СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Men Bitarap döwletiň raýaty. Taslama işi.

Нажмите, чтобы узнать подробности

"Altyn asyryň altyn zehinleri" atly bäsleşiginiň çäginde geçirilen taslama bäsleşigiň etrap derejesinde 3-nji orna mynasyp bolan "Men Bitarap döwletiň raýaty" ady bilen goralan ylmy- gözleg işi.

Ylmy ýolbaşçysy: Geldiýewa Ýaňyl Rejepowna

 

Taryh we jemgyýeti öwreniş dersleri boýunça ýazan “Men Bitarap döwletiň raýaty” atly ylmy-gözleg işimde men häzirki zaman ýaşlaryň taryha, Diýarmyzyň geçmişine bolan garaýyşyny anyklamakçy boldum we ýaşlaryň taryhy sowatlylygynyň döwlet hem-de jemgyýetçilik üçin täsirini kesgitlemekçi boldum.  

Şeýle hem, bu gözleg işimiň gidişi boýunça uly synplaryň (8-11-nji synplaryň) okuwçylarynyň arasynda soragnama almagy, hem-de dünýäde we Türkmenistanda bolup geçýän käbir häzirki döwür wakalaryň bölekleýin seljermesini bermegi meýilleşdirdim.

Meniň bu ylmy-gözleg işim okuwçylar üçin hem, taryh mugallymlar üçin hem peýdaly hem-de gyzykly bolan diýen çaklamam bar.

Просмотр содержимого документа
«Men Bitarap döwletiň raýaty. Taslama işi.»

Men Bitarap döwletiň raýaty


Taryh we jemgyýeti öwreniş dersleri boýunça ýazan “Men Bitarap döwletiň raýaty” atly ylmy-gözleg işimde men häzirki zaman ýaşlaryň taryha, Diýarmyzyň geçmişine bolan garaýyşyny anyklamakçy boldum we ýaşlaryň taryhy sowatlylygynyň döwlet hem-de jemgyýetçilik üçin täsirini kesgitlemekçi boldum.

Şeýle hem, bu gözleg işimiň gidişi boýunça uly synplaryň (8-11-nji synplaryň) okuwçylarynyň arasynda soragnama almagy, hem-de dünýäde we Türkmenistanda bolup geçýän käbir häzirki döwür wakalaryň bölekleýin seljermesini bermegi meýilleşdirdim.

Meniň bu ylmy-gözleg işim okuwçylar üçin hem, taryh mugallymlar üçin hem peýdaly hem-de gyzykly bolan diýen çaklamam bar.


Işiň mazmuny.

1.Giriş. “Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz”. Raýat öz Watanynyň taryhyny bilmelidir.

2. “Bitaraplyk” düşünjesiniň döremeginiň taryhy şertleri.

Bitaraplyk näme? Muny hemme bilmelidir.

3. “Nyşan” sözüne berilýän many-mazmuny. “Parahatçylyk nyşanlary”

4.Birleşen Milletler Guramasy barada gysga maglumat.

5.Türkmenistan - Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda

6. Jemleme. Bitaraplygyň beren miwesi.


Türk­men hal­ky üçin Wa­tan­dan eziz zat ýok. Ene top­ra­gyň mer­te­be­si­ni de­pe­si­ne täç edin­ýän hal­ky­myz bu mäh­ri­ban ýur­dy “Baş­la­ry­my­zyň tä­ji, göz­le­ri­mi­ziň nu­ry” di­ýip söý­gü­läp­dir. Ga­ra­ja­og­lan ýa­ly us­sat­la­ry­myz bol­sa, ýat il­ler­de Wa­tan mäh­ri­ne zar bo­lup: “Ga­dyr­ly-gym­mat­ly ile gi­de­li” di­ýen ýa­ly aja­ýyp se­tir­le­ri­ni ýa­zyp, was­py­na aý­dym dö­re­dip, şan-şöh­ra­ty­ny paý­has dür­le­ri bi­len my­na­syp ta­ryp­la­ma­gy ba­şa­ryp­dyr. Ro­wa­ýat­la­ryň bi­rin­de şeý­le di­ýil­ýär: “Sol­tan Je­la­led­din sö­weş­de agyr ýa­ra­la­nyp­dyr. Öň­ler des­si­ne aýak üs­tü­ne ga­lyp, sa­ga­lyp gid­ýän Je­la­led­di­niň te­ni­ne dü­şen ýa­ra­la­ryň bit­me­si kyn bo­lup­dyr. Te­bip­ler dür­li gör­nüş­li mel­hem­ler ula­nyp­dyr­lar, em­ma ne­ti­je ber­män­dir. Ahy­ry Sol­ta­nyň özi: “Ma­ňa öz top­ra­gy­myň gu­mu­ny we Jeý­hu­nyň su­wu­ny ge­ti­riň! Wa­tan top­ra­gy äh­li der­de der­man­dyr, mel­hem­dir” di­ýip­dir. Aý­dy­şy ýa­ly, Wa­tan top­ra­gy­ny alyp, su­wu­ny içen­den soň­ra, Sol­ta­nyň ýag­da­ýy gör­ne­tin go­wu­la­nyp baş­lap­dyr. Tiz wagt­dan hem der­din­den gu­tu­lyp­dyr.

Geç­miş­de da­na­la­ry­myz, akyl­dar­la­ry­myz “Wa­tan maş­ga­la­dan baş­lan­ýar” di­ýip­dir­ler. Çün­ki Wa­ta­na söý­gi ene-ata­ňa bo­lan söý­gü­den baş­lan­ýar eke­ni. Biz mu­nuň şeý­le­di­gi­ni Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň “Döw­let gu­şy” at­ly aja­ýyp ro­ma­nyn­da ýa­şa­jyk Mä­lik­gu­ly­nyň:
Şu­ny my­dam ýat­da sak­laň, dost­la­rym,
Ýü­rek­leň buý­san­jy Wa­tan­dyr, Wa­tan!
Wa­ta­na sež­de et­mek hök­man, dost­la­rym,
Pe­der­leň da­ýan­jy Wa­tan­dyr, Wa­tan!
– di­ýen ben­di­niň üs­ti bi­len hem Aý do­gan dek, aý­dyň du­ýup bil­ýä­ris.
“Kö­ne­si bol­ma­dy­gyň tä­ze­si bol­maz”, “Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz” di­ýen pä­him­den ugur alyp, Wa­ta­ny­nyň şan­ly geç­mi­şi­ne gu­wan­ýan, şöh­rat­ly ta­ry­hy­na buý­san­ýan hal­ky­myz onuň ab­raý-de­re­je­si­niň ro­waç gel­je­ge ynamly do­wam bol­ma­gy üçin zäh­met çek­ýär­ler, ýur­du­my­zyň ýe­ten be­lent de­re­je­le­ri­ni wasp ed­ýär­ler.

Bilim almak, sowatly bolmak – şu gün, ilki bilen, bu häzirki döwrüň şahsyýetiniň ruhy taplanmagydyr. Dünýä derejesinde bu mesele, alymlaryň aýtmagyna görä, wajyp meselä öwrülýär. Köp döwletleriň ýaşlarynyň taryhy däplere bolan, taryhy jogapkärçiligi duýgulary küteleşip, günbatar medeniýetiniň şübheli gazançlary aňlaryna siňşip ugrady. Taryhy ýatkeşlilik örän daşlaşyp başlady. Aň-huşuny Internet tory çolap aldy. Bu hakykat dogrudan hem şeýlemi-kä? Gelin, munuň anygyna ýetip göreliň.

Şu ylmy-gözleg taslamanyň esasy maksady:

- deňduşlarymda Bitarap Watanyň öňünde raýatlyk borjuny ýerine ýetirmek baradaky duýgularyny has-da ösdürmek, bu mesele boýunça dünýägaraýyşlaryny giňeltmek.


Maksadyma ýetmek üçin şeýle wezipeleri belledim:

1.raýatyň hukuklaryny we borçlaryny has çuň öwrenmek üçin ylmy çeşmelere ýüzlenmek;

2.her bir Türkmenistanyň raýatynyň Parahatçylygy, Bitaraplygy gorap saklamak üçin borçlary barada degişli bolan düşünjeleri öwrenmek;

3.Diýarymyň ösüş ýoluny öwrenmek we Türkmenistanyň Bitaraplygy barada, raýatlyk borçlarymyz barada mekdepde sergi geçirmek.


