СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Туркменский литература

Категория: Литература

Нажмите, чтобы узнать подробности

Просмотр содержимого документа
«Туркменский литература»

Otuzynjy ýyllaryň türkmen sowet edebiýaty. Şu döwrüň edebiýatynda ýüze çykan täzelikler. (1 leksiýa)


Köpmilletli sowet edebiýatynyň 30-njy ýyllardaky häsiýetli tarapýlary halkyň durmuşyna gitdigiçe aralaşanlygydyr. Bütin jemgyýetçilik durmuşy bilen arabaglanyşykda bolanlygydyr. Türkmen sowet edebiýaty-da şu döwürde öňe tarap uly ädim ätdi. Edebiýat 20-nji ýyllardaky ýaly bolman, hil taýdan düýpgöter üýtgedi. Otuzynjy ýyllaryň başynda tejribe toplanda bolsa, entek doly formalaşyp ýetişmändi.partiýanyň ideýasyny goldaýanda bolsa, entek doly manysynda güýç birleşdirip soýuz akymyna goşulyp bilmeýärdi. Şuňa garamazdan otuzynjy ýyllarda G.Burunow, B.Kerbabaýew, Ý.Nasyrly, R.Alyýew, T.Esenowa dagy ýaşlaryň arasynda görelde bolýardy. Edebi kružoklaryň arasynda iş alyp barýardy. Ýörite iş geçirmek üçin 30-njy ýyllarda rus ýazyjylarynyň bir topary Türkmenistana iberilýärler (Gorkiniň inisiatiwasy boýunça). Olaryň içinde Ws. Iwanow, L.Leonow, W.Lugowskiý, N.Tihonow, P.Pawlenko we G.Sannikow ýaly tanymal ýazyjylar bardy. Olar öz eserlerinde beýan etmek üçin zähmetkeşleriň arasynda bolup, olaryň durmuşlary bilen tanyşdylar. Türkmenistan hakynda oçerkler, goşgular, çeper eserler – powestler, pýesalar ýazdylar. Rus ýazyjylaryň brigadasynyň gelmegi türkmen ýazyjylarynyň döredijiligine-de oňaýly täsir etdi. Olaryň arasynda bile aýlanan B.Kerbabaýew, Ş.Kekilow, A.Durdyýew, A.Nyýazow ýaly ýazyjy-şahyrlar olar bilen aýlanyp, gören-gezen ýerleriniň zähmetkeşleriniň durmuşyndan çeper eserler ýazdylar. (B.Kerbabaýew „Hakykat“, Ş.Kekilow „Gyzylarbat remont zawody“, A.Nyýazow „Iň soňky gije“ powestlerini şonda döretdiler).

SK(b)P-nyň 1930-njy ýylda geçen (iýun, iýul) ХVI gurultaýynda medeni işleri gowlandyrmak barada ýörite ünsi çekdi. Türkmenistanyň belli ýazyjylarydyr şahyrlary metbugat organlary bilen saklap, juda bir kämil bolmasa-da, öz eserleri bilen çykyş edip durýardylar. Olar eserlerinde sosializmiň giň gerim bilen alyp baran gurluşygyny, oba daýhanlary bilen kulaklaryň hem-de basmaçylaryň arasynda dowam edýän synpy göreşi, könäniň zyýanly galyndylaryny suratlandyrmaga jan edýärdiler. Sowet soýuzyna garşy her hili duşmançylykly diwersiýalar gurulýardy. A.Salyh ýaly sowet hakykatyny beýan edýän, synpy duşmanlaryň eden-etdiklerini paş edýän ýazyjy-şahyrlary ýok etmegiň planyny biçýärdiler. Olar ençeme gezek duşman ýaragynyň gezelmegine duçar bolýarlar. Şu döwürde ylmyň ösmeginede az päsgel berilmändi. Buržuaz ideologlary türkmen dilini ösdürmegiň wajyp çäreleri hökmünde türk ýa-da azerbeýjan diline geçmekligi ündäp çykyş edýärdiler hem-de klassyki miras barada-da reaksion pikir ýöredýärdiler. Şulara garşy metbugat üsti bilen H.Çaryýew, Ş.Kekilow, O.Täçnazarow, R,.Alyýew ýaly ýazyjy-şahyrlar aktiwlik bilen göreşýärdiler. Şu döwürde ýazyjy-şahyrlaryň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmak barada köp işler geçirilýär. 1934-nji ýylda Moskwaly ýazyjylaryň ýene-de bir topary Türkmenistana gelýär. Olar Türkmenistanyň ýazyjylaryna ellerinden gelen kömegi edýärler. 25 adamdan ybarat bolan rus ýazyjylaryna türkmenler hem goşulyp Türkmenistanyň dürli künjeklerini aýlanyp, zähmetkeşleriň durmuşyndan eserler döretdiler.

1934-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň ýazyjylarynyň I gurultaýy geçirilýär. Şu gurultaýda köp meseleler gozgalýar. Gapma-garşy pikirler-de orta atylýar. SSSR ýazyjylarynyň I gurultaýy hem edebiýatyň çeperçilik meseleleriniň üstünde durýar. O.Täçnazarow şol gurultaýda çykyş edip 1931-1934ý. Aralygyndaky türkmen sowet edebiýatynyň ösüş aýratynlyklary barada doklad edýär. Onuň çykyşynda hem gapma-garşy pikirlere ýol berlipdir.

Şu döwürde hem poeziýa edebiýatymyzyň esasy žanry bolýar. Türkmen şahyrlarynyň döredijilik ussatlyklary kämilleşip sosialistik realizm usulyny giň gerim bilen özleşdirýär. Otuzynjy ýyllaryň esasy meseleleriniň biri kollektiw hojalygyň ýekebara hojalykdan artyklygyny, oňa zähmetkeş halkyň göz ýetirip ugraýşy, täzelenýän oba durmuşy, synpy duşmanlaryň garşylygy, könäniň zyýanly galyndylaryna garşy göreş ýaly problemalar işlenilýär. Şol eserleriň içinde entek gowşaklary-da ýok däldi. Şu meseleler O.Täçnazarow, B.Kerbabaýew, Ş.Kekilow, H.Çaryýew, G.Burunowyň döredijilinde işlenipdi. Kolhoz gurluşygy barada düpli eserler döredi. A.Salyhyň döredijiligini agzaman geçmek bolmaz. Ol kolhoz gurluşynyň töwereginde gudýän gazaply göreş barada, gazanylan üstünlikler barada-da çekinmezden çykyş eden şahyrdyr. „Kulaklary kolhozyň gyrasyndan getirmäň“, „Älhepus“ (1933), „Boljak däl“ (1933) we ş.m. goşgulary bilen çykyş edýär.

B.Kerbabaýew „Amyderýa“ (1930) poemasyny ýazyp, türkmeniň ömür boýy arzuw eden suw problemasyna bagyşlaýar. Şu döwürde aýal-gyzlar azatlygy barada-da B.Kerbabaýew, A.Kekilow, Ş.Kekilow, Ç.Aşyrow dagy yzygiderli çykyş edýärler. (A.Kekilow „Ataly gyz“ 1930, „Azgyn“ 1935, köp çykyş edýär. Ç.Aşyrow „Intelligent“ 1933, „Azanlar“ 1939 we Ş.Kekilow „Azgyn“, ş.m.). oba durmuşyny her taraplaýyn suratlandyrmak bilen syýasat temasyna-da ýüzlenýärler. (B.Kerbabaýew „Demir ýolçy“ 1931, G.Burunow „Ur çekijim“ 1933, A.Nyýazow „Gudok“ 1929 we ş.m.). taryhy rewolýusion tema-da şol döwürde giň gerim bilen işlenilýär. Goşgular bilen birlikde sýužetli eserlerde peýda bolýar. Şu ýyllaryň görnükli ýazyjysy O.Täçnazarow „Batrak“ (1931) poemasy, gutarylmadyk „Baýramaly“ (1933) poemasyny okyjylara hödürleýär. O.Täçnazarow otuzynjy ýyllaryň görnükli jemgyýetçilik işgäri, sowatly metbugatçy, edebiýat tankytçysy, şahyr hökmünde tanalýar.

H.Çaryýew „Gaça-gaçlyk“ (1936) poemasyny, H.Şükürow „Çopan“ (1929-33), A.Kekilow „Soňky duşuşyk“ (1939), N.Pomma „Ýeňiş“ (1939), R.Seýidow „Lebap gyzy“ (1939-40) poemmalaryny ýazýarlar. Esasan hem O.Täçnazarowyň „Batrak“ poemasy, A.Alamyşowyň „Sona“ poemasy öz döwründe uly rol oýnaýar. „Lebap gyzy“ poemada edebiýatyň taryhynda yz galdyry. „Batragyň“ esasynda „Men gaýdyp gelerin“ poemany döretdi. R.Seýidow diňe bir „Lebap gyzy“ poemasyny däl, peýzaž hem söýgi lirikasynda hem ozalky agyr geçmişi beýan edýän eserler bardyr.

Şu ýyllarda giň ýaýran žanrlaryň biri-de proza žanrydyr. Çeper oçerk operatiwligi bilen durmuşa toiz aralaşdy. Türkmen edebiýatçylary döwürleýin metbugatda oçerkler, makalalar bien çykyş edip, sosialistik gurluşygyň aladalary bilen aktiw çykyş edýärdiler. Soň kapiýalar döredilip başlaýar. Şol ýyllarda täze durmuşy wasp etmeklik, sosializm ugrundaky aýgytly göreş, gyzyl goşuny tankytlanmasynyň, könäniň zyýanly galyndylaryny ýok etmek ýaly meseleler esasy orunlary tutýar.

A.Durdyýew, Ş.Kekilow, G.Burunow, B.Kerbabaýew, A.Gowşudow, B.Soltannyýazow, K.Işanow ýaly ýazyjylar söweşjeň oçerklerdir hekaýalary bilen metbugatda häli-şindi çykyş etdiler. Olardan B.Kerbabaýewiň „Hakykat“ oçerkler ýygyndysyny (1931, dürli temadan), A.Nyýazowyň „Soňky top atylanda“, Ş.Kekilowyň „Garry başda ýaş pikir“, A.Gowşudowyň „Gaýgyrylmajak gan“, A.Durdyýewiň „Zarpçylar tolkuny“, N.Saryhanowyň „Şirin“ ýaly oçerklerdir hekaýalaryny mysal getirip bolar.

Türkmen ýazyjylary eýýäm 30-njy ýyllaryň başlarynda iri proza eserlerini – powestdir romanlary ýazmaga girişdiler. 1933-nji ýylda A.Nyýazowyň „Iň soňky gije“ powesti ilkinjileriň biri bolup, soňky göreşe bagyşlanýar. Türkmen powestleriniň köpelip, edebiýatyň görnüşi hökmünde ösmeginde B.Kerbabaýewiň „Baýram“, N.Saryhanowyň „Gyzgyn günler“, A.Durdyýewiň „Bagtly ýigit“, A.Gowşudowyň „Watan ogly“, N.Saryhanowyň „Gyrnak“, „Şükür bagşy“ we ş.m. Roman ýazmaga-da girişildi, olardan H.Derýaýewiň „Ganly penjeden“ romanyny başlalýar 1933. B.Kerbabaýewiň „Aýgyrly ädim“ romanyndan bölekler bolsa 1929-1930ý. Bölekleýin çykyp başlaýar.

Ilkinji nusgalary 20-nji ýyllarda döredilip başlanan dramaturgiýa 30-njy ýyllarda özbaşdak žanr hökmünde ösüp başlaýar. A.Gowşudowyň „Juma“, A.Garlyýewiň „Aýna“, B.Kerbabaýewiň „Göterim“, T/Esenowanyň „Şemşat“, A.Durdyýewiň „Aýlar“, „Pul“, B.Amanow bilen G.Burunowyň „Keýmir kör“ we ş.m. agzamak bolar.

Şu ýyllarda klassyk mirasy öwrenmek, tankydy makalalar ýazmak, edebiýaty öwrenmeklige ýykgyn etmek ýaly edebiýatyň problemalary-da işläp ugraýar.

Sosialistik durmuşymyza barha giň gerimde aralaşan ýazyjy-şahyrlarymyz dürli žanrlarda eserler ýazyp edebiýatymyzyň baýlaşmagy ugrunda yzygiderli aladalandylar. Otuzynjy ýyllarda çagalaryň durmuşyndan söz açýan ownujyk goşgular bilen birlikde poemalar hem döredilýär. Çagalar edebiýatynyň janlanmagyna otuzynjy ýyllar çagalar neşirýatlarynyň gowlandyrylmagy barada karary itergi berýär.














