СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

1 synp informatika 1-nji çärýek

Категория: Информатика

Нажмите, чтобы узнать подробности

1 synp informatika 1-nji çärýek

Просмотр содержимого документа
«1 synp informatika 1-nji çärýek»

Mekdebi: Wagty:

Dersiň ady: informatika Synpy: I

Sapagyň temasy:

Kompýuter bilen tanyşlyk

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylary kompýuter bilen tanyşdyrmak. Olaryň häzirki zaman tehnikasy bilen ösüp kemala gelmegini gazanmak.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylarda informatika sapagyna bolan söýgini terbiýelemek.Döwrüň talaplaryna jogap berip bilýän nesli terbiýeläp ýetişdirmek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, kompýuter we kompýuter enjamlary.


Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:

Informatika kitaby bilen tanyşmak

3.Geçilen temany jemlemek:

Geçilen temany jemlemek we täze temany düşündirmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Okuwçylara kompýuter barada tanyşlyk geçmek.

2. Okuwçylara kompýuter bilen işlemegi öwretmek.

3. Olara kompýuter barada düşünje bermek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– kompýuteriň näme üçin döredilendigini

– kompýuteriň biziň durmuşymyzdaky ähmiýetini

– kompýuter bilen işläp

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– kompýuteriň zerur bolan enjamlaryny saýagrmagy

– kompýuteri talabalaýyk ýakyp we öçürmegi

– kompýuteriň taryhy baradaky maglumatlary aýtmagy

Köp ýyllaryň dowamynda adamlar daş-töweregindäki zatlary ýatda saklamaga we çalt hasaplamaga synanyşypdyrlar. Emma adamlar mydama öz ýatkeşligine daýanyp bilmändirler. Ýatda saklamak we çalt hasaplamak üçin adamyň beýnisi ýaly işleýän enjam gerek bolupdyr. Şonuň üçin hem adamlar kompýuteri oýlap tapypdyrlar.

Kompýuter – bu maglumatlary täzeden işläp taýýarlaýan gurluş. Gurluşlaryň mehaniki, elektrik we elektron görnüşleri bolýar. Mehaniki görnüşlerine ýük maşynlary, ekskawatorlar, buldozerler we ýük göteriji kranlar degişli. Ütük, elektrik çäýnegi, stoluň üstünde goýulýan çyra – bular elektrik enjamlar, telewizor, wideomagnitafon we kompýuter bolsa elektron enjamlardyr.

Maglumatlary täzeden işläp taýýarlamak ilki adamlaryň beýnisinde amala aşyrylýar. Häzirki döwürde adamlar öz işlerini, köplenç, kompýuterde ýerine ýetirýärler.

1977-nji ýylyň iýun aýynda döredilen Aplle II ilkinji şahsy kompýuter hasaplanylýar.









Kompýuter otagyna mugallymdan rugsatsyz girmek bolmaýar. Kompýuter otagyna üstki eşigiň, hapa aýakgabyň bilen girmek bolmaýar. Diňe mugallymyň görkezen kompýuterinde işle mäge rugsat berilýär.

1-nji ýumuş. Suratda berlenleriň haýsysy elektrik togy bilen işleýär?








2-nji ýumuş. Aşakdaky enjamlaryň atlaryny aýdyň.











5. Täze temany berkitmek:

1. Kompýuter näme?

2. Kompýuter näme üçin döredilen?

6. Öý işini tabşyrmak:

Temany okap gelmeli

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.

Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapaga işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).


Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary _____________



Mekdebi: Wagty:

Dersiň ady: informatika Synpy: I

Sapagyň temasy:

Kompýuterde işlemegiň howpsuzlyk düzgünleri

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara kompýuterde işlemegiň howpsuzlyk düzgünlerini öwretmek.Olaryň häzirki zaman tehnikasy bilen ösüp kemala gelmegini gazanmak.


2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylarda informatika sapagyna bolan söýgini terbiýelemek.Döwrüň talaplaryna jogap berip bilýän nesli terbiýeläp ýetişdirmek.


Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.


Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, kompýuter we kompýuter enjamlary.


Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:

a)Geçilen temany okadyp,mazmunynygürrüň berdirmek.

b)Sorag-jogap alyşmak.

1. Kompýuter näme?

2. Kompýuter näme üçin döredilen?

3.Geçilen temany jemlemek:

Geçilen temany jemlemek we täze temany düşündirmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Okuwçylara kompýuterde işlemegiň howpsuzlyk düzgünlerini öwretmek.

