СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Материал для урока информатики

Категория: Информатика

Нажмите, чтобы узнать подробности

Материал для урока  информатики в 11 классе школ с туркменским языком обучения .

Просмотр содержимого документа
«Материал для урока информатики»

Mekdebi: _______ Senesi: _____ ______ ______

Dersiň ady: Informatika Synpy: XI _____ ______ ______


Sapagyň temasy:

Elektron tablisa barada düşünje. Tablisa prosessory we onuň funksiýalary.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Animasiýalary döretmegiň gurallary barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek,informatika dersine gyzyklanma döretmek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Tema degişli soraglar, reňkli suratlar, tablisalar, kompýuter

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

Geçilenleri gaýtalamak.

Sorag-jogap alyşmak: 1. Informatika diýip nämä aýdylýar?

2. Informasiýany ýaýratmagyň haýsy tehnologiýalaryny bilýärsiňiz?

3. Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň informatika dersine degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Elektron tablisa barada düşünje bermek.

2. Tablisa prosessory we onuň funksiýalary bilen gyzyklanmany kemala getirmek we ösdürmek.

3. Excel elektron tablisasy.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

- Berlenleri tablisada saklamak we olaryň üstünde işlemek;

-Elektron tablisasyny döretmegi we onuň bilen işlemegi;

- Excel tablisa prosessorynyň esasy funksiýalaryny gurmagy;

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

- aýratynlykda we toparlaýyn işlemegi;

– döredilen elektron tablisasyny kompýuteriň ýadynda saklamagy;

–kompýuter programmalary bilen işlemegi.


Tablisa görnüşindäki berlenler. Berlenleri tablisa-da saklap we olaryň üstünde işläp bolýar. Tablisa hasapla-malaryny islendik berlenler bilen geçirmek mümkin, esasan hem san berlenler bilen hasaplamalary ýerine ýetirmek has amatlydyr.

Şuňa meňzeş meseleler örän köp gabat gelýär. Bazar-larda, dükanlarda manadyň dollara gatnaşygynyň kursy üýtgände harytlaryň bahasyny täzeden hasaplamak zerur-lygy ýüze çykýar. Bu ýagdaýda her harydyň bahasyny täze-den hasaplaman, tablisada bir sany üýtgetmek ýeterlikdir. Şonda kompýuter ähli harytlaryň bahalaryny awtomatik usulda täzeden hasaplaýar.

Tablisalar görnüşinde berlenleri saklamak, täzeden işlemek üçin niýetlenen kompýuter programmalaryna elek-tron tablisalar diýilýär.

Elektron tablisa – bu girizilen berlenleriň üstünde awto-matik hasaplama geçirýän dokumentleri döretmek we ulan-mak üçin programmadyr.

Tablisa görnüşindäki berlenleriň üstünde hasaplama-lary geçirmek üçin tablisa prosessory atly amaly program-malar işlenip taýýarlanyldy.

Elektron tablisanyň ilkinji programmasyny 1979-njy ýylda ABŞ-nyň Garward uniwersitetiniň talyby Dan Briclin we onuň dosty Bob Frankston işläp taýýarlaýarlar we oňa «VisiCalc» diýip at goýýarlar.

Tablisa prosessory – bu elektron tablisalary dolandyr-mak üçin ýörite programmalaryň toplumydyr. Elektron tab-lisa – kompýutere geçirilen adaty tablisa bolup, onuň öýjük-lerinde dürli görnüşdäki berlenleri (san, tekst, formula, sene) saklap bolýar.

Häzirki döwürde Microsoft Excel we StarCalc elektron tablisalar giňden ulanylýar. Biz Microsoft Excel program-masy bilen tanşarys.

E xcel tablisa prosessory (Excel programmasy) – bu elektrontablisalarbilenişlemeküçinköpçülikleýinulanylýan programmalaryň biridir. Ol programma goşundysy hökmün-de Microsoft Office programmalar toplumynyň düzümine girýär. Excel programmasy maglumatlary maliýe taýdan işlemekde, ylmy inžener-tehniki hasaplamalary we hasap--barlag işlerini geçirmekde, şeýle hem tablisa görnüşinde berlen informasiýalary täzeden işlemekde giňden ulanylýar.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak: 1. Excel programmasyny işe goýberiň we onuň düzümi bilen tanşyň.

2. Excel elektron tablisanyň penjiresiniň esasy elementlerini atlandyryň.

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen täze temany okamak we özleşdirmek. §1 sah.9.

7. Sapagy jemlemek, umumylaşdyrmak, okuwçylary bahalandyrmak:

Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: ________________________________________________

Bellik:______________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________________________

Mekdebi: _______ Senesi: _____ ______ ______

Dersiň ady: Informatika Synpy: XI _____ ______ ______


Sapagyň temasy:

Amaly iş. Elektron tablisa barada düşünje. Tablisa prosessory we onuň funksiýalary.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Animasiýalary döretmegiň gurallary barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek,informatika dersine gyzyklanma döretmek.