Döwrüň çeper eserleriniň ideýa-tematik geriminiň giňelmegi, çeperçilik derejesiniň kämilleşmegi. (4 leksiýa)



Döwrüň edebi žanrlary = 30-njy ýyllarda ýüze çykyp, kämilleşip başlandy. Öňde belläp geçişimiz ýaly, poeziýa 20-nji ýyllarda esasy ýörgünli žanr bolan bolsa, 30-njy ýyllarda ol şol depginde gitdi, onuň daşyndan proza, dramaturgiýa žanrlary-da doly manysynda formirlendi. Otuzynjy ýyllar türkmen poeziýasynyň kämilleşen ýyllary bolýar. Sosialistik durmuşymyza içgin aralaşan şahyrlaryň Watan hakyndaky, halk barasyndaky goşgularyň çeperçilik derejesi hem barha kämilleşýär. Ýeňil okalýan, okyja täsir edýän tolgundyryjy goşgular halk bilen edebiýatyň gatnaşyklarynyň ýygjamlaşmagynda ep-esli rol oýnaýar. Elden-ele geçip, höwes bilen okalýan bu eserleriň ençemesi aýdyma öwrülip gidipdir. Edebiýatymyzyň ösmegi üçin hökümetimiziň aladasy esasynda iň gowy aýdym eserleri üçin konkurs yglan edilýär. Onuň ähmiýeti uly bolýar. Şondan soň aýdym tekstleriniň ýygyndysy peýda bolýar. Ol aýdymlaryň tekstleri goşgy düzüliş jähtinden türkmen halk aýdymlaryny ýatlatsa-da, mazmun babatda bütinleý täzeçe bolýar. Olar biziň şu günki durmuşymyzdan söz açýar. Gam-gussa, kemsidilmelerden doly aýdymlar bilen birlikde, şatlyk-şagalaň, erkana durmuşa guwanç duýgularyna beslenen aýdymlar hem repertuara girýär. Täzelenen ykbal barada aýdym tekstlerini düzmedik şahyrlar ýok diýen ýalydyr. H.Çaryýew, G.Burunow, A.Salyh, Ş.Kekilow, N.Pomma, R.Agamämmedow, G.Horramow dagy aýdym tekstlerini ýazdylar. „Marşalym“ (1938, G.Horramow), „Watanym“, „Bagymda“ (1937, 1938, N.Pomma), we ş.m. B.Seýtäkow bolsa „Çagjyk“ ýaly aýdymlary ýazdylar. G.Seýitliýewiň „Şahyryň lirasy“ atly ýygyndysy peýda boldy. Mazmun we forma babatda täzelige ymtylýan ajaýyp şygyrlary geljegine umyt döredýär.

R.Seýidowyň lirikasy has kämilleşip, žanr hem-de tema taýdan baýlaşan döredijiligi bilen okyjylarynyň söýgüsini gazanýar. Sosialistik durmuşymyzda ýüze çykan täzeliklere öz sesini goşmaga çalyşýar. R.Seýidowyň 30-njy ýyllaryň aýaklarynda ýazan söýgi hem peýzaž lirikasy onuň döredijilik ugruny kesgitleýär. Söýgüden söz açsa ynsan duýgusynyň mukaddes perdelerinden gopsa, peýzaž lirikasy şirinligi, gözellige teşneligi bilen tapawutlanýar. „Uklanyňda“ (1939-40), „Ýelpeýär ýeller“ (1937-40) ýaly şygyrlary şuňa mysal bolup biler.

30-njy ýyllaryň türkmen edebiýatynyň şu häsiýetli alamaty onuň häzirki zaman hakykatyny görkezmeklige, täze adamyny suratlandyrmaklyga içgin girişmekligi boldy. Şu döwürde biziň ýazyjylarymyz Sowet Türkmenistany we onuň adamlary barada ençeme eserleri döretdiler. Muňa B.Kerbabaýewiň, A.Gowşudowyň, A.Durdyýewiň, N.Saryhanowyň döreden eserleri aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmen prozaçylary eýýäm şol ýyllardan belent morala, kommunistik ideala wepalylygyň, gaýduwsyzlygyň simwoly bolup hyzmat eden gowy obrazlary döretdiler. A.Durdyýewiň powestindäki Meret, A.Gowşudowyň „Watan ogly“ powestindäki Çary we onuň kakasy Halmergen, B.Kerbabaýewiň gahrymany Baýram we başgalar muňa mysal bolup biler. Edebiýatymyzda gahrymançylykly hereketleri bilen tapawutlanmasalar-da, durmuşymyzdaky täzelikleriň, täze sowet kanunlarynyň berk ornaşdyrylmagynyň tarapdary bolup çykyş eden adamlaryň obrazlary hem döredildi. A.Gowşudow, A.Durdyýew, N.Saryhanow özleriniň köp sanly eserlerinde kolhoz adamlarynyň arasynda täze gatnaşyklaryň ornaşmagyny suratlandyrdylar. Durmuşda dowam edýän kemçilikler-de olaryň ünsünden sypmady. Felýeton žanrynyň üsti bilen aýal-gyzlara baý-feodal gözi bilen garamak, ýaltaçylyk, býurokratçylyk, jemgyýetçilik emlägine gyýa göz bilen garamaklyk, ýaranjaňlyk, para almak ýaly erbet gylyk-häsiýetler A.Gowşudowyň, A.Durdyýewiň, B.Seýtäkowyň we başgalaryň felýetonlarynda paş edildi. 30-njy ýyllarda türkmen sowet prozasy san taýdan däl-de, žanr we çeperçilik babatda-da ösdi. Ilkinji türkmen romanlary „Aýgytly ädim“, „Ykbal“, „Perman“ romanlary ýazyldy. Proza şol döwürde esasan, häzirki zaman temasyna ýüzlenip, kolhoz gurluşygy, synpy duşmana garşy göreş, sosialistik hakykatyň obalardaky uly üstünlikleri, sowet watançykygy, goşun we hüşgärlik temalaryny şöhlelendirdi. Prozanyň satira we ýumor ugry ýüze çykdy. Prozanyň çeperligi ýokarlandy. Taryhy we taryhy-rewolýusion dörän eserlerde („Şükür bagşy“, „Aýgytly ädim“) şowly obrazlar döredildi. 30-njy ýyllaryň prozasynda sosialistik realizmiň usuly özleşdirildi. Umuman alnyňda Beýik Watançylyk urşunyň öň ýanyndaky on ýylynda türkmen sowet edebiýaty ideýa-tematik jähtden hem, ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde öňe sürýän pikirlerini çeper umumylaşdyrmakda zerur tärleri we serişdeleri özleşdirip, ussatlyklaryny artdyryş taýdan hem oňe tarap uly ädim ätdi.




1. Edebi žanrlaryň, ylaýtada uky prozanyň rowaçlanmagy.

2. Edebiýatda joşgunly zähmet we parahatçylygy gorap saklamak

ugruundaky göreş temasy. (8 leksiýa)


Çeper sözüň ähmiýetine uly baha berýän Kommunistik partiýa ХХ-ХХIII gurultaýlarda döredijilik işgärleriniň mümkinçiliklerini artdyrdy. Sowet edebiýatynyň ösmegine ýardam etdi. Sowet ýazyjylary şu günki günümiziň ajaýyp taraplaryny taryplap, nogsanlyklaryny ýazgarýan çeperçilikli eserler döredip başladylar. Geljegi gurmaga girişen sowet halkynyň aňynda bolup geçýän özgerişlikleri, olaryň könäniň zyýanly galyndylaryndan saplanyşlaryny, zähmetde gazanýan üstünliklerini, moral keşplerini, parahatçylyk ugrundaky tagallalaryny ussatlyk bilen suratlandyrmagyň ýazyjylaryň jana-jan borjudygy nygtaldy. Ýazyjylaryň döwrüň öňündäki wezipelerine düşünmekleri türkmen sowet edebiýatynyň mazmun taýdan baý, forma taýdan barha kämilleşýän eserleri bilen baýlaşdy. Şu hili ösüşiň edebiýatyň öňe gitmegine ýardam edendigine edebiýatyň käbir faktlaryna göz aýlanyňda duýmak bolýar. 1956-njy ýyla çenli bizde bary-ýogy üç sany roman, ýagny B.Kerbabaýewiň „Aýgytlt ädim“, A.Gowşudowyň „Köpetdagyň eteginde“, „Mähri-Wepa“ bar bolan bolsa, gürrüňi edilýän döwürde romanlaryň sany ýigrimä ser urdy.

Uly prozamyzyň başyny başlan A.Gowşudow 1924-nji ýylda okuwyny gutarmanka Moskwadan Türkmenistana çagyrylýar. Dürli wezipelerde işleýär. Çärjew okrug komitetinde, MK-de, 1925-nji ýyldan çykyp başlan „Ýaş kommunist“ gazetinde redaktor bolup, magaryf işlerinde, teatral studiýanyň redaktory ýaly wezipelerde işleýär. 1929-njy ýylda şol studiýanyň esasynda Türkmen Döwlet drama teatry döredilýär. Şu teatr üçin „Ganly jeňňel“ pýesasyny ýazýar. 1933-1938-nji ýyla çenli „Sowet Türkmenistanyň“ gazetiniň edebi işgäri bolup işleýär. Bu ýazyjynyň möhüm hadysalar, wakalar, halkyň durmuşy bilen içgin tanyşmagyna getirýär. Ýazyjynyň döredijilik işiniň güýçlenmegine itergi bolýar. 1930-njy ýyldan başlap epiki eserler ýazyp ugraýar. Ol ençeme oçerk, felýeton hem-de „Ýolumy düzetdim“ (1934), „Azaşan yzyny tapdy“ (1934), „Garryny ýigdelden guwanç“ (1937) ýaly realistik hekaýalar ýazýar. Ol türgenleşip başlaýar. Ol 1938-nji ýylda Türkmen döwlet ylmy-derňew dil we edebiýan institutynyň halk döredijiligi sektoryna ylmy işgär bolup işe geçýär. Şol ýyllar türkmen halk döredijiligini toplamakda, öwrenmekde, neşir etmekde görnükli işler edýär. Ol „Türkmen halk ertekileri“ (1940), „Aýal-gyzlaryň aýdym we läleleri“ (1941), „Görogly“ (1941) ýaly eserleri neşir edýär. Halk döredijiligi barada „Halkyň gahrymançylykly eserleri“, „Görogly“ (1941), „Magtymguly we halk döredijiligi“ (1942), „Bagşy we şahyrlar“ (1945) ýaly birnäçe makalalar bilen metbugatda çykyş edýär. Şunuň netijesinde halk döredijiligini düýpli özleşdirýär, ony döredijiliginde peýdalanýar. Epiki eser döretmekde tejribe toplaýar, göwrümli proza eserlerini ýazmaga başlaýar we „Watan ogly“ (1939) powestini we „Perman“ romanyny ýazýar. Romanyň 1-nji bölümleri 1939-40-njy ýyllarda „Sowet edebiýaty“ žurnalynda çap edilýär. „Sowet Türkmenistany“ gazetiniň çärjew oblasty boýunça ýörite habarçysy bolup işlän döwründetoplan materialy esasynda „Juma“ pýesasyny hem şol ýyllarda ýazýar. Ol 1939-njy ýylda „Mähri-Wepa“ romanyny ýazmaga başlaýar. Emma ýazyjy „Perman“ romanynyň üstünde gaýtadan işlemeli bolýar. Uruş başlamanka şonuň bilen meşgullanýar. Beýik Watançylyk urşy başlanandan soň „Mähri-Wepa“ romanyny ýazmaga düýpli girişýär. Ýazyjy romanyň öňki sýužetini uruş döwrüniň ýagdaýyna görä üýtgedýär, front wakalaryny-da girizýär. Roman 1942-46-njy ýyllarda „Sowet edebiýatynda“ çap edilýär. 1948-nji ýylda gysgaldylan görnüşde Moskwada rus dilinde çap edilýär. (Wepa bilen ...). uruş ýyllarynda „Mähri-Wepa“ romanynyndan başga-da „Duşman ot içinde görsün özüni“, „Kerim Dosow“, „Ugratdym“, „Adyňa şöhrat“ ýaly watançylyk ruhuna ýugrulan birnäçe goşgular ýazýar. Felýetonlar, oçerkler bilen birlikde „Gandym awçynyň maşgalasy“, „Güni goltukda gizläp bolmaz“, „Garrynyň rowaýatlary“, „Tagt üstünde tagt“, „Ýelli Ödäniň öýlenişi“ ýaly hekaýalary döretdi.

Uruşdan soňky döwürde-de A.Gowşudow öndümli işledi. Bu döwürde urşuň salan ýaralaryny bitirmek, senagaty, oba hojalygyny çalt depgin bilen ösdürmek ýaly möhüm meseleleri işledi. Her döwrüň möhüm meselesini bada-bat syzyp, çeper eserde suratlandyrmaklyga aýratyn üns berip gelýän ýazyjy uruşdan soňky döwürde-de özüni tolgundyrýan kolhoz obasynyň zähmetkeş adamlary, olaryň işi, durmuşy barada roman ýazmaga girişdi. Ol 1947-1949-njy ýyllar aralygynda „Bahar-Hoşgeldi“ ady bilen çap edilýär. 1952-nji ýylda bolsa „Köpetdagyň eteginde“ diýen at bilen aýratyn kitap edilip çykarylýar. Şol ýyl şu roman ýol at bilen Moskwada neşir edilýär. Şu döwürde awtor „Iň soňky arçyn“, „Dordepel“, powestlerini, „Gajar aga“, „Garrynyň sözi“ ýaly birnäçe hekaýalaryny ýazdy. Olar 1953-nji ýylda kitap bolup çykdy. Ol „Juma“ pýesasyny täzeden işledi. Ýazyjy uruşdan soňky döwürde ep-esli wagtlapTürkmenistan Sowet Ýazyjylar soýuzynda konsultant bolup işlemek bilen ýaş ýazyjylary terbiýelemek işine-de aktiw gatnaşdy. Görnükli ýazyjy Ata Gowşudow türkmen edebiýatyny we sungatyny ösdürmekde bitiren asylly hyzmatlary üçin „Zähmet Gyzyl Baýdak“ ordeni bilen, birnäçe gezek medal hem-de Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat hatlary bilen sylaglandy.

Ata Gowşudow döredijilik talantynyň kämilleşen döwründe 1953-nji ýylyň 15-nji noýabrynda biwagt aradan çykdy.




