyr?

4. Namazgadepeden nähili hojalyk esbaplary tapylypdyr?

5. Göksüýrilileriň esasy kärleri näme bolupdyr?

Eneolit döwri

işjeň usuldan peýdalanmak:






6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. § 8. Sah.: 26-28

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?



Ders mugallymyRozyýewa Nigara

Senesi:29.11.2023ý




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy: VI





Sapagyň temasy:

Sungatyň we dini ynançlaryň ýüze çykmagy

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Zergärçiligiň ilkinji başlangyçlary. Nagyşly keramika. Adamlaryň we haýwanlaryň şekilleri. Hat-ýazuwyň alamatlary (piktografiýa-suratlar). Iň gadymy senenama. Ynançlaryň ýüze çykmagy barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara temanyň üsti bilen watançylyk terbiýesini bermek

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)Okuwçylara “Eneolit döwrüniň ýadygärlikleri. Garadepe, Namazgadepe, Göksüýri” diýen teksti okatdyryp mazmunyny gürrüň berdirmek.

b) Sorag-jogap alyşmak.

1. Ekerançylygyň ösmegi we suwaryş desgalary barada aýdyp beriň.

2. Änewiň ak bugdaýyň watanydygyny düşündiriň.

3. Garadepe nirede ýerleşýär, onuň ilaty näme bilen meşgul bolupdyr?

4. Namazgadepeden nähili hojalyk esbaplary tapylypdyr?

5. Göksüýrilileriň esasy kärleri näme bolupdyr?

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1 .Zergärçiligiň ilkinji başlangyçlary

2. Göksüýride adamlaryň ekerançylyk bilen meşgullanmagy

3. Ýygnalan gallanyň saklanyşy

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Göksüýride ekerançylyk bilen meşgul bolan näçe oba bolandygyny

– Göksüýri I diýlip atlandyrylan obada näçe müň adam ýaşandygyny

– Ýygnalan galla nirede saklanandygyny

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Namazgadepeden tapylan ýadygärlikler barada aýtmagy

– Göksüýride gazuw-agtaryş işleriniň geçirilmegi barada aýtmagy

– Gulanly» sözi nireden gelip çykandygy barada aýtmagy

§ 8. Ekerançylygyň ösmegi. Eneolit döwrüniň ýadygärlikleri (dowamy)

Garadepeden palçykdan ýasalan köpsanly aýal heýkeljikleriniň tapylmagy, olaryň mukaddes enä sežde edendiklerini görkezýär.

Eneolit döwrüne degişli ikinji bir ýadygärlik Namazgadepedir. Na-mazgadepe häzirki Kaka etrabynyň merkezinden günbatar tarapda ýerleşýär. Onuň tutýan meýdany 50 gektar bolupdyr. Namazgadepede köp ilat ýaşapdyr. Namazgadepäniň jaý gurluşygy, ol ýerden tapylan tapyn-dylar Altyndepäniňki bilen meňzeşdir.

Namazgadepede geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde bu ýerden mis bizler, temençeler, naýzanyň ujuna oturdylan misden ýa-salan çişler, her dürli ownuk bezeg şaýlary, gap-gaçlar tapylýar. Namazgadepeden tapylan köpdürli reňkler bilen haşamlanan ýukajyk gap-çanaklar has gowy ýasalypdyr we hili boýunça kämilleşipdir. Namazgadepede hem arabanyň tigirleriniň nusgalary ýasalypdyr. Ol ýerde palçykdan we daşdan ýasalan ikbaşlaryň tapylmagy dokmaçylygyň ýüze çykandygyny görkezýär.

Eneolit döwrüniň ýadygärlikleriniň oňat öwrenilen ýerleriniň biri hem Göksüýri oazisidir. Ol häzirki Tejen şäherinden demirgazyk-gündogarda, Göksüýri demir ýol duralgasynyň töwereklerinde ýerleşýär. Bu ýerler Tejen derýasynyň aşak akymlarydyr.

Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Göksüýride ekerançylyk bilen meşgul bolan 9 obanyň üsti açylýar. Şol gadymy ekerançylyk obalary eneolit döwrüne, ýagny b. e. öňki IV müňýyllyga degişlidir. Bu ýerlerde ýaşan ilat uly suwaryş desgalaryny-kanallary, howdanlary gazypdyrlar. Şeýle howuzlardan biriniň ini 35 metre barabar bolup, tutýan meýdany 1 müň kw/m, çuňlugy bolsa 3 metrden hem gowrak bolupdyr. Göksüýrililer, esasan, arpa we bugdaý ekipdirler. Göksüýri I diýlip atlandyrylan obada, b. e. öňki IV we III müňýyllygyň sepgidinde orta hasapdan 2 müňe çenli adam ýaşapdyr. Obanyň jaýlarynyň arasy darajyk köçejikler bilen bölünipdir. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, göksüýrililer ekin meýdanlaryndan 100 tonna barabar däne ýygnap, öz ilatyny çörek bilen üpjün edipdirler.

Ýygnalan galla uly küýzelerde ýa-da çig kerpiçden ýörite salnan jaýlarda saklanypdyr. Dänäni owguçlarda ýa-da sokuda owradyp ýarma edipdirler. Jaýlaryň üsti suwalanda peýdalanyljak palçyga arpanyň, bugdaýyň samanyny garypdyrlar. Saman küýze ýasamak üçin taýýarlanylýan palçyga-da garylypdyr. Göksüýrililer meýdan sypalyndan sebet hem örüpdirler.

Göksüýride ekerançylyk we maldarçylyk bilen bir hatarda awçylyk hem dowam edipdir. Tapylan süňk galyndylaryndan belli bolşy ýaly, olar tokaý we çöl haýwanlaryndan sugun, ýekegapan, keýik we gulan awlapdyrlar. Göksüýri oazisi bilen utgaşyp gidýän häzirki Oguzhan massiwiniň ýerli ilat tarapyndan «Gulanly» diýlip atlandyrylmagy hem geçmişde şol ýerlerden gulan awlanandygyna güwä geçýär.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Göksüýride ekerançylyk bilen meşgul bolan näçe oba bolupdyr?.

2. Göksüýri I diýlip atlandyrylan obada näçe müň adam ýaşapdyr?.

3. Ýygnalan galla nirede saklanypdyr?

4. Gulanly» sözi nireden gelip çykypdyr?

5. Göksüýrilileriň esasy kärleri näme bolupdyr?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. § 8. Sah.: 27-28

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?



Ders mugallymy:Rozyýewa Nigara

Senesi:




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy: VI





Sapagyň temasy:

Umumylaşdyryjy sapak

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Türkmenistanyň ýerlerinde ýaşan iň gadymy adamlar. Türkmenistan iň gadymy arheologiki tapyndylaryň mekanydyr barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Gaýtalamak sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a) Geçilen temany okap gelmek. § 8. Sah.: 27-28.

b) Sorag-jogap alyşmak.

1. Göksüýride ekerançylyk bilen meşgul bolan näçe oba bolupdyr?.

2. Göksüýri I diýlip atlandyrylan obada näçe müň dam ýaşapdyr?.

3. Ýygnalan galla nirede saklanypdyr?

4. Gulanly» sözi nireden gelip çykypdyr?

5. Göksüýrilileriň esasy kärleri näme bolupdyr?

3.Geçilenleri sorag-jogap arkaly gaýtalap berkitmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1 . Heýkeller we dini ynançlar

2. Altyndepe şäherinden tapylan heýkeller

3. Hat-ýazuwyň ilkinji alamatlary

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Bürünç asyry haýsy müňýyllyklary öz içine alýandygyny

– Toýundan ýasalan gap-gaçlaryň haýsy reňkler bilen bezelendigini

– Türkmenistanda ekerançylyk ýerleriniň atlaryny

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Dini ynançlary barada aýtmagy

– Türkmenistanyň çäklerinde bürünç asyryna degişli oturymly obalar nirede ýerleşendigini aýtmagy

– Sumbar we Parhaý gonamçylyklaryndan tapylan tapyndylary barada aýtmagy

Heýkeller we dini ynançlar. Altyndepe şäherinden tapylan ýüzden gowrak heýkeljikleriň eginlerinde ýa-da döşüniň gapdallarynda birnäçe bellikler ýazylypdyr. Egninde agaç şahalaryny ýaýyp duran ze-nan şekili – ösümlik dünýäsiniň hudaýyny, köp şuglaly ýyldyz – asman hudaýyny, akar suwy alamatlandyrýan egrem-bugram çyzygyň suw hudaýyny aňladýan bolmaklary mümkindir diýip, alymlar çaklaýarlar.

