СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Geografiýa nämäni öwrenýär?

Категория: География

Нажмите, чтобы узнать подробности

Sapagyň temasy:

Geografiýa nämäni  öwrenýär?

Sapagyň maksatlary:

1)Bilim berijilik maksady:

Geografiýa dersi barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Watansöýüjiligi, beýleki halklary we medeniýetleri hormatlamagy, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi terbiýelemek

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, kartalar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak.

2. Gatnaşygy hasaba almak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

5. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

         2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

         Tebigat barada  geçilenleri gaýtalamak.

        3. Geçilen temany jemlemek:

Sorag-jogap alyşmak: 1)  Tebigat näme?   2) Gün  ulgamy  näme?     3)  Ýyl  pasyllary  haýsylar?   4) Ösümlikler we haýwanlar.

4. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Geografiýanyň halk hojalygynyň pudaklary bilen baglanyşyklylygy barada aýdyp bermek.

2. Geografiýa barada düşünje bermek.

3. Fiziki geografiýa we ykdysady geografiýa barada düşünje bermek.

                        Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Geografik adalgalary we düşünjeleri takyk kesgitlemegi;

– Geografik kartanyň dürli görnüşlerini okamagy;

– Globusdan başarnykly peýdalanyp;

– Mekdepde geografiýa dersine degişli görkezme esbaplaryndan, okatmagyň tehniki serişdelerinden başarnykly peýdalanyp.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Statistiki tablisalary hem-de olaryň maglumatlaryny düşündirmegi;

– Öwrenilýän geografik obýektleri sudur karta birkemsiz geçirmegi;

– Öwrenilýän meseleleriň meýilnamasyny düzmegi;

– Grafikleri, diagrammalary düzmegi we okamagy.

1. Geografiýa has gadymy ylymlara degişli bolup, «geografiýa» sözüni ylma gadymy grek alymy Eratosfen girizýär. Grekçe «geo» Ýer, «grafo» ýazýaryn diýmegi aňladýar. Şeýlelikde, ol türkmençe ýeri ýazyp beýan etmek diýmekdir. Geografiýa uzak ýyllaryň dowamynda heniz adam aýagy sekmedik ýerlere syýahat etmek, ýer üstüniň tebigatyny, ilatyny, dürli döwletleriň hojalygyny öwrenmek we ýazyp beýan etmek bilen meşgul bolup geldi. Häzirki wagtda bu ylym tebigy hadysalar, olaryň üýtgeýşi, halk hojalygyna täsiri bilen iş salyşýar.

Geografiýa Ýeriň tebigatyny öwrenýän ylymdyr. Geografiýa Ýeriň gabygyny, bardasyny, onuň ilatyny we aýry-aýry ýurtlary öwrenýär we ýazyp beýan edýär.

Geografiýa öz gezeginde iki sany uly bölege – fiziki geografiýa we ykdysady geografiýa bölünýär. Fiziki geografiýa kähalatlarda tebigy geografiýa hem diýilýär. Sebäbi grekçe «fizis» sözi «tebigat» diýmekdir. Fiziki geografiýa, adyndan belli bolşy ýaly, Ýeriň tebigatyny, onuň bardalaryny, olaryň özara täsirini we kanunalaýyklygyny, adamyň hojalyk işleriniň tebigata täsirini öwrenýär. Ykdysady geografiýa bolsa, aýry-aýry ýurtlaryň senagatyny we oba hojalygynyň geografik ýerleşişini, ösüşini, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryny, ilatyň ýerleşişini we ýaşaýyş şertlerini öwrenýär. Onuň oňaýly we oňaýsyz taraplaryny ylmy taýdan işläp düzýär.

2. Geografiýany öwrenmegiň ähmiýeti. Irki döwrüň geografiýasyndan tapawutlylykda, häzirki döwrüň geografiýasy Ýer şarynyň üstünde bolup geçýän tebigy hadysalary, olaryň üýtgemelerini öwrenýär.

Häzirki wagtda fiziki geografiýa aşakdaky meseleleri öwrenýär we halk hojalyk maksatlary üçin peýdalanylýar:

– adamzat üçin gerekli bolan tebigy baýlyklary açmak we olary rejeli peýdalanmak;

– adamzat jemgyýetine zyýan ýetirýän howply hadysalary (wulkan atylmalary, ýer titremesi, harasatly ýelleri, doly ýagmagy, suw basmaklygy) öwrenmek, olary öňünden çaklamak, olara işjeň täsir etmek we goranmak usullaryny işläp düzmek we beýlekiler;

– hojalyk işi netijesinde daşymyzy gurşap alan tebigatyň üýtgemegini öňünden çaklamagy işläp düzmek;

– adamyň hojalyk işiniň tebigata edýän täsirini öwrenmek;

– adamlaryň oňat durmuşy üçin tebigaty özgertmek we goramak.

Fiziki geografiýa ýokardaky meseleleri beýleki tebigy ylymlar bilen bilelikde kompýuterlerden hem giňişleýin peýdalanyp çözýär. Ýurdumyzyň tebigatyny öwrenmekde we özgertmekde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň geograflary hem hojalyk ähmiýetli uly ylmy işleri alyp barýarlar. Bilşiňiz ýaly, biziň ýurdumyzyň meýdanynyň 4/5 bölegini çöller tutýar. Bu ýerleriň tebigaty Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty

tarapyndan öwrenilýär. Bu institut Merkezi Aziýadaky ýeke-täk institut bolup, ol Türkmenistanyň çägini çölleşmek hadysasyndan goramak, öri meýdanlaryň ot-iým bolçulygyny artdyrmak, ösümlik we haýwanat dünýäsini köpeltmek, ekerançylyk meýdanlaryny we senagat kärhanalaryny çäge basmaklygyndan goramak barada uly ylmy işleri alyp barýar.

Türkmenistanyň tebigatyny öwrenmeklikde we fiziki geografiýanyň ösmeginde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň, Türkmenistanyň «Türkmengaz» Döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň alymlary, geograflary, mugallymlary uly goşant goşdular.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak: 1. Siz bäşinji synpda «Tebigaty öwreniş» dersinden nämeleri öwrendiňiz? 2. Geografiýa nämäni öwrenýär? 3. Fiziki geografiýa we ykdysady geografiýa näme bilen meşgullanýar? 4. Geografiýa halk hojalygynyň haýsy pudaklary bilen baglanyşykly?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen tema barada umumy gürrüň bermek . §1. sah.7-10

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

Просмотр содержимого документа
«Geografiýa nämäni öwrenýär?»

Senesi: 02.09.2023ý

Dersiň ady: Geografiýa Synpy: VI С

Ýazan mugallym: Sadullaýew A.

MMOIBO__________

Bellik:________________________________________________________________

Senesi: 07.09.2023ý

Dersiň ady: Geografiýa Synpy: VI В

Sapagyň temasy:

Ýer hakyndaky geografiki bilimleriň ösüşi.

Sapagyň maksatlary:

1)Bilim berijilik maksady:

Ýer hakyndaky geografiki bilimleriň ösüşi barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Watansöýüjiligi, beýleki halklary we medeniýetleri hormatlamagy, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi terbiýelemek

Sapagyň görnüşi:

Garyşyk sapak

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, kartalar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak.

2. Gatnaşygy hasaba almak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

5. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

Geografiýa nämäni öwrenýär?

3. Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak.

1. Fiziki geografiýa we ykdysady geografiýa näme bilen meşgullanýar?

2. Geografiýa halk hojalygynyň haýsy pudaklary bilen baglanyşykly?

4. Geçilen temany jemlemek: Öýe berlen temany soramak.

Sorag-jogap alyşmak:

1. Siz bäşinji synpda «Tebigaty öwreniş» dersinden nämeleri öwrendiňiz?

2. Geografiýa nämäni öwrenýär?

5. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Kompas barada aýdyp bermek.

2. Pifagor we Aristotel barada gürrüň bermek.

3. Wulkan atylmalary barada düşünje bermek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Globusdan başarnykly peýdalanyp;

– Geografik kartanyň dürli görnüşlerini okamagy;

– Geografik adalgalary we düşünjeleri takyk kesgitlemegi;

– Mekdepde geografiýa dersine degişli görkezme esbaplaryndan, okatmagyň tehniki serişdelerinden başarnykly peýdalanyp.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Tebigata daşyndan syn etmegi we enjamlaryň, gurallaryň kömegi bilen gözegçilik geçirmegi;

– Öwrenilýän geografik obýektleri sudur karta birkemsiz geçirmegi;

– Öwrenilýän meseleleriň meýilnamasyny düzmegi;

– Grafikleri, diagrammalary düzmegi we okamagy.

Gadym zamanlarda adam tebigat, esasan-da, janly tebigat bilen gös-göni aragatnaşykda bolupdyr. Ilkidurmuş adamlary miweleri, iýilýän kökleri ýygnapdyrlar. Olar ýabany haýwanlary köpçülik bolup awlapdyrlar we balyk tutupdyrlar. Umuman, adamlar özleri üçin iýmit bolup hyzmat edýän zatlardan peýdalanypdyrlar.

Şol sebäpli olar öz ýaşaýan ýerleriniň tebigatyny (nirelerde miweli agaçlar bar, ýabany haýwanlar haýsy ýerlerde köp toplanýar, haýsy suwlar balykly we başgalar) oňat bilipdirler. Soňra azyk-owkat üçin has daş ýerlere gitmeli bolupdyrlar. Adamlar kürekli we ýelkenli gaýyklarda kenar ýakalarynda ýüzüpdirler. Olar Ýer üstüni elmydama aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän tekizlik diýip düşünipdirler. Wulkan atylmalary, ýer titremeleri, suw joşmalary, tokaý ýangynlary we beýleki tebigy betbagtçylyklar ilkidurmuş adamlary üçin has gorkuly bolupdyr. Öňki döwürlerde ýyldyrymyň çakmagy, gök gübürdemegi, güýçli ýeliň we beýleki atmosfera hadysalarynyň bolmagy adamlarda gorky döredipdir. Olar bu elhenç hadysalary «hudaýlar» döredýär diýip düşünipdirler. Türkmenler ýagyn, şemal, ot ýaly hadysalara uly hormat goýupdyrlar. Biziň ata-babalarymyz ýagyş-ýagmyryň piri Burkut baba, ýeliň piri Haýdar baba diýip hasaplapdyrlar. Hatda her bir hojalyk mallarynyň (Weýis baba, Zeňňi baba, Musa baba) we ekerançylygyň (Baba daýhan) hem piri bolupdyr.

Gadymy greklerde, rimlilerde Günüň, Ýeriň we beýleki asman jisimleriniň, ýer titremeleriniň, suw joşmalarynyň hem hudaýlary bolupdyr. Gadymy adamlar Ýer 7 sany äpet (läheň) balygyň üstünde durýar we ýer titremesi balygyň gymyldamagy netijesinde bolýan hadysa diýip düşünipdirler. Has gadymy döwrüň adamlarynda Ýer äpet pyşdylyň, Hindistanda – äpet pilleriň, Merkezi Aziýa halklarynda bolsa sary öküziň şahynyň üstünde saklanýar diýen düşünjeler bolupdyr.

Şeýlelikde, ilkidurmuş adamlary ýer üstüni aňyrsy-bärsi görünmeýän daglyklar, çöllükler, tokaýlyklar, derýalar we köller bilen gezekleşýän tekizlik diýip düşünipdirler. Ýer hem öz gezeginde rowaýatlardaky duşýan ägirt uly haýwanlaryň üstünde saklanýar diýip hasap edipdirler.

Biziň eýýamymyzdan birnäçe müň ýyl ozal Hytaýda kompasyň oýlanyp tapylmagy adamlaryň açyk deňizlere, uzak aralyklara ýüzmegine mümkinçilik beripdir. Täze ýerleriň açylmagy, ýörişler we söwda gatnaşyklary Ýer baradaky bilimleriň toplanmagyna getiripdir. Adamlar täze açylan ýerleri çyzgyda şekillendirip başlapdyrlar. Ilkinji mysaly planlar, kartalar peýda bolupdyr. Adamlaryň ýer üsti we onuň şekili baradaky pikirleri üýtgäp başlapdyr. Olar Ýeriň şar şekillidigi baradaky netijä gelipdirler. Onuň şar şekillidigini ilkinji gezek gadymy grek alymy Eratosfen hasaplamalar arkaly subut edýär. Oňa Ýeriň radiusyny we ekwatoryň uzynlygyny ölçemek başardypdyr. Onuň häzirki ölçegler bilen deňeşdireniňdäki ýoýluşy 1% çemesidir. Ýeriň şar şekillidigi baradaky pikiri grek alymlary Pifagor we Aristotel hem öz döwürlerinde tassyklapdyrlar.