Berdi Kerbabaýewiň durmuş we döredijilik ýoly. (9 leksiýa)


Berdi Kerbabaýew türkmen sowet edebiýatyny esaslandyran, köptaraply, köpžanrly döredijiligi bilen okylylar köpçüliginiň söýgüsini gazanan söz ussatlarynyň biridir. Ajaýyp romanlarynda, powestlerinde, poemalarynda, drama eserlerinde, publisistikasynda türkmen halkynyň gahrymançylykly göreş ýolunyň, zähmet edermenlikleriniň derwaýys problemalaryny ruhubelentlik bilen suratlandyrdy. Ol halk durmuşyny dogruçyl, obýektiw, janly suratlandyrýan eserleri bilen sowet edebiýatynda sosialistik realizmiň ösmegine çuňňur halkylygyň, söweşjeň partiýalylygyň, rewolýusion romantizmiň, çeperçilik ussatlygyň kämilleşmegine goşandyny goşdy. Şonuň üçin ýazyjynyň „Aýgytly älim“, „Nebitdag“, „Gaýgysyz Atabaýew“ romanlary, „Aýsoltan“ powesti, birnäçe poemalary, drama eserleri köpmilletli sowet edebiýatynyň altyn fonduna goşuldy. Ol eserler biziň ýurdumyzdan daşarda hem meşhurlyk gazandy.

Berdi Kerbabaýew 1894-nji ýylyň mart aýynda Tejen etrabynyň Gowkyzereň obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar. Ýaşlygy obalarynda geçýär. Onuň kakasy ogluny molla edip ýetişdirmegi maksat edinip goňşy obalaryndaky köne mekdebe tabşyrýar. Ol başlangyç bilimi oba mekdebinde alyp, soňra okuwyny Kaka, Tejen, Buhara medreselerinde dowam etdirýär. Şol medreselerde okap ýörkä, çeper edebiýat bilen gyzyklanyp başlaýar. Şol ýerde türkmen klassyklarynyň eserleri, halk dessanlary bilen tanyşýar. B.Kerbabaýewiň ýetginjeňlik ýyllary Türkmenistanda taryhy hereketiň çalt depgin bilen ösen wagtlaryna gabat gelýär. Entek syýasy rewolýusion göreşiň mekdebinde bişişmedik adama birbada kimiň-kimdigine, ýurtdaky sosial toparlaryň ýagdaýyna aýgytly täsir edýän çylşyrymly rewolýusion hereketiň manysyna göz ýetirmek, halky bagta alyp barýan ýoly anyk saýgarmak iňňän çetindi. Şonuň üçin B.Kerbabaýew birbada şol döwürki çylşyrymly ýagdaýlardan baş çykaryp bilmän Eziz hanyň lagerinde gulluk edýär. Bu ýagdaý ýazyja köp wakalara düşünmäge, tanyşmaga-da ýardam edýär. Eziz hanyň töweregine ýygnanan adamlaryň maksatlaryna, eden-etdiklerine göz ýetirmäge, ýerli milletçileriň häsiýetlerini anyklamaga mümkinçilik berýär. 1919-njy ýylda ol Tejen daýhanlarynyň adyndan wekilçilik edip Maryda Gyzyl Goşunyň hataryna geçýär we gulluk edip başlaýar. Akgwardiýaçylara garşy söweşleriň ençemesine gatnaşýar. Ýurt interwentlerden halas edilenden soň aň-bilim ýaýratmak ugrunda ýaýbaňlanan ählihalk göreşine aktiw gatnaşýar.

B.Kerbabaýew döredijilik işine 1923-nji ýyldan başlaýar. 1924-nji ýylda merkeze metbugat işine çagyrylýar. 1924-1927-nji ýyllara çenli „Türkmenistan“ gazetinde edebi bölümiň müdiri bolup işleýär. Bu döredijiliginiň kämilleşmegine ýardam edýär. Şu döwürlerde sosialistik gurluşygyň dürli meselelerine seslenýän goşgular bilen metbugatda yzygiderli çykyş edýär. Öz güýjüni edebiýatyň dramaturgiýa, çeper proza ýaly täze žanrlary boýunça synap görýär. 1927-nji ýylda Leningraddaky Gündogary öwreniş institutyna okuwa girýär. Saglyk ýagdaýy mümkinçilik bermändigi üçin okuwyny taşlaýar. Leningradda bolmagy rus dilini öwrenmeklige, rus klassyky edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserlerini okamaga ýardam edýär. Şu ýagdaý ýazyjynyň gözýetiminiň, dünýägaraýşynyň, syýasy düşünjesiniň, döredijilik talantynyň ösmegine ýardam edýär. Döredijiliginiň irki döwründäki ideýa ýöntemlikden, bulaşyk garaýyşlardan saplanýar. Täze döwrüň wakalaryny dogruçyl suratlandyryp başlaýar. Döwri öňe alyp barýan rewolýusion göreşiň möhüm problemalaryny giňden suratlandyrmaga, iri eserler döretmäge girişýär. Onuň „Gyzlar dünýäsi“ (1927), „Adatyň gurbany“ (1928), „“ Kepän dodak (1929), „Ýaz möwsüminde bir gözel“ (1929) ýaly liro-epiki eserleri, „Tirýekkeş we tebipler“ (1926) pýesasy, ownukly-irili hekaýalary, „Garşa guda“ (1929), „Türkmenistan 1916-njy ýylda“ powestleri ýazyjynyň ümzüginiň öňedigine şaýatlyk edýär. Çylşyrymly žanrlary edebiýatymyza ornaşdyrmaga ýardam edýär. 1930-njy ýylda rus ýazyjylarynyň gelmegi bilen B.Kerbabaýew hem respublikanyň dürli künjeklerinde bolup, durmuşy öwrenmek bilen „Hakykat“ (1931) atly oçerkler we hekaýalar siklini döretdi. Bu prozanyň giň ýoluna düşrendigini aýan etdi. Türkmen Döwlet neşirýatynyň edebi işgäri (1931-1934) bolup rus ýazyjylarynyň görnükli eserlerini hem-de daşary ýurt progressiw ýazyjylarynyň eserlerini türkmen diline terjime etmekligi ýola goýdy. (A.Tolstoýyň hekaýalaryny, L.Tolsroýyň „Hajymyrat“ powestini, M.Gorkiniň „Ene“ romanyny, M.Şolohowyň „Göterine tarp“ romanyny, L.Woýniçiň „Gögeýin“ romanyny). Bu ýazyja mekdep boldy.

B.Kerbabaýew 1930-njy ýylda „Hüşgärlik“, „Adat dälmi“, „Nepes“, „Gabanjaň ene“, „Kim ýeňdi“, „Abadanyň ogly“ hekaýalary, „Batyr“, „Baýram“ powestlerini, „Göterim“, „Babalakgy“, „Aldawçy“ pýesalaryny ýazdy. Şu dürli žanrlarda döreden eserleri onuň tejribesiniň artmagyna ýardam etdi we 1936-njy ýylda „Aýgytly ädim“ romanyny ýazmaga girişdi we 1937-nji ýylda ýazyp gutardy. 1940-njy ýylda roman çapdan çykdy. 1939-njy ýylda SSSR Ýazyjylar Soýuzynyň agzalygyna kabul edildi. Uruş ýyllarynda Türkmenistanyň Ýazyjylar Soýuzyna ýolbaşçylyk etmek bilen döredijiligini üznüsiz dowam etdirdi. Watançylyk duýgularyny wasp edýän, duşmana garşy mukaddes söweşe çagyrýan, faşizmi paş edýän liriki goşgulardyr, dürli žanrlarda eserler döretdi. „Fronta hat“, „Sonanyň“, „Moskwanyň ýalkymy“ (liriki goşgy), „Watana söýgi“, „Kim-kimi söýýär“, „Doganlar“ (pýessalaryny), „Gurban Durdy“ (powestini), „komissar Geldiýew“, „Watan gyzlaryna“ (oçerkleri), „Aýlar“ (poemasyny) döretdi. „Aýgytly ädim“ romanynyň ikinji kitabyny 1944-nji ýylda ýazyp gutardy. Uruşdan soňky döwür, parahatçylyk we zähmet temasynda „Aýsoltan“ powestini, bir topar hekaýalaryny („Göreş dowam edýär“, „Çopan“, „Goja nämä gaharlanýar“, „Halk saçakly çykdy“), „Nebitdag“ we „Gaýgysyz Atabaý“ romanlaryny ýazdy.

Çagalar üçin dürli ýyllarda „Batyr“ (1945), „Yhlasa-myrat“ (1947), „Atasynyň ogly“ (1944), „Çekişmän-bekişmez“ (1948), „Närahat gylyk“ (1956), çagalar durmuşyndan „Jonnuk batyr“ (1942), „Japbaklar“ (1946), „hilegärje serçejik“ (1958) ýaly halk döredijiliginiň materiallaryndan eser döretdi.

B.Kerbabaýew türkmen edebiýatynyň dürli meseleleri boýunça edebi-tankydy makalalar bilen hem çykyş etdi. 1926-njy ýylda Magtymgulynyň goşgularyny toplap, ilkinji gezek neşir etdi. Ol jemgyýetçilik, guramaçylyk işi bilen meşgullandy. Terjimeçi hökmünde hem tanalýar. Partiýamyz we hökümetimiz onuň bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup iki gezek Lenin ordeni bilen, üç gezek Zähmet Gyzyl baýdak ordeni bilen, „Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda zähmetde edermenligi üçin 1941-1945ý“ medal bilen sylaglandy, „Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri“, „Türkmenistanyň Halk ýazyjysy“, „Sosialistik Zähmetiň Gahrymany“ ýaly hormatly atlar dakyldy. Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň hem akademigidir.




Türkmen sowet edebiýaty Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda. Uruş döwrüniň edebiýatynyň häsiýetli aýratynlyklary. (5 leksiýa)


Faşistik Germaniýanyň ähtiýalanlyk bilen biziň Watanmyzyň üstüne çozmagy parahat oturan sowet adamlarynda gahar-gazap döretdi. Sowet adamlary güýçli ýaraglanan agyr goşunyň garşysyna göreşmeli boldy. Halk söýgüli Watanyny keseki basybalyjylardan hernäçe kyn gün görsede goranmalydygyna düşündi. Duşmany serpikdirmek üçin, halkyň azatlygyny, ar-namysyny goramak üçin aýak üstüne galdy. Partiýanyň we Sowet hökümetiniň çagyryşy esasynda köpmilletli sowet halky, gahryman Sowet Goşuny bir jan, bir ten bolup Germaniýa we onuň ýaranlaryna garşy adalatly urşy – Beýik Watançylyk urşuny başlady. Uruş ýurdumyzyň önümçilik işleriniň harby düzgüne laýyklykda gurulmagyny, sowet adamlarynyň Watanyň hatyrasy üçin adatdan daşary uly işler etmegini talap etdi. Sowet Goşunynyň üstün çykmagy üçin ýurtda alnyp barylýan hemme işleriň gaýra goýulman ýerine ýetirmelidigi, gaýrata galmalydygy aýdyň boldy. Ýeňiş üçin hiç bir zady gaýgyrmaly däldigi, güýçleri harby ýagdaýa dogrulap, täzeden gurmagyň zerurdygyny görkezdi. Partiýanyň çagyryşy boýunça maddy we ruhy güýçleri adalatly urşa, abraýly ýeňşe moblizleýärdi.

Hemme sowet halklarynyň bähbidini goran sowet edebiýaty urşuň dörän gününden başlap, harby ýagdaýyň talabyna görä täzeden guraldy. Halkyň umumy işine, duşmany derbi-dagyn etmeklige öz goşandyny goşmaga çalyşdy. Parahatçylykly, erkin durmuşy wasp edýän sowet ýazyjylary uruş ýyllarynda sowet adamlarynyň tyldaky asylly işlerini, sowet esgerleriniň frontdakygahrymançylyklaryny, parahatçylyk ugrundaky tagallalaryny ýazyp görkezmäge başladylar.

Türkmen ýazyjylary-da şu göreldä eýerdiler. Watana wepalydyklaryny urşuň umumy gidişinde asylly işleri bilen subut etdiler. Nemes faşistik ýurtbasarlaryna garşy söweş meýdanlarynda hem-de tylda edermenlik görkezdiler. Köp sanly çeper eserleri döretdiler. Beýik Watançylyk urşy döwründäki türkmen çeper edebiýaty ideýa-mazmun jähtden ýokary derejede durýar. Döredilen eserler halkyň durmuşy bilen berk baglanyşykly boldy. Urşrň ýowuz günlerinde gahrymançylyk görkezen sowet halkynyň her bir ogul-gyzynyň söweş meýdanynda we tylda tutanýerliligi, gahrymançylygy, begenji – gynanjy, ajy hesreti öz beýanyny tapdy. Olardan A.Salyhyň „Ýigitler“, D.Haldurdynyň „Äden ädimlerini ädinde galdyrys“, G.Seýitliýewiň „Halkym“, R.Seýidowyň „Ugratmak“, A.Kekilowyň „Egri azar, dogy ozar“ diýen goşgulary, A.Aborskiniň „Tokaýdaky gahrymançylyklar“ hekaýasy, B.Soltannyýazowyň „Kerim Dos“, H.Ysmaýylowyň „Bäsdeşler“ powestleri, A.Nyýazowyň „Ogulbossan“, N.Pommanyň „Watançy garry“, Ý.Nasyrlynyň „Leýtenantyň ogly“, Ç.Aşyrowyň „Duşmanyň tylynda“, B.Seýtäkowyň „Joralar“ ýaly eserlerini ýatlamak bolar. Şu söweşjeň eserler merdana ýigitleri faşistlere garşy gaýduwsyz söweşe çagyryş äheňinde ýazylypdy. Halkyň parahatçylygyny. Ar-namysyny gorap saklamaga gönükdirilipdi, Watana wepalylyk ruhunda terbiýeleýjilik ähmiýeti güýçlidi. Ganhor duşmanlaryň wagşyýana hereketi paş edilip duşmana garşy gahar-gazap bildirilýärdi. G.Seýitliýewiň „Halkym“ eserinde:

Azatlyk güneşi hiç wagt sönmez,

Leniniň elinde kemala gelen,

Bolşewik bakjasy hazana dönmez,

Birde şuny bilsin ol ganym duşman,

Taryhyň tigiri yzyna dönmez –

aýdylyşy ýaly, bütin sowet halkynyň duşmandan üstün çykjakdygyna bolan ynam duýgulary möwç urýar. A. Salyhyň goşgulary-da söweşjeň häsiýetli bolup, duşmany ýok etmek ideýasyna ýugrulandyr. A.Kekilow özüniň „Egri azar, dogy ozar“ poemasynda:

Dagarsyň, dargarsyň, deregiň galmaz,

Haçan deň bolupdyr pil bilen peşe –

diýmek bilen, sowet halklarynyň urşunyň adalatly uruşdygyny, birleşen uly güýjüň, agzybir halkyň öňünde hiç bir duşmanyň durup bilmejekdigi beýan edilýär.