Tapyndylaryň arasynda altyndan ýasalan örän enaýyja öküziň maňlaýynda ýarymaý şekilli pöwrize daşy goýlupdyr. Ol Aý hudaýyny aňladypdyr. Bu bolsa adamlaryň Aý hudaýyna has köp sežde edendiklerini subut edýär.

Täze gije-gündiziň başlanmagy säher-den däl-de, asmanda esasy hudaýyň peýda bolýan wagty – agşamdan hasap edilipdir. Aý hudaýy, köplenç, asman öküzi görnüşinde şekillendirilip, onuň şahlary ýarymaýy ýatladýar. Tapylan tapyndylaryň arasynda pil süňkünden ýasalan üç sany taýajyk hem bar. Bu taýajyklar ybadathana hyzmatçysynyň ulanan esbaby bolup, ýörite kertilip nagyşlanypdyr. Toýundan ýasalan heýkeljikleriň arasynd a itleriň we goýunlaryň şekilleri-de bar. Bu ýerde araba goşulýan öküzleriň, düýeleriň, möjek kelleleriniň şekiljikleri has köp bolup, olar örän täsin ýasalypdyr.

Hat-ýazuwyň ilkinji alamatlary. Tapyndylaryň arasynda Derýa-aralygynyň ybadathanalaryna meňzeş düýpli desgalar, Hindistandan getirilen pil süňkleri, toýundan ýasalan elam (Pars aýlagynyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän halkyň ady) hatyny ýada salýan belgili aýal heýkeljikleri bar. Alymlaryň çaklamaklaryna görä, şol bellikler iň gadymy elipbiý – hat bolmaly.

Altyndepede Hindistandan getirilen iki belgiden ybarat möhür tapyldy, möhürdäki ýazgy «Beýik hudaý» diýen manyny aňladýar. Bu ýazgylar hem şol döwürde Günorta Türkmenistanda siwilizasiýanyň ösen-digine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň çäginde b. e. öňki II müňýyllygyň ortalarynda ilatyň köpelmegi bilen, obalaryň we şäherleriň serhetleri giňäpdir. Emma Köpetdagdan çykýan çeşmeleriň tomus aýlarynda suwy azalyp, gurap başlapdyr. Şeýlelikde, Namazgadepe we Altyndepe ýaly iri ekerançylyk merkezleri suw ýetmezçiligi sebäpli taşlanypdyr. Bu ýerleriň ilaty kem-kemden Murgap derýasyna tarap süýşmäge mejbur bolupdyr.

Sorag-jogap alyşmak:

1. Bürünç asyry haýsy müňýyllyklary öz içine alýar we näme üçin bürünç asyry diýlip atlandyrylýar?

2. Toýundan ýasalan gap-gaçlaryň haýsy reňkler bilen bezelendigini sanap beriň.

3. Türkmenistanda ekerançylyk ýerleriniň atlaryny aýdyp beriň.

4. Türkmenistanyň çäklerinde bürünç asyryna degişli oturymly obalar nirede ýerleşipdir?

5. Sumbar we Parhaý gonamçylyklaryndan tapylan tapyndylary aýdyp beriň.

4. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temalary okap gelmek.

5. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________

Ders mugallymy:Rozyýewa Nigara

Senesi:06.12.2023ý




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy: VI A/B





Sapagyň temasy:

Gadymy Oguz Türkmen döwleti

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Gadymy oguzlaryň ýerleşişi. Döwletiň döremegi we ýerleri. Ilatyň ýaşaýyş durmuşy we kärleri. Oguz han. Däp-dessurlar we ynançlary barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara temanyň üsti bilen watançylyk terbiýesini bermek

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)Okuwçylara geçilenleri gaýtalatmak.

b) Sorag-jogap alyşmak.