Ýeriň şekiliniň tekiz bolman, onuň şar şekillidigini aşakdaky deliller hem subut edýär:

1. Ýeriň üstünden näçe ýokary galsak, şonça-da gözýetim giňelýär we näçe peslikde bolsak gözýetim daralýar.

2. Gämi gözegçiden daşlaşdygyça, ol gözýetimden ýitmäge başlaýar.

3. Syýahatçy bir ugur boýunça, ýagny gündogara tarap gös-göni gitse, onda ol gapma-garşylykly tarapdan, ýagny günbatardan dolanyp, başky ugran nokadyna dolanyp gelýär.

4. Aý tutulanda, Aýyň ýüzüne düşýän Ýeriň kölegesi tegelek bolup görünýär.

5. Ýeriň öz okunyň töwereginde aýlanmagy netijesinde döreýän gije bilen gündiziň çalyşmasy munuň aýdyň mysalydyr.

Soňky döwürde Ýeriň şar şekillidigi Fernan (Fernando) Magellanyň dünýäniň daş-töweregine ilkinji syýahaty (1519–1522 ý.) we beýlekileriň soňraky syýahatlary, şeýle hem Ýeriň emeli hemralarynyň surata düşürmegi bilen tassyk boldy.

6. Täze temany berkitmek:

Amaly iş. Belli syýahatçylaryň atlaryny we geografik açyşlaryň ýyllaryny depdere ýazmaly.

Sorag-jogap alyşmak: a) Gadym zaman adamlary Ýeri nähili göz öňüne getiripdirler?

b)Ýeriň şar şekillidigini ilkinji subut eden kim? c) Ýeriň şekiliniň tekiz bolman, onuň şar şekillidigini subut edýän nähili deliller bar?

7. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen tema barada umumy gürrüň bermek . §2. sah.10-12

8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

Ýazan mugallym: ___________________________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary _____________________________

Senesi: 09.09.2023ý

Dersiň ady: Geografiýa Synpy: VI А

Sapagyň temasy:

Materikleriň we okeanlaryň açylyşy

Sapagyň maksatlary:

1)Bilim berijilik maksady:

Materikleriň we okeanlaryň açylyşy barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Watansöýüjiligi, beýleki halklary we medeniýetleri hormatlamagy, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi terbiýelemek

Sapagyň görnüşi:

Garyşyk sapak

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, kartalar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak.

2. Gatnaşygy hasaba almak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

5. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

Ýer hakyndaky geografiki bilimleriň ösüşi.

3. Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak.

1. Ýeriň şekiliniň tekiz bolman, onuň şar şekillidigini subut edýän nähili deliller bar?

4. Geçilen temany jemlemek: Öýe berlen temany soramak.

Sorag-jogap alyşmak: 1. Gadym zaman adamlary Ýeri nähili göz öňüne getiripdirler?

2. Ýeriň şar şekillidigini ilkinji subut eden kim?

5. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Grek alymlary Eratosfen we Ptolemeý geografiýa ylmynyň ösmegine goşan goşantlary barada gürrüň bermek.

2. Amerika materigi barada düşünje bermek.

3. Fernan Magellan barada aýdyp bermek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Geografik kartanyň dürli görnüşlerini okamagy;

–Globusdan başarnykly peýdalanyp;

– Geografik adalgalary we düşünjeleri takyk kesgitlemegi;

– Mekdepde geografiýa dersine degişli görkezme esbaplaryndan, okatmagyň tehniki serişdelerinden başarnykly peýdalanyp.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Öwrenilýän meseleleriň meýilnamasyny düzmegi;

– Öwrenilýän geografik obýektleri sudur karta birkemsiz geçirmegi;

– Tebigata daşyndan syn etmegi we enjamlaryň, gurallaryň kömegi bilen gözegçilik geçirmegi;

– Grafikleri, diagrammalary düzmegi we okamagy.

Ýelkenli gämileriň kämilleşmegi bilen, ummanlarda ýüzmek, gymmatly harytlary getirmek we baýamak täjirleri öz gününe goýmandyr. Täze açylan ýerleri basyp almak, özüne birleşdirmek meselesi bolsa döwletleriň bir syýahatyň yzyndan beýlekisini ibermegine getirdi. Baý Hindistan döwletine barýan Ortaýer deňiz ýoluny araplar gorap saklaýardylar. Şol sebäpli 1492-nji ýylda Hristofor Kolumbyň ýolbaşçylygyndaky syýahatçylar Hindistana barýan başga bir deňiz ýoluny gözlemek üçin Ispaniýadan günbatara tarap ugrapdyrlar. Olar Ýeriň şar şekillidigini göz öňünde tutup, Hindistanyň gündogaryndan barmakçy bolupdyrlar. Emma Kolumbyň syýahaty Atlantik ummany kesip geçip, tebigaty Hindistanyňka meňzeş bolan Amerikanyň kenarlaryna baryp ýetýär. Olary Amerikanyň ýerli ilaty indeýler garşylaýar. Şoňa görä şol kenardaky adalar häzire çenli Günbatar Hindistan adalary diýlip atlandyrylýar. 1497–1499-njy ýyllar aralygynda Wasko da Gama Afrikanyň daşyndan aýlanyp, Hindi ummanyny kesip geçipdir we Hindistana barypdyr hem-de ilkinji bolup täze deňiz ýoluny açypdyr. Materikleriň we ummanlaryň açylmagynda Fernan Magellanyň ýolbaşçylyk eden syýahatynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu ispan syýahatçysy 1519–1522-nji ýyllarda dünýäniň daş-töweregine ilkinji ýüzüşi amala aşyrýar. Bu ýüzüş netijesinde Ýeriň şar şekillidigi doly subut edilýär. Ýer üstüniň aglaba bölegini umman suwlarynyň tutýandygy tassyklanylýar.

Awstraliýa we Antarktida materikleri ýewropalylar tarapyndan beýleki ýaşalýan materiklere garanyňda birneme gijräk açylýar. Amerika materiginiň açylyşy häzirki günlere çenli jedelli mesele bolup galýar.

Ilkinji kartalar we globuslar. Gadymy grek alymlary Eratosfeniň we Ptolemeýiň biziň eýýamymyzyň başlaryndaky ilkinji kartalarynda Ýewraziýa we Afrika materikleriniň Ortaýer sebitleri şekillendirilipdir. Şol döwrüň geograflaryna Aziýanyň we Afrikanyň köp bölegi, Demirgazyk Amerika, Günorta Amerika, Awstraliýa, Antarktida mälim däl ekeni. Eratosfeniň kartasynda Hindi ummany Gyzyl deňiz, Demirgazyk Buzly umman Skif ummany diýlip atlandyrylypdyr. ХV asyrda (1492 ý.) nemes alymy Martin Behaýmyň ýasan globusynda hem Demirgazyk Amerika, Günorta Amerika we Antarktida ýok ekeni. Bu materikler ýewropalylara birnäçe asyrdan soň mälim bolupdyr. Klawdiý Ptolemeý gadymy alymlaryň ýer we älem hakyndaky maglumatlaryny umumylaşdyrmak we toplamak bilen, on sekiz tomdan ybarat bolan «Geografiýadan gollanma» diýen işini ýazýar. Bu işi alymlar, syýahatçylar, söwdagärler 1400 ýyllap ulanypdyrlar we ol 42 gezek neşir edilipdir.

Türkmen alymy Mahmyt Kaşgarly özüniň «Diwany lugat at-türk»(1072–1083-nji ýyllar) atly 3 tomdan ybarat bolan ajaýyp işinde

«Dünýäniň kartasyny» ýerleşdiripdir. Mahmyt Kaşgarly özüniň şol kar-tasynda teswirleýän şäherleriniň, derýalarynyň, ýurtlarynyň ýerleşýän ýerlerini görkezipdir. Onuň kartasynda daglar goýy gyzyl reňk bilen, ýurtlaryň arasyndaky serhetler inçe çyzyklar bilen bellenipdir. Deňizler goýy ýaşyl, derýalar bolsa gök reňk bilen reňklenipdir. Mahmyt Kaşgarlynyň bu kartasynyň kartografiýanyň klassyk mekdepleriniň (grek, arap we ş.m.) häzirki zaman kartalary bilen ýakyn meňzeşligi bar.

6. Täze temany berkitmek:

Amaly iş. Beýik geografik açyşlaryň ugurlaryny (marşrutlaryny) sudur kartada görkezmeli. (F.Magellan,H.Kolumb,Wasko da Gama,F.Bellinsgauzen,M.Lazarew)

Sorag-jogap alyşmak: 1. Grek alymlary Eratosfen we Ptolemeý geografiýa ylmynyň ösmegine nähili goşant goşupdyrlar? Olara haýsy materikler we ummanlar mälim bolupdyr?

2. Amerika materigini kimleriň ýolbaşçylygyndaky syýahatçylar açypdyr we ol haçan açylypdyr? 3. Fernan Magellan kim bolupdyr? Onuň ady bilen baglanyşykly haýsy geografik atlary bilýärsiňiz? 4. Beýik geografik açyşlar haýsy asyrlary öz içine alýar, oňa haýsy geografik syýahatlar girýär?

7. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen tema barada umumy gürrüň bermek . §3. sah.13-16

8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

Ýazan mugallym: A.Sadullaýew

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary _____________________________

Bellik:________________________________________________________________

Senesi: 14.09.2023ý

Dersiň ady: Geografiýa Synpy: VI В

Sapagyň temasy:

Ỳer – Gün ulgamynyñ planetasydyr.

Sapagyň maksatlary:

1)Bilim berijilik maksady:

Gün ulgamy we onuň gurluşy barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Watansöýüjiligi, beýleki halklary we medeniýetleri hormatlamagy, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi terbiýelemek

Sapagyň görnüşi:

Garyşyk sapak

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, kartalar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak.

2. Gatnaşygy hasaba almak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

5. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

Materikleriň we okeanlaryň açylyşy

3. Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak.

1. Beýik geografik açyşlar haýsy asyrlary öz içine alýar, oňa haýsy geografik syýahatlar girýär?

4. Geçilen temany jemlemek:

Öýe berlen temany soramak.

Sorag-jogap alyşmak: 1. Grek alymlary Eratosfen we Ptolemeý geografiýa ylmynyň ösmegine nähili goşant goşupdyrlar? Olara haýsy materikler we ummanlar mälim bolupdyr?

2. Amerika materigini kimleriň ýolbaşçylygyndaky syýahatçylar açypdyr we ol haçan açylypdyr? 3. Fernan Magellan kim bolupdyr? Onuň ady bilen baglanyşykly haýsy geografik atlary bilýärsiňiz?

5. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Gün ulgamy we onuň gurluşy barada düşünje bermek.

2. Ýeriň öz okunyň daşyndan aýlanmagy hakynda barada gürrüň bermek.

3. Gün ulgamynyň planetalary barada aýdyp bermek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Okuw kitabyndaky maglumatlary beýan edip;

–Globusdan başarnykly peýdalanyp;

– Geografik adalgalary we düşünjeleri takyk kesgitlemegi;

– Mekdepde geografiýa dersine degişli görkezme esbaplaryndan, okatmagyň tehniki serişdelerinden başarnykly peýdalanyp.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Zerur bolan yzygiderliligi ýitirmän amaly işi doly ýerine ýetirmegi;

– Öwrenilýän geografik obýektleri sudur karta birkemsiz geçirmegi;

– Tebigata daşyndan syn etmegi we enjamlaryň, gurallaryň kömegi bilen gözegçilik geçirmegi;

– Grafikleri, diagrammalary düzmegi we okamagy.