Uruş ýyllarynda döredilen eserleriň esasy temalarynyň biri-de goranmak fonduna pul, şaý-sep tabşyrmak, söweşiji esgerleri egin-eşik, azyk bilen üpjün etmek temasy boldy. Sowet adamlarynyň şu asylly işde görkezen zähmetleri wasp edildi. Şuňa mysal edip A.Nyýazowyň „Ogulbossan“, H.Ysmaýylowyň „Gopuzlyja gyzjagaz“ we ş.m. görkezmek bolar. Ýene-de şol döwrüň ýörgünli temalarynyň biri watan topragyna hapa aýagyny basan içalylaryň üstüni açmak, öz borjuna düşünip hilegär duşmandan üstün çykmak ideýasyny goldaýardylar. (N.Pommanyň „Watançy garry“, A.Gowşudowyň „Watan ogly“). Çagalaryň uruş ýyllaryndaky işleri, durmuşy dogrusynda hem eserler döredildi. Ý.Nasyrlynyň „Leýtenantyň ogly“ muňa mysal bolup biler.

Urşuň başlanan döwründe ýazylan eserler, ýokardaky belleýşimiz ýaly watanyň özbaşdaklygyny goramak, watançylygyň ýeňilmez güýjüni wasp etmek, ýeňşe ynam bildirmek boldy. Ýöne, döredilen eserleriň içinde harsal, howul-hara ýazylanlary, çeperçilik taýdan kämil bolmadyk, tematikasy, häsiýeti boýunça biri-birini gaýtalaýan, umumylyk, dekloratiwlik, ritoriki häsiýet duýulýan eserlerde bardy. Sözleriň manyly çykmagyna üns berilmeýärdi. Ynandyryjy däldi. Urşa gatnaşmadyk, uruş wakalaryna näbelet ýazyjy-şahyrlar duşmanyň güýjüni peseldip, Sowet Soýuzyny has güýçli suratlandyrýardy. Sowet adamlarynyň gahrymançylykly obrazlaryny döretmäge kän üns berildi. Söweşde gaýduwsyz söweşen, tylda janyny aýaman zähmet çeken gahryman sowet adamlarynyň obrazlary janlandyryldy. B.Kerbabaýewiň „Gurban Durdy“, A.Gowşudowyň „Mähri-Wepasyndaky“ gahrymanlar, Ş.Kekilowyň „Dýadýa Iwany“, B.Kerbabaýewiň „Aýlary“, A.Gowşudowyň „Gandym awçysy“ we ş.m. başarnykly, tutanýerli, zähmetsöýer, batyr bolmak ündelýärdi. Şu döwür edebiýatynda türkmenistanly zähmetkeşleriň işini ýazyp görkezmän, doganlyk halklaryň, hat-da daşary ýurt ýaşaýşyna degişli wakalara-da ýüzlenildi. D.Haldurdynyň „Dnepr“, „Maşat gijesi“, Ş.Kekilowyň „Kareliýa jeňňelinde“, N.Pommanyň „Ädigimiň ýoly“, N.Saryhanowyň „Täleý“ we ş.m. tema çägi has giňeldi. Uruş wakalaryny gözi bilen gören, urşuň gazaply ýoluny geçen ýazyjy-şahyrlar real wakalary ynandyryjy açmagy başardylar. Uruş wakalaryna näbelet ýazyjylaryň suratlandyryşy ýaly baran ýerine gytyp-gyrjaşdyryp barylýan akmak, ähli zadyny taşlap gaçyp barýan duşmana garşy göreşilmän, dişine-dyrnagyna çenli ýaraglanan, mekir, zalym duşmanyň garşysyna göreşmek, gazanylan ýeňişiň pidasyz bolmandygyny, gaty kynlyk bilen üstün çykylandygy, agzybirligiň. Wepalylygyň, adalatly urşuň kyn söweşde halkyň ruhuna ruh goşandygyny suratlandyrmaga çalyşdylar. Şonyň netijesinde gazanylan ýeňşiň bize gaty agyr hem-de gymmat düşendigini real açdylar.



Türkmen zähmetkeşleri halk hojalygyny dikeltmek we ösdürmek ugrundaky göreşde. (1046-1950) (6 leksiýa).


Uruş ýeňişli gutarandan soň Sowet ýurdy parahatçylykly duermuşa dolanyp, urşuň ýetiren zyýanlaryny dikeltmäge, halk hojalygyny ösdürmäge girişdi. Halkyň ykdysady, maddy we medeni derejesini ýokarlandyrmak üçin her hili çäreler geçirilip başlandy. Bar güýç senagaty, transporty, oba hojalygyny ösdürmeklige mobilizlendi. 1948-nji ýylda Aşgabat we onuň töweregindäki etraplar agyr tebigy bela sezewar boldy. Erbet ýer titremesi zerarly weýran bolan ülkeler doganlyk halklaryň kömegi bilen dikeldilmäge başlandy. Senagat öňki döwürlerdendäkide batly depgin bilen ösdi. Oba hojalygy babatynda-da uly üstünlikler gazanyldy. Pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmeklige ünsi çekdiler.

Şu döwürlerde halk magaryfy, ylym, edebiýat we sungat öňküsinden hem has ösdi. Halk hojalygynyň we medenýetiň ähli pudaklarynda milli kadrlaryň sany artdy. Sowet Türkmenistany uçdan tutma sowatly ilaty bolan respublika öwrüldi. Umumy bilim beriji mekdepleriň sany artdy.olaryň sany 1200 hem geçýär. Respublikada mugallym kadrlary taýýarlaýan köp ýyllaryň dowamynda Döwlet uniwersiteti, pedogogik instituty işleýär. Respublikamyzyň wuzlary we orta ýörite okuw jaýlary şu döwrüň içinde respublikanyň halk hojalygy we medenýeti üçin onlarça müň hünärmenleri goňberýär. Mekdebiň durmuş bilen arabaglanyşygy artýar. 8 ýyllyk, hökmany ähliumumy mekdep, önümçilik okuwly ummuy bilim beriji 11 ýyllyk mekdep ýola goýuldy.

Saglygy saklaýyş, sport çäreleri hem ýaýbaňlanýar. Respublikamyzyň köne wuzlary – oba hojalyk we medisina institutlary müňlerçe ýokary hünärli spesialistleri taýýarladylar. Soýuzyň merkezinde we beýleki doganlyk respublikalarda türkmen oglan-gyzlarynyň bir topary medenýetiň dürli pudaklary boýunça hünär öwrenýärler. Köp mukdarda ýaş spesialistler respublikanyň ýokary okuw jaýlarynyň we ylmy edaralarynyň ýanyndaky aspiranturalarda okaýarlar. Türkmenistanyň ylmy-barlag institutlarynda müňlerçe ylmy işgärler işleýär. Türkmenistan SSR YA-y Türkmenistanyň ylmy işleriniň merkezidi. Türkmeistanyň alymlary respublikanyň halk hojalygynyň we medenýetiniň ähli pudaklaryny ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar. Doganlyk halklaryň alymlary bilen hyzmatdaşlykda işleýärler. T ürkmeistanyň teatral we şekillendiriş sungatyşu döwürde görlüp-eşdilmedik derejede ýokary göterildi. Türkmen dramaturgiýanyň eserleri bilen birlikde rus we dünýä dramaturgiýanyň (Şekspir, Molýer, Gogol, Ostrowskiý we ş.m.) kämil eserleri goýmaklygy amala aşyrdylar. Halk saz gurrallary orkestri döredildi. Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynyň şol ýyllar şöhartynyň artan ýyllary boldy. Teatryň kollektiwi bilen talantly kompozitorlar ösüp ýetişdiler. Teatr öz sahnasynda rus we türkmen dillerinde birnäçe operalary goýup ýetişdi. „Leýli-Mežnun“, „Şasenem-Garyp“, „Aýna“, „Ýewgeniý Onegin“, „Garahal gyz“ we ş.m.

Bu ýyllar türkmen sowet edebiýatynyň hem gülläp ösen döwürleridir. B.Kerbabaýew „Köpetdag“ romanyny, „Aýsoltan“ powestini, B.Seýtäkow „Doganlar“ romanyny we birnäçe powestlerini, A.Kekilow „Söýgi“ romanyny, K.Gurbannepesow „Taýmaz baba“ poemasyny, B.Hudaýnazarow „Gyzgyn sähra“ poemasyny we başga-da birnäçe meşhur eserleri döretdiler. Ýaş prozaçtylar, şahyrlar, dramaturglar, tankytçylar ösüp ýetişdiler. Kitaphanalaryň, klublaryň, medenýet öýleriniň. Kinoteatrlaryň, medeni-dynç alyş parklaryň birgideni döredildi. Okuw jaýlary, köp ymaratlar dikeldildi.

Kitap, gazet-žurnal, radio, telewizor halkyň durmuşyna mäkäm ornaşdy. Respublikada 68 gazet, 14 žurnal çykaryldy. Neşirýatlar doly güýjünde kitap çykardy. Daşary ýurtlar bilen medeni aragatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistanyň wekilleriniň daşary ýurtlar bilen şeýle halkara gatnaşyklary halklaryň ysnyşmak we birek-birege düşünişmek işine, medeni baýlyklary alyşmak, parahatçylygy pugtalandyrmak işine kömek berýär.

Halklaryň durmuşynyň dürli taraplaryny şöhlelendirýän kitaplar, gazetler, žurnallar alyşmagy ýylsaýyn giňelýär. Bu bolsa parahatçylygy gowulandyrmak işine kömek edýär. Uruşdan soňky ýyllarda türkmen halkynyň medenýetiniň gülläp ösen, maddy hal-ýagdaýynyň gowulaşan, ruhubelentlige göterilen ýyllary boldy.



Ata Gowşudowyň durmuş we döredijilik ýoly. (10 leksiýa)


Ata Gowşudow ençeme çeper eserleri bilen halkyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan, türkmen sowet edebiýatynyň taryhynda uly orun tutýan görnükli ýazyjydyr.

Ata Gowşudow 1903-nji ýylda Aşgabat etrabynyň Büzmeýin obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar. Ol çagalygyny ene-atasynyň ýanynda geçirýär. Onuň ejesi Ogulgeregiň tanymal ertekiçi bolmagy geljekki ýazyjynyň ýaşlygyndan çeper dil, döredijilik fantaziýa taýdan terbiýelenmeginde mynasyp rol oýnaýar. Sowet hökümeti gurlup, obalarda mekdep açylyp başlanandan Ata Gowşudow obalarynda açylan Sowet mekdebine okuwa girýär. Ony 1920-nji ýylda gutarýar. Soň Aşgabatdaky mugallymçylyk kursunda, yzyndan sowet-partiýa mekdebinde okaýar. Şol döwürden döredijilik işine başlaýar. Okaýan ýerlerinde drama kružoklary işläp başlaýar. Şol kružoklar üçin pýesalar ýazyp başlaýar. 1922-nji ýylda „Zakaspiý fronty“ pýesasyny ýazýar. Bu ilkinji dramaturgiýanyň eseri hökmünde sowet-partiýa mekdebiň drama kružogynda ep-esli oýnalýar. A.Gowşudow sowet-partiýa mekdebini tamamlandan soň 1922-nji ýylda Gündogar zähmetkeşleriniň kommunistik mekdebine okuwa iberilýär. Bu ýerde okamagy marksistik-leninçilik taglymaty özleşdirmegine, rus sungaty we edebiýaty bilen içgin tanyşmagyna mümkinçilik döredýär. Ösüşiň, özgerişiň giň ýoluna düşendigini subut edýän şol romanlaryň hataryna Türkmenistanyň halk ýazyjylary B.Kerbabaýewiň „Nebitdagyny“, „Gaýgysyz Atabaýyny“, B.Seýtäkowyň „Doganlaryny“, „Şahyryny“, „Çölüň ýüregini“, H.Derýaýewiň „Ykbalyny“, G.Kulyýewiň „Ýowuz günlerioni“, N.Pommanyň „Gatakaryny“, B.Soltannyýazowyň „Sumbar akýaryny“, B.Pürliýewiň „Çeleken şemalyny“, Ý.Mämmediýewiň „Ene topragyny“ görkezmek bolar.