1. Bürünç asyry haýsy müňýyllyklary öz içine alýar we näme üçin bürünç asyry diýlip atlandyrylýar?

2. Toýundan ýasalan gap-gaçlaryň haýsy reňkler bilen bezelendigini sanap beriň.

3. Türkmenistanda ekerançylyk ýerleriniň atlaryny aýdyp beriň.

4. Türkmenistanyň çäklerinde bürünç asyryna degişli oturymly obalar nirede ýerleşipdir?

5. Sumbar we Parhaý gonamçylyklaryndan tapylan tapyndylary aýdyp beriň.

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1 . Gadymy Oguz türkmen döwleti

2. Oguz han Türkmen

3. Oguzlaryň durmuşy we dini ynançlary

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Näme üçin Oguz han eýýamynyň oňony öküz bolandygyny

– Oguz hanyň ogullary we agtyklary barada aýdyp

– Wezir Erkil hoja hakynda aýdyp

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Gadymy oguzlar barada aýtmagy

– Olaryň jemgyýetçilik gatnaşyklary barada aýtmagy

– Oguz han eýýamyna degişli tapylan tapyndylary barada aýtmagy

§ 9. Gadymy Oguz türkmen döwleti

Oguz han Türkmen. Oguz han Türkmeniň guran döwletine bäş müň ýyl wagt geçipdir. Oguz han örän ynsanperwer, akylly, paýhasly, watansöýüji, beýik şahsyýet bolupdyr. Ol adalatlylygy, gaýduwsyzlygy, mertligi, batyrlygy öz nesillerine wesýet edipdir. Türkmen halky Oguz hany özüniň nesilbaşysy hasaplaýar. Ol türkmeniň ykbalyny öz gerdeninde çeken beýik serkerdedir. Oguz hanyň şe-jeresi Nuh pygamberden başlanýar, onuň kakasyna Gara han diýipdirler. Taryhy çeşmelerde Oguz han Türkmeniň Gün han, Aý han, Ýyldyz han, Gök han, Dag han, Deňiz han diýen ogullary bolupdyr. Her oglunyň hem dört ogly bolupdyr. Oguz hanyň şol 24 agtygyndan 24 taýpa emele gelipdir, şolaryň her biriniň aýratyn ady we lakamy bolupdyr. Dünýä-de ýaşaýan türkmenler Oguz hanyň şol 24 agtygyndan gelip çykypdyr diýlip aýdylýar.

Oguz hanyň oňony öküz bolupdyr. Ol öz zähmetsöýerligi, jepakeşli-gi, güýçlüligi bilen tebigaty özgerdipdir. Öküz ene topragyň hasyl ber-megine, ýaşaýşyň, jemgyýetiň ösmegine uly täsir edipdir.

Gadymy oguzlar. Olaryň jemgyýetçilik gatnaşyklary. Hytaýyň demirgazyk welaýatlaryny, Gündogarda Sary deňizden başlap tä Hazar deňzine çenli aralykdaky ägirt uly ýerleri eýeläp oturan gadymy oguzlar türkmenleriň ata-babalary hasaplanylýar.

Oguznamalarda berilýän maglumatlara görä, Oguz han dünýe-den gaýdandan soň, onuň garry weziri Erkil hoja Gün hana öz dogan-laryny, ýurduň akyldarlaryny, serdarlaryny, kethudalaryny çagyr-dyp, maslahat geçirýär. Bu maslahatda mundan beýläk döwleti edara etmek üçin döwletiň kada-kanunlaryny işläp düzmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylyp, jemgyýetde özüňi alyp barmak, edep-ekram, däp-dessurlar barada kitap döretmeklik teklip edilipdir. Şol masla-hatyň beýanynda: «Eger bir, on ýa-da ýüz goýun öldürseňizem, etleri-ni şu (ýazgyda) aýdylyşy ýaly paýlasynlar. Her kim öz oglanlary bilen, nökerleri bilen iýsin».Ýazgynyň ýene bir ýerinde: «Bir kişi günä iş etse (jenaýat etse), ol kişi patyşanyň ýakyn ýa daş adamy bolsa-da, patyşa urugyndan ýa başga bir urugdan bolsa-da, hanyň temmi bermeli adamy temmi berjek bolanynda, hanyň, patyşanyň inisi, ogly, beg-leriniň hiç birisi oňa gol ýapmasyn. Eger kimde-kim jenaýatça arka çykyp:«Bu adam meni penalap gelipdir» diýip, ony temmiden, jezadan alyp galjak bolsa, şol arka duran adamyň özüni patyşanyň huzuryna getirip, agyr jezalandyrmalydyr. Goý, görene–göz, eşidene–gulak bolsun!» diýlip ýazylypdyr.