Güne Ýere ýakyn ýerleşen ýyldyz diýilýär. Günüň töwereginde uly planetalar özleriniň emeli hemralary bilen bilelikde hereket edýärler. Gün ulgamynda kiçi planetalar (asteroidler), kometalar, köpsanly ownuk meteorlar hem bar. Gün ulgamy özüne 8 sany (Merkuriý, Wenera, Ýer, Mars, Ýupiter, Saturn, Uran, Neptun) planetany birleşdirýär. Ol Gün ulgamynyň merkezi böleginde ýerleşýär. Gün elmydama ýanyp duran äpet uly gaz görnüşli şar hasaplanýar. Günüň massasy Ýeriň massasyndan 332958 esse uludyr. Onuň diametri Ýeriň ekwatorynyň diametrinden 109 esse köpdür. Gün ähli planetalar üçin ýylylyk we ýagtylyk çeşmesidir. Günüň üstüniň temperaturasy, takmynan, + 6000°C. Onuň merkezi böleginde ýylylyk temperatura 20 million gradusa ýetýär. Gün we beýleki ýyldyzlar Ýerden örän uzakda ýerleşýärler. Şonuň üçin ol aralyklar kilometrlerde däl-de, ýagtylyk ýyllary bilen ölçelýär. Ýagtylyk ýyly diýlip, ýagtylygyň bir ýylyň dowamynda geçýän aralygyna aýdylýar. Ýagtylyk tizligi sekuntda 300000 kilometre deňdir. Günden Ýere çenli Günüň ýagtylygy 8 minut 18 sekuntda gelip ýetýär.

Ý er Merkuriý we Wenera planetalaryndan soň asman giňişliginde (Gün ulgamynda) ýerleşişi boýunça üçünjidir. Ýeriň Günden ortaça uzaklygy 150 million kilometr hasaplanýar. Onuň orbitasynyň Güne golaý aralykda geçýän döwrüne perigeliý diýilýär. Ol döwür ýanwar aýynyň başyna gabat gelýär (4-nji surat). Şol wagt onuň Gün bilen aralygy 147 million kilometre deňdir. Onuň Günden has daşlaşýan döwri iýul aýynyň başyna dogry gelýär. Şol wagtky orbitasyna afeliý diýilýär. Onuň Gün bilen aralygy 152 million kilometr daşlykda bolýar. Ýeriň ekwatorial radiusy – 6378,2 kilometre, polýar radiusy – 6356,9 kilometre deň. Ekwator çyzygynyň uzynlygy – 40076 kilometre, meridian tegeleginiň uzynlygy – 40009 ki-lometre barabardyr.

Aý Ýeriň daşynda güýçli magnit meýdanyny döredýär. Aýyň Ýerden uzaklygy 384400 kilometrdir. Onuň daşky görnüşi şar şekilli, radiusy bolsa 3476 kilometre barabardyr. Bu bolsa Ýeriň radiusyndan 4 esse kiçidir. Aýyň üstünde çekiş güýji Ýere garaňda 6 esse kiçidir. Mysal üçin, Ýeriň üstünde 60 kg agramly adamyň agramy Aýyň üstünde 10 kg deňdir.

Ýyldyzlaryň ýagtysy dürli-dürli bolýar. Gijelerine Aý aýdyň bolup şöhle salanda, ýyldyzly asman diýseň owadan görünýär. Aýyň owadan ýagtysy Ýeriň ýüzüne ýaýrasa-da, ol Günüň şöhlesi ýaly ýiti bolmaýar. Sebäbi Aýyň üstüni gün şöhleleri ýagtyldýar. Şonuň üçin Aý aýdyň gijelerde-de uzak aralykdaky zatlar gowy görünmeýärler.Aýkem-kemdenaşakdüşüp,gözýetimiň(gorizontyň)aňyrsyna gizlenýär. Garaňky asmanda görünýän ýyldyzlaryň sany köpelýär. Gün biziň Ýerimize iň ýakyn ýerleşen sary reňkli, orta ýaşly ýyldyzdyr. Ýer Günüň we öz okunyň daşyndan sekuntda 30 kilometre (29,8) golaý tizlik bilen hereket edýär. Ýer öz okunyň daşyndan günbatardan gündogara 24 sagadyň dowamynda doly aýlanýar. Ýer Günüň daşyndan 365 gün 5 sagat 48 minut 46 sekundyň dowamynda bir gezek aýlanýar. Günüň daşyndan aýlanýan çyzygyna onuň orbitasy diýilýär. Ýeriň orbitasynyň uzynlygy 930 million kilometre deň.

6. Täze temany berkitmek:

Amaly iş. Depdere Gün ulgamynda Ýeriň we beýleki planetalaryň hereketiniň shemasyny çyzmaly.

Sorag-jogap alyşmak: 1. Gün ulgamy we onuň gurluşy barada nämeleri aýdyp bilersiňiz?

2. Ýeriň öz okunyň daşyndan aýlanmagy hakynda nämeleri aýdyp bilersiňiz?

3. Gün ulgamy özüne näçe sany planetany birleşdirýär?

7. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen tema barada umumy gürrüň bermek . §4. sah.17-19

8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

Ýazan mugallym: Sadullaýew A.

MMOIBO__________

Bellik:________________________________________________________________

Dersiň ady: Geografiýa Synpy: VI “Ç,” Senesi: 19.09.2022 ý.

Sapagyň temasy:

Ýeriň plany we şertli belgiler.

Sapagyň maksatlary:

Bilim berijilik maksady:

Ýeriň plany we şertli belgiler. barada umumy düşünje bermek.

Terbiýeçilik maksady:

Watansöýüjiligi, beýleki halklary we medeniýetleri hormatlamagy, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi terbiýelemek

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, kartalar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak.

2. Gatnaşygy hasaba almak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

5. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

Ỳer – Gün ulgamynyñ planetasydyr.

3. Geçilen temany jemlemek:

Öýe berlen temany soramak.

Sorag-jogap alyşmak: 1. Gün ulgamy we onuň gurluşy barada nämeleri aýdyp bilersiňiz?

2. Ýeriň öz okunyň daşyndan aýlanmagy hakynda nämeleri aýdyp bilersiňiz?

3. Gün ulgamy özüne näçe sany planetany birleşdirýär?

4. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Ýeriň plany barada gürrüň bermek.

2. Plandaky çemenlikler, tokaýlyklar, baýyrlar, derýalar, köller, beýik daglyklardaky ebedi garlyklar we buzluklar barada gürrüň bermek.

3. Çägeler we şor ýerler barada aýdyp bermek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Okuw kitabyndaky maglumatlary beýan edip;

–Globusdan başarnykly peýdalanyp;

– Geografik adalgalary we düşünjeleri takyk kesgitlemegi;

– Mekdepde geografiýa dersine degişli görkezme esbaplaryndan, okatmagyň tehniki serişdelerinden başarnykly peýdalanyp.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Doly özbaşdak işlemegi;

– Zerur bolan yzygiderliligi ýitirmän amaly işi doly ýerine ýetirmegi;

– Tebigata daşyndan syn etmegi we enjamlaryň, gurallaryň kömegi bilen gözegçilik geçirmegi;

– Grafikleri, diagrammalary düzmegi we okamagy.

Ýeriň plany – munuň özi ýer üstüniň kiçeňräk böleginiň bellibir masştabda çyzgy üsti bilen kiçeldilen görnüşde görkezilmesidir.

Planda obalardaky köçeleri, ýaplary, ekin meýdanlaryny, hatda aýry-aýry jaýlary hem görkezmek bolýar. Onda demirgazyk we günorta taraplar hem görkezilýär. Her bir plan bellibir masştabda düzülýär we plandaky predmetler şertli belgiler bilen şekillendirilýär. Planlar iri masştabda düzülip, çyzgyda 1 santimetr aralykda 1, 5, 10, 50 metre deň bolan aralyklar ýerleşdirilýär (5-nji surat). Masştab 1:5000 ýa-da 1 sm-de 50 m. Ýeriň planyny dürli usullar arkaly şekillendirmek hem bolar. Ony Ýer üstünde ölçemek, polýar we perpendikulýar usullary boýunça çyzmak bolar. Tutýan meýdany kiçeňräk bolan Ýeriň suratyny çekseň-de, surata düşürseň-de bolýar. Ýöne surat plandan tapawutlydyr. Suratda ýeriň görnüşi gapdaldan görkezilýär, planda bolsa ýeriň görnüşi ýokardan görkezilýär. Surat ýeriň peýzažyny, hakyky keşbini görkezýär. Onda ýerli zatlaryň bir-birinden aradaşlygy bildirmeýär.

Ý er üstüni şekillendirmegiň başga usullary hem bar. Bu ýagdaýda tokaýlar, derýalar, obalar, meýdanlar we beýlekiler aýyl-saýyl bolup görünýärler. Olaryň ölçeglerini we bir-birine ýakynlygyny hem saýgarmak bolýar. Olar aerofotosuratlardyr. Aerofotosuratlary Ýer üstüni uçarlardan surata düşürmek arkaly alýarlar. Ýöne ýeriň plany bilen aerofotosuratlaryň arasynda tapawut bardyr.

Ýer üstüniň iri ýerlerini kosmosdan surata almak bilen hem şekillendirmek bolar. Kosmos suratlarynda dag gerişleri, düzlükler, deňizler, köller, derýalar we beýleki iri geografik obýektler oňat görünýär.

Şeýlelikde, Ýeriň planyny – ýer üstünde ölçeg işlerini geçirmek, surata düşürmek, uçardan we kosmosdan surata düşürmek arkaly şekillendirmek bolar.

Şertli belgiler, olaryň görnüşleri we ähmiýeti. Ýeriň bellibir böleginiň plany hemme adamlara düşnükli bolar ýaly, ony şertli belgiler arkaly görkezýärler. Şertli belgileri şol zada meňzeş edip şekillendirýärler. Mysal üçin, çemenlikler ot ösümlikleriniň inçejik baldaklary görnüşinde belgilenýär. Tokaýlygyň şertli belgisi bolup, ýaşyl reňk, ýagny ösümlikleriň reňki hyzmat edýär. Derýalar, köller, deňizler mawy reňk bilen görkezilýär. Olaryň has çuň ýerleri goýy mawy reňk bilen, çuň bolmadyk ýerleri bolsa açyk mawy reňk bilen reňklenýär. Planda belentlikler sary, daglar goňur, has beýik daglar goýy goňur reňk bilen şekillendirilýär. Beýik daglaryň depelerindäki ebedi garlyklar we buzluklar, olaryň reňkine görä, ak reňk bilen görkezilýär. Uly meýdany tutup ýatan çägelikler goňur nokatjyklar arkaly aňladylýar.

Köp şertli belgiler peýdalanylýan ýerleri aňlatmak üçin ulanylýar. Peýdalanylýan ýerlere: ekin meýdanlary, tokaýlyklar, jeňňellikler, batgalyklar, öri meýdanlary degişlidir. Peýdalanylýan ýerleriň çäkleri kiçijik nokatjyklar arkaly şekillendirilýär. Sürlen ýerler, ekin meýdanlary, mellek ýerleri esasy oba hojalyk ýerleridir. Planda sürülýän ýerler ýörite belgilenmän, aklygyna galdyrylýar. Bakja ýerleri «bakja» ýa-da gysgaça «BJ» diýlip bellenilýär. Ekerançylyk ýerleriniň töweregindäki şorluk ýerler dikleýin punktir çyzyk, batgalyklar keseleýin punktir çyzyk bilen belgilenýär.

Ownuk derýalardyr çeşmeler, ýollar we ýodalar, insizje köçeler çyzyklar görnüşinde şertli belgiler bilen şekillendirilýär. Şol çyzyklaryň uzynlygy boýunça derýajygyň ýa-da ýoluň uzynlygyny bilmek bolýar.