Powest žanry barada aýdylanda-da şunuň ýaly mysallary getirmek mümkin. Şu wagta 1956-njy ýyla çenli şu žanrda döredilen eserleriň sany bary-öogy otuzdan kän bolmadyk bolsa, eýýäm soňky on ýyllykda döredilen powestleriň mukdary segsenden geçýär. B.Seýtäkowyň „Gyz salgydy“, „Ilkinji gün“, G.Gurbansähedowyň „Çakylyk“, B.Pürliýewiň „Söýgi mukamy“, N.Jumaýewiň „Akmaýanyň ýoly“, „Ýywaş gelin“, B.Hudaýnazarowyň „Göreş meýdany“ ýaly eserleri oňat powestleriň hilindendir. Şular ýaly şowly çykan eserler prozamyzda başga-da kän, olary birme-bir sanamak mümkin däl. Prozada harby temanyň özleşdirilendigi türkmen halkynyň Beýik Watançylyk urşunda görkezen gahrymançylyklaryny okyjylara ýetirmekde N.Jumaýewiň „Uruş ody“, „Ýeňiş ýylynyň hekaýaty“ powestleri halkyň göenünden turdy. Şu tema hekaýa žanrynda has hem düýpli işlenildi. R.Gelenowyň, B.Gulowyň şu žanryň öňe gitmeginde öz goşantlaryny goşandygyny bellemän geçmek bolmaz. K.Berdiýewiň, B.Ataýewiň, B.Öwezowyň atlary şu döwrüň oçerkçileri hökmünde agzamaga mynasypdyr.

Döwrüň türkmen sowet edebiýatynyň ösmegine poeziýa, dramaturgiýa žanrynda-da goşan goşantlary ünsi özüne çekýär. Ozalky ýyllarda diňe zähmet, söýgi, uruş, köne urp-adatlara garşy göreş we beýleki temalarda goşgular, poemalar ýazylan bolsa, indi olar doganlyk respublikalaryň, daşary ýurtlaryň durmuşyndan gürrüň beýän liriki eserleri-de ýazmaga başladylar. Ozal göwrümi uly bolmadyk epiki poemalar bar bolan bolsa, soň Türkmneistanyň halk ýazyjylary A.Kekilowyň goşgy bilen ýazylan „Söýgi“ romanyny, K.Gurbannepesowyň „Taýmaz baba“, „Gumdan tapylan ýürek“, „Ata we ogul“, Ç.Aşyrowyň „Ganly saka“ ýaly trilogiýalary, A.Atajanowyň „Guşgy galasy“ kimiň iri poemalar ýüze çykdy.dramaturgiýa žanrynda-da möçber taýyndanam, hil taýdanam öňe gidişlikler boldy. G.Muhtarowyň „Otuzynjy ýyllar“, O.Akmämmedow bilen G.Latfulliniň „sekizinji hazyna“, T.Taganowyň „Guýruksyz tilki“ pýesalaryny gowy eserleriň hataryna goşmak bolar. Dramaturgiýa žanrynyň ösmegine, proza eserleriniň sahnalaşdyrylmagy-da itergi berdi.

Çagalar edebiýatynda-daagzalan döwürde ösüşler ýüze çykdy. Ozal H.Ysmaýylowdan başga ýörite çagalar ýazyjysy bolmadyk bolsa, beýleki žanrlar bilen gyzyklanan ýazyjylar meşgullanan bolsa, soň birnäçe özboluşly çagalar ýazyjy-şahyrlar ýüze çykdy. K.Taňrygulyýew, M.Garryýew, A.Baýmyradow, B.Gurbanow ýaly talantlar körpeleri oňat eserler bilen begendirdiler. M.Seýidow, A.Haýydow hem çagalar edebiýatyna öz goşantlaryny goşdular. Agzalýan döwürde türkmen sowet edebiýaty her taraplaýyn ösüp, oňat eserler bilen döwrüň talabyna jogap berýän edebiýata öwrüldi.

Döwrüň ruhuna aralaşyp, döwürdeşlerimiziň arzuw-hyýallaryny doly hem dogruçyl suratlandyrmaga jan çekýän türkmen sowet edebiýaty tematiki babatda hem uly özgerişlikleri başdan geçirendigi görünýär.

Poeziýa durmuşda ýüze çykýan täzelikler babatda günübirin seslenmäge höwesek, ozal gozgalmadyk temalarda hem eserler döredildi. Liriki poeziýanyň ömürlik temasy hasaplanýan zähmet, söýgi has çuňňur işlenen bolsa, senagat temasyna bagyşlanan ýörite epiki eserler-de döredildi. Uruş we parahatçylyk temasy-da az işlenmedi. Sowet ylmynyň ösmegi, kosmosa aralaşmagy bilen bu operatiw žanra öz täsirini ýetirmän durup bilmejekdi. Baş türkmen kanaly-da ýörgünli temalaryň biri boldy. (senagat temasyndan Ş.Borjakowyň „Goturdepe depderi“, B.Hudaýnazarowyň „Gyzgyn sähra“, A.Haýydowyň „Döwrüm“, söýgi temasyndan „Ýigitlik çagy“ kitaplary). Şahyrlardan G.Seýitliýew, M.Seýidow, K.Gurbannepesow, A.Haýyfdow, A.Atajanow, A.Kowusow dagynyň dürli temada ajaýyp eserler döredip, iň öndümli işlän döwürleridir. Işçiler, gurluşykçylar, nebitçiler, daşary ýurt, taryhy we ş.m. temalary hem işlediler. Rewolýusiýanyň gazananlaryny betpäl jeňbazlardan goramak temasy A.Kekilowyň „Söýgi“, Ç.Aşyrowyň „Gökýaýlanyň ýigitleri“, K.Gurbannepesowyň „Ajy günler, süýji günler“, „Gumdan tapylan ýürek“, B.Hudaýnazarowyň „Döwrüň depesindäki adam“ we ş.m.

Türkmen sowet prozasy hem şu ýyllarda esasan dowam edip gelýän zähmet, azat göýgi, parahatçylyk temalaryny has giňden işlemek bilen birlikde, poeziýa žanry ýaly, dürli temalar işledi. Oçerk žanry özbaşdak žanr hökmünde formalandy. Hekaýa žanry hem kämilleşdi. Ýöne esasan iri proza ýykgyn edilfi. Türkmen romanlary şu ýyllarda uly üösüşi-özgerişi başdan geçirdi. Hil hem mukdar babatda baýlaşdy. Döwrüň powestleridir romanlarynda parahatçylygy gorap saklamak, zähmeti wasp etmek, bütin dünýäde dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak ýaly ideýalar baş tema öwrüldi. B.Kerbabaýewiň „Nebitdag“ romanynda, „Aýsoltan“ powestinde, A.Gowşudowyň „Köpetdagyň eteginde“, B.Pürliýewiň „Çeleken şemaly“ romanlarynda we beýlekilerde ýatlan temalarmyzyň nähili işlenendigine göz ýetirýäris. Dramaturgiýa žanry hem döwrüň talabyna laýyk temalary işledi. Şeýle diýmek bilen döwrüň edebi prosesinde hiç bir kemçilikler bolmady diýdigimiz däl. Roman, powest, hekaýa, dramaturgiýa, poeziýa žanrlarynda döredilen eserleriň kemçiliklerden sap däldigi, roman žanryň has ýaýbaňlandyrylyp 2-3 kitaba ýetirilendigi, otrisatel gahrymanlaryň terbiýelenişiniň ynandyryjylykly däldigi, duýgusyz beýan edijilik, köp sözlüligiň (goşgyda) dowam edýändigini bellemelidiris. Umuman alanyňda 1956-1967-nji ýyllar aralygynyň türkmen sowet edebiýaty her taraplaýyn uly ösüşi başdan geçirýär. Eserleriň tema çägi giňän, hili gowulaşan, şu günki adamlaryň keşbini görkezýän ajaýyp gahrymanlaryň obrazlary döredilendir. Döwrüň ruhuna aralaşmakda ussatlyk görkezýän, milli formaly, sosialistik mazmunly sowet edebiýaty ösüşini dowam etdirýär.



Ata Atajanow (14 leksiýa, geçilenleriň dowamy)


1922-nji ýylda Mary etrabynyň 2-nji Gökje obasynda dogulýar. Ilki oba mekdebinde, soň Daşkendiň pedogogiki tehnikumynda, Aşgabadyň pedogogiki institutynda okaýar. Soň ýokary partiýa mekdebinde, ýokary edebiýat kursunda okap, bilimini artdyrýar. Ilki mugallymçylykdan başlasa-da, soň metbugat işinde işleýär. Şahyr döredijilik işiniň daşyndan dürli wezipelerde işläp, jemgyýetçilik işgäri derejesine göterilýär. 1941-nji ýylda döredijilik işine başlaýar. Onuň döredijiliginiň başlangyjy Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna düşeni üçin ilkinji eserleri-de watançylyk temasyndan bolýar. Şahyryň gowşagragam bolsa gulaga ýakymly sesi eşdilip başlaýar. „Hoş gal, eziz obam“, „Gahryman Kawkaz“, „Fronta gat“ ilkinji goşgularydyr. „Şlmejek Zoýa“ ýaly ilkinji iri eserlerini ýazýar. Beýik Ýeňiş täze-täze döredijilik hyjuwlaryna höweslendirdi. „Ýeňiş“, „Çykda seret ýollara“, „Näbelli gahryman“, „Bir gysym toprak“ we ş.m. goşgularydyr. 1948-nji ýylda „Alma ýene gülleýär“ goşgular ýygyndysy çykýar. 1952-nji ýylda ikinji kitaby „Türkmenistan bahary“ ady bilen çykýar. Döwrüň problemalaryna operatiwlik bilen seslenýär. Çoň şahyryň kitaplary yzly-yzyna çykyp başlaýar. „Ädimme-ädim“, „Öçme ojagym“, „Aýly agşam“, göýgi lirikasynyň ussady hökmünde tanalýar. „Gözüň aýdyň“, „Guşgy galasy“ kitabynda daşary ýurt temasy işlendi. „Sallançagym sähram meniň“, „Men Size barýan“ kitaplarynda has-da kämilleşdi.

A.Atajanow doňe poeziýa žanrynda däl, edebiýatyň beýleki žanrlarynda hem yzygiderli çykyş edýär. 40-njy ýyllaryň ahyrlarynda prozadyr dramaturgiýa žanrynda-da güýjini synaýar. Onuň synaglary beýle bir şowly bolmasa-da, soňa baka taplanýar. „Toý“ hekaýasyny, „Men gelnimden razy“ pýesasyny ýazýar. Soň 50-nji ýyllarda publisistika bilen iş salyşýar, oçerkçi hökmünde tanalýar, ençeme kämil oçerkler ýazýar. Şahyr „Çakmak“, „Öz tanyşlaryň“, „Teke gyzy Tatýana“ ýaly romanlaryň awtorydyr. A. Atajanow körpeler üçin hem eserler döredýär. „Aman okuwa gidýär“, „Permanyň mamasy“, „Atçapar“ we ş.m. „Guşgy galasy“, „Men size ynanýan“, „Söýgini har etmäň“ýaly pýesalarynyň awtorydyr. Ol türkmen diline köp-köp eserleri hem terjime edýär.


Gurbannazar Ezizow – özboluşly şahyr.

G. Ezizow gysga ömründe hyjuwly, tebigy ýaşlyk joşguny bilen türkmen sowet edebiýatyny baýlaşdyrdy. Ol 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Aşgabat etrabynyň Büzmeýin obasynda gullukçy maşgalasynda dünýä inýär. Aşgabat şäheriniň 29-njy orta mekdebini üstünlikli tamamlandan soň Türkmen döwlet uniwesitetine okuwa girýär. Ony gutaryp metbugat organl;arynda işleýär. Uniwersiteti gutaransoň bir ýyl işläp, bir ýyl Gyzyl Goşunda gulluk edip gelýär. Goşundan gelip „Edebiýat we sungat“ gazetinde işleýär.şol ýyllar döredijiliginiň gülläp-ösen döwürleri bolýsr. Durmuşy öwrenmek maksady bilen Gäwers sebitlerine ýaşamaga, işlemäge gidýär. „Men obada, senem agldyň şäherde“, „Şahyra hat“ eserlerini şonda ýazýar. Soň TSSR Ýazyjyla soýuzynda edebi maslahatçy bolup işleýär. Ol 1975-nji ýylyň 30-njy sentýzbrynda aradan çykýar.