Bu wezipeleri ýerine ýetirmek üçin şeýle usullary ulandym:

1.mekdebimiziň uly synp okuwçylaryndan soragnama almak we onuň seljermesini geçirmek;

2.ýörite çeşmelerden alnan maglumatlara seljerme bermek.


Men – raýat, diýmek, men - köp milletli, baý medeni mirasly, uly taryhy geçmişli, berkarar Türkmenistan döwletiniň bir bölejigi bolýan. Mende şu döwletiň raýaty hökmünde hukuk we borçlarym bar. Watany söýmek, onuň kanunlaryny hormatlamak we hukuknamalaryna aýawly seretmek meniň borjumdyr. Päk raýat hökmünde men diňe öz Watanymyň kanunlaryny we taryhyny bilmek bilen çäklenmäni, eýsem borçlarymy ýerine ýetirmek, Watanymyň gülläp ösmegi üçin zähmet hem çekmelidirin.

Öz Watanynyň mynasyp raýaty hökmünde watansöýüji bolmaly, halkymyň däp-dessurlaryny, sarsmaz milli ruhy gymmatlyklaryny öwrenmeli, bilmeli we hormat goýmaly. Nirede bolsam-da, türkmen adynyň abraýyny belentde saklamaly. Raýatyň borçlaryny aýdyp otursa, söz köp. Ýöne men ýokarda agzap geçen zatlary ýeterlik däl diýip hasap edýärin. Sebäbi raýat ýene-de durmuşy işjeň garaýyşly, şahsy jogapkärçiligini duýýan bolmalydygyny bilýärin. Men Watanyma, Watanymyň raýatlygyna buýsanýaryn we haçan-da bolsa, Watanym hem maňa buýsanar diýip umyt edýärin. Men muňa ynanýaryn.


Ylmy-gözleg işimi men okuwçylaryň taryhy söwatlylygynyň derejesini öwrenmekden başladym. Soragnama mekdebimiň uly synp okuwçylary gatnaşdy, jemi 97-i okuwçy gatnaşdy.

Şeýle soraglarlara jogap bermekligini teklip edildi:

1.Öz maşgalanyň taryhyny gowy bilýärmiň?

2.Kim ol barada saňa gürrüň berdi?

3.Maşgalanyň “nesil daragtyny” döredip biljekmi?

4.Türkmenistanyň haýsy taryhy wakasyny has gowy bilýärsiň?


S orag alnan okuwçylaryň 62-i göterimi Türkmenistanyň taryhy bilen gowy gatmaşykda bolup, dürli taryhy wakalar barada gürrüň bermegi başardylar. 30 göterimi bolsa has anyk maglumatlara jogap bermegi başardylar. Emma okuwçylaryň 8 göretimi maşgalasynyň taryhy barada gürrüň bermegi başarmadylar.

Dogrudanam, taryhy, geçmişi bilmek zerurmy?

Taryhy bilmeklik jemgyýetiň ruhy we aň-düşünjesiniň ösmegine ýardam berýär, onuň dünýägaraýşyny baýlaşdyrýar we kämilleşdirýär. Taryh biziň aklymyzyň durnuklylygyny ösdürýär, geçmişde bolup geçen ýalňyşyklardan goraýar.

Ondan başga-da, taryhy öwrenmek – bu at-abraýa sarpa goýmagydyr. Biziň ýagty geljegimiz üçin wepat bolanlaryň sarpasy. Taryhy öwrenmek netijesinde halkymyzyň jemlän we halkymyzy birikdiren taryhy ýatkeşligimiz we taryhy aň-düşünjämiz döreýär, taplanýar, ahlak ýöreldelerimizi döredýär. Halk döredijiligi esasynda biziň zähmete, tebigata bolan, adamlaryň öz arasyndaky we beýleki halklar bilen gatnaşyklary ykrar edýär, däp-dessurlary berkidýär. Gadymy siwilizasiýalar döwründen bäri taryh durmuşuň terbiýeçisi hökmünde garalýardy.

Şu gün taryhy öwrenmek bilen adamzat siwilizasiýasynyň döräli bäri ähli tejribesini, umumyadamzat medeni gymmatlyklaryny ele alyp bolýar, şol bir wagtyň içinde, öz Watanymyzyň özboluşly aýratynlyklary duýup, asyrlar boýy dünýäde döredilen ähli gowulyklaryň içinde türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak goşantlaryny goşandygyny görüp bolýar.


Ýaşlar – kim? Näme üçin olar taryhy maglumatlary bilmeli?

Ýaşlar – bu Watanyň ähli ugurly ösüşine itergi berýän demografiki (ýurduň ilaty) ýöredijidir. Bu döwletimiziň durnuklulygynyň we abadançylygynyň görkezejisidir, Watanymyzyň daýanjy we güýjüdir. Geljekde döwletiň uly wezipelerini eýeläp, ýörelgelerini alyp barmaly adamlar, ondan geljekki nesilleri terbiýeläp ugrukdyrjak adamlar.


2014-2015-nji ýyllarda Moskwa ynsançylyk uniwersitetiniň hünärmenleriniň geçiren soragnamasynda ýaşlaryň taryhy bilimleriniň derejesiniň örän aşakdadygyny görkezdi. Uniwersitetleriň talyplarynyň arasynda “Taryhy wakalaryň falsifikasiýasy (ýalňyş berilmegi) we häzirki zaman rus ýaşlarynyň häsiýetine täsirliligi” atly taslama laýyklykda alnan soragnama şeýle netije beripdir:

- ýaşlaryň 41,7% taryha biperwaý garaýandyrlary;

- 47,9% “taryhy çala bilýäs, ýöne öwrenýäs” diýip jogap bermegi;

- 27% “taryh bilen hiç iş salyşmaýas” diýip jogap beripdirler.

90-njy ýyllaryň ahyrynda mekdep okuwçylary taryhy şahsyýetler barada doly joga berip bilen bolsalar, eýýäm2010-njy ýylda şol bir soraga diňe 74 % jogap bermegi başarypdyrlar. Emma jogaplarda hiç bir taryhy alymyň, oýlap tapyjynyň we açyş eden syýahatçynyň, sungat wekilleriniň atlary ýokdy.

Soragnama nämäni ykrar etdi? Ýaşlar öz raýatlyk borjuny ýitirýärler; olar diňe alyjylara öwrülýärler diýip, netije çykaryldy.


Şeýlelikde, raýat nämeden başlanýarkä diýip, biz hem bu meselä ýüzleneliň?

Özüniň uly döwlete degişliligini we mukaddesligini duýmakdan başlanýar. “Men – Türkmenistanyň raýaty” diýen sözlerde beýik halky, onuň edermen taryhy, baý medeniýeti, ylmy ösüşleri we ummansyz baýlyklary jemlenendir.

Watana ýokary derejeli hünärmenler gerek bolsa, biz gaýrat bilen okaýarys, bilim alýarys; päk ýürekli, kanunlara hormat goýýan raýatlar gerek bolsa, biz bu häsiýetleri özümizde ösdürýäris, terbiýeleýäris.


Soňky ýyllarda dünýäde bolýan wakalar örän gyzgalaň geçýär. Köpçülikleýin maglumat berýän serişdelerden häli-şindi dünýäniň dürli künjeklerinde täze lokan (aýry-aýry) ýerlerde çaknyşyklar tutaşýar diýen maglumatlary eşitmek bolýar. Şeýle, ýönekeý bolmadyk ýagdaýlarda, telewizorlaryň ekranyndan ýa-da gazet-žurnallardan (galyberse, Internet torundan) “bitaraplyk” diýlen düşünjeler ýaňlanýar.

















Bitaraplyk düşünjesi taryhyň orta asyrlaryndan bäri ulanylýan düşünje. Emma onuň has anyk häsiýetini adamlar (döwletler) diňe XVI asyrdan düşünüp başlapdyrlar. We bitaraplyk – bu hökmany ýagdaýda saklanylmaly derejedigini ykrar edipdirler.