Planda gazylyp alynýan baýlyklaryň çykýan ýerleri, kanallar, senagat kärhanalary, suw we ýel degirmenleri, guýular hem şertli belgiler arkaly görkezilip bilner.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak: 1. Ýeriň plany diýip nämä aýdylýar? Ol çekilen we kosmosdan alnan suratlardan näme bilen tapawutlanýar? 2. Planda çemenlikler, tokaýlyklar, baýyrlar, derýalar, köller, beýik daglyklardaky ebedi garlyklar we buzluklar nähili reňkler bilen reňklenýär? 3. Ýaşaýan ýeriňizdäki duşýan çägeleri we şor ýerleri haýsy şertli belgiler bilen şekillendirmek bolar?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen tema barada umumy gürrüň bermek . §5. sah.19-21

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

Ýazan mugallym: A.Sadullaýew

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary _____________________________

Bellik:________________________________________________________________

Dersiň ady: Geografiýa Synpy: VI “A, B, Ç” Senesi: 21.09.2022 ý

Sapagyň temasy:

Masştab we onuň görnüşleri.

Sapagyň maksatlary:

1)Bilim berijilik maksady:

Masştab we onuň görnüşleri. barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Watansöýüjiligi, beýleki halklary we medeniýetleri hormatlamagy, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi terbiýelemek

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, kartalar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak.

2. Gatnaşygy hasaba almak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

5. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

Ýeriň plany we şertli belgiler.

3. Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak.

1. Ýaşaýan ýeriňizdäki duşýan çägeleri we şor ýerleri haýsy şertli belgiler bilen şekillendirmek bolar?

4. Geçilen temany jemlemek:

Öýe berlen temany soramak.

Sorag-jogap alyşmak: 1. Ýeriň plany diýip nämä aýdylýar? Ol çekilen we kosmosdan alnan suratlardan näme bilen tapawutlanýar? 2. Planda çemenlikler, tokaýlyklar, baýyrlar, derýalar, köller, beýik daglyklardaky ebedi garlyklar we buzluklar nähili reňkler bilen reňklenýär?

5. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Masştab näme barada düşünje bermek.

2. Masştabyň görnüşleri barada gürrüň bermek.

3. Kese masştab barada aýdyp bermek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Globusdan başarnykly peýdalanyp;

– Geografik kartanyň dürli görnüşlerini okamagy;

– Geografik adalgalary we düşünjeleri takyk kesgitlemegi;

– Mekdepde geografiýa dersine degişli görkezme esbaplaryndan, okatmagyň tehniki serişdelerinden başarnykly peýdalanyp.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Tebigata daşyndan syn etmegi we enjamlaryň, gurallaryň kömegi bilen gözegçilik geçirmegi;

– Öwrenilýän geografik obýektleri sudur karta birkemsiz geçirmegi;

– Öwrenilýän meseleleriň meýilnamasyny düzmegi;

– Grafikleri, diagrammalary düzmegi we okamagy.

Masştab geografik kartada ýa-da planda ýerdäki aralyklaryň näçe esse kiçeldilendigini görkezýän san gatnaşygydyr. «Masştab» nemes dilinde «ölçeg taýajygy» diýmekligi aňladýar. Masştab ýer üsti böleklerini, aralyklary planda ýa-da kartada kiçeldip görkezmäge mümkinçilik berýär. Masştaba baglylykda kartalar uly, orta we kiçi masştably bolýar. Ölçegi has kiçeldilen karta kiçi masştably kartadyr. Masştab planyň we kartalaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Masştab köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Ulanylyşyna baglylykda san we atlandyrylan masştablar, çyzykly we keseleýin masştablar bolýar (7-nji surat).

San we atlandyrylan masştablar, olaryň tapawudy. Biziň bilşimiz ýaly, ýer üstündäki aralyklar metrlerde, kilometrlerde görkezilýär. Planlarda we topografik kartalarda bolsa aralyklar ýüzlerçe, müňlerçe esse kiçeldilip, santimetrlerde we millimetrlerde berilýär. Eger-de görkezilen ýeriň planynda ähli aralyklar 10000 esse kiçeldilip berlen bolsa, onda planda 1 sm şekillendirilýän ýeriň 10000 sm-ine deňdir. Onuň masştaby 1:10000 bolar. Bu masştabyň on müňden bire deňdigini görkezýär.

Sanawjysy 1-e we maýdalawjysy şekillendirilýän ýerdäki aralygyň planda näçe esse kiçeldilendigini görkezýän sana bolan gatnaşygyna (droba) san masştaby diýilýär.

Planda aralyklary kesgitlemek san masştaby boýunça kyn düşýär. Planda iki nokadyň aralygyny bilmek üçin amatly bolar ýaly 1:1000 san masştabyna derek 1 sm-de 10 m bolan ýazgy ulanylýar. Ol atlandyrylan masştabdyr. 1 sm-e deň bolan aralyga masştabyň ululygy diýilýär. Masştabyň ululygyny bilmek arkaly aralygy kesgitlemek örän ýeňil düşýär.

San we atlandyrylan masştablar bir-birinden tapawutlandyrylýar. San masştaby drob görnüşinde görkezilýär. Ol plandaky 1 sm meýdan-daky ululygyň näçe santimetriniň düşýändigini görkezýär. Atlandyrylan masştabda bolsa, gös-göni 1 sm pylança metre ýa-da kilometre deň diýlip alynýar. Meselem, 1 sm-de 10 m, 1 sm-de 50 m, 1 sm-de 1 km bar we ş.m.

Çyzykly masştab. Deň böleklere bölünip, göni çyzyk görnüşinde şekillendirilen masştaba çyzykly masştab diýilýär. Ol, adatça, santi-metrlere bölünen göni çyzykdyr.

Kese masştab. Plandaky çyzyklary has takyk ölçemek we olary planda dogry geçirip gurmak üçin kese masştab ulanylýar. Bu masştab hem çyzykly masştaba perpendikulýarlar we ýapgytlar, bir-birinden deň daşlykda ýatan parallel çyzyklar geçirilip alynýar. Çyzykly masştabda 100-e çenli sanlary plana geçirip we ölçäp bolýan bolsa, kese masştabda 1000-e çenli san ululyklaryny planda ýerleşdirip we ölçäp bolýar.

6. Täze temany berkitmek:

Amaly iş. Masştabyň görnüşlerini depdere ýazmaly we çyzyp görkezmeli

1. Türkmenistanyň kartasyny peýdalanyp, Aşgabatdan Daşoguz, Aşgabatdan Mary, Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherlerine bolan aralygy ölçäň we kilometrlerde görkeziň.

2. Depderiňizde 500 metr aralygy aşakdaky masştablarda şekillendiriň: 1 sm-de 100 m; 1 sm-de 50 m; 1 sm-de 25 m. Masştablaryň haýsysy has uly?

3. Depderiňizde 568 metr aralygy kese masştab boýunça ýerleşdiriň. Masştab 1: 10000.

Sorag-jogap alyşmak: 1. Masştab näme? Ol näme üçin gerek? 2. Masştabyň nähili görnüşlerini bilýärsiňiz? San masştaby bilen çyzykly masştabyň tapawudy nämeden ybarat? 3. Kese masştab beýlekilerden näme bilen tapawutlanýar? 4. Mekdebiňiziň ekin meýdanynyň planyny düzmek üçin nähili masştab amatly bolar?

7. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen tema barada umumy gürrüň bermek . §6. sah.22-24

8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

Ýazan mugallym: Matmuradowa S.

Seredildi

Dersiň ady: Geografiýa Synpy: VI “BÇ” Senesi: 23.09.2022 ý.

Sapagyň temasy:

Aralyklaryň ölçenilişi. Türkmen milli ölçegleri.

Sapagyň maksatlary:

1)Bilim berijilik maksady:

Aralyklaryň ölçenilişi barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Watansöýüjiligi, beýleki halklary we medeniýetleri hormatlamagy, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi terbiýelemek

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, kartalar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak.

2. Gatnaşygy hasaba almak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

5. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

Masştab we onuň görnüşleri.

3. Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak.

1. Mekdebiňiziň ekin meýdanynyň planyny düzmek üçin nähili masştab amatly bolar?

4. Geçilen temany jemlemek:

Öýe berlen temany soramak.

Sorag-jogap alyşmak: 1. Masştab näme? Ol näme üçin gerek? 2. Masştabyň nähili görnüşlerini bilýärsiňiz? San masştaby bilen çyzykly masştabyň tapawudy nämeden ybarat? 3. Kese masştab beýlekilerden näme bilen tapawutlanýar?

5. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Meýdan ýerlerinde aralyklary ölçemek.

2. Aralyklary ölçemek üçin peýdalanylýan ýönekeý gurallar barada gürrüň bermek.

3. Niwelir we dalnomer barada aýdyp bermek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Geografik kartanyň dürli görnüşlerini okamagy;

–Globusdan başarnykly peýdalanyp;

– Geografik adalgalary we düşünjeleri takyk kesgitlemegi;

– Mekdepde geografiýa dersine degişli görkezme esbaplaryndan, okatmagyň tehniki serişdelerinden başarnykly peýdalanyp.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Öwrenilýän meseleleriň meýilnamasyny düzmegi;

– Öwrenilýän geografik obýektleri sudur karta birkemsiz geçirmegi;

– Tebigata daşyndan syn etmegi we enjamlaryň, gurallaryň kömegi bilen gözegçilik geçirmegi;

– Grafikleri, diagrammalary düzmegi we okamagy.

Aralyklary ölçemek üçin, köplenç, ýönekeý gurallar ulanylýar; ruletka (ölçeg lentasy), sajyn (atanak), käwagtlar aralygy ädim we göz çaky bilen hem kesgitlemek bolar. Ruletkanyň uzynlygy 10 ýa-da 20 metr bolýar. Ruletkany sökelemek arkaly ölçeýärler.

Sajyn bu ölçeg guraly sirkula meňzeş bolup, onuň aýaklarynyň aralygy 2 metrdir. Sajyn bilen aralyk ölçenende iş birneme çaltlaşýar. Sajyn ruslaryň ölçeg birligi bolup, ol «sažen» sözünden gelip çykypdyr. Aralyklary has takyk ölçemek üçin ýokary gurluşly gurallar – teodolitler, niwelirler we dalnomerler ulanylýar (9-njy surat). Ýönekeýje dalnomerleri kartondan hem ýasamak bolar. Ol uzakdan görünýän binanyň beýikligine esaslanandyr.

T ürkmenlerde ulanylýan uzynlyk ölçegleri. Türkmenleriň durmuşynda häzirki günlere çenli ulanylyp gelinýän uzynlyk ölçeglerine garyş, sere, agsaksere, gulaç, gary, gez we beýlekiler degişli bolup, olar adamyň el we aýak agzalarynyň ortaça uzynlygyna esaslanandyr. Durmuşda adamlar, şeýle hem mezil (menzil), bir salkyn ýol, bir suwluk ýol, çakyrym, çöket, agaç, parsak, tanap, sesýetim ýaly uzynlyk ölçeglerinden hem peýdalanypdyrlar. Garyş – başam barmak bilen külbikäniň doly gerlen aralygydyr, takmynan, 22 – 25 sm-e deň. Sere – süýem barmak bilen külbikäniň aňrybaş gerlen aralygy bolup, takmynan, 15 – 18 sm-e deň. Agsaksere – ortaky barmak bilen külbikäniň aňrybaş gerlen aralygy, takmynan, 10 – 12 sm. Gulaç – sag we çep gollaryň aňrybaş gerlen aralygy, takmynan, 180 – 190 sm ýa-da 8 garyş aralygy. Gary – ýarym gulaja (1 metre) barabar uzynlyk ölçegi. Daban – başam barmakdan ökjä çenli aralyk, takmynan, 28 – 32 sm. Iňlis dilinde dabana fut diýilýär, ýagny 30 – 48 sm aralyk. Ädim – ortaça uzynlygy 70 sm bolan aralyk. Merkezi Aziýa halklarynda 9000 – 12000 ädim bir parsak (6 – 8 km) diýlip kabul edilipdirMenzil ýa-da mezil – kerwenler bilen ýarym günde geçilýän ýol, takmynan, 23 – 25 km. Çöket – takmynan, uzynlygy 1,5 – 2 km-e deň bolan aralyk. Ol iki sany parallel uzalan geriş çägeleriň aralygyna dogry gelýär. Çakrym – uzynlygy (1067 m) bir kilometrden gowrak bolan aralyk. Ol «çagyrym» sözüniň üýtgän görnüşidir. Agaç – uzynlygy, takmynan, 6 km-e deň bolan aralyk. Tanap – uzynlygy 71,12 sm-e deň bolan ölçeg birligi we beýlekiler. Ýokardaky uzynlyk ölçegleri türkmenleriň hojalyk işlerinde hem-de oba we şäher arasynda, gum içinde ýerleşen ilatly ýerleriň aralygyny ölçemekde asyrma-asyr ulanylyp gelnipdir.

6. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak: 1. Meýdan ýerlerinde aralyklary ölçemek üçin näme gerek?

2. Aralyklary ölçemek üçin peýdalanylýan ýönekeý gurallary aýdyp beriň. Göz çaky bilen ölçemek näme? 3. Niwelir we dalnomer nähili gurallar? Olar nämä niýetlenen?

4. Mekdepden öýüňize çenli aralygy ädimläň we sanaň. Ädimiňiziň ortaça uzynlygy 70 sm bolsa, ol aralyk uzynlyk ölçeginde näçe bolar? 5. El-aýak ölçegleri nirelerde ulanylýar? Gulaç bilen garynyň tapawudyny düşündiriň. 6. Çakyrym sözüniň manysyny düşündiriň

7. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen tema barada umumy gürrüň bermek . §7. sah.24-27

8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

Ýazan mugallym: Sadullavew.A

MMOIBO__________

Dersiň ady: Geografiýa Synpy: VI “А” Senesi: 29.09.2022 ý

Sapagyň temasy:

Ýeriň plany boýunça ugurlaryň kesgitlenilişi

Sapagyň maksatlary:

1)Bilim berijilik maksady:

Ýeriň plany boýunça ugurlaryň kesgitlenilişi barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Watansöýüjiligi, beýleki halklary we medeniýetleri hormatlamagy, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi terbiýelemek

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, kartalar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak.

2. Gatnaşygy hasaba almak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

5. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

Aralyklaryň ölçenilişi

3. Geçilen temany jemlemek:

Öýe berlen temany soramak.

Sorag-jogap alyşmak: 1. Meýdan ýerlerinde aralyklary ölçemek üçin näme gerek? 2. Aralyklary ölçemek üçin peýdalanylýan ýönekeý gurallary aýdyp beriň. Göz çaky bilen ölçemek näme? 3. Niwelir we dalnomer nähili gurallar? Olar nämä niýetlenen?4. Mekdepden öýüňize çenli aralygy ädimläň we sanaň. Ädimiňiziň ortaça uzynlygy 70 sm bolsa, ol aralyk uzynlyk ölçeginde näçe bolar? 5. El-aýak ölçegleri nirelerde ulanylýar? Gulaç bilen garynyň tapawudyny düşündiriň. 6. Çakyrym sözüniň manysyny düşündiriň

4. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Gözýetim barada gürrüň bermek.

2. Ugur tapmak barada aýdyp bermek.

3. Gözýetimiň taraplaryny Güne, ýyldyzlara garap kesgitlemegi öwretmek.

4. Kompas barada düşünje bermek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Okuw kitabyndaky maglumatlary beýan edip;

–Globusdan başarnykly peýdalanyp;

– Geografik adalgalary we düşünjeleri takyk kesgitlemegi;

– Mekdepde geografiýa dersine degişli görkezme esbaplaryndan, okatmagyň tehniki serişdelerinden başarnykly peýdalanyp.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Zerur bolan yzygiderliligi ýitirmän amaly işi doly ýerine ýetirmegi;

– Öwrenilýän geografik obýektleri sudur karta birkemsiz geçirmegi;

– Tebigata daşyndan syn etmegi we enjamlaryň, gurallaryň kömegi bilen gözegçilik geçirmegi;

– Grafikleri, diagrammalary düzmegi we okamagy.

Gözýetim. Açyk meýdanda daş-töweregimize seredenimizde, Ýer üstüniň görünýän bölegine gözýetim diýilýär. Asman bilen ýeriň birleşýän ýaly bolup görünýän zolagyna bolsa gözýetim çägi (çyzygy) diýilýär. Gum depelerine, baýyrlyga, daglaryň üstüne çykyp daş-töweregimize seretsek, gözýetim giňelýär. Ol biziň görüp bilýän çägimizdir.

Gözýetimiň taraplary. Ýer üstünde we planda gözýetimiň dört esasy tarapy bar. Olara demirgazyk, günorta, gündogar we günbatar taraplar degişlidir.

Rumb. Gözýetimiň taraplaryny başgaça rumb diýip atlandyrýarlar. Gözýetimiň esasy taraplaryndan başga-da aralyk taraplary tapawutlandyrylýar. Suratlarda we çyzgylarda esasy we aralyk ugur görkeziji taraplar gysgaldylyp, baş harplar bilen bellenilýär. Mysal üçin, Demirgazyk – Dg, Günorta – Gündogar bolsa Go-Gd we ş.m. Ondan başga-da ýene 8 sany aralyk rumblar tapawutlandyrylýar. Meselem, demirgazyk we demirgazyk-gündogar tarap demirgazyk-demirgazyk-gündogar (DDG), demirgazyk-gündogar we gündogar-gündogar-demirgazyk taraplar (GGD) diýlip atlandyrylýar we ş.m.

Gözýetimiň taraplaryny kesgitlemegiň ençeme usuly bar. Gün boýunça ugur tapmagy adamlar has ir döwürlerden bilýärler. Günüň dogýan tarapy ζ– gündogar, ýaşýan tarapy bolsa günbatar bolýar. Türkmenistanyň ýerleşiş şertlerinde Günüň günortan wagtynda ýer üstündäki zatlaryň (dik duran sütünler) kölegesi gös-göni demirgazyk tarapy görkezýär.

Bulutsyz gijelerde gözýetimiň taraplaryny Demigazyk ýyldyzy boýunça δ kesgitleýärler. Eger-de siz Demirgazyk ýyldyzyna seredip dursaňyz, onda sag eliňiz – gündogary, çep eliňiz – günbatary, arka tarapyňyz bolsa günorta tarapy görkezer.

Gözýetimiň ugurlaryny kompasyň, ýerli alamatlaryň kömegi bilen öwrenmek. Gözýetimiň ugurlaryny başga usullar we ýörite ýasalan gurallar bilen hem kesgitlemek bolar. Gözýetimiň taraplaryny kesgitlemek üçin ulanylýan guralyň birine kompas diýilýär. Bu guraly ilki hytaýlylar ýasapdyrlar we deňiz syýahatçylygynda peýdalanypdyrlar (12-nji surat). Howa bulutly bolanda kompasy ulanmaklyk amatlydyr. Kompasyň kömegi bilen ýerde we planda burçy ölçemek hem bolýar. Şonuň üçin syýahatçylarda, meýdanda gözleg işlerini geçirýän geograflarda, geologlarda, gämilerde we uçarlarda hökmany suratda kompas bolýar.

Azimut we azimutyň kesgitlenilişi. Azimut ýerde ýa-da kartada, demirgazyga tarap ugur bilen saýlanyp alnan predmete (nokada) tarap ugruň arasyndaky burçdur. Burçlar sagat diliniň ugry boýunça demirgazyga tarap ugurdan hasaplanýar. Azimutyň ululygy 0–360° çäginde bolýar. Mysal üçin, gözegçilik geçirilýän predmet (nokat) gös-göni demirgazykda bolsa, onda azimut 0 ýa-da 360°-a deňdir. Eger-de ol gündogarda bolsa, azimut 90°-a, günorta-günbatarda bolsa, azimut 225°-a deňdir we ş.m.

Meýdan ýagdaýynda azimuty kompasyň ýa-da bussolyň (has ownuk graduslara bölünen kompas) kömegi bilen kesgitleýärler. Onuň üçin kompasy planşetiň üstünde goýýarlar we onuň gök ýa-da gara reňkli dilini 0°-a sazlaýarlar. Soňra inçejik çybygy (polat simjagazy) kompasyň aýnasynyň üstünde goýmaly we gözlenýän nokada ugrukdyrmaly. Çybyjak gözlenýän nokat bilen kompasyň merkezini birleşdirmeli. Soňra demirgazyk ugur bilen çybyjyga çenli aralygy graduslarda sanamaly. Ol şol nokadyň (predmetiň) azimuty bolar.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak: 1. Gözýetim diýlip nämä aýdylýar? Gözýetim çägi (çyzygy) näme? Gözýetimiň esasy we aralyk taraplaryny sanap beriň we çyzgyda görkeziň. 2. Ugur tapmak näme üçin gerek? «Kerwengyrana bil baglama» diýen atalar sözüniň manysyny aýdyp beriň. 3. Gözýetimiň taraplaryny Güne, ýyldyzlara garap nähili kesgitlemeli? Demirgazyk ýyldyzy haýsy ýyldyzlar toparynda ýerleşýär? Oňa degişli haýsy sanawajy bilýärsiňiz? 4. Kompas näme? Onuň gurluşyny aýdyp beriň. Kompas boýunça synp otagy-ňyzda gözýetimiň taraplaryny kesgitläň. 5. Bulutly, gamaşyk howalarda gözýetimiň taraplary nähili kesgitlenilýär? Olary Garagum çölüniň mysalynda (tokaý agaçlarynyň ýok ýerinde) nähili kesgitlemek bolar? 6. Gözýetimiň taraplaryny biziň ata-babalarymyz nähili atlandyrypdyrlar? Olaryň gelip çykyşynyň sebäbini düşündiriň.

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen tema barada umumy gürrüň bermek . §8. sah.27-33

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

Ýazan mugallym: Sadullavew.A

MMOIBO___________

Mekdebi: ___18___ Senesi: 30,09,2023ý

Dersiň ady: Geografiýa Synpy: VI Ç

Sapagyň temasy:

Planda ýerüstüniň şekillendirilişi

Sapagyň maksatlary:

1)Bilim berijilik maksady:

Planda ýerüstüniň şekillendirilişi barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Watansöýüjiligi, beýleki halklary we medeniýetleri hormatlamagy, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi terbiýelemek

Sapagyň görnüşi:

Garyşyk sapak

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, kartalar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak.

2. Gatnaşygy hasaba almak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

5. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

Ýeriň plany boýunça ugurlaryň kesgitlenilişi

3. Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak.

1. Bulutly, gamaşyk howalarda gözýetimiň taraplary nähili kesgitlenilýär? Olary Garagum çölüniň mysalynda (tokaý agaçlarynyň ýok ýerinde) nähili kesgitlemek bolar? 2. Gözýetimiň taraplaryny biziň ata-babalarymyz nähili atlandyrypdyrlar? Olaryň gelip çykyşynyň sebäbini düşündiriň

4. Geçilen temany jemlemek:

Öýe berlen temany soramak.

Sorag-jogap alyşmak: 1. Gözýetim diýlip nämä aýdylýar? Gözýetim çägi (çyzygy) näme? Gözýetimiň esasy we aralyk taraplaryny sanap beriň we çyzgyda görkeziň. 2. Ugur tapmak näme üçin gerek? «Kerwengyrana bil baglama» diýen atalar sözüniň manysyny aýdyp beriň. 3. Gözýetimiň taraplaryny Güne, ýyldyzlara garap nähili kesgitlemeli? Demirgazyk ýyldyzy haýsy ýyldyzlar toparynda ýerleşýär? Oňa degişli haýsy sanawajy bilýärsiňiz? 4. Kompas näme? Onuň gurluşyny aýdyp beriň. Kompas boýunça synp otagyňyzda gözýetimiň taraplaryny kesgitläň..

5. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Otnositel beýiklik barada düşünje bermek.

2. Absolýut beýiklik barada gürrüň bermek.

3. Absolýut beýikligiň otnositel beýiklikden tapawudy barada aýdyp bermek.

4. Gorizontallar barada aýdyp bermek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Okuw kitabyndaky maglumatlary beýan edip;

–Globusdan başarnykly peýdalanyp;

– Geografik adalgalary we düşünjeleri takyk kesgitlemegi;

– Mekdepde geografiýa dersine degişli görkezme esbaplaryndan, okatmagyň tehniki serişdelerinden başarnykly peýdalanyp.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Doly özbaşdak işlemegi;

– Zerur bolan yzygiderliligi ýitirmän amaly işi doly ýerine ýetirmegi;

– Tebigata daşyndan syn etmegi we enjamlaryň, gurallaryň kömegi bilen gözegçilik geçirmegi;

– Grafikleri, diagrammalary düzmegi we okamagy.