2. Olara kompýuteri işe girizmegi öwretmek.

3. Olara kompýuteri öçürmegi öwretmek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– howpsuzlyk düzgünleri diýip nämä aýdylýandygyny

– kompýuteri haýsy düwmeler arkaly işe girizmelidigini

– kompýutere zeper ýetirip biljek zatlardan goramagy

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– kompýuteri işe girizmegi

– kompýuteri öçürmegi

– howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegi



Kompýuterde işlemek üçin howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmeli.Howpsuzlyk düzgünleri – bu daş-töwerekdäki zatlary, saglygy we ýaşaýşy aýap saklamak üçin ýerine ýetirilmeli düzgünler.Kompýuterde işlemegiň howpsuzlyk düzgünleriniň käbirleri aşakda berlendir:

1-nji ýumuş. Şahsy kompýuteri işe girizýän we öçürýän düwmeleri ýatda saklaň.

2-nji ýumuş. ПУСК düwmesinde haýsy reňkleri görýärsiňiz? Olary aýdyň. Iş depderiňize ПУСК düwmesiniň suratyny çekiň.

3-nji ýumuş. Aýtäç ejesine kömekleşýär. Otagdaky artykmaç zady atlandyryň.



5. Täze temany berkitmek:

1. Howpsuzlyk düzgünleri diýmek näme?

2. Kompýuteri haýsy düwmeler arkaly işe girizmeli we öçürmeli?

6. Öý işini tabşyrmak:

Temany okap gelmeli.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.

Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapaga işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary _____________



Mekdebi: Wagty:

Dersiň ady: informatika Synpy: I

Sapagyň temasy:

Kompýuter – adamyň kömekçisi

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara kompýuter – adamyň kömekçisi atly tema hakynda düşünje bermek. Olaryň häzirki zaman tehnikasy bilen ösüp kemala gelmegini gazanmak.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylarda informatika sapagyna bolan söýgini terbiýelemek.Döwrüň talaplaryna jogap berip bilýän nesli terbiýeläp ýetişdirmek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, kompýuter we kompýuter enjamlary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:

a)Geçilen temany okadyp,mazmunynygürrüň berdirmek.

b)Sorag-jogap alyşmak.

1. Howpsuzlyk düzgünleri diýmek näme?

2. Kompýuteri haýsy düwmeler arkaly işe girizmeli we öçürmeli?

3.Geçilen temany jemlemek:

Geçilen temany jemlemek we täze temany düşündirmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Okuwçylara kompýuter barada düşünje bermek.

2. Durmuşda tehnikanyň ähmiýetini düşündirmek.

3. Olara mikroçip barada düşünje bermek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– kompýuteriň nirelerde ulanylýandygyny

– mikroçip barada

– tehnikanyň adamyň durmuşyndaky ähmiýetini

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– mikroçip barada gürrüň bermegi

– kompýuteriň nirelerde ulanylýandygyny aýtmagy

– tehnikanyň adam durmuşyndaky ähmiýetini düşündirmegi

Kompýuter – bu maglumatlary täzeden işläp taýýarlaýan gurluş.Kompýuter mikroçipleri (owunjak elektron gurluş) programmalar arkaly işleýän tehnikalary janlandyrdylar.Tehnika adamlaryň ýaşaýyş durmuşyny ýeňilleşdirýär. Olara nahar bişirmäge, ýylanmaga, eşikleri we gaplary ýuwmaga,agyr zatlary süýşürmäge kömek berýär.



1-nji ýumuş. Suratda nämeleri görýärsiňiz? Olar nähili işleri ýerine ýetirýärler?













2-nji ýumuş. Suratdaky enjamlary atlandyryň. Olaryň haýsysy toga birikdirilen?











3-nji ýumuş. Suratlary iş depderiňize çekiň. Olary üç reňk bilen reňkläň.











5. Täze temany berkitmek:

1. Tehnika öýde adamlara nähili kömek edýär?

2. Mikroçip näme?

3. Kompýuter nirelerde ulanylýar?

6. Öý işini tabşyrmak:

Temany okap gelmeli

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.

Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapaga işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary _____________



Mekdebi: Wagty:

Dersiň ady: informatika Synpy: I

Sapagyň temasy:

Kompýuter – adamyň kömekçisi

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara kompýuter – adamyň kömekçisi atly tema hakynda düşünje bermek. Olaryň häzirki zaman tehnikasy bilen ösüp kemala gelmegini gazanmak.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylarda informatika sapagyna bolan söýgini terbiýelemek.Döwrüň talaplaryna jogap berip bilýän nesli terbiýeläp ýetişdirmek.

Sapagyň görnüşi:

Geçilenleri gaýtalamak sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, kompýuter we kompýuter enjamlary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak:

a)Geçilen temany okadyp,mazmunynygürrüň berdirmek.

b)Sorag-jogap alyşmak.