Taryhda ilkinji gezek döwletleriň “harby bitaraplyk” düşünjesini beýan edilenleri XVIII asyryň ahyrlaryna duş gelýär. Dünýä taryhynda uly yz galdyran – bu 1780-nji ýylyň fewral aýynda kabul edilen we soňlugynda Russiýa imperiýasynyň şazenany Ýekaterina II Jarnamasynda beýanyny tapan iri dünýä döwletleriň birleşigidir. Bu birleşige Russiýa imperiýasy, Fransiýa, Ispaniýa, Amerikanyň Ştatlary, Daniýa, Şwesiýa, Prussiýa, Awstriýa, Portugaliýa, Sisiliýa girdiler. Ol diňe Angliýa döwletinden bagly bolan amerikan welaýatlarynyň öz bitaraplygy üçin göreş tutýan wagtynda hereket edýärdi. 1783-nji ýylda uruş tamamlandy weli, hakykatdan bileleşik dargady. 1800-nji ýylda Russiýa imperiýasy, Daniýa, Şwesiýa we Prussiýanyň arasynda şeýle atlandyrylan ikinji harby bitaraplyk ýene-de baglanyşyldy. Oňa ýene-de (sähelçe üýtgedilen) Ýekaterinanyň Jarnamasy esas hökmünde alyndy. Emma Russiýanyň imperatory Pawel I aradan çykandan soň bu birleşik hem öz işini tamam etdi.


Diýmek, bitaraplyk sözi näme aňladýar? Onuň many-mazmuny nämede?


Bitaraplyk – bu çaknyşykda bolýan döwletleriň pikirine goşulmany, ykrarlygy saklamak; harby ýörişlere gatnaşmazlyk; parahatçylyk döwründe-de hiç bir harby bileleşiklere goşulmazlygy aňladýar.


Bitaraplygyň görnüşleri

Döwletleriň bitaraplygy birnäçe görnüşli bolup bilýär we bu dereje dürli usullar bilen berkidilýär:

1.Şweýsariýa we Awstriýa – hemişelik bitarap döwletler. Bu döwletleriň derejesi içerki hukuk resminamalarynda berkidilen, şondan soň bu döwletleriň derejesini beýleki dünýä döwletleri kabul etdi. Şeýle ýagdaýda, bu döwletler harby çaknyşyklara gatnaşyp bilmeýärler, harby bileleşiklere girip hem bilmeýärler we öz çägini (territoriýasyny) harby maksatly başga bir döwlete berip bilmeýärler.

Şweýsariýa döwleti özüniň bitarap döwletdigini 1648-nji ýylda yglan etdi. Resmi taýdan bolsa 1815-nji ýylda Parižde bolup geçen parahatçylyk ylalaşygynda ykrar edildi. Şeýlelikde, bu döwlet XX asyrlarda bolup geçen iň gan döküşikli uruşlarda-da bitaraplygyny saklap, dünýäde baý we abadan döwletleriň birine öwrüldi.


2.Aziýa, Afrika we Latyn Amerikasy

nyň käbir döwletleri pozitiw (oňyn, hoşniýetliligi öňe sürýän) bitaraplyk syýasatyny saklamakçy bolýarlar. Bu döwletler halkara howpsuzlygy beýan etmek bilen, dartgynly halkara ýagdaýy gowşatmak üçin kömek teklip edýärler, ýaraglanmak hereketinden boýun gaçyrýarlar. Üç ýylda bir gezek Konferensiýa (Maslahat) geçirip, öz bitarap derejesi barada beýan edip çykyş edýärler.

3.Adaty bitaraplyk derejesi barada beýannama bilen çykyş eden döwletleriň biri – Şwesiýa. Onuň esasy aýratynlygy: bu derejäni hiç bir ýerde berkidilmedigi. Bitaraplyk meýletin başlangyçda alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde, bu döwlet öz üstüne ýüklän borçnamalary aýryp hem bilýär, sebäbi dereje hiç ýerde beýanyny tapmady.

4.Käbir döwletler öz üstüne borçnama ýükläp, halkara resminamalara gol çekýärler. Bu “şertnamalaýyn bitaraplyk” adyny alan görnüşi. Muňa mysal hökmünde, Russiýa Federasiýasy bilen Kanada döwletleriň arasynda 1992-nji ýylda Ottawa şäherinde gol çekilen ylalaşygy görkezip bolýar. Bu ylalaşyk iki döwletiň arasyndaky ylalaşyk we hyzmatdaşlyk baradaky Şertnamadyr.


Ähli abraýly halkara hukuk hünärmenleri bitaraplygyň iň ýokary derejesi diýip, diňe uruş (çaknyşyklar) döwründe däl-de, parahatçylyk wagty hem saklanylýan hemişelik bitaraplygy biragyzdan belleýärler. Bu syýasaty alyp barýan döwlet ençeme borçnamalary mydama ýerine ýetirmekligi öz üstüne alýar: çaknyşyklara gatnaşmazlyk, harby bileleşiklere girmezlik we harby maksatly daşary ýurt (başga döwletleriň) binadyr bölümlerini gurmazlyk; çaknyşykdaky döwletlere harby kömegini bermezlik we ş.m.


















Häzirki many-mazmununa eýe bolýança, bitaraplyk uzak ýol geçmeli boldy. Eger-de haýsy-da bolsa bir döwlet özüniň bitaraplyk syýasatyny yglan etse, ol öz üstüne uly borçlary ýükleýär. Mümkin, şol sebäpli, bitaraplyk ýagdaýy dünýäde, isleýşimiz ýaly, giň ýaýramady.


Ýer ýüzündäki halklar parahat ýaşamagy isleýärler. Bu isleg hemmä düşnükli we tebigy islegdir. Öz arzuwyny beýan etmek üçin käbir ýagdaýlarda adamlar söz ulanmany, belli bir nyşanlara ýüzlenýärler. Nyşan hökmünde surat, ösümlik, haýwan, şol sanda guşlar bolup biler.


Parahatçylygyň nyşany diýip, nämä aýdylýar?

Adatça, “nyşan” diýlen bellik – bu gadymy eýýamlardan bäri adamyň ulanýan aýratyn bellikleridir. Köplenç, şeýle bellikleri tugrada, möhür hökmünde ulanýan ýüzüklerde, galkanlarda çekýärdiler. Bu nyşanlar, kime degişli bolsa, güýjüni ýa-da häkimligini, baýlygyny ýa-da urugyny we ş.m. alamatlandyrýardy. Dogrudanam, käwagt duýgyňy adaty söz bilen ýa-da sözlemde beýan edip bolmaýar. Şeýle-de, adamlar käbir ýagdaýlary, wakalary düşündirmek üçin nyşanlara ýüzlenýärler. Şeýle nyşanlaryň biri-de “parahatçylyk nyşanlary”.

Eger-de kimdir birleri maňa: “Hany, dünýäniň asuda ýagdaýynyň şekilini çekip görkez” diýse, maňa şekil çekmek aňsat düşmezdi. Emma nyşan çekip görkezsem, yn-ha, ýerine düşäýýer! Şonuň üçin, alymlar (dürli edebiýatlarda) bu nyşanlara adamyň içki dünýäsiniň – ruhunyň dili hem diýýärler, sebäbi nyşanda onuň çuň many-mazmuny, akyly jemlenen.

Dünýäde nähili parahatçylygyň nyşanlary barka diýip, gyzyklanyp, men dürli çeşmelere ýüz tutdum. We şeýle gyzykly maglumatlary aldym.


Gadymyýetden häzirki wagta çenli parahatçylygy şekillendirýän 7 sany nyşan.


1.1958-nji ýylda iňlis suratçysy Jerald Holtom atom urşuna garşy pasifik atly şekil çekýär. Soňlugy bilen bu şekil ýaraglanma garşy halkara nyşana öwrülýär.


Pasifik – bu iňlis dilinde “nuclear disarmament” (ýadro ýaragyny ýok ediş) sözüniň ilkinji harplaryny şekillendirýän semafor elipbiýniň (deňizçileriň deňizde görkezýän hereketleri) N we D harplarydyr. Tegelek bolsa ählidünýä ylalaşygyny aňladýar. Bu belligiň grafiki şekili örän giň ýaýran we hemmä bellidir.

Jerald Holtomyň özi bu nyşany “Ýokary (asmana) iki elini göterip duran daýhana meňzetdim” diýip hem hatlaryň birinde aýdýar. Haýsy-da bolsa, bu nyşan dünýä ýaýrap, ol diňe parahatçylygyň nyşany hökmünde ulanylýar. Dürli ýurtlarda bu nyşany “tegelege alnan guşuň aýak yzy” hem diýip atlandyrýarlar. Bu nyşany geýimlerde, elde göterilýän sumkajyklarda, bezeglerde, diwarlarda çekýärler. J. Holtomyň aýtmagyna görä, bu nyşany men çekdim, emma ol hemmä degişli; şonuň üçin hemme adamlar öz islegine görä ony ulanyp biler diýip belleýär. Bu nyşanyň giň ýaýrandygynyň ýene-de bir sebäbi bar: nyşanyň şekillendirilişi (suratyny çekmek) örän aňsat, onuň üçin sungat ussatlygy gerek däl; kim tegelegiň içinde göni çyzgy edip bilmez?