Maslahatda ähtnama kabul edilip, onuň aşagyna kethudalaryň ählisi öz atlaryny ýazyp, möhürlerini basypdyrlar. Gün hany bolsa hökümdar saýlapdyrlar. Şol wagtlar Gün han 70 ýaşynda eken. Erkil hoja onuň baş geňeşdary we iş dolandyryjysy bolup galypdyr.

Bu ähtnama esasynda Oguz hanyň nebereleri müňýyllyklaryň dowamynda höküm sürüpdirler. Oguz hanyň döreden elipbiýi hem şol müňýyllyklaryň içinde hereket edipdir. Ýöne şol elipbiýiň haçan ýitip gidendigi bize mälim däl. Gadymy Oguz döwleti berk kada-kanun esa-synda dolandyrylypdyr.

Oguzlaryň durmuşy we dini ynançlary. Türkmeniň mukaddes topragynyň gadymy medeni gatlaklaryndan Oguz han eýýamyna degişli altyndan ýasalan öküz kellesi we köpsanly möhürler tapylypdyr. Bu döwlete degişli köpsanly tapyndylaryň ýurdumyzyň Altyndepe, Täkga-la (Durun), Margiana, Köneürgenç we beýleki ýerlerinde üsti açyldy. Ol tapyndylar Oguz hanyň döwletiniň geografik ýerleşen ýeri baradaky maglumatlar hasaplanylýar. Orta asyr döwrüne degişli taryhy eserlerde berlişine görä, Oguz ýurdy Seýhun bilen Jeýhun boýlaryny, Orta Aziýa sähralaryny öz içine alypdyr.

Oguzlar maldarçylyk, ekerançylyk, küýzegärlik, awçylyk, hünär-mentlik, söwda işleri bilen meşgullanypdyrlar. Oguz hanyň we onuň ilatynyň ynanjy Gök Taňry bolupdyr. Olar taňry diýip Asmana düşünip-dirler, ýagny ýeke taňrylylyga uýupdyrlar.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Näme üçin Oguz han eýýamynyň oňony öküz bolupdyr?

2. Oguz hanyň ogullary we agtyklary barada gürrüň beriň.

3. Wezir Erkil hoja hakynda gürrüň beriň.

4. Oguz han eýýamyna degişli tapyndylar nirelerden tapyldy?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. § 9. Sah.: 29-31

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Mekdebi:

Senesi:




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy: VI





Sapagyň temasy:

Altyndepe iň gadymy şäher-döwletdir. Bürünjüň açylmagy.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Bürünjüň açylmagy. Bürünjiň ulanylyp başlanmagy. Bürünç asyry. Zähmet gurallarynyň kämilleşmegi. Suwarymly ekerançylygyň we hünärmentçiligiň ösüşi barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Garyşyk sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:

a)Okuwçylara “Gadymy Oguz Türkmen döwleti ” diýen teksti okatdyryp mazmunyny gürrüň berdirmek.

b) Sorag-jogap alyşmak.

1. Näme üçin Oguz han eýýamynyň oňony öküz bolupdyr?

2. Oguz hanyň ogullary we agtyklary barada gürrüň beriň.

3. Wezir Erkil hoja hakynda gürrüň beriň.

4. Oguz han eýýamyna degişli tapyndylar nirelerden tapyldy?

3.Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak.