Sapagyň görnüşi:

Bilimleri, başarnyklary we endikleri berkitmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Tema degişli soraglar, reňkli suratlar, tablisalar, kompýuter

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:

Elektron tablisa barada düşünje. Tablisa prosessory we onuň funksiýalary.

Sorag-jogap alyşmak:

1. Excel elektron tablisasynyň kömegi bilen nähili işleri ýerine ýetirip bolýar?

2. Elektron tablisa ilkinji gezek kimler tarapyndan, nirede we haçan döredildi?

3. Okuwçylaryň bilimini dilden soramak we gönükmeleri çözmek arkaly sapagy berkitmek.:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Elektron tablisa barada düşünje bermek.

2. Tablisa prosessory we onuň funksiýalary bilen gyzyklanmany kemala getirmek we ösdürmek.

3. Excel elektron tablisasy.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

- Berlenleri tablisada saklamak we olaryňüstünde işlemek;

-Elektron tablisasyny döretmegi we onuň bilen işlemegi;

- Excel tablisa prosessorynyň esasy funksiýalaryny gurmagy;

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

- aýratynlykda we toparlaýyn işlemegi;

– Döredilen elektron tablisasyny kompýuteriň ýadynda saklamagy;

– öwrediji we ösdüriji kompýuter programmalary bilen işlemegi.


Excel tablisa prosessorynyň esasy funksiýalary:

• tablisalary çalt gurmak, formatlaşdyrmak (düzet-mek), kompýuteriň ýadyna ýazyp goýmak;

• tablisalarda hasaplamalary geçirmek üçin formula-lary (standart funksiýalary) ulanmak;

• ýazgylary tertipleşdirmek (süzmek) we maglumat-lary gözlemek;

• torda tablisalardan köpçülikleýin peýdalanmak; • tablisa maglumatlaryny goramak;

• tablisa maglumatlary boýunça grafikleri we diag-rammalary gurmak;

• baglanyşykly tablisalar bilen işlemek;

• döredilen tablisanyň setirleriniň üstünde işlemek (se-tirleri, sütünleri nusgalamak, geçirmek, ýok etmek we ş.m.).

Programmanyň penjiresindäki elementler beýleki pro-grammalardaky ýalydyr (1.1-nji surat).

Sözbaşy setiri dokumentiň, programmanyň atlaryny we penjiräni dolandyryjy düwmejikleri saklaýar.

Menýular setiri elektron tablisany dolandyrmakda ulanylýan buýruklaryň toparlarynyň atlaryny saklaýar.

Excel elektron tablisanyň iş meýdany listi diýlip at-landyrylýar. Döredilýän we kompýuteriň ýadynda sak-lanýan dokument книга diýlip atlandyrylýar. Ol birnäçe listlerden ybarat bolup biler. Listleri goşmak, gizlemek, ýok etmek we olary mazmunyna görä atlandyrmak bolar. Excel programmanyň iş listi setirlerden we sütünlerden ybarat gönüburçluk görnüşindedir.

Ýagdaýlar setiriniň elementleri: listde amallary şekillendirme kadasy; listleriň sanawy; listleri goşmak üçin düwmejik; sahypalary görkeziş kadalary (düwmejikler); öl-çegi üýtgediji süýşgüç (masştab).

Menýular setiri: Файл, Главная, Вставка, Разметка страницы, Формулы, Данные, Рецензирование, Вид, Надстройки goýundylardan ybaratdyr. Her goýundyda degişli Gurallar panelinde ýörite gurallaryň toplumy jem-lenýär. Siz 1.1-nji suratda Главная goýunda degişli gural-lary görýärsiňiz. Gurallar paneli (Буфер обмена, Шрифт, Выравнивание, Число, Ячейки, Стили, Редактирование) köp ulanylýan buýruklaryň gurallarynyň nyşanjyklaryny özünde saklaýar.


GÖNÜKMELER

1. Excel programmasyny işe goýberiň we onuň düzümi bilen tanşyň.

2. Excel elektron tablisanyň penjiresiniň esasy elementlerini atlandyryň.

3. Excel elektron tablisada listleri dörediň, atlaryny üýtgediň we olary ýok ediň.

4. Döreden elektron tablisaňyzy kompýuteriň ýadynda saklaň.


4. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen täze temany okamak we özleşdirmek.

5. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: ________________________________________________

Bellik:______________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________________________

Mekdebi: _______ Senesi: _____ ______ ______

Dersiň ady: Informatika Synpy: XI _____ ______ ______


Sapagyň temasy:

Tablisanyň düzümi: öýjükler, sütünler, setirler. Elektron tablisada berlenleriň görnüşleri.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Animasiýalary döretmegiň gurallary barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek,informatika dersine gyzyklanma döretmek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Tema degişli soraglar, reňkli suratlar, tablisalar, kompýuter

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

Amaly iş. Elektron tablisa barada düşünje. Tablisa prosessory we onuň funksiýalary.