2 .Zeýtun şahajygy. Zeýtun şahajygyny çaknyşyklaryň gutarmagy we parahatçylygyň nyşany hökmünde Gadymy Grek döwletinde ulanypdyrlar. Ýene-de zeýtun ýapraklaryndan gelin-gyzlar kellelerine täj hökmünde, ýa-da Olimpiýa ýeňijilerine sowgat hökmünde gowşurylypdyr. Gadymy grek rowaýatlaryna görä, deňziň hudaýy bolan Poseýdon akylyň hudaýy hasaplanýan Afina zenany bilen jedelleşýär. Jedeliň mazmuny – Attikanyň üstünden hökümdarlyk etmek. Poseýdon ýere öz üç dişli sowuk ýaragyny zyňýar we ol ýerde ummanyň suwundan doly guýy emele gelýär. Afina bolsa naýzasyny ýere taşlanda, ol ýerden zeýtun agajy ösüp çykýar. Adamlar içmäge ýarawsyz suwy näme etsinler, elbetde, zeýtun agajyny saýlap alýarlar we aklyň hudaýy bolan Afina çokunup başlaýarlar (şol sebäpli şäheriň adyny-da Afina diýip atlandyrýarlar).

Zeýtun agajy uzak ömürliligiň we berkligiň, wepalylygyň, ýeňşiň, päkligiň nyşany hökmünde-de görlüpdir. Emma zeýtunyň esasy nyşan hökmündäki mazmuny umyt, parahatçylyk we günäsini geçmegiň nyşany bolup hasaplanypdyr. Hat-da Nuh pygamber baradaky rowaýatda-da ak kepderiniň çüňkünde zeýtun şahajygynyň getirilmegine Hudaý bilen adamlaryň arasyndaky ylalaşyk (günäsini geçmek, bagyşlamak) nyşan mazmuny berilýär. 1947-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň resmi nyşanynda iki sany zeýtun şahajygy ýerleşdirildi.


3.Ak kepderi.

Hristian dininiň esasy kitaby hasaplanýan Bibliýa kitabynda şeýle aýdylýar: haçanda ýer ýüzüni suw alanda, Nuh pygamber maşgalasy, ýer ýüzünde bar bolan janly-jandarlar bilen gämide halas bolýar. Suw joşgunynyň 150-nji gününden soň guşlary uçuryp, gurak ýer gözledip başlaýar. Guşlardan ak kepderi ikinji gezeginde çüňkünde zeýtun şahajygy getirip, pygambere berýär. Bu hereket ýer ýüzüne ýaşaýşyň dolanyp gelendigini aňladýar. Şeýle rowaýatdan soň Bibliýa taryhynda ak kepderi parahatçylygyň we mukaddesligiň nyşany hökmünde hasaplanyp başlandy. Mümkin, onuň çeşmesi başga-da taryhlarda bardyr.


Biziň döwrümizde bu şekili nyşan hökmünde hudožnik Pablo Pikassonyň kömegi bilen öz ornuny tapdy.

1 949-njy ýylyň aprel aýynda Pariž we Praga şäherlerinde deň günlerde Parahatçylyk tarapdarlarynyň ilkinji bütindünýä kongresi bolup geçdi. Bu çäräniň şygary “Parahatçylygy goramak – dünýä halklarynyň işidir” ady bilen geçýärdi. Emma kongrese has netijeli bolmak üçin nyşan zerurdy we bu nyşany çekmekligi meşhur hudožnigi Fransiýanyň raýaty Pablo Pikasso haýyş edildi. Nyşan çekildi. Ol şekil – çüňkünde zeýtun şahajykly ak kepderidi. Näme üçin ak kepderi? Ony çür kes anyk aýdyp bolmaz, sebäbi kepderi guşy köp halklarda-da parahatçylygyň nyşany hökmünde görülýärdi. Belli bolşy ýaly, gadymyýetden bäri Gündogar döwletlerinde kepderi mukaddes guşlar we Hudaýyň hoş habarçylary hökmünde görlüpdir. Gadymy Grek rowaýatynda bolsa söýginiň hudaýy hasaplanan Weneranyň (Zöhre) kepderileri urşuň hudaýy bolan Marsyň demir papagynda höwürtge guranlar. Mars bolsa olaryň höwürtgesini bozmajak bolup, urşy ýatyrypdyr. Bu ajaýyp guşlara bolan garaýşy şu rowaýatdan hem bilip bolýar. Köp halklarda kepderi bagt getirýär diýip hasaplanypdyr. Diýmek, ähli halklarda-da kepderi – ýagşylygyň, söýginiň we parahatçylygyň nyşany hasaplanylýar. Mümkin, şonuň üçin-de ak kepderini baýramçylyklarda çagalar, uçurymlar, ýaş çatynjalar asmana uçurýarlar.

Dürli ýurtlarda bolsa kepderilere ýadygärlikler hem goýulan. Meselem, Kiýew şäherinde (Ukraina) kepderini uçurýan eller görnüşinde ýadygärlik bar. Amerikada elinde kepderini saklap we ony uçurmakçy bolup duran gyzjagaz görnüşinde ýadygärlik Samanta Smit atly, 10 ýaşly gyzjagaza bagyşlanan. Ol gyz öz deňduşlaryndan hiç hem tapawutly däldi. Emma ol ýaşaýan Mançester şäherine atom bombasy düşse, adamlar ýok bolup gitjegini, ýaşaýşyň ýogaljagyny eşidýär. Onuň pikiri boýunça, bu howp Sowet Soýuzy atly döwletden gelýär. Şonuň üçin Samanta eline ruçkany alyp, Sowet Soýuzynyň Prezidentine şeýle mazmunly haty ýazýar:

  • Jenap Sowet Prezidenti!

Men 10 ýaşymda. Meni uruş bolarmyka diýen sorag örän gaýgylandyrýar.

Siz uruş üçinmi ýa-da parahatçylyk? Eger-de siz urşa garşy bolýan bolsaňyz, haýyş, urşuň öňüni almak üçin näme iş edýäniňizi maňa ýazyp goýberiň.

Şeýlelikde, bu haty Moskwa şäherine goýberdi. Jogap geler diýip hiç kim ynanmaýardy. Emma jogap geldi. Ol şeýledi:

  • Salam, gadyrly Samanta!

Meniň pikirimçe, sen Tom Soýeriň dosty bolan Bekki atly gyzjagaza öz batyrlygyň we hakykyçylygyň bilen meňzeş.

Seniň berýän soragyň – örän möhüm. Ol soraga doly we dogry jogap berýän. Sowet çagalary urşuň nähili weýran ediji we betnyşandygyny gowy bilýärler. Amerikada we bizde atom ýaragy bar – ol örän gorkuly ýarag; bir pursatda millionlarça adamlary ýok edip bilýär. Emma biz bu ýaragy ulanmakçy däl. Biz bu ýaragyň öndürilişini bes etmegi we taýýarlanylan ýaraglary ýok etmegi teklip edýäris. Biz planetada ähli halklar parahatçylyk ýagdaýda ýaşamagy isleýäris. Öz çagalarymyz üçin hem we seniň üçin hem, Samanta.

Şeýle hatdan soň Samanta Smit ene-atasy bilen bilelikde Possiýa myhmançylyga çagyryldy. Olar geldiler, Moskwa, Sankt-Peterburg şäherlerinde boldular, Gara deňziň kenarynda ýerleşýän “Artek” atly çagalaryň dem alyş lagerine-de bardylar. Hemmeler Samantany dogan ýaly garşyladylar. Samanta bolsa rus halkynyň urşa garşydygyny anyklady. Şeýlelikde, bu amerikan gyzjagaz barada ähli dünýä bildi. Yzyna, öýüne dolanyp gitjek wagty, Samanta şeýle diýdi:

  • Men esasy zady bildim. Bu ýeriň adamlary edil meniň goňşularym ýaly. Olar meniň pikir edenim ýaly däl-de, meniň özüme meňzeýär.