Ýeriň üsti beýikli-pesli relýef görnüşinde bolýar. Oňa düzlük ýerlerem, baýyrlaram, jarlaram, üsti ebedi garlar we buzlar bilen örtülen daglaram girýär. Ýer üstüniň keşbine relýef diýilýär. Olaryň biri asman bilen bäsleşip dursa, beýlekisi has pesde ýerleşýär. Şonuň üçin olary bir-birinden otnositel we absolýut beýiklikleri boýunça tapawutlandyrýarlar.

Otnositel (deňeşdirme) beýiklik ýer üstüniň bir nokadynyň beýleki bir nokadyndan näçe ýokarda ýa-da aşakda ýerleşendigini görkezýär. Otnositel beýikligi kesgitlemek üçin, iş ýüzünde ýönekeý mekdep niweliri ýa-da ýokary gurluşly niwelir peýdalanylýar. Bu ýagdaýda relýefiň iki nokadynyň beýikligi deňeşdirilýär we biriniň beýlekisinden näçe metr ýokarda ýa-da aşakda ýerleşendigi anyklanylýar (15-nji surat). Meselem, derýa jülgesiniň kert eňňidi derýanyň kenaryndan 300 m ýokarda ýerleşýär ýa-da Aşgabat şäheri Arçabildäki dynç alyş merkezleriniň ýerleşýän ýerinden 440 m aşakda (pesde) ýerleşýär.

Ýeriň üstüni düzýän relýef görnüşleri – çöketlikler, düzlükler, baýyrlyklar, jarlar, jülgeler daglyklar umman derejesinden dürli beýiklikde bolýarlar. Relýefiň islendik nokadynyň umman derejesinden beýikligine absolýut beýiklik (iň ýokary nokady) diýilýär. Şunda umman (deňiz) derejesi 0 (nul) m diýlip alynýar.

Topografik kartalarda relýef gorizontallar arkaly şekillendirilýär. Gorizontallar, munuň özi gury ýer üstüniň birmeňzeş absolýut beýiklikdäki nokatlaryny birleşdirýän çyzyklardyr. Gorizontal çyzyklaryň geçýän ugrundaky nokatlaryň absolýut beýiklikleri deňdirler. Her gorizontalyň deňinde onuň absolýut beýikligi ýazylyp görkezilýär.

Gorizontallar ýeriň planynda ýa-da topografik kartada dürli otnositel beýiklikleri kesgitlemäge hem kömek edýär. Planda we topografik kartadaky gorizontallara üns beren bolsaňyz, onda kiçijik çyzyjaklar görkezilendir. Olar bergştrihler diýlip atlandyrylýar. Ol çyzyjaklar baýryň eňňidiniň haýsy tarapa peselýändigini görkezýär.

Gorizontallaryň geçiş häsiýeti boýunça eňňitligini hem kesgitlemek bolar. Gorizontal çyzyklaryň bir-birine has golaýlaşýan, ýagny ýygy geçýän ýerlerinde eňňitlilik has kertdir, olaryň arasynyň giň ýerlerinde bolsa, ol ýapgydrak bolup, dag etegi şekillidir.

6. Täze temany berkitmek:

Amaly iş. Plan boýunça azimuty, aralygy,berlen nokatlaryň beýikligini kesgitlemeli

Sorag-jogap alyşmak: 1. Otnositel beýiklik diýlip nämä aýdylýar? Oňa degişli mysallar getiriň. 2. Absolýut beýiklik diýlip nämä aýdylýar? Oňa degişli mysallar getiriň. 3. Absolýut beýikligiň otnositel beýiklikden näme tapawudy bar? Mysallar bilen subut ediň.

4. Gorizontallar näme? Olaryň kömegi bilen relýef nähili şekillendirilýär?

7. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen tema barada umumy gürrüň bermek . §9. sah.34-37

8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

Ýazan mugallym: Ýazan mugallym: Sadullavew.A

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary _____________________________

Mekdebi: 18 Senesi: 05.10.2023

Dersiň ady: Geografiýa Synpy: VI В

Sapagyň temasy:

Ýer üstüniň surata alnyşynyň esasy görnüşleri

Sapagyň maksatlary:

1)Bilim berijilik maksady:

Ýer üstüniň surata alnyşynyň esasy görnüşleri barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Watansöýüjiligi, beýleki halklary we medeniýetleri hormatlamagy, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi terbiýelemek

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, kartalar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak.

2. Gatnaşygy hasaba almak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

5. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

Planda ýerüstüniň şekillendirilişi

3. Geçilen temany jemlemek:

Öýe berlen temany soramak.

Sorag-jogap alyşmak: 1. Otnositel beýiklik diýlip nämä aýdylýar? Oňa degişli mysallar getiriň. 2. Absolýut beýiklik diýlip nämä aýdylýar? Oňa degişli mysallar getiriň. 3. Absolýut beýikligiň otnositel beýiklikden näme tapawudy bar? Mysallar bilen subut ediň.

4. Gorizontallar näme? Olaryň kömegi bilen relýef nähili şekillendirilýär?

4. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Ýer üstüniň surata alnyşynyň usullary barada düşünje bermek.

2. Göz çeni bilen ýer üsti surata düşürilende ulanylýar gurallar barada gürrüň bermek.

3. Topograflar barada düşünje bermek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Globusdan başarnykly peýdalanyp;

– Geografik kartanyň dürli görnüşlerini okamagy;

– Geografik adalgalary we düşünjeleri takyk kesgitlemegi;

– Mekdepde geografiýa dersine degişli görkezme esbaplaryndan, okatmagyň tehniki serişdelerinden başarnykly peýdalanyp.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Tebigata daşyndan syn etmegi we enjamlaryň, gurallaryň kömegi bilen gözegçilik geçirmegi;

– Öwrenilýän geografik obýektleri sudur karta birkemsiz geçirmegi;

– Öwrenilýän meseleleriň meýilnamasyny düzmegi;

– Grafikleri, diagrammalary düzmegi we okamagy.

Ozal bilşimiz ýaly, ýer üstüni suratyň, uçaryň üstünden we älemden alnan suratlaryň kömegi bilen şekillendirýärler. Ýer üstüni, şeýle hem suratkeş şekillendirip biler. Ýokardaky usullardan başga-da, ýer üstüniň suratyny ölçeg işlerini geçirmek arkaly çyzmak bolar. Bu işi ýerine ýetirmek üçin topograflar çylşyrymly geodezik gurallardan peýdalanyp, aralyklaryň, ugurlaryň, beýiklikleriň örän takyk ölçeglerini geçirýärler. Ýer üstüniň planynyň şeýle suratlandyrylyşyna instrumental (gurallaýyn, esbaplaýyn) usul diýilýär.

Topografik gurallary berkitmek (ornaşdyrmak) we ondan gözegçilik etmek üçin hyzmat edýän üç aýakly enjam ştatiwdir. Planşet ýer üstüniň planyny çyzmak üçin ulanylýan faner ýa-da karton kagyzydyr. Planşete çyzgy üçin ulanylýan kagyzy knopka bilen berkidýärler. Onuň üstünde gözýetimiň ugurlaryny we azimutlary kesgitlemek üçin kompas goýulýar we demirgazyk-günorta çyzygy geçirilýär. Planşet ştatiwiň üstünde tekiz ýerleşdirilýär. Işlenilen wagtynda çyzgyç, ölçeýji sirkul, galam, bozguç hökman bolmalydyr.

Masştab saýlanyp alnanda suraty alynjak ýer planşetde ýerleşer ýaly tertipde alynýar. Eger-de suraty alynjak ýerdäki ähli zatlar planda doly ýerleşdiriljek bolsa, iş uly masştabda geçirilýär, ýagny 1 sm-de 5 m, 2 m hat-da 1 m görnüşinde hem almak bolar. Ýerdäki käbir ownuk-uşak zatlary görkezmek gerek bolmadyk ýagdaýynda bu işde kiçi (ownuk) masştablar peýdalanylýar. Meselem, 1 sm-de 50 m, 100 m, ondan hem kiçi ştatiw masştablar.

Göz çeni bilen ýeriň suraty alnanda şäherleriň, obalaryň içinde kiçi masştab, olaryň daşynda bolsa uly masştab amatlydyr.

Planşeti gönükdirmek we ugurlary kesgitlemek. Ilkibaşda suraty alynjak ýer saýlanyp alynmalydyr. Ol ýerde ştatiwiwe planşeti ýerleşdirmek üçin merkezi nokat bellenilýär we oňa gazyk kakylýar. Ol nokatdan surata düşüriljek ýer üsti hemme taraplaýyn doly görünmelidir. Nokatda planşeti ştatiwiň üstünde tekiz ýerleşdirip, planşeti kompasyň diliniň görkezýän ugry bilen sazlaýarys. Planşet berk ornaşdyrylandan soňra planşeti bellenilen merkezi nokatdan wizir çyzgyjyny gözlenilýän nokada gönükdirýäris. Çyzgyç planşete iňňe, temençe ýa-da ownuk çüý bilen süýşmez ýaly berkidilýär. Ýöne çyzgyç olaryň daşynda erkin aýlanmalydyr.

Aralyklary ölçemek we ýerli predmetleri şertli belgiler esasynda ýerleşdirmek. Göz çeni usulynda aralyk ölçenilende ruletka, sajyn ýa-da ädimlenip ölçenilýär. Ädimlenip ölçenilende, ilki bilen, ortaça ädimiň uzynlygyny bilmeli, ýagny bu 60 sm ýa-da 70 sm bolýar. Soňra jemi ädim sanyna köpeldip, metr sany çykarylýar. Ol aralyk saýlanyp alnan masştab esasynda santimetrlerde planşetdäki ugurda ýerleşdirilýär. Ol ýere degişli şertli belgiler geçirilýär.

Ýer üstüniň suratyny almak üçin ulanylýan geodezik gurallar. Göz çeni bilen ýer üsti surata düşürilende, aralyklar, ugurlar, beýiklikler kesgitlenilende şu aşakdaky ölçeg gurallaryny ulanýarlar. Aralyklar ölçenilende – ruletka, sajyn, ädim; ugurlar (taraplar) kes-gitlenilende, azimut ölçegleri geçirilende kompas, bussol peýdalanylýar. Ýeriň üstüniň otnositel beýikligini ölçemek üçin ýönekeý mekdep niweliri ulanylýar. Göz çeni bilen surata düşürilende, şeýle hem ştatiw, planşet, bozguç, transportir, çyzgyç, masştab çyzgyjy gerek bolýar. Okuwçynyň ýanynda ýerli predmetleriň şertli belgileri hem bolmalydyr.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak: 1. Ýer üstüniň surata alnyşynyň haýsy usullaryny bilýärsiňiz? Olary sanap beriň we olaryň tapawutly aýratynlyklaryny düşündiriň. 2. Göz çeni bilen ýer üsti surata düşürilende haýsy gurallaryň gerekdigini aýdyp beriň. Planşet näme? 3. Aralyklary haýsy ölçeg gurallary bilen ölçäp bolýar? 4. Siziň ortaça ädimiňiz näçä deň? Ony nähili edip kesgitlediňiz? 5. Topograflar kimler we olar näme bilen meşgullanýarlar?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen tema barada umumy gürrüň bermek . §10. sah.37-39

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

Ýazan mugallym: Sadullaýew.A

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary ___________

Mekdebi: ___18___ Senesi: 13.10.2023ý

Dersiň ady: Geografiýa Synpy: VI А

Sapagyň temasy:

Ýeriň şekili we ölçegleri.Globus

Sapagyň maksatlary:

1)Bilim berijilik maksady:

Ýeriň şekili, ölçegleri we globus barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Watansöýüjiligi, beýleki halklary we medeniýetleri hormatlamagy, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi terbiýelemek

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, kartalar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak.

2. Gatnaşygy hasaba almak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

5. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

Ýer üstüniň surata alnyşynyň esasy görnüşleri

3. Geçilen temany jemlemek:

Öýe berlen temany soramak.