4.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

5.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1 . Altyndepe iň gadymy şäher

2. Bürünjiň ulanylyp başlanmagy

3. Zähmet gurallarynyň kämilleşmegi

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Altyndepe şaher döwletidigini

– Deňsizligiň ýüze çylmagy barada aýdyp

– Dini ynançlar we heýkeller barada aýdyp

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Bürünjiň ýüze çykmagy barada aýtmagy

– Suwarymly ekerançylygyň we hünärmentçiligiň ösüşi barada aýtmagy

– Altyndepäniň ýaşaýyş jaý gurluşy barada aýtmagy

§ 10. Altyndepe – iň gadymy şäher-döwleti

Bürünjiň ulanylyp başlanmagy. Zähmet gurallarynyň kämilleşmegi. B.e.öňki III müňýyllykda bürünjiň ýüze çykmagy bilen Türkmenistanyň çäklerinde durmuş-ykdysady we medeni özgerişler bolup geçýär. Ýöne bu özgerişler Türkmenistanyň ähli ýerlerinde deň bolman-dyr. Hazaryň kenarynda ýaşan taýpalar awçylyk we balykçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Emma Günorta Türkmenistanda, Köpetdagyň etek zolagynda ilat ekerançylyk ulgamyny kämilleşdiripdir we ol uly gerime eýe bolupdyr. Zähmet gurallarynyň metaldan ýasalmagy, olaryň has kämilleşmegi, ekerançylygyň ösmegine uly täsir edipdir.

B. e. öňki III müňýyllykdan başlap adamlar mis bilen galaýyny goşup bürünç alypdyrlar. Bürünç asyry b. e. öňki II müňýyllygyň ahyrlaryna – demriň alnyp başlanan döwrüne çenli dowam edýär. Alymlaryň bel-lemegine görä, Günorta Türkmenistanda bürünçden ýasalýan gurallar guýma usulda taýýarlanylypdyr. Bürünç misden ýasalan gurallardan has berk bolupdyr. Şonuň üçin zähmet gurallary bürünçden ýasalyp, önümçilige ornaşdyrylyp başlanypdyr.

Öndüriji güýçleriň barha artmagy bilen önümçilik ösüpdir. Adam-lar bürünçden ýasalan hanjary, pyçagy, peýkamy, naýzany, oragy öz hojalyklarynda has köp ulanyp başlapdyrlar. Hanjary we beýleki ýaraglary baýramçylyklarda dakynmak üçin kümüş bilen bezäpdirler. Senetçiler bu hojalyk gurallaryny özlerine zerur bolan önümler bilen alyş-çalyş edipdirler.

Şol döwürde adamlaryň jemgyýetçilik durmuşynda hem uly özgerişlikler bolup geçýär. Mal bakmak, ekin ekmek, hünärmentçilik ýaly işler erkek adamlaryň gerdenine düşüp, olaryň hojalykda tutýan orny artypdyr. Bütin urugy goramaklygy hem erkek adamlar öz üstüne alypdyrlar. Aýal adamlar bolsa diňe öý hojalyk işleri bilen, ýagny çagalara seretmek, nahar bişirmek ýaly işler bilen meşgul bolupdyrlar. Şeýlelik bilen, Türkmenistanda enelik urugy atalyk urugy bilen doly çalşylypdyr.

Bürünç döwrüniň häsiýetli aýratynlygy has uly taýpa birleşikleriniň döremegidir. Oturymly obalar, şäherçeler, şäherler goranyş berkit-meleri bilen berkidilip, dolandyryş merkezleri ýüze çykypdyr.

Irki bürünç asyryna degişli obalar ululygy boýunça dürli möçberlerde, ýagny 1 gek-tardan 5-10 gektara çenli, has uly obalaryň tutýan meýdany 25 gektara barabar bolupdyr. Bürünç tapyndylar Altyndepe, Täkgala (Durun obasy), Bagabat, Nusaý, Änew ýaly oturymly obalardan we şäherlerden tapylypdyr.

Bürünjiň ýüze çykmagy bilen zähmet gurallary kem-kemden kämilleşipdir. Adamlar magdan böleklerini eredip päki, pyçak, palta, teşe, temen, isgene, göni we egremçeli bizleri, byçgylary, balyk tutulýan çeňňekleri ýasapdyrlar.