B u waka 1983-nji ýylda bolup geçdi. Gynansakda, 13 ýaşly Samanta Smit 1985-nji ýylyň 25-nji awgustynda Amerikanyň Obern şäheriniň golaýynda uçarda hadysa uçrap wepat boldy. Samantanyň ady amerikanyň parahatçylygyň kiçijik ilçisi hökmünde hemmäniň ýadynda galdy. We 1986-njy ýylda Amerikanyň Ogasta şäherinde ak kepderini gursagyna gysyp duran gyz sekilinde ýadygärlik açyldy. Ol Samanta bagyşlandy.



















Guşlardan parahatçylygyň nyşany hökmünde durnalar hem görülýär. Onuň taryhy hem örän gynandyryjy. Ol 1945-nji ýyllarda bolup geçen waka degişli. Beýik Watançylyk Urşy tamamlanýardy. Gelejekde hemme zat gowy boljak ýalydy. Emma ... 1945-nji ýylyň 6-njy awgustynda ABŞ-nyň Prezidenti Trumeniň buýrugy bilen Ýaponiýanyň Hirosima şäherine ilkinji atom bombasy taşlandy. 1945-nji ýylyň 9-njy awgustynda bolsa ikinji atom bombasy Nagasaki şäherine taşlandy. Kömelege meňzeş äpet ot partlamasy şäherleri weýran etdi. Agaçlar bir pursatda gara köýüge öwrüldi, adamlar duran ýerlerinde jan berýärdiler. Bu şäherler janly-jandarsyz ýanan çöle öwrüldi. Partlamanyň netijesinde Hirosima şäherinde 140 müň adam, Nagasakide – 75 müň adam pida boldylar. Şeýle bomba ulanmak bilen Amerika dünýä öz täze ýaragyny görkezdi. Ýaponiýanyň halkyna bu partlamalar täze, gorkuly kesel getirdi, onuň ady “şöhle keseli” (radioaktiw elementleriň täsiri netijesinde döreýän kesel). Ilkinji bolup çagalar keselläp başladylar.

Hirosimanyň eteklerinde Sadako Sasaki atly ýapon gyzjagaz ene-atasy bilen partlamadan 3 kilometr daşlykda ýaşaýardy. Ol hälki bomba taşlananda 2 ýaşyndady. Partlama oňa täsir etmedik ýalydy. Ýanan, ýaralanan ýerleri ýokdy. 10 ýyl geçdi. Birden onuň saglygy peselip başlady. Hassahanada onuň leýkemiýa keseliniň bardygyny aýtdylar. Kakasyna Sadakonyň ýaşamagyna 1 ýyl galdy diýdiler.

Ýaponiýada şeýle yrym bardy: eger-de bir zady güýçli arzuw etseň we öz eliň bilen müň sany “suru” (kagyz durnajygy) bejerseň, arzuwyň hasyl bolýar diýen ynam bardy. Sebäbi durna bagtyň we uzak ömrüň nyşanydy. Sadako hem bu yryma ynanýardy. Gün-günden ak durnajyklary bejermek kynlaşýardy. Bejerilen kagyz durnajyklary onuň ýatýan ýeriniň bar ýerlerini dolduryp başlady. Şäheriň beýleki çagalary-da bu wakany eşidip, durnalary bejerip Sadakonyň ýanyna getirýärdiler. Bu habar beýleki şäherlere, müňlerçe ýerlere ýaýrady. Dumla-duşdan ak durnalar Ýaponiýa uçup gelýärdi; hemme gyzjagazyň sagalmagyny arzuw edýärdi. Emma bu keseli ýeňip bolmady. 644 durnany bejerip, 1955-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Sadako Sasaki aradan çykdy. Adamlar pul serişdesini ýygnap bu äpet ýaragdan wepat bolanlaryň hatyrasyna 1958-nji ýylda Hirosima şäheriniň Parahatçylyk seýilgähinde ýadygärlik goýdular. Şeýlelikde, ak durnalar Ýaponiýanyň parahatçylyk nyşany hasaplanýar.
























4.Ak haşhaş güli.



Birinji Jahan urşundan soň Ýewropanyň ähli söweş bolan we esgerleriň köpçülikleýin jaýlanan ýerlerinde gülläp oturan ak haşhaş güllerini görmek bolýardy. 1933-nji ýylda Ženewanyň urşa garşy birleşmesi hatyra çärelerinde ak haşhaş güli ulanmaklygy teklip etdi. Aklyk gan dökülmezlik nyşanydy.


5. «V» - ýeňşiň nyşany.

Şeýle şekilde iki barmagyňy görkezmek Ýewropa halklary üçin adaty ýagdaý. Onuň başlangyjy Duglas Riçi atly adamdan başlandy. Ol faşizme garşy göreşýän Garşylyk hereketiniň esgeridi. Barmaklar bilen V harpyny görkezmek – bu dostlugyň we agzybirligiň nyşany hökmünde görülýärdi. V harp fransuz, flamand we iňlis dillerindäki “ýeňiş” sözüni aňladýar. Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Uinston Çerçil edil şol V görnüşli barmak hereketi bilen iňlis esgerleriniň eňişini belledi.







6.Parahatçylygyň älemgoşar baýdajygy.








1 961-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda ilkinji parahatçylyk ýöreýşi wagty italiýaly Aldo Kapitini atly jemgyýetçi we filosof birnäçe reňkli bölejiklerden baýdak tikýär. Ol baýdak älemgoşaryň reňklerini gaýtalaýardy. Baýdagyň ýüzünde PACE (italiýa dilinde Bandiera della Pace) sözi ýazylan, ol hem “Parahatçylyk baýdagy” diýip terjime edilýär. Häzirki wagtda bu baýdak giň gerim alyp, ol dürli halklaryň dillerinde “Parahatçylyk” sözüni göterýär. Meselem, «PEACE» (iňlis), «SHALOM» (iwrit), «EIPHNH» (grek) we ş.m.



7.Ikä bölünen (döwülen) tüpeň.



“Urşuň garşydaşlarynyň Halkara bileleşigi” diýip özlerini atlandyrýan Londonly topar guramanyň nyşany hökmünde ortarasyndan döwlen tüpeňi şekil edip ulanýarlar. Bu gurama 1921-nji ýylda döräp, häzirki wagtda 40-dan gowrak döwletlerde parahatçylyk ýörişlerini guraýar..


Birleşen Milletler Guramasy barada gysga maglumat


Näme üçin BMG-yň taryhyna ýüzlendim?

BMG-yň maksatlary we wezipeleri dünýä ýurtlarynda parahatçylygy saklamakda örän mähüm ornuny tutýar.

BMG-yň taryhy.

Ikinji Jahan urşy döwründe nasizme (milletparazçylyk, haýsydyr bir milleti belentlige çykarmak; faşizm bilen manydaş düşünje) garşy göreşýän döwletleriň bileleşmesiniň gaýrady bilen Birleşen Milletler Guramasy döredildi. Bu Guramanyň döredilmegi onuň Düzgünnamasynyň kabul edilen güni hasap edilýär: 24-nji oktýabr 1945-nji ýyl. Şol wagty BMG-yň düzüminde 51 döwletleriň wekilleri bardy. Häzirki döwürde bolsa BMG-yň düzüminde 192 (käbir maglumatlarda 193) döwlet bar.

BMG-yň Düzgünnamasy laýyklykda, onuň esasy maksatlary

  1. Halkara parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamak;

  2. Agressiýany (hyjuwly hereketleri) goýbermezlik we agressory (hyjuwly hereketleri edeni) jezalandyrmak;

  3. Adamyň fundamental hukuklaryny (adamyň şahsyýet hökmünde hukuk derejesini düzýän esasy hukuklar) saklamaklyga ýardam bermek.

BMG-yň gurluşy.