Sorag-jogap alyşmak: 1. Ýer üstüniň su

rata alnyşynyň haýsy usullaryny bilýärsiňiz? Olary sanap beriň we olaryň tapawutly aýratynlyklaryny düşündiriň. 2. Göz çeni bilen ýer üsti surata düşürilende haýsy gurallaryň gerekdigini aýdyp beriň. Planşet näme? 3. Aralyklary haýsy ölçeg gurallary bilen ölçäp bolýar? 4. Siziň ortaça ädimiňiz näçä deň? Ony nähili edip kesgitlediňiz? 5. Topograflar kimler we olar näme bilen meşgullanýarlar?

4. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Ýeriň şar şekillidigi barada düşünje bermek.

2. Ýeriň radiusy, ekwatoryň uzynlygy barada gürrüň bermek.

3. Ýeriň polýar radiusy, ekwatorial radiusy, ekwatoryň uzynlygy we meýdany barada aýdyp bermek.

4. Globus barada aýdyp bermek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Geografik kartanyň dürli görnüşlerini okamagy;

–Globusdan başarnykly peýdalanyp;

– Geografik adalgalary we düşünjeleri takyk kesgitlemegi;

– Mekdepde geografiýa dersine degişli görkezme esbaplaryndan, okatmagyň tehniki serişdelerinden başarnykly peýdalanyp.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Öwrenilýän meseleleriň meýilnamasyny düzmegi;

– Öwrenilýän geografik obýektleri sudur karta birkemsiz geçirmegi;

– Tebigata daşyndan syn etmegi we enjamlaryň, gurallaryň kömegi bilen gözegçilik geçirmegi;

– Grafikleri, diagrammalary düzmegi we okamagy.

Biziň ýaşaýan Ýerimiziň şekili hakyndaky ilkinji düşünjeler, çaklamalar biziň eýýamymyzdan has ir ýüze çykypdyr. Ol döwürlerde adamlar Ýeriň tekiz şekili bar diýip düşünipdirler. Soňra ylmyň ösmegi netijesinde Ýeriň şar şekillidigi hakyndaky pikirler öňe sürlüpdir. Ýeriň şar şekillidigi baradaky pikiri ilki bilen Pifagor (b. e. öň VI asyrda), az-kem soňra bolsa Aristotel (b. e. öň IV asyrda) tassyklapdyr. Olaryň birinjisi öz tassyklamasynda hasaplama esaslansa, ikinjisi Aý tutulmasynda Ýeriň tegelekleýin düşýän kölegesine gözegçilik etmek bilen subut edipdir. Soňra grek alymy Eratosfen (b. e. öň 276 – 195 ý.) ölçemeler we hasaplamalar arkaly Ýeriň şar şekillidigini kesgitleýär we ekwatoryň uzynlygyny hem-de Ýeriň radiusyny hasaplap çykarýar.

Ş eýle-de Ýeriň şar şekillidigi gözýetimiň üýtgemegi, şeýle hem syýahatçynyň gös-göni gündogara gidip, şol nokada günbatardan dolanyp gelmegi bilen subut edildi. Muňa degişli F.Magellanyň(1519 – 1522 ý.) syýahatyny ýadyňyza salyň. Asman jisimleriniň – Günüň, Aýyň, ýyldyzlaryň we planetalaryň şar şekilli bolmagy, Ýeriň hem togalak şekilli bolmalydygyny subut edýär.

Merw şäherinde (häzirki Baýramaly şäheri) dünýä belli alym Muhammet al--Horezmi algebra ylmyny esaslandyrypdyr. Horezmi geografiýadan, astronomiýadan, taryhdan düýpli ylmy işleri ýazypdyr. Onuň «Ýeriň şekiliniň kitaby» atly geografiýa degişli ylmy işi Merkezi Aziýada, Ýakyn we Orta Gündogarda ýazylan ilkinji ylmy iş bolup, geografiýanyň ösmegine ýol açdy. Horezminiň bu kitaby 2402 ýeriň geografik koordinatlary hakynda mag-lumat berýär. Ol maglumatlar şäherler, deňizler, adalar we derýalar hakyndaky bölümlerden ybarat. Horezmi öz kitabynda adam ýaşaýan ýerleri 7 yklyma bölýär. Horezminiň geografiýa baradaky bu ylmy işi täze eýýamy açyp, bütin dünýäde geografiýa ylmynyň ösmegine amatly täsir edipdir.

Alymlaryň soňky hasaplamalaryna we ölçeglerine görä, Ýer edil şar şekilli bolman, onuň polýuslarda ýapbaşyk, ekwatorda birazrak ýaýraň şar şekili bardyr. Ol birneme süýrgültdir. Ýeriň polýar radiusy ekwatorial radiusyndan 22 km kiçidir. Ýeriň merkezinden ekwatora çenli aralyk 6 378 km, polýuslara çenli aralyk bolsa 6356 km-e deňdir. Ýer şarynyň töwereginiň (ekwatoryň) uzynlygy bolsa 40000 km-den gowrakdyr. Ýer üstüniň umumy meýdany 510 million km2 bolup, onuň 361 million km2 meýdanyny ummanlar we deňizler (71%), 149 million km2 meýdanyny bolsa gury ýer (29%) tutýar. Ýeriň göwrümi – 1083204 million km3.

Globus Ýeriň modelidir. Globusda Ýeriň daşky görnüşi, ummanlar we materikler, daglar we peslikler hem-de beýleki geografik obýektler has takyk şekillendirilendir. Fiziki kartalar-da Ýer ýazgyn, tekiz görnüşde görkezilip, onuň hakyky görnüşi bellibir derejede ýoýlup şekillendirilendir. Şol sebäpli adamlar Ýeri öwrenenlerinde, köplenç, globusdan peýdalanýarlar (21-nji surat).

Geografiýa otagynda görýän globusyňyzyň iň kiçi masştablysynyň ölçegi Ýeriň hakyky ölçeglerinden 83 million esse, aralyk masştablysy 50 million esse we uly masştablysy 30 million esse kiçeldilip şekillendirilendir.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak: 1. Ýeriň şar şekillidigini adamlar nädip bilipdirler? Onuň hakyky şekili nähili? 2. Ýeriň radiusyny, ekwatoryň uzynlygyny haýsy grek alymy kesgitläpdir? 3. Ýeriň polýar radiusy, ekwatorial radiusy, ekwatoryň uzynlygy we meýdany näçä deň? 4. Globus näme? Ilkinji globusy kim döredipdir? Onuň kartadan artykmaç tarap-laryny sanap beriň. 5. Globusda aralyklary nähili ölçäp bolýar?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen tema barada umumy gürrüň bermek . §11. sah.40-42

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

Ýazan mugallym: Sadullaýew.A

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary ___________

Mekdebi: ___18____ Senesi: 11.10.2023ý

Dersiň ady: Geografiýa Synpy: VI “В”

Sapagyň temasy:

Geografiki karta

Sapagyň maksatlary:

1)Bilim berijilik maksady:

Geografiki karta barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Watansöýüjiligi, beýleki halklary we medeniýetleri hormatlamagy, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi terbiýelemek

Sapagyň görnüşi:

Garyşyk sapak

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, kartalar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak.

2. Gatnaşygy hasaba almak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

5. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

Ýeriň şekili we ölçegleri.Globus

3. Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak.

1. Globus näme? Ilkinji globusy kim döredipdir? Onuň kartadan artykmaç taraplaryny sanap beriň.

2. Globusda aralyklary nähili ölçäp bolýar?

4. Geçilen temany jemlemek:

Öýe berlen temany soramak.

Sorag-jogap alyşmak: 1. Ýeriň şar şekillidigini adamlar nädip bilipdirler? Onuň hakyky şekili nähili? 2. Ýeriň radiusyny, ekwatoryň uzynlygyny haýsy grek alymy kesgitläpdir? 3. Ýeriň polýar radiusy, ekwatorial radiusy, ekwatoryň uzynlygy we meýdany näçä deň?

5. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Geografik karta barada düşünje bermek.

2. Fiziki we syýasy kartalar barada düşünje bermek.

3. Dünýäniň ýarym şarlar kartasy boýunça Gimalaý, Pamir, Kordilýerler, Kawkaz daglary barada gürrüň bermek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Okuw kitabyndaky maglumatlary beýan edip;

–Globusdan başarnykly peýdalanyp;

– Geografik adalgalary we düşünjeleri takyk kesgitlemegi;

– Mekdepde geografiýa dersine degişli görkezme esbaplaryndan, okatmagyň tehniki serişdelerinden başarnykly peýdalanyp.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Zerur bolan yzygiderliligi ýitirmän amaly işi doly ýerine ýetirmegi;

– Öwrenilýän geografik obýektleri sudur karta birkemsiz geçirmegi;

– Tebigata daşyndan syn etmegi we enjamlaryň, gurallaryň kömegi bilen gözegçilik geçirmegi;

– Grafikleri, diagrammalary düzmegi we okamagy.

. Alymlar ýer üstüni has oňaýly peýdalanmak maksady bilen, onuň şekilini dürli usullar arkaly kagyz ýüzünde görkezýärler. Ol geografik kartadyr. Geografik karta ýer üstüniň ýa-da onuň bir böleginiň tekizlikde kiçeldilip, umumylaşdyrylan şekilidir. Geografik kartalarda tutuş döwletler, kämahal bolsa birnäçe döwletler we hatda Ýer şary şekillendirilip görkezilýär.

Geografik kartalar peýdalanylyşyna baglylykda dürli-dürli bolup biler. Olaryň iň ulusy dünýäniň ýarym şarlar kartasydyr. Ol öz içine Gündogar we Günbatar ýarym şarlaryny alýar. Onda siz gury ýer böleklerini, materikleri, ummanlary we deňizleri görýärsiňiz. Ýer şaryndaky daglyklar, düzlükler, peslikler, çöketlikler, köller we derýalar bolsa has aýdyň görünýär. Olar dürli reňkler bilen şekillendirilendir. Siz geografiýa otagynda, şeýle hem fiziki we syýasy kartalary görýänsiňiz. Fiziki kartalarda, köplenç, ýer üstüniň relýefi (daglar, peslikler we belentlikler), suwlary (deňizler, köller, derýalar, batgalyklar we beýl.) we beýleki geografik predmetler dürli şertli belgiler, reňkler arkaly görkezilýär. Syýasy kartalar-da bolsa dünýä ýurtlary, olaryň araçäkleri, şäherleri dürli reňklerde görkezilýär. Mysal üçin, Kanada döwletiniň öçügsi ýaşyl, Hytaý Halk Respublikasynyň sarymtyl, Hindistanyň gyzylymtyl reňki bardyr. Bular umumy geografik kartalardyr.

Bulardan başga geografik kartalar peýdalanylyşy boýunça, ýagny pudaklaýyn (tematiki) kartalara hem bölünýär. Mysal üçin, toprak, klimat, ykdysady, ösümlik, haýwanat dünýäsiniň kartalary muňa mysaldyr. Olar bilen siz ýokarky synplaryň geografiýasynda içgin tanyş bolarsyňyz.

Her bir ýurduň özüniň kartasy bardyr. Türkmenistanyň fiziki-geografik kartasynda biziň Hazar deňzimiz, Garagum çölümiz, daglarymyz, düzlüklerimiz, derýalarymyz, köllerimiz, suw howdanlarymyz görkezilendir.

Masştabyna baglylykda hem geografik kartalar uly masştably, orta masştably we kiçi masştably bolýarlar. Ölçegi has kiçeldilen karta kiçi masştably kartadyr. Mysal üçin, Ýeriň ýarym şarynyň kartasy (1:22000000). Kartalaryň hemmesinde masştab görkezilýär.

Geografik kartalaryň ýene bir görnüşi hem sudur kartalardyr. Sudur kartalar geografiýadan amaly işleri ýerine ýetirmek üçin hyzmat edýär. Sudur kartalarda materikleriň, ummanlaryň, derýalaryň, kölleriň şekilleri, aýry-aýry döwletleriň araçäkleri takyk görkezilýär. Sudur kartada olaryň atlary ýazylmaýar.