Suwarymly ekerançylygyň we hünärmentçiligiň ösüşi. Gadymy suwarymly Zenan hudaýynyň ekerançylar dag derýajyklarynyň joşýan wagty onuň öňüne böwet basyp, ekin meýdanlaryny çilläp suwarypdyrlar. Bürünç asyrynyň ahyrlarynda Günorta-Günbatar Türkmenistanda Ga-dymy Dehistanda – Yzzatguly bilen Madawdepede, Paraw, Ваmу, Bör-me ýaly oturymly ýerlerde adamlar çarwaçylyk hem ekerançylyk bilen meşgul bolupdyrlar. Olar çylşyrymly suwaryş ulgamlaryny döredipdir-ler. Adamlar Sumbar, Etrek derýalaryndan ini 5-7, çuňlugy 2,5 m bolan, birnäçe kilometre uzalyp gidýän iri kanallary gurupdyrlar. Ilat bugdaý, arpa, noýba ýaly ekinleri ekipdir. Yzzatguly, Madawdepe ýaly obalar şol döwrüň iri oturymly ýerleriniň merkezi hasaplanypdyr.

6. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Bürünç asyry haýsy müňýyllyklary öz içine alýar we näme üçin bürünç asyry diýlip atlandyrylýar?

2. Toýundan ýasalan gap-gaçlaryň haýsy reňkler bilen bezelendigini sanap beriň. 3. Türkmenistanda ekerançylyk ýerleriniň atlaryny aýdyp beriň.

4. Türkmenistanyň çäklerinde bürünç asyryna degişli oturymly obalar nirede ýerleşipdir?

5. Sumbar we Parhaý gonamçylyklaryndan tapylan tapyndylary aýdyp beriň.

7. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. § 10. Sah.: 32-35

8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?

Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________



Mekdebi:

Senesi:




Dersiň ady: Türkmenistanyň taryhy

Synpy: VI





Sapagyň temasy:

Altyndepe şaher döwletidir.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Deňsizligiň ýüze çylmagy. Altyndepäniň ýaşaýyş jaý gurluşy. Dini ynançlar. Heýkeller. Hat-ýazuwyň alamatlary barada düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylara Watanymyzyň beýik taryhyna, ata-babalarymyzyň ýöreden syýasatyna we döreden döwletlerine söýgi döretmek, olara Watansöýüjilik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:


Kartalar, reňkli suratlar, soragnamalar, tablisalar, barlagnamalar, internet maglumatlary, gazet-žurnallar.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)Okuwçylara “Gadymy Oguz Türkmen döwleti ” diýen teksti okatdyryp mazmunyny gürrüň berdirmek.

b) Sorag-jogap alyşmak.

1. Bürünç asyry haýsy müňýyllyklary öz içine alýar we näme üçin bürünç asyry diýlip atlandyrylýar?

2. Toýundan ýasalan gap-gaçlaryň haýsy reňkler bilen bezelendigini sanap beriň. 3. Türkmenistanda ekerançylyk ýerleriniň atlaryny aýdyp beriň.

4. Türkmenistanyň çäklerinde bürünç asyryna degişli oturymly obalar nirede ýerleşipdir?

5. Sumbar we Parhaý gonamçylyklaryndan tapylan tapyndylary aýdyp beriň.

3.Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň Türkmenistanyň taryhyna degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1 . Altyndepe iň gadymy şäher

2. Heýkeller we dini ynançlar

3. Zähmet gurallarynyň kämilleşmegi

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Altyndepe şaher döwletidigini

– Deňsizligiň ýüze çylmagy barada aýdyp

– Dini ynançlar we heýkeller barada aýdyp

- Temanyň esasy mazmunyny gürrüň berip

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Hat-ýazuwyň ilkinji alamatlary barada aýtmagy

– Altyndepelileriň binagärlik sungaty barada gürrüň bermegi

– Altyndepeden altyndan ýasalan tapyndylar barada aýtmagy

§ 11. Altyndepäniň jemgyýetçilik gurluşy we medeniýeti

Altyndepe Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň Mäne obasynyň 3 km gündogarynda, Köpetdag gerişleriniň günorta-gündogar tarapynda ýerleşýär. Altyndepäniň umumy tutýan meýdany 46 gektara barabar bolupdyr. Altyndepede goranyş berkitmesi, ybadathana, ýaşaýyş jaýlary, hünärmentleriň syrgynlary we beýleki desgalar bolupdyr.