Düzgünnama laýyklykda BMG-nyň düzümi (gurluşy) Howpsuzlyk Maslahaty (5 hemişelik we 10-sy iki ýyl möhlete saýlanylýan agza döwletlerden ybarat); Baş Assambleýasy (BA) (BMG-yň ähli agza döwletleri girýär) – onuň esasy maslahatçy organy (bölegi) bolup, Rezolýusiýa (karar) çykarýar. BA-yň Rezolýusiýalary maslahat, teklip güýji bardyr. BMG-nyň Baş sekretary – onuň iň ýokary wezipeli adamy, 5 ýyl möhlet bilen saýlanylýar, gaýtadan, ikinji möhlete saýlanmaga-da hukuk berilýär. BMG-nyň Sekretariatyna ýolbaşçylyk edýär. BMG-nyň Sekretariaty BMG-nyň gündeki işini üpjün edýär. BMG-nyň Halkara Kazyýeti, 15 agzadan ybarat, döwletler arasyndaky jedelli meseleleri çözýär. Ykdysady we Durmuşy Geňeşi – ykdysadyýet we durmuşy künjeklerinde hyzmatdaşlyk edýär. BMG-nyň ýöriteleşdirilen guramalary – ÝUNESKO (bilim, ylym we medeniýet meseleleri baradaky bölümi), ÝUNISEF (Çaga Gaznasy), MOT (International Labour Organization) (zähmet çekmek baradaky adam hukuklaryny öňe sürýän ýöriteleşdirilen bölümçesi), MAGATE (International Atomic Energy Agency, gysgaldylan IAEA) (ato energiýasyny parahat ulanmaklygy baradaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça halkara gurama), FAO (Food and Agriculture Organizatio) (dünýä derejesinde açlygyň öňüni almak üçin Azyk önümçiligi we oba hojalyk künjeklerinde hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky bölümi), WOZ (World Health Organization) (Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy) we beýlekiler.

BMG-yň resmi dilleri – 6 dil (iňlis, ispan, arab, fransuz, rus, hytaý dilleri); iş dilleri hasaplanýan iňlis we fransuz.

BMG-yň Düzgünnamasy.

Halkara gatnaşyklarynyň taryhynda ilkinji resminama bolup, ol adam hukuklaryny we azatlyklaryny saklamaklygy we hormatlamaklygy üpjün etmek üçin döwletleriň üstüne borçnamalary ýükleýän resminamadyr. Düzgünnamanyň Girişinde: “Biz, Birleşen Milletler halklary, biziň durmuşymyzda iki gezek adamzada elhenç betbagtçylyk getiren, geljekki nesilleri uruş betbagtçylygyndan halas etmeklik hyjuwyndan doly, adam hukuklaryna we azatlyklaryna ynamy ykrar etmekligi çalyşýarys” diýýär. BMG-yň Düzgünnamasynda berkidilen halkara hyzmatdaşlygyň tilsimatlary (prinsiplary): 1.BMG-yň agza-döwletleriniň garaşsyzlyk deň hukuklygy. 2.Halkara jedelleri diňe parahat serişdeleri bilen çözmek. 3.Halkara gatnaşyklarda güýç ulanmakdan boýun gaçyrmak. 4.BMG-yň döwletleriň içerki işlerine (syýasatyna) goşulmazlyk.

BMG-yň esasy jaýy Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär (goşmaça Ženewa (Şweýsariýa), Wena (Awstriýa) we Naýrobi (Keniýa) şäherlerinde bar).

BMG-yň Baş Assambleýasynyň Türkmenistana hemişelik bitaraplyk derejesini ykrar etmek baradaky Rezolýusiýasy halkara milletler birikmesiniň iş hereketinde ilkinji bolup, ol täsinlik resminamadyr. BMG-yň goldamagy – bu ýarym asyrdan gowrak bar bolan halkara guramanyň taryhynda öň görülmedik-eşidilmedik ýagdaý. Hiç bir resmi hukuknama beýle biragyzdan halkara bileleşigine girýän 185 agzalary tarapyndan, Türkmenistany goldan ýaly, goldanmandy.

Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär BMG-yň esasy jaýyny bezeýän, dürli döwletlerden sowgat hökmünde berlen heýkeller, onuň parahatçylyk syýasatyny beýan edýärler. Şeýlelikde, dürli ýyllarda agza döwletlerden alan heýkelleri:
















“Ýaraglary zähmet gurallaryna öwreli (täzeden ýasaly)” SSSR döwleti
















“Atmaz ýaly ujy düwün edilen ýarag” – Lýüksemburg




















Parahatçylyk jaňy” – Ýaponiýa. (Bu jaň kakýan uly enjam dünýäniň 60 döwletlerinden çagalaryň ýygnan teňňelerinden bejerilen)



Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda


1992-nji ýylyň mart aýynyň 2-ne Türkmenistan Garaşsyz döwlet hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy boldy.


Şol günden başlap hem BMG-y bilen ysnyşykly we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk başlandy, soňra 1995-nji ýylda milletler bileleşigine agza ýurtlar Türkmenistana Bitaraplyk derejesini bermek hakyndaky teklibi biragyzdan goldadylar.


Türkmenistanyň Bitaraplygy we onuň baş häsiýetnamalary — parahatçylyksöýüjilik, işjeň parahatçylyk döredijilik, harby dawalara, birleşmelere, şertnamalara gatnaşmazlyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak — ýurduň milli bähbitlerine, dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlaryna, BMG-niň Düzgünnamasynyň ýörelgelerine, halkara durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge bolan döredijilikli we oýlanyşykly çemeleşmäniň görkezijilerine laýyk gelýändigini tassyklaýar.


Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2-nji maddasynda: “Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir. Birleşen Milletler Guramasy özüniň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýalarynda Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar; Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga we ony goldamaga, şeýle hem onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolan döwletleri çagyrýar. 
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar.” – diýip yglan edilýär.


Häzirki wagtda bitarap döwletler köp. Emma Türkmenistanyň Bitaraplygy beýleki şeýle döwletlerden has-da tapawutlanýar. Mysal hökmünde,

  • Şweýsariýa döwletini göreli. Sweýsariýanyň bitaraplygy, hukuk dili bilen aýdylanda “de-fakto” görnüşli – ýagny, öz ygtyýaryny we erkini, öz-özüni gorap biljek güýjüni we köp onýyllyklaryň tejribesinde bitaraplygy isleýändigini we gorap biljekgine taýýardygyny hyzmatdaşlaryna we goňşy döwletlere bildirip ykrar etdi.

  • Awstriýa bitaraplygyny 1955-nji ýylda aldy we bu ýagdaýy konstitusiýa derejeli Federal kanunynda beýan etdi. Şol sebäpli, dört döwlet – SSSR, ABŞ, Beýik Britaniýa we Fransiýa Awstriýanyň bitaraplygyny hormatlamak we saklamak baradaky borçnamalary öz üstüne aldylar. Awstriýa bitaraplygy hemişelik diýlip bu derejäni meýletin öz üstüne ýükledi. Ikinjiden, bu bitaraplygy halkara ylalaşygy, ýagny şertnama esasynda edilen hereket we dünýä ylalaşygy bu ýagdaýy kabul etdi. Awstriýa Bitaraplylygyny, döwlet bitewiligini we garaşsyzlygyny goramak üçin goşun saklamaga hukukly.

  • Finlýandiýa bitaraplygy özi yglan etdi we ony iki döwlet goldady – SSSR (häzir bolsa Rossiýa) we ABŞ. Bitaraplygy barada aýdanda, Finlýandiýa “beýik döwletleriň çaknyşyklaryndan daşda durýan” diýip, ykrar edýär.


Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy – hili boýunça hoşniýetli, wagty boýunça hemişelik, mazmuny boýunça ýörelge bolup, ol işi boýunça işjeňligi bilen tapawutlanýar.


Türkmenistan bitarap döwlet hökmünde ýyl-ýyldan dünýäniň onlarça ýurtlary bilen özara peýdaly ykdysady hyzmatdaşlygy berkidýär. Türkmenistan häzirki güne dünýä döwletleriniň 146-den gowrak ýurtlar bilen diplomatik gatnaşyklaryny sazlady, 47-dan gowrak halkara guramalaryň agzasy boldy we onuň sany gün-günden köpelýär. Biziň döwletimiziň wekilçilikleri dünýäniň 38 döwletlerinde hereket edýär. Ondan başga-da, BMG-ynda, GDA, Ykdysady Bileleşigi, Ýewropadaky Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (OSCE), Ykdysady we Durmuşy Geňeşi, ÝUNESKO (bilim, ylym we medeniýet meseleleri baradaky bölümi), ÝUNISEF (Çaga Gaznasy), MOT (International Labour Organization) (zähmet çekmek baradaky adam hukuklaryny öňe sürýän ýöriteleşdirilen bölümçesi), WOZ (World Health Organization) (Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy) we ş.m. abraýly halkara guramalarynda Türkmenistanyň wekilleri bar.