6. Täze temany berkitmek:

Amaly iş. Kartada we globusda berlen nokadyň geografik koordinatlaryny kesgitlemeli, koordinatlar boýunça degişli nokatlary tapmaly

Sorag-jogap alyşmak: 1. Geografik karta kesgitleme beriň. Geografik karta haýsy aýratynlyklary bilen tapawutlanýar? 2. Fiziki we syýasy kartalaryň tapawudy nämelerden ybarat? Sudur karta diýlip nämä aýdylýar? 3. Dünýäniň ýarym şarlar kartasy boýunça Gimalaý, Pamir, Kordilýerler, Kawkaz daglaryny görkeziň. Olaryň beýik depeleriniň adyny we absolýut beýikliklerini aýdyp beriň. 4. Dünýäniň ýarym şarlar kartasynda ýerleşdirilen beýiklikler we çuňluklar şkalasy boýunça ummanlardaky has çuň ýerleri görkeziň. Marian suwasty çöketligi nirede ýerleşýär?

7. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen tema barada umumy gürrüň bermek . §12. sah.43-44

8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

Ýazan mugallym: Sadullaýew.A

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary _____________________________

Bellik:________________________________________________________________

Mekdebi: _______ Senesi:

Dersiň ady: Geografiýa Synpy: VI

Sapagyň temasy:

Gradus tory

Sapagyň maksatlary:

1)Bilim berijilik maksady:

Gradus tory barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Watansöýüjiligi, beýleki halklary we medeniýetleri hormatlamagy, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi terbiýelemek

Sapagyň görnüşi:

Garyşyk sapak

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, kartalar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak.

2. Gatnaşygy hasaba almak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

5. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

Geografiki karta

3. Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak.

1. Dünýäniň ýarym şarlar kartasynda ýerleşdirilen beýiklikler we çuňluklar şkalasy boýunça ummanlardaky has çuň ýerleri görkeziň. Marian suwasty çöketligi nirede ýerleşýär?

4. Geçilen temany jemlemek:

Öýe berlen temany soramak.

Sorag-jogap alyşmak: 1. Geografik karta kesgitleme beriň. Geografik karta haýsy aýratynlyklary bilen tapawutlanýar? 2. Fiziki we syýasy kartalaryň tapawudy nämelerden ybarat? Sudur karta diýlip nämä aýdylýar? 3. Dünýäniň ýarym şarlar kartasy boýunça Gimalaý, Pamir, Kordilýerler, Kawkaz daglaryny görkeziň. Olaryň beýik depeleriniň adyny we absolýut beýikliklerini aýdyp beriň.

5. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Ekwator barada gürrüň bermek.

2. Paralleller barada aýdyp bermek.

3. Ýer şaryndaky polýus barada gürrüň bermek.

4. Iň uzyn parallel çyzygy barada aýdyp bermek.

5. Meridian barada gürrüň bermek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Okuw kitabyndaky maglumatlary beýan edip;

–Globusdan başarnykly peýdalanyp;

– Geografik adalgalary we düşünjeleri takyk kesgitlemegi;

– Mekdepde geografiýa dersine degişli görkezme esbaplaryndan, okatmagyň tehniki serişdelerinden başarnykly peýdalanyp.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Doly özbaşdak işlemegi;

– Zerur bolan yzygiderliligi ýitirmän amaly işi doly ýerine ýetirmegi;

– Tebigata daşyndan syn etmegi we enjamlaryň, gurallaryň kömegi bilen gözegçilik geçirmegi;

– Grafikleri, diagrammalary düzmegi we okamagy.

Siz globusda we geografik kartalarda demirgazykdan günorta we günbatardan gündogara uzalýan inçejik çyzyklary görýärsiňiz! Olar globusyň we kartanyň zerur çyzyklarydyr. Olaryň kömegi bilen globusda we kartada ýerleşen islendik nokady tapmak bolýar. Siz Ýer şaryny iki sany – Demirgazyk ýarym şara we Günorta ýarym şara deň bölýän çyzyga ekwator diýilýändigini bilýänsiňiz. Globusda we kartada ekwatora parallel edilip geçirilen çyzyklara paralleller diýilýär. Kartada paralleller günbatardan gündogara tarap uzalyp gidýärler. Uzynlygy boýunça olar deň däldirler. Paralleliň 1°-nyň ululygy kartalaryň çäginde görkezilýär. Iň uzyn parallel ekwator çyzygydyr, iň gysgasy polýuslaryň golaýynda ýerleşýär. Globusda we kartada masştabyna baglylykda paralleller her bir 10°-dan ýa-da 15°-dan geçirilýär. Ýer şarynda iki sany polýus – Demirgazyk we Günorta polýus bar. Siz globusyň üstünde Demirgazyk we Günorta polýuslary birleşdirýän çyzyklary görersiňiz.

Olar meridianlar diýlip atlandyrylýar. «Meridian» sözi latynçadan türkmençä geçirilende «günorta çyzygy» diýmegi aňladýar. Ol günortan kölegesiniň ugruna dogry gelýär.

Masştabyna baglylykda meridianlar hem edil paralleller ýaly kartada her bir 10°-dan ýa-da 15°-dan geçirilýär. Başlangyç ýa-da nolunjy meridian Angliýada ýerleşen Grinwiç obserwatoriýasynyň üstünden geçýär.

Gradus tory. Globusda we geografik kartalarda parallel we meridian çyzyklaryň kesişmesi gradus toruny emele getirýär (22-nji surat). Meridianlar we paralleller kartalarda dürli-dürli şekillendirilýär. Ýarym şarlar kartasynda olar globusdaky ýaly şekillendirilip görkezilýär. Dünýäniň syýasy kartasynda meridianlar göni bolup, bir-birine paralleldirler, paralleller bolsa meridianlara perpendikulýardyrlar.

G radus toruny düzýän meridian we parallel çyzyklar arkaly kartada gözýetimiň ugurlaryny kesgitlemekden başga-da, çägiň aýry-aýry bölekleriniň ýerleşişini hem görkezmek bolýar. Mysal üçin, Türkmenistanyň günbatar we gündogar böleklerini kesgitlemek üçin, Türkmenistanyň takmynan ortasyndan geçýän meridianyň üstünde galamy dik goýmaly. Galamyň sag tarapy onuň gündogar bölegi, çep tarapy bolsa günbatar bölegi bolar we ş.m.

Karta we globus boýunça aralyklaryň ölçenilişi we ugurlaryň kesgitlenilişi. Diýeliň, bize kartadan iki şäheriň arasyndaky uzaklygy hasaplamak gerek bolsun. Meselem, kartadan Moskwa bilen paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň arasyny ölçemek gerek bolsun. Ilki bilen bize ulanýan kartamyzyň masştabyny bilmek zerurdyr. Goý, onuň masştaby 1:38000000 bolsun. Bu bolsa kartada 1 sm aralykda 38000000 sm-iň bardygyny aňladýar. Onda 1 sm aralykda 380 km bolar. Indi kartadan Moskwa–Aşgabat aralygyny ölçänimizde, ýagny çyzgyç bilen aralyk 6,6 sm-e deň boldy. Iki şäheriň arasyndaky uzaklyk: 6,6 × 380 = 2508 km bolar.

Globusda şol aralygy sapak bilen ölçemek amatlydyr. Sapagyň kömegi bilen iki şäheriň aralygyny birikdirip, şol uzynlygy soňundan çyzgyçda goýup, ýokardaky usul bilen ölçemek bolar.

6. Täze temany berkitmek:

Amaly iş. Globus we karta boýunça gradus torunyň kömegi bilen berlen aralyklary ölçemeli, ugurlary kesgitlemeli

Sorag-jogap alyşmak: 1. Ekwator diýlip nämä aýdylýar? 2. Paralleller diýlip nämä aýdylýar? 3. Ýer şarynda näçe sany polýus bar? 4. Iň uzyn parallel çyzygy nirede ýerleşýär?

5. Meridian diýlip nämä aýdylýar? 6. Başlangyç meridian nirede ýerleşýär? 7. Gradus tory diýlip nämä aýdylýar?

7. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen tema barada umumy gürrüň bermek . §13. sah.44-46

8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

Ýazan mugallym: ___________________________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary _____________________________

Mekdebi: ___18____ Senesi: 01.11.2023ý

Dersiň ady: Geografiýa Synpy: VI A

Sapagyň temasy:

Geografik giňlik.

Sapagyň maksatlary:

1)Bilim berijilik maksady:

Geografik giňlik barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Watansöýüjiligi, beýleki halklary we medeniýetleri hormatlamagy, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi terbiýelemek

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, kartalar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak.

2. Gatnaşygy hasaba almak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

5. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

Gradus tory

3. Geçilen temany jemlemek:

Öýe berlen temany soramak.

Sorag-jogap alyşmak: 1. Ekwator diýlip nämä aýdylýar? 2. Paralleller diýlip nämä aýdylýar? 3. Ýer şarynda näçe sany polýus bar? 4. Iň uzyn parallel çyzygy nirede ýerleşýär?

5. Meridian diýlip nämä aýdylýar? 6. Başlangyç meridian nirede ýerleşýär? 7. Gradus tory diýlip nämä aýdylýar?

4. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Globusda ekwator, parallel we meridian çyzyklaryny görkezmek.

2. Başlangyç meridian barada aýdyp bermek.

3. Ýarym şarlar kartasyndan Türkmenistany görkezmek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Globusdan başarnykly peýdalanyp;

– Geografik kartanyň dürli görnüşlerini okamagy;

– Geografik adalgalary we düşünjeleri takyk kesgitlemegi;

– Mekdepde geografiýa dersine degişli görkezme esbaplaryndan, okatmagyň tehniki serişdelerinden başarnykly peýdalanyp.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Tebigata daşyndan syn etmegi we enjamlaryň, gurallaryň kömegi bilen gözegçilik geçirmegi;

– Öwrenilýän geografik obýektleri sudur karta birkemsiz geçirmegi;

– Öwrenilýän meseleleriň meýilnamasyny düzmegi;

– Grafikleri, diagrammalary düzmegi we okamagy.

Geografik giňlik, geografik uzaklyk we geografik koordinatlar. Ýer üstünde ýerleşen şäherleriň, obalaryň, mahlasy, islendik nokadyň geografik koordinatlaryny kesgitlemek gerek bolýar. Onuň üçin biziň geografik giňlik we geografik uzaklyk diýen düşünjeleriň nämedigini bilmegimiz gerek.

Geografik giňlik. Geografik giňlik ekwatordan başlanýar. Ekwatordan demirgazykda ýerleşen ýerleriň (nokatlaryň) giňligi – demirgazyk giňlik, günortada ýerleşenleri bolsa – günorta giňlik diýlip atlandyrylýar. Geografik giňlik 0 – 90° aralykda ýerleşýär. Meselem, Türkmenistanyň çägi demirgazyk giňligiň 35–43° aralygynda ýerleşýär. Onuň tersine, Afrika materiginiň gündogar kenarynda ýerleşen Madagaskar adasy günorta giňligiň 12–24° aralygynda ýerleşýär.

Ýarym şarlar kartasynda paralleller her bir 10°-dan geçirilendir. Ýer şarynyň nokatlarynyň bellenen parallellerde ýerleşmeýänleri-de bar. Meselem, Aşgabat şäheri demirgazyk giňligiň 30°-y bilen demirga-zyk giňligiň 40°-y aralygynda ýerleşendir. Bu ýagdaýda 30 – 40° aralygy 10-dan bölekleýäris we onuň demirgazyk giňligiň 38°-ynda ýerleşýändigini tapýarys.

Demirgazyk giňlik gysgaça dg.g., günorta giňlik – go.g. görnüşinde bellenilýär.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak: 1. Globusda ekwator, parallel we meridian çyzyklaryny görkeziň. Başlangyç meridian haýsy şäheriň üstünden geçýär?

2. Ýarym şarlar kartasyndan Türkmenistany görkeziň. Türkmenistan haýsy parallelleriň we meridianlaryň arasynda ýerleşýär?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen tema barada umumy gürrüň bermek . §14. sah.46

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

Ýazan mugallym: ___________________________________________________

Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary _____________________________

Скачать

Рекомендуем курсы ПК и ППК для учителей

Вебинар для учителей

Свидетельство об участии БЕСПЛАТНО!