1. Tehnika öýde adamlara nähili kömek edýär?

2. Mikroçip näme?

3. Kompýuter nirelerde ulanylýar?

3.Geçilen temany jemlemek:

Geçilen temany jemlemek we täze temany düşündirmäge girişmek.

4.Geçilenleri sorag-jogap arkaly gaýtalap berkitmek.

Kompýuter adama kitaplary, çyzgylary we filmleri çalt döretmäge kömek edýär. Alyma we lukmana, mugallyma we suratkeşe, ýazyja we kompozitora – hemmesine kompýuter kömek berip biler.













1-nji ýumuş. Suratlary deňeşdiriň. Meňzeşligini we tapawudyny aýdyň.













2-nji ýumuş. Şekilleriň reňklerini aýdyň.Olaryň arasynda birmeňzeş üçburçluklar barmy?















3-nji ýumuş. Dörtburçluklardan düzülen hataryň suratyny çekiň. Ýaşyl reňkli dörtburçlukdan

başlaň.





1. Tehnika öýde adamlara nähili kömek edýär?

2. Mikroçip näme?

3. Kompýuter nirelerde ulanylýar?

5. Öý işini tabşyrmak:

Temany okap gelmeli

6. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.

Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapaga işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary _____________



Mekdebi: Wagty:

Dersiň ady: informatika Synpy: I

Sapagyň temasy:

Dürli ýerlerde kompýuteriň ulanylyşy

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara dürli ýerlerde kompýuteriň ulanylyşyny öwretmek. Olaryň häzirki zaman tehnikasy bilen ösüp kemala gelmegini gazanmak.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylarda informatika sapagyna bolan söýgüni terbiýelemek.Olara estetik terbiýesini bermek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, kompýuter we kompýuter enjamlary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:

a)Geçilen temany okadyp,mazmunynygürrüň berdirmek.

b)Sorag-jogap alyşmak.

1. Tehnika öýde adamlara nähili kömek edýär?

2. Mikroçip näme?

3. Kompýuter nirelerde ulanylýar?

3.Geçilen temany jemlemek:

Geçilen temany jemlemek we täze temany düşündirmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Okuwçylara dürli ýerlerde kompýuteriň ulanylyşyny öwretmek.

2. Okuwçylara kompýuter mikroçipleriniň ulanylýan ýerlerini öwretmek.

3. Tehnikanyň ulanylýan ýerleri barada gürrüň etmek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– kompýuteri dürli ýerlerde ulanyp

– mikroçipleriň ulanylýan ýerlerini

– tehnikanyň ähmiýetini

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– kompýuteri açyp hemem ýapmagy

– tehnikanyň dürli görnüşlerini durmuşda ulanmagy

– kompýuterde işlemegi

Kompýuterde işlemegiň howpsuzlyk düzgünlerini gaýtalaň.Häzirki zaman kompýuterleri matematiki meseleleri çözüp, maglumatlary tapyp we saklap bilýärler. Olar älem gämilerinde, çylşyrymly gurluşlarda we uly kärhanalarda ulanylýar. Köp ýerlerde kompýuter mikroçipleri peýdalanylýar. Häzirki zaman oýnawaçlary bellibir aralykdan pult arkaly dolandyrylýar. Olary robot oýnawaçlar diýip atlandyrmak bolar.



1-nji ýumuş. Oýnawaçlaryň atlaryny aýdyň.Olary hereketlendirmek üçin näme etmeli?













2-nji ýumuş.Gülnur sapaklaryna taýýarlanýar.Stoluň üstündäki artykmaç zady atlandyryň.















3-nji ýumuş. Suratlarda sary, gyzyl, gülgüne,ýaşyl reňkleri tapyň we görkeziň.













4-nji ýumuş. Ýapraklaryň haýsylary meňzeş? Sanaň.

Iş depderiňize 6 sany ýapragyň suratyny çekiň.

1. Bir ýapragy ýaşyl galam bilen reňkläň.

2. Beýleki ýapragy goňur galam bilen reňkläň.

3. Galan ýapraklary sary galam bilen reňkläň.

5. Täze temany berkitmek:

1. Adama kömekçi kompýuter gerekmi?

2. Kompýuter mikroçipleri nirelerde ulanylýar?

6. Öý işini tabşyrmak:

Temany okap gelmeli

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.

Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapaga işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary _____________





Mekdebi: Wagty:

Dersiň ady: informatika Synpy: I

Sapagyň temasy:

Dürli ýerlerde kompýuteriň ulanylyşy

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara dürli ýerlerde kompýuteriň ulanylyşy hakynda düşünje bermek. Olaryň häzirki zaman tehnikasy bilen ösüp kemala gelmegini gazanmak.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylarda informatika sapagyna bolan söýgini terbiýelemek.Döwrüň talaplaryna jogap berip bilýän nesli terbiýeläp ýetişdirmek.