Onuň goşgulary pikirlere, duýgulara baý, özboluşly stilde ýazylandyr. Stolo büdür-südürräk prozalaç goşgulary bilen az salymyň içinde altmyşynjy ýyllaryň poeziýasynda şahyrana hadysa öwrülýär. Ol çuňňur pikirli, baý şahyrana oýlanmalary bilen deň-duş galamdaşlaryndan saýlanyp, derrew okyjylar köpçüligini imrindirdi. Halypalary, deň duş şahyrlary, edebi tankytçylar-da onuň döredijilik talantynyň özboluşlydygyny, beýlekilerden saýlanýan poeziýasynyň bardygyny inkär edip bilmeýärdiler. Ol dürli temada ýazylan aýratyn, nusga alarlyk eserleri bilen türkmen sowet edebiýatynda orun aldy. Şahyr giň sähra, dogduk mekanyna, perzende, älem-jahana, ene topraga bolan mährem söýgüsi bilen başlanýan eserlerinden başlanan daşary ýurt temasyna geçip gidýär. Onuň liriki goşgularynda söýgi bilen peýzaž gatyşdyrylyp berilýär. Şahyr ajaýyp goşgularynda tebigat bilen adamzadyň ysnyşygyny täze-täze ugurlarda beýan edýär. Liriki gahrymanyň gözel tebigata bolan nepis duýgularyny ikinji bir gözellik, ajaýyplyk yşky duýgular bilen sazlaşdyryp berýär. „Maňa seniň gözleriňden gitme ýok“ we ş.m. G.Ezizow peýzaž, tebigat hakdakygoşgularynyň içinde altyn güýz hakdaky goşgular özbaşyna aýratyn saýlanyp dur. Özem bu goşgular şahyryň başky „Ynam“ (1971) atly ilkinji goşgular ýygyndysynda däl-de, ikinji „Ýer-gögüň arasynda“ (1973) ýygyndysyndan başlanýar. Şonda „Güýz“, „Güýz peýzažy“, „Asmanyň manysyn...“ ýaly şygyrlarynda gamgyn mukama ýugrulan durmuş, adam, ömrüniň manysy hakyndaky oýlar bilen utgaşýar. Soň bu oýlar, gam-gussalar özi ýogalandan soň çykan „Güýz“ (1078) atly kitabynda has giň gerim alýar. Onuň güýz paslyna göýgüsi az-kem gamgyn, tutuksy şahsyýetine gussa döredýän, aýralygy ýada salýan tebigatyna gabat gelýän ýaly bolup dur. Şahyr güýz paslyny geregiçe hiç şahyra meňzemeýän täsirli tarypyny ýetiripdi we güýz pasly-da tebigata garylypdy. Ýazda dogulyp güýzde ýogalýar. Soňra şahyryň „Serpaý“, „Serdarym“ kitaplary neşir edildi. Şahyr beýleki žanrlarda-da öz güýjüni synap görüpdi. Çagalar üçin „Oglan we deňiz“, „gyzyl otrýad hakynda ballada“ ýaly goşgular ýygyndysyny çykarandyr. Ýaş tomaşaçylar teatry onuň „Nesiller poemasy“ atly geçen uruş hakynda gürrüň açýan dramasyny sahnada goýupdy. Onuň ýokary çeperçilikli esrerleri özniň munasyp bahasyny aldy. Şahyryň goşgulardyr poemalary Türkmenistanyň Lenin komsomoly baýragyna mybasyp boldy (1972). „Serpaý“ saýlanan goşgulary TSSR-iň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp boldy. Gurbannazar Ezizow türkmen sowet edebiýatynda özboluşly orny eýeledi.


50-60-njy ýyllaryň ýazyjy-şahyrlarynyň döredijiligi. (13 leksiýa)


K.Gurbannepesow – TSSR-iň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty.

Kerim Gurbannepesow Gökdepe etrabynyň Ýylgyn obasynda dogulýar. Kakasy-da sowatly adam bolýar. Halk döredijiligini ürç edip okar eken, märekesöýen adam bolýar. Kerim şahyryň edebiýat ýoluna gönükmegine omuň täsiri ýetýär. Gurbannepes aga urşuň kynçylykly günlerinde ýogalýar. Keşk ejesiniň gerdenine düşýär. Güzeran dolamak üçin Tejene göçüp gelýärler. Ilki oba mekdebinde okaýar. Uruş döwründe okap bilmän, ondan soň türkmen uniwersitetini gutarýar. Iki çagyrylyşa deputat saýlanýar, Halklaryň dostlugy ordeni bilen sylaglanýar. Uruşdan öň „Kolhozçy sesi“, „Mydam taýýar“ gazetlerinde ilkinji goşgulary çykyp başlaýar (1939). Watançylyk urşuna, soň dikeldiş döwründe-de döwrüň wajyp meselelerine bagyşlap eserler döredýär. Onuň „Güýjümiň gözbaşy“, „Soldat ýüregi“ ýlay ilkinji kitaplarynda dürli temadaky goşgular ýerleşdirilýär (watan, zähmet, dostluk, syýasy). Soňky ýyllarda halkyň göwnünden turýan birnäçe poemaly ýazdy („Taýmaz baba“, „Ajy günler, süýji günler“, „Aýal bagşy“, „Kyrk“). Birnäçe şygyrlary hadysa hşkmünde garşylandy („Ýaşlyk dramasy“, „Söýgi illýuziýasy“ we ş.m.). „Altyň biri“, „Ýarap borka“, 'Gök çaý', „Poçtalýon“, „Sen düşeňde ýadyma“, „Bir gözel gördüm“ ýaly aýdymlarynyň awtorydyr.

Kerim Gurbannepesowyň kakasy aradan çykanyndan soňra onuň maşgalasy gün-güzeranynyň ugrunda Tejene göçüp gidýär.K.Gurbannepesow ol ýerde mekdebe gatnap ugraýar.Şayr taýýarlykly mugallymlaryň elinde okaýar.K.Gurbannepesow A.M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okaýar.Ýokary bilim alanyndan soňra onuň çeper edebiýata bolan höwesi gün-günden artýar.Ol çeper edebiýaty ürç edip okap başlaýar.Okalan çeper eserler onuň dünýägaraýşyny giňelitýär.

Onuň ilkinji goşgulary 1939-njy ýylda“Kolhozçy sesi“,“Mydam taýýar“ gazetlerinde çap edilýär.Şahyrçylyk sungatyndan daşary hem ol žurnalistika bilen meşhullanýar.Beýik Watançylyk urşy gutarandan soň ýurtda dikeldiş işleri başlaýar.Şol ýyllarda şahyr „Tejenstroý“ gazetiniň kätibi wezipesine bellenilýär.Şahyr ol ýerde gulluga gidýänçä işleýär.K.Gurbannepesow goşun gullugyna gidip geleninden soň bütinleý döredijilik işi bilen meşgullanýar.Gelejekki şahyr ýuwaş-ýuwaşdan edebiýat talantlarynyň arasyna goşulýar.Soňra şahyr „edebiýat we sungat“ žurnalynyň redaktory wezipesiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.Ol TSSR-iň Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.Ol soňra „Sowet edebiýaty“ žurnalynyň baş redaktory wezipesinde işledi.K.Gurbannepesowyň „Güýjümiň gözbaşy“ atly ilkinji ýygyndysy 1951-nji ýylda çap edilýär.1953-nji ýylda K.Gurbannepesow gowy şahyr hökmünde okyja tanadan“Soldat ýüregi“ atly goşgular ýygyndysyny çap etdirýär.Ondan soňra 1960-njy ýylda „Taýmaz baba“, 1961-nji ýylda „Ata we ogul“ poemalaryny döredýär.


Şahyryň döredijiliginde folklor eserleriniň täsiri köp duýulýar.Ýazyjynyň halk esertlerini gowy özleşdirenligini eserlerini okanyňda duýmak bolýar.Şahyryň döreden eserleri obrazly detallara,okyjynyň üns merkezine çekip biljek näzik duýgulary özünde jemleýär.Şahyryň „Ýaşlyk dramasy“ onuň döredijiligine bolan garaýşy okyjylaryň aňynda düýpgöter üýtgetdi.Şahyr bu poýemasyny ençeme gezek täzeden işledi.Bu goşgy diňleýjä hem okyja ilki başdan ýarady.Şonuň üçin hem şahyr bu goşgyny amilleşdirýär.Şahyr bu goşgyny teleýaýlymlarda,radioýaýlymlarda,märekäniň üýşen ýerlerinde bu goşgusyny okapdyr.

Sahyryň döredijiliginde dünýäniň atly şahyrlarynyň gymmatly pikirlerine,ýiti sözlerine salgylanma olary täzeçe ösdürmek häsiýetleri köp duýulýar.Onuň „Ýaşlyk dramasynda-da“ halkylyk güýçli duýulýar.




Mämmet Seýidow – sowet edebiýatynyň görnükli wekili. 1925-nji ýylda Baharly etrabynyň Durun obasynda dünýä inýär. 4-5 ýaşa ýetip-ýetmänkä ene-atadan mahrum bolýar, çagalar öýünde terbiýelenýär. Orta bilim alyp, Sopwet goşunynyň hatarynda gulluk edýär. Gelenden soňra Türkmen döwlet unuwersitetini gutarýar. Okap ýörkä 1952-nji ýylda ilkinji goşgulary çykansoň gazet-žurnallaryň redaksiýasynda işläp başlaýar.

Şahyr poeziýa meýdanyna girende urşuň tamamlanyp, halkyň ruhunyň galkynan döwrüne gabat gelýär. Dikeldiş döwründe ýatan hojalyklary (senagat, oba hojalygy we ş.m) dikeltmeklige çagyryşdan başlady. Döredijiliginiň ilkinji ýyllary taplanyp ýetişmedik – guraksy goşgular ýazan-da bolsa, soň täze şahyrana usullar oýlap tapýar. Onuň „Goşgular“ (1960), „Meniň hazynam“ (1962) kitaplary okyjylaryň söýgüsini gazandy. Rowaýatlary poeziýa geçirmek oňa adatdy. 1964-nji ýylda çykan „Oab ertekisi“ kitabynda bir topar rowaýat goşgulary çap edildi. Soňky ýyllarda şahyryň döredijiligi has hem ösýär. „Durun mukamy“ (1970), „Bahar gündeligi“ (1973), „Bahar bilen duşuşyk“ (1976), „Bäşinji okean“ (1979) we ş.m. ýygyndylary çykýar. Şu ýygyndylar bilen tanyşanyňda şahyryň kämillige ýetendigini çuňňur oýlanmalary, dürdäne pikirleri çeperçilik bilen berip bilenligi bildirýär. Şahyryň çagalar üçin ýazan eserleri, terjimeleri-de bar.



Berdinazar Hudaýnazarow

1927-nji ýylda Aşgabadyň Ýerbent etrabynyň Düwünli guýusynda çarwa maşgalasynda dogulýar. Uruş döwründe Amyderýanyň boýuna göçürilýärler. 6-njy synpda okap ýörkä uruş başlanýar. Şol ýyllar kolhozda tabelçi bolup işleýär. Soň metbugat organlaryna işe çagyrylyp, şol ýerde taplanýar. Garagum kanalynyň gurluşygyna işe gidýär. „Gyzgyn sähra“ poemasyny döredýär. Soň ýazyjylygy esasy kär edinip alýar. Birnäçe oňat şygyrlary „Gyzgyn sähra“, „Döwrüň depesindäki adam“ atly epiki poemalary, „Göreş meýdany“, „Yzçynyň gözlery“, „Haşar“, „Goňşular“ powestleri, „Gumlular“, „Akar suwuň aýdymy“ romanlary, „Gaýduwsyzlar“, „Synag ýoly“ pýessalary we beýleki eserleri ýazdy.

Onuň döredijilik ýoly esasan 1950-nji ýyllardan başlaýar. Şahyr edebiýat meýdanyna ownujak şygyrlary bilen gadam basdy. B. Hudaýnazarow terjimeçilik işi bilen meşgullanýar. A.Twardowskiniň, R.Gamzatowyň we beýleki görnükli şahyrlaryň eserlerini terjime edýär. Onuň eserleriniň köpüsinde sähranyň keşbi, edermen, salyhatly, geçirimli gumlular janlanýar.



Gylyç Kulyýew

1913-nji ýylda Mary etrabynyň köne Gökje obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar, internatda terbiýelenýär. 1934-nji ýylda Bakudaky kaboranda we sowet hukugy institutynda okaýar. Soň SSKP MK-nyň ýanyndaky jemgyýetçilik ylymlar akademiýasyny 1952-nji ýylda gutarýar. Ylymlaryň kandidaty bolýar. TSSR YA-nyň habarçy-agzalygyna saýlanýar. Dürli wezipelerde işleýär. Ol uly jemgyýetçilik işgäridir. Ol iňlis, pars dillerini oňat bilýär. Daşary ýurtlarda bolýar.

Ýazyjy :“Köpetdagyň aňyrsynda“ (1953), „Ýowuz günler“, „Ýanbermez alžirli“ (1960), „Gara kerwen“ (1971) romanlaryny ýazdy. „Ýowuz günler“, „Ýanbermez alžirli“ (1968) romanlarynyň mazmuny esasynda şol at bilen pýesalar döretdi. „Emiriň ilçisi“ pýesasy-da oňa abraý getirdi. Türkmen prozasynyň ussatlarynyň biri G.Kulyýewiň romanlarynyň ählisi rus diline geçirildi. G. Kulyýewiň W.I.Leniniň işlerinden eden terjimeleri-de bar. Durmuş tejribesi uly, öndürijilikli işlän türkmen ýazyjysy G.Kulyýew sowet medenýetini baýlaşdyrmakda ýadawsyz zähmet çekdi. Şuny göz öňünde tutup hökümet we döwlet tarapyndan birnäçe sylaglara mynasyp boldy.


Allaberdi Haýydow


Urşuň öňisyra döredijilik işine başlaýar. Ol özüniň çeper goşgularydyr poemalary, hekaýalarydyr powestleri bilen edebiýatymyzyň taryhyna girdi. Ýazyjy taryhy-rewolýusion temadan „Düýnki adamlar“ romanynyň hem awtorydyr. Ol ylmy işini hem döredijilik bilen utgaşdyryp alyp gidýär. Bir giden aýdymlaryň awtorydyr. Liriki eserler bilen ençeme poemalar – „zamanamyzyň prometeýleri“, „Aba serdar“, „Jadygöý“, „Täjigistan“, „Salgym“ we ş.m. „Million ädim“ ýaly häziri zaman temasyndan-da roman ýazypdy.

Berdi Soltannyýazow


Edebi žanrlarynyň köpüsinde öz güýjini synaýar. Hekaýalar, oçerkler, felýetonlar, ertekiler we ş.m. ýazýar. „Baba hajy“, „Direktor“, „Meýlis halar“ we ş.m. hekaýala, „Donbass“ poemasyny ýazýar. „Gözel“, „Kümüş“ powestlerini, „Hylmat“ pýesasyny ýazýar. Uruş döwründe öndümli işleýär. Ýatlamalar kitabyny ýazýar. Ol „Sumbar akýar“ meşhur romanynyň awtorydyr (taryhy-rewolýusion temadan).