Sorag-jogap alyşmak:

1. Excel programmasyny işe goýberiň we onuň düzümi bilen

tanşyň.

2. Excel elektron tablisanyň penjiresiniň esasy elementlerini

atlandyryň.

3. Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň informatika dersine degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Tablisanyň düzümi: öýjükler, sütünler, setirler barada umumy düşünje bermek..

2. Elektron tablisada berlenleriň görnüşleri bilen gyzyklanmany kemala getirmek we ösdürmek.

3. Öýjükleri bellemek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

- Tablisanyňdüzümini kesgitlemegi;

-Elektron tablisasyny döretmegi we onuň bilen işlemegi;

- Öýjüklerisütünleri we setirleriň esasy funksiýalaryny gurmagy;

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

- aýratynlykda we toparlaýyn işlemegi;

– Döredilen elektron tablisasyny kompýuteriň ýadynda saklamagy;

– öwrediji we ösdüriji kompýuter programmalary bilen işlemegi.


Bilşimiz ýaly tablisalar sütünlerden we setirlerden durýarlar. Sütünler A, B, С, … latyn harplary bilen belgi-lenýär. Harplar ýeterlik bolmasa iki harply belgilemeler: AA, AB we şuňa meňzeşler ulanylýar. Setirler bolsa bitin sanlar bilen belgilenýär.

Excel 2013 programmasynda: sütünleriň sany 16384 (214), setirleriň sany 1048576 (220). Setirleriň we sütünleriň kesişmesindäki ýere tablisanyň öýjügi diýilýär we oňa ber-lenler ýazylýar. Öýjügiň belgisi (nomeri) sütüniň we setiriň belgileriniň arasynda boşluk goýulman ýazylýar. Mysal üçin: A5, D49 we AB86. Microsoft Excel programmanyň häzirki zaman görnüşlerinde setirler: R harpyň yzyndan setiriň san belgisini; sütünler: C harpyň yzyndan sütüniň san belgisini goýmak bilen hem belgilenýär, mysal üçin: R5C7 – bu 5-nji setir bilen 7-nji sütüniň kesişmesindäki öýjügiň adydyr.

E lektron tablisadaky tapawutlandyrylan gönüburçluga tablisa kursory (1.1-nji sur. ser.) diýilýär, ony islendik öýjüge geçirmek bolar. Tablisa kursorynyň häzirki pursatda ýerleşýän öýjügine işjeň (текущий) öýjük diýilýär. Iş listinde mydam bir öýjük işjeň bolýar. Diňe işjeň öýjügeberlenlerigirizmekweony redaktirlemek mümkin. 1.1-nji suratda B3 öýjük işjeň öýjük-dir. 1.2-nji a suratdan görnüşi ýaly işjeň öýjügiň salgysy we girizilýänler giriziş setirinde şekillendirilýär. Giriziş setirinde işjeň öýjükdäki berlenleri redaktirläp bolýar.

Setirdäki ýa-da sütündäki yzygider saýlanan öýjükleriň toplumyna belleme çägi (diapazon) (1.2-nji b surat) diýilýär.

Belleme çägi başky we ahyrky öýjükleri, gönüburçly çäkde bolsa ýokarky çepki we aşaky sagky öýjükleri bellemek ar-kaly amala aşyrylýar. Iň uly belleme çägi bütin tablisa, iň kiçi belleme çägi bolsa bir öýjükdir.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Tablisanyň öýjügi nähili belgilenýär we atlandyrylýar?

2. Öýjükleri haýsy usullarda belgilemek mümkin?

3. Setir ýa-da sütün bütinleý nähili belgilenýär?


6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen täze temany okamak we özleşdirmek.


7. Sapagy jemlemek, umumylaşdyrmak, okuwçylary bahalandyrmak:

Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: ________________________________________________

Bellik:______________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________________________

Mekdebi: _______ Senesi: _____ ______ ______

Dersiň ady: Informatika Synpy: XI _____ ______ ______


Sapagyň temasy:

Amaly iş. Tablisanyň düzümi: öýjükler, sütünler, setirler.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Animasiýalary döretmegiň gurallary barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek,informatika dersine gyzyklanma döretmek.

Sapagyň görnüşi:

Bilimleri, başarnyklary we endikleri berkitmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Tema degişli soraglar, reňkli suratlar, tablisalar, kompýuter

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:

Tablisanyň düzümi: öýjükler, sütünler, setirler. Elektron tablisada berlenleriň görnüşleri.