Sapagyň görnüşi:

Geçilenleri gaýtalamak sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, kompýuter we kompýuter enjamlary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:

a)Geçilen temany okadyp,mazmunynygürrüň berdirmek.

b)Sorag-jogap alyşmak.

1. Adama kömekçi kompýuter gerekmi?

2. Kompýuter mikroçipleri nirelerde ulanylýar?

3.Geçilen temany jemlemek:

Geçilen temany jemlemek we täze temany düşündirmäge girişmek.

4.Geçilenleri sorag-jogap arkaly gaýtalap berkitmek.

Saglygy goraýyş bejergilerini we barlaglaryny tehnikasyz göz öňüne getirip bolmaýar.

Kompýuter enjamlary saglygy goraýyşda















Bilimde hem kompýuterler peýdalanylýar.

















1-nji ýumuş. Iş depderiňize berlen tegelekleri çekiň. Mawy tegelekden başlaň.







2-nji ýumuş. Şekilleri berlen tertipde çekiň we reňkläň.







3-nji ýumuş. Suratdaky şekiller birmeňzeş bolar ýaly näme etmeli?









1. Adama kömekçi kompýuter gerekmi?

2. Kompýuter mikroçipleri nirelerde ulanylýar?

5. Öý işini tabşyrmak:

Temany okap gelmeli

6. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.

Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapaga işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).


Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary _____________




Mekdebi: Wagty:

Dersiň ady: informatika Synpy: I

Sapagyň temasy:

Monitor, ulgam blogy, klawiatura, syçan, printer, ses çykaryjylar (kolonkalar)

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara monitor, ulgam blogy, klawiatura, syçan, printer, ses çykaryjylar (kolonkalar) hakynda düşünje bermek. Olaryň häzirki zaman tehnikasy bilen ösüp kemala gelmegini gazanmak.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylarda informatika sapagyna bolan söýgini terbiýelemek.Döwrüň talaplaryna jogap berip bilýän nesli terbiýeläp ýetişdirmek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, kompýuter we kompýuter enjamlary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işini ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:

a)Geçilen temany okadyp,mazmunynygürrüň berdirmek.

b)Sorag-jogap alyşmak.

1. Adama kömekçi kompýuter gerekmi?

2. Kompýuter mikroçipleri nirelerde ulanylýar?

3.Geçilen temany jemlemek:

Geçilen temany jemlemek we täze temany düşündirmäge girişmek.

4.Täze temany düşündirmek.

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Okuwçylara monitor, ulgam blogy, barada düşünje bermek.

2. Okuwçylara klawiatura, syçan, printer, ses çykaryjylar (kolonkalar) barada düşünje bermek.

3. Olara kompýuteriň gurallaryny öwretmek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– klawiaturanyň, syçanyň, printeriň näme üçin gerekdigini

– monitoryň, ulgam blogynyň ulanylyşyny

– kompýuteriň gurallary barada

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– klawiaturany, syçany, printeri ulanmagy

– kompýuteriň gurallarynyň ulanylyşyny aýtmagy

– kompýuteriň enjamlarynyň atlaryny aýtmagy

Ulgam blogunda maglumatlary işläp taýýarlamagy we saklamagy amala aşyrýan

möhüm gurluşlar ýerleşendir.Kompýuterlere maglumatlary girizmek üçin syçan (mouse) atly gurluşdan peýdalanylýar. Ol eliň aýasynda ýerleşer ýaly edilip ýasalan kiçijik

gutudyr.Syçanyň bir tigirjigi we iki sany gulagy (çep we sag gulagy) bolýar. Kompýutere çatmak üçin niýetlenen simi bilen ol adaty syçana meňzeýär.





1-nji ýumuş. Bukja salynmaly surat tegelek şekilde we jyňňyrdaýar.

















2-nji ýumuş. Her topardaky şekilleriň umumy adyny aýdyň.











3-nji ýumuş. Iş depderiňize berlen suraty çekiň. Tegelekleri sary, süýrümtik şekilleri – gök,

üçburçluklary – ýaşyl, kwadratlary – açyk gök, gönüburçluklary bolsa goňur galam bilen reňklemeli.















5. Täze temany berkitmek:

1. Suratda monitory görkeziň.

2. Suratda syçany we ses çykaryjylary (kolonkalary) görkeziň.

3. Suratda klawiaturany görkeziň.

4. Suratda printeri we ulgam bloguny görkeziň.

6. Öý işini tabşyrmak:

Temany okap gelmeli

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak.

Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapaga işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

Ýazan mugallym: _________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary _____________






Скачать

Рекомендуем курсы ПК и ППК для учителей

Вебинар для учителей

Свидетельство об участии БЕСПЛАТНО!