Naryman Jumaýew


Ilki hekaýalardan „Agtaran tapar“, „Mertlik“ we ş.m. başlaýar. Soň powest žanrynda „Ak derek“, „Ak maýanyň ýoly“, „Syrly gala“, „Ýuwaş gelin“, „Pagtabent“ powestleriň, „Jeýhun“, „Welaýat“ romanlarynyň awyorydyr. „Ýeňiş hekaýaty“, „Uruş ody“ powestleri, „Aýdogdy Tahyr“ romany uruş temasyndan ýazylan.


50-60-njy ýyllaryň türkmen sowet edebiýaty (1956-1967ý.) (12 leksiýa)



Köp milletli sowet edebiýatynyň bir şahasy bolup duran türkmen sowet edebiýaty şu döwürde uly ösüşleri başdan geçirdi. Kosmosa aralaşylan bu döwürde çeper edebiýatdan zamananyň talabynyň güýçlenendigini aýtmak gerek. Sowet ýazyjylary zamananyň ajaýyp taraplaryny taryplap, nogsanlyklaryny ýazgarýan ýokary çeperçilikli eserler döredip başladylar. Umumysoýuz edebiýatyna göz aýlanyňda muňa göz ýetirmek bolýar. A. Twardowskiniň „Alysdan alysa“, Ýu. Nagibiniň „Başlyk“, S.Zalyginiň „Yrtyşyň boýunda“, K.Somonowyň „Ölüler we diriler“, „Soldat bolup doglan ýok“ we ş.m. ýaly eserlerde sowet hakykaty açylyp görkezilýär. Bu milli edebiýata-da aralaşdy. B.Hudaýnazarow „Göreş meýdany“, „Döwrüň depesindäki adam“, B.Kerbabaýew „Gaýgysyz Atabaý“ kimin bir topar eserler döredildi. Partiýanyň ХХ gurultaýy sowet ýazyjylarynyň giň döredijilik mümkinçiligini açan bolsa, ХХI- ХХIII gurultaýlar ýazyjylaryň öňünde täze kommunistik eýýämiň adamynyň obrazyny döretmek wezipesini goýdy. Halkyň aňynda bolup geçýän özgerişlikleri, olaryň könäniň zyýanly galyndylaryndan saplanyşlaryny, zähmetde gazanan üstünliklerini, moral keşbini suratlandyrmagyň hötdesinden geldiler. Sowet edebiýatynyň, şol sanda türkmen edebiýatynyň SSSR we TSSR ýazyjylarynyň geçiren gurultaýlarynda (IV-1959, V-1966) geçen döwürlerde gazanylan üstünlikler, goýberilen kemçilikler jemlenip, halkyň öňünde durýan wajyp meseleler barada degerli gürrüň edildi. Soýuz respublikalarda geçirilen ongünlükleriň-de täsiri uly boldy. Şularyň netijesinde ýazyjylar öz öňünde durýan wezipelerine çuňňur göz ýetirdiler. Edebiýat şonuň netijesinde mazmun taýdan baý, forma taýdan barha kämilleşýän dürli-dürli eserler bilen baýlaşdy. Şuny käbir faktlara göz aýlaňda duýup bolýar. Uly prozalaryň ösüşiň, özgerişiň giň ýoluna düşendigini ýatlamak bolar. Şol romanlaryň hataryna Türkmenistanyň halk ýazyjylary B.Kerbabaýewiň „Nebitdagyny“, „Gaýgysyz Atabaýyny“, B.Seýtäkowyň „Doganlaryny“, „Çölüň ýüregini“, H.Derýaýewiň „Ykbalyny“, G.Kulyýewiň „Ýowuz günlerini“, N.Pommanyň „Gatakaryny“, B.Sotannyýazowyň „Sumbar akýaryny“, B.Pürliýewiň „Çeleken şemalyny“, Ý.Mämmediýewiň „Ene topragyny“ we ş.m. görkezmek bolar. Powest žanry-da uly ösüşde boldy. B.Seýtäkowyň, B.Pürliýewiň, G.Gurbansähedowyň, N.Jumaýewiň oňat powestleri okyjylaryň söýgüsini gazandy.

Hekaýa žanryny işlemekde aktiwlik görkezen S.Ataýewiň „Kasam“ hekaýalar ýygyndysyny, R.Gelenowyň, B.Gulowyň hekaýalaryny ýatlaman geçmek bolmaz. K.Berdiýew, B.Öwezow we başgalar oçerk žanrynyň baýlaşmagynda öz goşantlaryny goşdylar.

Edebiýatyň ösmegi bilen poeziýa, dramaturgiýa žanrynda-da uly ösüşler boldy. Tema çägi giňeldi, mazmuny baýlaşdy, çeperçiligi artdy. Zähmet, söýgi, uruş temasyndan başga-da doganlyk, daşary ýurt, syýasy temalarda eserler döredildi. Poeziýanyň epiki görnüşi has-da kämilleşdi. Öz halkynyň geçmişi hem-de şu günki keşbi hakynda türkmen şahyrlary ençeme poema döretdiler. Ç.Aşyrowyň „Lalyň ogly“ („Ganly sakanyň“ dowamy), T.Esenowanyň „Çarwa gyzy Nursoltan“, „Lenin hakynda ballada“, K.Gurbannepesowyň „Taýmaz baba“, „Ata we ogul“, B.Seýtäkowyň „Senemiň söýgüsi“, „Ýagtylyga“, A.Atajanowyň „Guşgy galasy“, B.Hudaýnazarowyň „Gyzgyn sähra“ ýaly dürli döwürleriň häsiýetli wakalary, konfliktleri, ynsan häsiýetleri suratlandyrylýar.

Döredilen şygyrlar, poemalar gozgalan hem çözülen meseleler türkmen sowet poeziýasynyň-da umumysoýuz poeziýasynyň sostaw bölegidir. Umumysoýuz poeziýasynda dörän täzelikler türkmen poeziýasyna-da mahsus bolup, şol eserlerde nogsanlyklar ýok däldi. Durmuş wakalary ýüzleý suratlandyrmak, käbir meselelere düşünmezlik, tipikligiň kemterlik etmegi ýaly hadysalar duýulýardy.

Aktuallyk, opratiwlik, durmuşyň öňe süren temalaryna wagtynda seslenmeklik poeziýa mahsusdyr. Ýöne şoňa eýerjek bolnup lezzetsiz, biri-birine meňzeş, guraksy şygyrlaryň peýda bolmagy okyjyda nägilelik döredýär. Dürli temada ýazylan käbir goşgularda şahyrlaryň öz ýüzi görünmedi, biri-birinden tapawutlanmady (oktýabr, watançylyk we ş.m. temalar). Olarda şahyrana duýgulara derek şowhunly sözler, boş dabara, mahabatly setirler agdyklyk etdi. Muňa garamazdan G.Seýitliýewiň, A.Atajanowyň, M.Seýidowyň, B.Hudaýnazarowyň, A.Haýydowyň we başgalaryň kämil poeziýasy ozalky baý däpleri gyşarnyksyz dowam etdirdi.

Şol ýyllar prozanyň ösen ýyllary boldy. Şu döwre çenli poeziýa has agramly bolan bolsa, indi orny proza eýeledi. Şu döwür prozasy möçber babatda ösdi, durmuşyň dürli tamalaryna batyrgaý aralaşyp başlady. Roman žanrynyň ymykly aralaşan döwri boldy. Taryhy-rewolýusion tema giňden işlenildi. Häzirki zaman meselesi-de ýazyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Harby-watançylyk tema hekaýadan poweste, powestden romana aralaşdy. Edebiýatda köp tomly romanlaryň örüsi giňedi. Taryhy-rewolýusion temada roman-epopeýalayň tapgyry döredi. Romanlarymyza psihologizm aralaşdy. Edebi tankyt oňaýly baha berdi. Şu döwürde türkmen dramaturgiýasy tematiki babatda uly ösüşleri başdan geçirdi. Durmuşy doly we dogry suratlandyrmaga, döwürdeşlerimiziň bitirýän işlerini, duýgularyny, döwrüň wakalaryna garaýyşlaryny eserlerinde beýan etdiler. Dramaturglarymyzyň gahrymanlaryň gylyk-häsiýetlerini açyp görkezmekde ussatlygy artdy. G.Muhtarow, T.Taganow, A.Mämiliýew, B.Suhanow, M.Gurbangylyjow ösüp gelýän dramaturglar gahrymanlaryň obrazyny barha çuň suratlandyrmaga çalyşdylar. G.Muhtarowyň „Otuzynjy ýyllar“, „Şeýtan zürýatlary“, A.Garlyýewiň „Agalar hem çagalar“, B.Amanowyň „Hazynalar adasy“, B.Hudaýnazarowyň „Gaýduwsyzlar“, A.Mämiliýew bilen B.Suhanowyň „Çatrykda“ ýaly pýesalary dramaturgiýamyzy baýlaşdyran eserlerdir. Şu ýyllaryň dramaturgiýasynda ownukçyllygy,obrazlaryň özboluşlylygynyň duýulmaýanlygyny kemter tarapy hökmünde bellemek gerek. Gönümellikden hem daşlaşyp bilmändiklerini, şoňa garamazdan ösüşleriň bolandygyny aýtmaly.




Uruşdan soňky döwür Türkmen Sowet edebiýaty. (7 leksiýa)



Kommunistik partiýanyň ýolbaşçylygynda, sowet halklarynyň agzybirlik esasynda Beýik Watançylyk urşunda ýeňiş gazanyldy. Uruşdan soňky dikeldiş döwründe sowet halklarynyň urşunda doganlyk-dostluk has-da berkedi. Uruşdan soňky ýyllarda senagatda, transportda, oba-hojalygynda we ylmyň, medeniýetiň hem-de sungatda heme görnüşlerinde uly üstünlikler gazanyldy. 1940-1948-nji ýyllar aralygynda edebiýat we sungat işlerini gowylandyrmak barada Merkezi Komitet birnäçekarar kabul edýär. Kynçylykdan gorkmaln her hili päsgelçilikleri ýeňip geçmäge taýýar bolan nesil ösdürip ýetirşdirmäge ýazyjylaryň öňünde uly borç durýar. Ähli doganlyk halklarynyň edebiýatynda bolşy ýaly köpmilletli sowet edebiýatynyň aýrylmagy bir bölegi bolan türkmen sowet edebiýatynda-da uruşdan soňky ýyllarynyň içinde üstünlik gazanyldy.

B.Kerbabaýewiň „Aýgytly ädim“ romany, „Aýsoltan“ powesti, A.Gowşudowyň „Köýtendagyň eteginde“ romany we birnäçe hekaýalary, powestleri, G.Muhtarowyň „Allan aganyň maşgalasy“ dramasay, G.Seýitliýewiň „Jahan“ pessasy, H.Ysmaýylowyň powestleri, H.Pommanyň „Bagbanyň gelni “, Ç.Aşyrowyň „Ganly saka“ poemalary, G.Seýitliýewiň, A.Salyhyň, R.Seýidowyň, T.Esenowanyň we beýleki ýazyjy-şahyrlaryň eserleri edebiýatymyzyň proza, poeziýa, drama žanrlarynyň gowy mysallary hasaplanýan ol eserlerde Türkmen halklarynyň durmuşyndaky möhüm wakalar suratlandyrylyp, sowet halklarynyň arasyndaky mäkäm dostluk, sowet adamlarynyň parahatçylyk uruşdaky göreşleri taraşlanýar.

Olardan „Aýgytly ädim“ romany, „Aýsoltan“ powesti, „Allan aganyň maşgalasy“ Stalin baýragynyň laureatlygyna mynasyp boldy.

Şu temalarda Merkezi Komitetiň kararlaryn we görkezmeleri, „Prawda“ gazetiniň çykyşlary edebiýatymyzdaky kemçilikleriň we ýalňyşlyklarynyň üstüni açyp, ony düzetmegiň ýollaryny salgy berdi. Şu ýyllar edebiýaty öwreniş ylmynda hem janlanyş başlady. H. Aşyrowyýň türkmen edebiýatynyň uruş ýyllaryndaky ýagdaýy hem-de aýry-aýry şahyrlaryň döredijiligi barada ýazan işleri, edebiýatyň A.Kekilowyň edebiýat teoriýasyna degişli işleri, tankydy makalalary ýüze çykdy. Şuňa garamazdan, edebiýatyň problemalaýyn meselelerini gozgaýan ylmy işleri azdy. Ýazylýan tankydy makalalaryň teoretiki ugry pesdi, derňelýän eserleriň çeperlilik derejesini derňemäge az üns berilýärdi.

BK (b) MK-niň „Drama teatrlarynyň repertuary we ony gowylandyrmak çäreleri hakynda“ we onuň yzy süre TKP MK-nyň „Drama teatrlarynyň repertuary we ony gowylandyrmak çäreleri hakynda“ (1946) çykaran karary esasynda dramaturgiýamyzy ösdürmek barada köp işler edildi. Şuňa esaslanyp ýazyjy-şahyrlarymyz uruşdan soňky döwürde niçeme çeper eserler döretdiler. T.Şuhtsiwyň „Allan aganyň maşgalasy“, T.Seýitliýewiň „“, B.Pürliýewiň „Bagtly ýaşlyk“, A. Garlyýewiň „Başlyk“, N.Pomma „Çalşan portfel“, B.Seýtäkowyň „Bahargül“, T.Seýitliýew bilen G.Muhtarowyň „Kümiş guty“, „Çopan ogly“, B.Awanowyň „Kemine“ atly eserleri ýazyldy.

