СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Futbolyñ taryhyndan Janköýerleri jadylaýan oyun

Нажмите, чтобы узнать подробности

Futbol barada

 

Просмотр содержимого документа
«Futbolyñ taryhyndan Janköýerleri jadylaýan oyun»

FUTBOLUŇ TARYHYNDAN


JANKÖÝERLERI JADYLAÝAN OÝUN



Zamanymyzda « asyryň oýny» diýip at alan futbol öz meýdançasynyň giňligi, oýunçylarynyň köplügi we örän çekeleşikliligi bilen sportuň beýleki görnüşleriniň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Futbol adamzadyň herekete mätäçliginden ýüze çykyp, sport älemindäki gözlegleriň netijesinde düzgünleşdirilendir. Bu oýun türki halklarda hem ir wagtlarda ýüze çykypdyr. Orta Aziýadaky türki halklaryň futbol oýnuny bellenilen düzgünlere görä oýnandyklaryna şol döwrüň eserlerinden göz ýetirmek bolýar. Mahmyt Kaşgarlynyň ady belli «Türki sözleriň diwany» atly eseriniň birinji bölüminde türki milletleriň asyrlarboýy top oýnandyklary aýdylýar hem-de bu oýnuň oýnalyş düzgünleri beýan edilýär. Ir wagtky futbol oýnuna «tepuk» diýlipdir. Häzirki zaman türkmen dilinde «depmek» görnüşinde ulanylýan bu söz gadymy «tepmek» sözünden gelip çykypdyr. Top diňe aýak bilen depip oýnalandygy üçin «tepuk» adyny alypdyr.

«Teýmiriň taryhy» atly kitapda «tepuk» futbol oýnunyň Teýmirleňiň döwründe hem oýnalandygy bellenilýär. Içi howa bilen doldurylgy guzy hamyny top edip ulanypdyrlar. Oýnuň dowamynda topy ellemän, diňe aýak bilen urupdyrlar. Bu oýun Teýmirleňiň goşuny tarapyndan hem oýnalypdyr. Olar çalasyn hereket etmek wegüýçlenmek üçin topy höwes bilen oýnapdyrlar.

Grek şahyry Gomeriň «Odisseýa» kitabynda hem futbol oýny barada aýdylýar. Biziň eýýamymyzdan öňki sekizinji-onunjy asyrlarda futbol belli bir düzgünlere görä oýnalypdyr. Aýratyn hem goşunlaryň arasynda oýnalan bu oýna
«Episkiros» diýipdirler. Häzirki döwürde oýnalýan futbol bolsa Isa pygamber doglanyndan soň Rim goşunlarynyň arasynda oýnalyp başlanypdyr. Meýdançada oýunçylaryň goranmak, hüjüm etmek we ýardam etmek ýaly wezipeleri bolupdyr. Bu wezipeler häzirki zaman futbolunda hem bar. Uly döwlet guran iňlisler basyp alan ýerlerinde ýerli halkyň oýunlaryny öwrenipdirler. Rim imperiýasyndagiňden ýaýran futbol 30 adamdan ybarat toparlarda oýnalypdyr. Soň-soňlar bu oýun Angliýada hem oýnalmaga başlapdyr. Ýöne iňlislerde bu oýun belli bir meýdançada däl-de,ýaşaýyş jaýlarynyň arasyndaky boş ýerlerde, giň ýollarda oýnalypdyr. Futbola gyzygan halk soňabaka ikä bölünip başlapdyr. Emma howply oýun diýlip, 1314-nji ýylda Eduard II tarapyndan futbol oýnamak gadagan edilipdir. Muňa garamazdan, iňlis halky futbol oýnamagy gizliklikde dowam edipdir. Şol döwürde futbol el we aýak bilen oýnalypdyr. XVII asyrda Beýik Britaniýada oýnuň düzgünleri has hem üýtgedilipdir we häzirki zaman futboly orta çykyp başlapdyr.

Futboluň ösüş döwürlerindäki täsin maglumatlar bilen gürrüňimizi jemlemek isleýäris.

FUTBOLUŇ ÖSÜŞ DÖWÜRLERI


1846 — «Kembrij düzgünleri» ady bilen ilkinji düzgünler kabul edilýär.

1855 — bir iňlis futbol topary ilkinji gezek Angliýadan daşarda oýun oýnaýar. Rezinden ilkinji top taýýarlanýar.

1857 — Angliýada ilkinji futbol topary «Sheffield Сlub» döredilýär.

1863 — Futboluň ilkinji resmi düzgünleri kabul edilýär.

1870-1872 — ilkinji milli toparlaryň duşuşygy Angliýa bilen Şotlandiýanyň arasynda geçýär.

1875— Derwezäniň ýokarky bölegi goýlup, tor dakylýar.

1891 — 11 metrlik urgy kabul edilýär.

1904 —21-nji maýda 7 döwletiň futbol federasiýalarynyň gatnaşmagynda Halkara futbol federasiýasy — FIFA döredilýär. Ol döwletler Fransiýa, Daniýa, Gollandiýa, Ispaniýa, Şwesiýa we Şweýsariýa.


Taýýarlan Murad SABUROW,

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň,

Şabat etrap birleşmesiniň işjeň agzasy

+99362 735691










Скачать

Рекомендуем курсы ПК и ППК для учителей

Вебинар для учителей

Свидетельство об участии БЕСПЛАТНО!