2007-nji ýylda Aşgabat şäherinde BMG-yň sebitleýin Merkezi Aziýa döwletleri üçin prewentiw diplomatiýasynyň (öňüni almak) merkezi açyldy. Bu merkez dünýä parahatçylygyny we howpsuzlygy saklamak meselelerinde halkara we sebitleýin döwletleriň ylalaşykly arabaglanyşygyna niýetlenen. Sebäbi Türkmenistan döwletinde çaknyşyk ýagdaýlarynyň öňüni almak we bu mesele bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin syýasy abraýy we guramaçylyk tejribesi bar diýlip, sebitleýin parahat-döredijilik merkezi derejesi berk ornaşdy.

Türkmenistanyň halkara abraýynyň ösýändiginiň ýene-de bir subutnama hökmünde BMG-yň bölümçeleriniň agzasy we başlyklygynyň düzümine saýlanylmagydyr. Ýagny, 2012-nji ýylyň noýabrynda BMG-yň Baş Assambleýasy Türkmenistany 2013-2015-nji ýyllar dowamynda Ykdysady we durmuşy geňeşiniň düzümine saýlamagy; 2013-nji ýylyň aprel aýynda BMG-yň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň başlygynyň orunbasary (wise-predsedatel) bolup saýlanmagy; 134 döwletiň ses bermegi esasynda 2013-2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň (bilim, ylym we medeniýet meseleleri baradaky bölümine) Ýerine ýetiriji geňeşine agza bolup saýlanmagy; soňky ýyllaryň içinde birnäçe gezek BMG-yň Baş Assambleýanyň başlygynyň orunbasary bolup saýlanmagy halkara derejede Türkmenistan döwletiniň abraýynyň ýokarydygyna şaýatlyk edýär.


2019-njy ýylyň sentýabr aýynda bolup geçen BMG-yň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky bu başlangyjynyň ägirt uly gyzyklanma döredýändiginiň subutnamasydyr.

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir, häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk, bularyň ählisi bitarap daşary syýasat derejesine eýe bolan Garaşsyz döwletiň Baştutany hökmünde çykyş eden türkmen Lideriniň öňe süren taglymatynda öz beýanyny tapdy.

Türkmenistan diňe bir öz sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barmak bilen çäklenmän, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen şeýle syýasaty durmuşa geçirýär hem-de diňe bir bähbitleriň gabat gelmegini gözlemän, öz hyzmatdaşlaryny ählumumy abadançylygyň bähbidine bilelikde netijeli işlemäge gönükdirilen pikirdeşlerine öwürýär. Munuň özi ýurdumyzyň häzirki wagtdaky we geljekde alyp barjak halkara işiniň üstünliklerine beslenmeginiň kepili bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän bitaraplyk syýasaty dünýä giňişliginde gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmagyň guralyny işläp taýýarlamagyň esasyny düzýär, ol çuňňur taryhy köklere, milli durmuş aýratynlyklaryna hem-de häzirki zaman dünýägaraýyş ölçegleriniň düýpli ýörelgeleri esasynda kemala gelendir.

«Parahatçylyk diňe bir gapma-garşylyklaryň bolmazlygy däl-de, köp tarapyň gatnaşmagyna esaslanýan oňyn, okgunly ösüşdir, onda netijeli gepleşikler goldanylýar» diýlip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň parahatçylyk medeniýetini wagyz etmek boýunça tagallalary we işleri işjeňleşdirmäge çagyrýan täze Kararnamasynda bellenilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň halkara syýasatynda Bitaraplygyň ykdysady ugurlaryna aýratyn üns berýär, dürli döwletleriň gatnaşmagynda iri halkara taslamalaryny hödürleýär we amala aşyrýar. Türkmen Bitaraplygynyň parahatçylyk dörediji ýörelgeleri onuň baş aýratynlygydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.

Türkmenistan 1995-nji ýylda Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan döwründen bäri BMG-nyň degişli Kararnamasynyň ähli kadalaryny üýtgewsiz durmuşa geçirýär. Sebitdäki ýagdaýyň kadalaşdyrylmagy boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär, Milletler Bileleşiginiň taglymlaryny we ýörelgelerini Merkezi Aziýada ornaşdyrmagyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup çykyş edýär.

Halkara işlerinde jedelli meseleleri we gapma-garşylyklary diplomatik usullar arkaly çözmäge, adalatly we netijeli dünýä tertibini kemala getirmäge ýardam bermek Türkmenistanyň üýtgewsiz ýörelgesidir. Ähli umumylaşmak we «ynamyň pese düşen» eýýamynda dünýäniň esasy döwletleriniň arasynda gatnaşyklaryň düýpli ýitileşmegi, Ýer ýüzüniň ol ýa-da beýleki nokadynda ýüze çykýan jedelli meseleleriň ýüze çykýan döwründe şeýle garaýyşlar has durnuklaşdyryjy häsiýete eýe bolup durýar.

Ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi boýunça köpçülikleýin tagallalaryň birleşdirilmegi bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Bähbitleriň köpdürlüligi — maksatlaryň birligi!» diýen pähimli sözler bilen Türkmenistanyň garaýşyny has anyk we kesgitli beýan etdi.

Bitaraplyk munuň özi syýasy, ykdysady, taryhy, durmuş ugurlaryny özünde jemleýän hemişe hereketde bolan, döredijilik işidir. Halkara gatnaşyklary ulgamynda ýitileşen meseleleri çözmegiň şunuň ýaly köp ugurly guralynyň peýda bolmagy dünýäniň täze keşbiniň täze düýpli binýatlaryny kemala getirmäge, möhüm meseleleri çözmekde has kämil çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga hem-de üçünji müňýyllykda adamzadyň öňünde durýan wehimleriň jogabyny tapmaga ýardam berýär.

Häzirki döwürde döwletleriň arasynda ynanyşmak ýagdaýy nähili esaslarda döredilip bilner?

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ozaly bilen, munuň özi, umuman, gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmegi, ruhy, medeni, bilim ulgamynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi, töwekgelçilikleriň we nämälimligiň derejesini peseltmäge, howpsuzlygy pugtalandyrmaga hem-de bähbitleriň deňeçerligini kemala getirmäge ukyply halkara ulgamynyň şunuň ýaly usullaryny we gurallaryny döretmekdir.

Türkmenistan suw ýa-da energetika meseleleri, ulag ulgamy we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň halkara syýasatynyň netijeli gurallaryny kemala getirmek ugrunda başlangyçlary öňe sürmek bilen, çözgütleriň we geljekki ädimleriň ylalaşylan çemeleşmelerini işläp taýýarlamagy binýat edinmegi teklip edýär. Has takygy, ýurtlar serişdeler, bazarlara çykmak ugrunda bäsdeşlik etmän, öz mümkinçiliklerini adalatly we aýanlyk ýagdaýynda, diňe bir beýleki döwletleriň däl-de, geljekki nesilleriň hem bähbitlerini hasaba almak bilen hereket etmelidirler.



Bitaraplygyň beren miwesi

2019-njy ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisi Karar kabul etdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2020-nji ýyl «Türkmenistan — Bitaraplygyň  mekany» şygary astynda geçiriler.

Türkmen Bitaraplygynyň hukuk taýdan resmileşdirilen wagtyndan bäri 25 ýyl geçdi (şu ýylyň 12-nji dekabrynda 25 ýyl dolýar). Şu ýyllaryň içinde döwletimizde belent sepgitlere ýetildi. Ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde ýokary işjeňlik görkezilýär. Bu bolsa ýurduň ykdysady syýasatynda oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistanda Hytaýyň, ABŞ-nyň, Russiýanyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Ýewropa Bileleşigine girýän döwletleriň, arap döwletleriniň kompaniýalary üstünlik bilen iş alyp barýarlar. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň kömegi bilen dokma senagaty kärhanalarynyň birnäçesi döredildi. Olar döwrebap tehnika we innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Şeýle depginler bilen nebit-gaz pudagy döwrebaplaşdyrylýar, oba hojalygynda tutumly işler amala aşyrylýar. Dürli maksatly gurluşyk işleri giň gerim bilen alnyp barylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda energoserişdelerini dünýä bazaryna çykarmaga gönükdirilen iki sany iri taslama amala aşyryldy. Olar Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi, Türkmenistan – Eýran gaz geçirijisi we Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisidir. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň “Türkmen Älem52°E” ilkinji emeli hemrasynyň kosmosa uçurylmagy; Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi bilen 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-yň 71-nji sessiýasynda 12-nji dekabry “Halkara Bitarap güni” diýip yglan edilmegi; 2017-nji ýylda paýtagtymyzda V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi hem Türkmenistanda sportuň meşhurlygyny we abraýyny has-da artdyrmaga, ýurdumyz üçin möhüm ähmiýetli çärä öwrülip, halkara sport hereketini ösdürmek işine hyzmat edilmegi hem-de sport hereketi bolsa ählumumy parahatçylygy hem-de ylalaşygy pugtalandyrmagyň, döwletleriň we halklarynyň arasyndaky dostluk, doganlyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň möhüm şertine öwrülmegi Bitaraplygyň beren miweleri hökmünde aýdyň ädimleridir.  