A. Salyhyň, G.Seýitliýewiň, P.Nurberdiýewiň, D.Haldurdynyň, Ç.Aşyrowyň, P.Seýidowyň, T.Esenowanyň, A.Kekilowyň, Ý.Nasyrlynyň, P.Alyýewiň ýaş şahyrlardan A.Atajanowyň, Anna Kowusowyň, H.Gurbanowyň, K.Gurbannepesowyň, M.Seýidowyň, A.Haýydowyň we beýlekileriň uruşdan soňky ýyllarda döreden eserleri poeziýamyzyň ideýa-çeperçilik derejesiniň ösendigine, tema çäginiň giňelendigine şaýatlyk edýär.

Parahatçylyk, dostluk-agzybirlik temasyna bagyşlanan ençeme eserler döredilýär. Türkmen ýazyjy-şahyrlary Beýik Oktýabr rewolýusiýasynyň beren özbaşdak täze durmuşyny, Beýik watançylyk urşunda doganlyk halklarynyň jebisleşip gazanan ýeňişini, uruşdan soňky parahatçylykly döwrüň üstünlikleri, dünýä boýunça parahatçylygy goramakda sowet halklarynyň tagallasyny dürli žanrlarda döredilen eserlerde ýazyp beýan etdiler. T.Seýitliýewiň „Men gol çekýärin“, „Parahatçylyk ýeňer“, „Taryhyň tigri yzyna dönmez“, A.Salyhowyň „Agzybirlik hemme zatdan güýçlidir“, Pommanyň „Uruş oduny ýakan-ýanar oduna“, P.Seýitowyň „Çyn ynsanlar parahatçylyk isleýär“, T.Esnowyň „Gändogar aýallaryna hat“ goşgulary, B.Kerbabaýewiň „Syrly depe“, P.Alyýewiň „Annagül“ ýaly goşgudyr poemalary döredildi. Şu eserlerde doganlyk dostluk ideýalarý, parahatçylykly durmuş, senagatda we oba hojalygynda çekilýän azap zähmetiň waspy ýetirilýärdi.

Şu döwärde biziň ýazyjy-şahyrlarymyz kolhozyň häzirki keşbini görkezmäge, kolhozçylaryň durmuşyny beýan edýän ençeme eserler döretdiler. A.Gowşudowyň „Köpetdagyň eteginde“, B.Kerbabaýewiň „Aýsoltan“ romandyr powesti okyjylaryň söýgüsini gazandy. Ýazyjy B.Seýtäkowyň hem şu ýyllar gaty öndürimli işlän ýazyjylaryň hatarynda durýar. 1948-nji ýylda „Oba hekaýalary“ atly ýygyndylary, „Döwürdeşler“ powesti çap edilýär. Bu eserler esasan kolhozçylaryň durmuşyndandyr. Biziň günlerimiziň öňdebaryjy adamlarydyr, täze intelligentleridir. Şu agzalan eserlerde kolhozda zähmet çekýän öňdebaryjy adamlar we olaryň durmuşy, gülläp ösüşini görkezmek bilen birlikde, täze ýaşaýşyň ösüşine bökdelýän päsgelçilikleriň-de sungatlarydyr, yza galan kömekçi adamlary paş edýär.

Şol eserlerde adamlaryň häsiýetlerinde, geçmişiň zyýanly galyndylaryna garşy göreşde, täze düşünjäniň ösüşi-de görünýär. Emma olaryň käbirinde häsiýetleriň çaknyşyklaryny şekillendirilmekde, ýazyjylaryň durmuşy doly öwrenilmändigi hem-de synçylygynyň kemter gelýän ýerleriniň bardygyny, konfliktleriň ýitileşmän, gül-alagüllük edilip suratlandyrylýandygyny bellemek gerek. B.Seýtäkowyň powestleridir, hekaýalarynda bu has-da duýulýar. („Moskwanyň ýalkymy“ we ş.m.) Şolarda kemçilikler konfliktsizlik hakykaty timarlap görkezmäge, garşylyklary ýuwmarlamaga ymtylmanlygy duýulýar. Gahrymanlar düýpli bir zady ýeňip geçmeli, göreşmeli bolmaýar, pozisiýalaryny, belent ideýalaryny goramaly bolmaýar. Gahrymanlaryň göreşde bişişmelidigini, talanmalydygyny päsgelçilikli göreşde terbiýelemelidigini, göreş prosesinde kemala gelmelidigi unydylýar.

Edebiýatymyzyň uruşdan soňky döwründe A.Aborskiý, P.Karpow, B.Gurbanow, H.Pomma, Bürliýew we beýleki ýazyjylarymyz hem kolhoçylaryň we oba intelligentleriniň durmuşyna degişli hekaýalar we oçerkler döretdiler. Şu döwürde roman, powestlik uly eserler köp ýazylan bolsada çeper publistika, hekaýa, oçerk žanrlary agsaýar. Şu ýyllarda taryhy rewolýusion temada hem eserler döredildi. „Aýgytly ädim“ doly kitap görnüşinde 1949-njy ýylda çykýar. Ç.Aşyrowyň „Ganly saka“ poemasynda şu döwrüň önümidir. 1953-nji ýylda A.Gowşudowyň hekaýalar ýygyndysyny aýratyn kitap edilip çykaryldy. Şolarda halkyň taryhy geçmişi beýanyny tapýar.


Uruş döwründe poeziýanyň esasy öwrülmegi. Şol döwrüň çeper eserlerinde çuňňur watançylyk ruhunyň şöhlelenmesi. Edebiýatyň häsiýeti.



Beýik Watançylyk urşunyň başlamagy bilen türkmen çeper edebiýaty babatda ýokary derejä göterilmekbilen durky boýunça öz güýjini harby tema gönükdirildi. Urşuň ilki günlerinden halkyň watançylykly, gahrymançylygyny belli edýän goşgular bilen çykyş edilip başlandy. Poeziýa-žanry şu döwürde şu ýörgünli boldy. Ol bilen žanrlary ýazan tapawutlylykda gündelik durmuş hadysalaryny gazetlerde çykýan habarlary goşgy setirlerine geçirmek bilen täsirli formada halka ýetirmäge çalyşýardylar.

Ata Salyk söweşjeň häsiýeti bilen söweşjeň batyr ýigitleri taryplap, duşmana garşy aýaga galmagy, watany goramagy ündäpdi . Onuň şygrynda


Meýdan merdiňkidir –pugta bilmeli,

Şygarymyz – „almaly ýa ölmeli“,

Watan gahrymany şille bolmaly,

At salyp, gylyjyn syryň ýigitler.


diýip belleýşi ýaly, her zat etmeli duşmanlyeýmendirmeli diýen ideýany halkyň aňyna guýmaga çalyşýar.

Beýik Watançylyk urşunyň başlamagy bilen halk köpçüliginiň daşynda hasada jebisleşdi. Ýazyjy-şahyrlar ylhamlaryny ganym duşmanyň garşysyna gönükdiripdirler. Urşuň başynda döredilmeli goşgular köplere mahsus häsiýetde boldy.Durdy Gylyç halkymyzy Watan goragyna çagyrýan ençeme şygyrlar döretdi. Onuň „Ýörüň“,“Gerekdi“, „Iberiň urşa“ „Bökdemäň meni“ şygyrlary muňa aýdyň mysal bolup

Ol:


Aýagym tankdyr,ýuwrüp ýetişer,

Ellerim bombadyr,baryp gatyşar,

Billerim berk meniň,göreş tutuşar,

-Göziýok garry- diýip bökdemäň meni!

ýa-da:


Durdy Gylyç, baryp sorajak pajym,

Adamhor itlerden alaryn öjüm.

Haýal görmäň meni,kän meniň güýjüm,

-Gözi ýok, garry-diýip bökdemän meni.

Bu setirler , bir tarapdan,şahyryň şol agyr günlerde halk bilen,watan bile dem alýandygyna şaýatlyk etse, ikinji tarapdan,Watanyň üstüne howp abananda her bir päk ýürekli adamlaryň aýaga galmalydyklaryny nygtamak isleýändiklerini görkezýär.Ol parahat günleriň hözürine guwanyp,halkyň bagtly we gurply durmuşyny wasp edişi ýaly,uruş günlerinde hem halkyň gerdenine düşen kynçylyklary,hesretleri bile cçekmäge taýyn. Beýleki halk şahyrlary bilen birlikde urşuň ilkinji güninde B.Kerbabaýewiň, B.Seýtäkowyň, G.Seýitliýewiň, A.Kekilowyň we beýleki ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde ýokardaky häsiýetde ýazylan eserler edebiýatymyzyň taryhynda köp duş gelýärsiň. P.Seýidow urşuň ilkinji günlerinden başlap döreden goşgularynda duşmana garşy atly-gylyçly söweşmek ideýasyny öňe sürýär.

Atamyň gyljyny gynyndan aldym,

Keserin,çaparyn,baryn gyraryn.

Üzeňňine galaňda,

Her bir gylyç salsaňda,

Duşman başyn alaňda,

Diý- bu namys-ar üçin...

Diý - bular Serdar üçin,

Diý- bu hossar üçin,

Diý- bu söwer ýar üçin

ýaly setirleriň üsti bilen Watan goramaga giden edermen ýigide sarygyt etmek bilen diýjek ideýasyny çeper belli edýär. G.Seýitliýew „Halkym“ goşgusy hem şu döwürde çuň watançylydy bilen Şahyr halkyny adalatly göreşe çagyrýar. Goşguda duşmanlaryň rehimsizligini, zalymlygyny beýan edýär. Duşman tarapyndan medeniýet öýleriniň gözel ymaratlary weýran edilip çagalary, garrylary gyrgyna berişi suratlandyrylýar


Siz, eý azat atalar!

Siz, eý azat eneler!

Siz, eý gyzlar!

Biziň parlak ýyldyzlar!


Goşgudangörnüşi ýalak şahyr Watan asudalygyny isleýär.Onuň döreden goşgularynyň watançylyk häsiýeti ýokarydyr. Şahyr hemme zatdan öz mukaddes Watanyny ýokarda goýýar.Watan azatlygy ugrunda janyňy orta goýmakdan birjik-de çekinmeli däldigini nygtaýar. Poeziýada eser döretmek urşuň başlan uçurlarynda her-bir ideýa seslenmegiň amatly bolanlygyndandyr. Poeziýada hemişe-de operatiwlik duýulýar. Şol goşgularyň özü-de çuň Watançylyk Watany janyň-teniň bilen söýmeklik, Watan üçin gerek bolsa janymyňy-da gurban etmek ündelýär. Şol döwürde döredilen sýužetli eserlerde-de çuň watançylyk ideýabar. Ony „Ogulbossan“, „Leýtenandyň ogly“, B.Kerbabaýewiň „Atlar“ poemalarynyň mysalynda görmek bolýar. Şol poemalar umumysoýuz akymyň esasynda döredilendir. Esasy temasy Watany jan-tenden goramak üçin söweş meýdanynda jan almak batyrlyk bilen söweşmek, tylda galanlar bolsa tutanýerli zähmeti bilen Fronty goldamak ideýasyndan ugur alynyp, halkyň başyndan geçýän pajygaly hadysalary suratlandyrmakdan ybaratdyr. Faşistik zalymlaryň rehimsizligi ýaş-garry, aýal-erkek diýmän basypalyjyly maksatlary üçin hiç zatdan gaýtman edýän zalymlygy suratlandyrylýar. Halkda duşmana ýigrenç, gahar-gazap döredýär. Watana wepalylygy ýaman niýet bilen aýak basan içalylardan hüşgär bolmaklyga çagyrýar. Şu eserlerde sowet halklarynyň agzybirlik bilen hereket etmekleri, bir maksat ugrunda jan almak göreşmekleri netijesinde gazanylan ýeňiş belli edilýär. Şuňa mysal hemmämiz D.Haldurdyýewiň „Azatgül“ poemasyny mysal alyp göreliň Adyndan belli bolşy ýaly Azatgül diýen gyzyň başyndan geçiren gahrymançylygy belli edilýär. Ol fronta gidip, sürüji bolup işleýär. Kakasyna duşýar, ikisi münüp duşmana garşy bilelikde berk durup, duşmany gyrýar. Uruş ýyllarynda döredilen eserlerde gahrymançylyk köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Watanyň azatlygyny ýurtbasar duşmandan gormak, fronda söweşýän esgerleriň batyrlygyny, tylda zähmet çekýän zähmetkeş halkyň keşpleri açylyp, görkezýän ajaýyp eserler döredilipdir.

Bu operatiw bolan şahyrlarda gündelik durmuşlaryndan, gören-eşiden wakalaryny belli edip eserler döretdiler. „Duşmana hüjim“ Durup Haldyrdy, „Goç ýigitler Berlinde“, „Köçämizde“, Ç.Aşyrowyň „Ermeni gyzy“, H.Pommanyň „Sözleýär Pomma“, „Ädigimiň ýoly“ P.Alyýewiň „Sowet soldaty“ we ş.m. ýatlamak bolar. Şu eserlerde duşmana garşy göreşen edermen watançylaryň keşbi görünýär.

Urşuň başlan döwründäki şygyrlarda shematiklik, durmuşdan üzňelik duýulýar. Entäk uruş tilsimlerini gözleri bilen görmän, oýlaýşyna görä suratlandyrylýar.

Uruş ýoluny geçen atlary agzalan şahyrlaryň döredijiligi gündelik uruş belli edýän wakalary ynandyryjy durmyşdan ugur alynyp ýazylypdyr. Şony ýazanlaryň içinde H.Saryhanow, A.Kekilow ýaly söz ussatlarymyz faşistik duşmanlaryň garşysyna alynyp barylýan söweşlerde gahrymanlarça gurban boldular. Ellerine ýarag alyp ötgür galamlary bilen soňky demlerine çenli duşmanyň garşysyna göreşdiler.



Скачать

Рекомендуем курсы ПК и ППК для учителей

Вебинар для учителей

Свидетельство об участии БЕСПЛАТНО!