Altyndepede geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde gadymy adamlaryň fiziki keşbi we olaryň ömri barada ençeme maglumatlar toplanyldy. Tapylan adam süňkleriniň galyndylary 4-5 müň ýyl mundan ozal Altyndepede ýaşan ilatyň 2/3 bölegi 35 ýaşa çenli ýaşapdyr diýip çaklamaga mümkinçilik berýär. 60-70 ýaşyna ýeten adamlar gaty seýrek bolupdyr. Ilatyň aglaba köpüsi uzyn boýly, syratly adamlar eken. Erkek adamlaryň boýunyň uzynlygy ortaça 180–185 sm, zenanlaryň boýy 170 sm töweregi bolupdyr. Çaga ölümi juda köp bolupdyr. Altyndepäniň iň gülläp ösen döwründe onuň ilatynyň ortaça ýaşy 22,6-dan geçmändir...

Jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlary. Arheologiýa barlaglary Altyndepäniň gala diwarlarynyň üstüni açyp, onuň medeni gatlagynyň 20 metrlik galyňlygynyň bardygyny ýüze çykardy. Netijede, Kiçi Aziýa

dan Hindistana çenli uzalyp gidýän şäher medeniýetiniň zolagyndan daşarda, bu ýerde täze uly medeni merkeziň, şäher-döwletiniň üsti açylýar. Bu bolsa taryh ylmynda uly açyşdyr. Irki şäher-döwletiniň

d öremegi, onda ilatyň gatlaklara bölünmegi, hünärmentçiligiň we özboluşly sungatyň bolmagy Türkmenistanyň gadymy ilatynyň medeniýeti iň gülläp ösendiginden habar berýär.

Heýkeller we dini ynançlar. Altyndepe şäherinden tapylan ýüzden gowrak heýkeljikleriň eginlerinde ýa-da döşüniň gapdallarynda birnäçe bellikler ýazylypdyr. Egninde agaç şahalaryny ýaýyp duran zenan şekili – ösümlik dünýäsiniň hudaýyny, köp şuglaly ýyldyz – asman hudaýyny, akar suwy alamatlandyrýan egrem-bugram çyzygyň suw hudaýyny aňladýan bolmaklary mümkindir diýip, alymlar çaklaýarlar.

Tapyndylaryň arasynda altyndan ýasalan örän enaýyja öküziň maňlaýynda ýarymaý şekilli pöwrize daşy goýlupdyr. Ol Aý hudaýyny aňladypdyr. Bu bolsa adamlaryň Aý hudaýyna has köp sežde edendiklerini subut edýär.

Hat-ýazuwyň ilkinji alamatlary. Tapyndylaryň arasynda Derýa

aralygynyň ybadathanalaryna meňzeş düýpli desgalar, Hindistandan

getirilen pil süňkleri, toýundan ýasalan elam (Pars aýlagynyň demir

gazyk-gündogarynda ýerleşýän halkyň ady) hatyny ýada salýan belgili aýal heýkeljikleri bar. Alymlaryň çaklamaklaryna görä, şol bellikler iň gadymy elipbiý – hat bolmaly.

Altyndepede Hindistandan getirilen iki belgiden ybarat möhür tapyldy, möhürdäki ýazgy «Beýik hudaý» diýen manyny aňladýar. Bu ýazgylar hem şol döwürde Günorta Türkmenistanda siwilizasiýanyň ösendigine şaýatlyk edýär.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Altyndepe şäher-döwleti nirede we haçan döräpdir?

2. Altyndepeden altyndan ýasalan nähili tapyndylar tapylypdyr?

3. Altyndepelileriň dini ynançlary barada aýdyp beriň.

4. Altyndepelileriň binagärlik sungaty barada gürrüň beriň.

5. Altyndepäniň ilatynyň göçüp gitmegine näme sebäp bolupdyr?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen temany okap gelmek. § 10. Sah.: 32-35

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak. Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?

Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________




Скачать

Рекомендуем курсы ПК и ППК для учителей

Вебинар для учителей

Свидетельство об участии БЕСПЛАТНО!