2018 ýylda Hazaryň türkmen kenarynda Halkara deňiz porty ulanmaga berildi. Bu iri möç­ber­li dü­züm­le­ýin tas­la­ma Mer­ke­zi Azi­ýa we Ha­zar deň­zi se­bi­ti­niň äh­li ýurt­la­ry üçin, ha­ky­kat­dan-da, stra­te­gik äh­mi­ýe­te eýe­dir. Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­ty mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz we tu­tuş se­bit üçin tä­ze “de­ňiz der­we­ze­si” äh­mi­ýe­ti­ne eýe bo­lup, hal­ka­ra yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar pu­da­gy­nyň esa­sy ug­ru­na öw­rü­ldi.

Teh­ni­ka­nyň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­ty Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň Ýa­kyn we Or­ta Gün­do­ga­ryň ha­ryt we çig mal ba­zar­la­ry­na hem-de Hin­di um­ma­ny se­bi­ti­niň döw­let­le­ri­ne çyk­ma­gy üçin aň­ry­baş amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär, giň ge­rim­li ýük akym­la­ry­nyň ýo­lu­ny we wag­ty­ny has gys­galt­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Gün­do­gar-Gün­ba­tar hem-de De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta ugur­la­ry bo­ýun­ça tä­ze söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny has-da iş­jeň­leş­dir­mä­ge oňaý­ly müm­kin­çi­lik­ler dö­redýän bu ägirt uly in­že­ner­çi­lik des­ga­syn­da de­ňiz ýo­ly bi­len ge­len ýük­le­ri bar­ma­ly ýe­ri­ne çen­li bök­denç­siz we yg­ty­bar­ly äkit­mek mak­sa­dy bi­len por­tuň de­mir we aw­to­mo­bil ýol­la­ry inf­rast­ruk­tu­ra­sy dö­re­dil­di.

2018-nji ýylyň dekabrynda Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynda dünýäde ilkinji tebigy gazdan awtomobil benzinini öndürýän iri zawodyň açylmagy; 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi, Türkmenistanyň senagat, söwda-ykdysady, ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy has-da ýokary derejä göterýär.
















N E T I J E


Wa­tan türk­men üçin äh­li zat­dan zy­ýa­da, dün­ýe ma­lyn­dan ar­tyk gym­mat­lyk­dyr. Wa­tan bi­ziň her bi­ri­miz üçin eziz­dir, mu­kad­des­dir, onuň du­zy-da, su­wy-da, top­ra­gy-da, ýan­da­gy-da müň bir der­de der­man­dyr. Gu­şa öz hö­würt­ge­sin­den, çar­la­ga aňyr­sy­na-bär­si­ne göz ýet­me­ýän um­ma­nyn­dan, al­gyr bür­gü­de ga­ýa­syn­dan, boz je­re­ne ýaý­la­syn­dan, tu­ra­ja to­ka­ýyn­dan, türk­men aýt­myş­la­ýyn, tow­şa­na dog­duk de­pe­sin­den eziz zat dün­ýä­de ýok­dur. Bu mu­kad­des­lik­le­ri wasp et­me­dik şa­hyr­dyr ýa­zy­jy-da, nak­gaş­dyr heý­kel­ta­raş-da, aý­dym­çy­dyr sa­zan­da-da ýok­dur diý­sek, öte geç­di­gi­miz bol­maz.

Pe­der­le­ri­miz bi­ze wa­tan­söý­üji­li­giň, mert­li­giň, gaý­rat­ly­ly­gyň, gaý­duw­syz­ly­gyň, leb­zi ­ha­lal­ly­gyň, bir­söz­lü­li­giň gaý­ta­lan­ma­jak nus­ga­lyk ýo­lu­ny mi­ras go­ýup­dyr­lar. Şu ýo­luň ýo­ka­ry mek­de­bi­ni üs­tün­lik­li ge­çen türk­men ger­çek­le­ri öz­le­ri­niň wa­tan­söý­üji­lik, gah­ry­man­çy­lyk hä­si­ýet­le­ri bi­len dün­ýä­ni haý­ra­na go­ýup­dyr­lar.


Da­ma­ryn­da wa­tan­sö­ýü­ji­lik ga­ny aý­la­nan pe­der­le­ri­miz Wa­tan ug­run­da­ky sö­weş­ler­de mert­lik gör­ke­zip, gah­ry­man­çy­ly­gyň, ka­sa­ma we­pa­ly­ly­gyň, leb­ze yg­rar­ly­ly­gyň be­lent nus­ga­sy­ny, gaý­ta­lan­ma­jak mek­de­bi­ni ne­sil­le­re mi­ras gal­dy­ryp­dyr­lar. Wa­tan­pa­raz­lyk owal-ahyr türk­men hal­ky­nyň iň be­lent duý­gu­la­ry­nyň par­lak Tu­gy bo­lup pa­syr­da­ýar.


Wa­tan ber­ka­rar­ly­gy­my­zyň ke­pi­li­dir, mu­kad­des­dir, eziz­dir, döw­let­li ýol-ýö­rel­gä­mi­ziň, şan-şöh­ra­ty­my­zyň, bag­ty­ýar şu gü­nü­mi­ziň we röw­şen gel­je­gi­mi­ziň ny­şa­ny­dyr. Wa­tan mu­kad­des­li­gi­ni, onuň özyg­ty­ýar­ly we ga­raş­syz ösü­şi­ni go­rap sak­la­mak, pug­ta­lan­dyr­mak, at-ab­ra­ýy­ny mun­dan beý­läk-de dün­ýä ýaý­mak be­lent borç­dur, mer­te­be­dir hem-de de­re­je­dir.

Meniň pikirimçe, maşgalanyň taryhyny bilmek her birimiz üçin zerurdyr, Watan taryhyny bilmek bolsa möhümdir. Muny bilmek üçin nämeden başlamaly?

Maşgalanyň taryhyny öwrenmek meselesinde ata-eneleriň, ýaşulularyň ünsüni çekmeli

Mekdepde raýatçylyk sapaklaryny geçirmek gerek.

Men hem bu işiň başlangyjy hökmünde synpdaşlarym bilen düşündiriş işlerini geçirdim, olara ähli ylmy çeşmelerden alan maglumatlarymy gürrüň etdim we gyzyklandyrdym.


Ýaşlara ýüzlenip, men hem aýdýaryn: “Ýüregiň buýsanjy Watandyr, Watan!”























PEÝDALANYLAN EDEBIÝAT:

  1. Gurbanguly Berdimuhamedow. «Döwlet guşy» atly kitaby. Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2013.

  2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Paýhas çeşmesi.

  3. Gurbanguly Berdimuhamedow. “Mert­ler Wa­ta­ny beý­geld­ýär” at­ly kitaby. Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017.

  4. B.W.Ganýuşkin. Hemişelik bitaraplygyň halkara kepili. Moskwa, 1986-njy ý.

  5. L.A. Mojorýan. Hemişelik bitarap döwletler we halkara hukuk. “Döwlet we hukuk” žurnalyň 7-nji sany. 1955-nji ýyl

  6. T.W. Hrulýow. Häzirki döwrüň dünýä syýasatynda bitaraplygyň tilsimatlary. Moskwa, 2008-nji ýyl.

  7. Türkmenistanyň Bitaraplygy: ösüş derejesi we täze mana eýe bolmagy. Makala. “Türkmenistan” žurnaly, № 11, Aşgabat, 2010-njy ý.

  8. Internet ulgamy. http://www.turkmenistan.gov.tm; https://ru.wikipedia.org;

Ýewropa giňişliginde (Şweýsariýa we Awstriýanyň mysalynda) bitaraplygyň gurnalmagyň we ösüşiniň esasy tapgyrlary. https://cyberleninka.ru/











19



Скачать

Рекомендуем курсы ПК и ППК для учителей

Вебинар для учителей

Свидетельство об участии БЕСПЛАТНО!