Sorag-jogap alyşmak:

1. Tablisanyň öýjügi nähili belgilenýär we atlandyrylýar?

2. Öýjükleri haýsy usullarda belgilemek mümkin?

3. Okuwçylaryň bilimini dilden soramak we gönükmeleri çözmek arkaly sapagy berkitmek.:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Tablisanyň düzümi: öýjükler, sütünler, setirler barada umumy düşünje bermek..

2 . Elektron tablisada berlenleriň görnüşleri bilen gyzyklanmany kemala getirmek we ösdürmek.

3. Öýjükleri bellemek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

- Tablisanyňdüzümini kesgitlemegi;

-Elektron tablisasyny döretmegi we onuň bilen işlemegi;

- Öýjüklerisütünleri we setirleriň esasy funksiýalaryny gurmagy;

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

- aýratynlykda we toparlaýyn işlemegi;

– Döredilen elektron tablisasyny kompýuteriň ýadynda saklamagy;

– öwrediji we ösdüriji kompýuter programmalary bilen işlemegi.

Elektron tablisadaky tapawutlandyrylan gönüburçluga tablisa kursory (1.1-nji sur. ser.) diýilýär, ony islendik öýjüge geçirmek bolar. Tablisa kursorynyň häzirki pursatda ýerleşýän öýjügine işjeň (текущий) öýjük diýilýär. Iş listinde mydam bir öýjük işjeň bolýar. Diňe işjeň öýjügeberlenlerigirizmekweony redaktirlemek mümkin. 1.1-nji suratda B3 öýjük işjeň öýjük-dir. 1.2-nji a suratdan görnüşi ýaly işjeň öýjügiň salgysy we girizilýänler giriziş setirinde şekillendirilýär. Giriziş setirinde işjeň öýjükdäki berlenleri redaktirläp bolýar.

Setirdäki ýa-da sütündäki yzygider saýlanan öýjükleriň toplumyna belleme çägi (diapazon) (1.2-nji b surat) diýilýär.

Belleme çägi başky we ahyrky öýjükleri, gönüburçly çäkde bolsa ýokarky çepki we aşaky sagky öýjükleri bellemek ar-kaly amala aşyrylýar. Iň uly belleme çägi bütin tablisa, iň kiçi belleme çägi bolsa bir öýjükdir.


Öýjükleri bellemek (saýlamak, tapawutlandyrmak)

1. Öýjükleri bellemek üçin saýlanylýan araçägiň bir burçunda syçanyň çep gulagyna basmaly we ony goýbermän araçägiň garşylykly tarapyna çekmeli. Başgaça, birinji öýjügi tapawutlandyryp, SHIFT klawişe basyp, ony goýbermän iň soňky öýjükde syçanyň çep gulagyna basmak arkaly ýerine ýetirmek mümkin.

2. Setiriň ýa-da sütüniň belgisini tapawutlandyryp olary bütinleý bellemek bolýar.

3. Iş listiniň ýokarky çep burçundaky düwmejige basmak arkaly bütinleý iş listi bellenýär (tapawutlandyrylýar).

4. Eger öýjükler saýlananda Сtrl klawiş basylyp saklansa, onda öň saýlanan öýjüklere, öýjükleriň täze saýlanan toparyny goşmak bolýar. Bu usul bilen baglanyşyksyz toparlary hem bellemek mümkin.


Sorag-jogap alyşmak:

1. Tablisanyň öýjügi nähili belgilenýär we atlandyrylýar?

2. Öýjükleri haýsy usullarda belgilemek mümkin?

3. Setir ýa-da sütün bütinleý nähili belgilenýär?

GÖNÜKMELER

1. Kompýuteriňizdäki Excel elektron tablisada näçe setir we sütün bardygyny anyklaň.

2. Dürli öýjükler saýlananda giriziş setirindäki maglumatlaryň üýtgeýşini synlaň.

3. Setiri we sütüni aýratynlykda belläň.

4. Bagly bolmadyk öýjükleriň toparlaryny belläň (tapawutlandyryň). 5. Ýazgylaryň nämäni aňladýandygyny düşündiriň:

a) H5:H25; b) G31:J31; ç) B3:I111.

6. Excel programmanyň penjiresinde List3-de öýjükleri tapyň:

a) D4; b) K21; ç) B3:M14; d) С4: С 19; e) AB8:АJ3.

4. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen täze temany okamak we özleşdirmek.

5. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: ________________________________________________

Bellik:______________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________________________

Mekdebi: _______ Senesi: _____ ______ ______

Dersiň ady: Informatika Synpy: XI _____ ______ ______


Sapagyň temasy:

Berlenleri (san, tekst, formula) girizmek we redaktirlemek.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Animasiýalary döretmegiň gurallary barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek,informatika dersine gyzyklanma döretmek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Tema degişli soraglar, reňkli suratlar, tablisalar, kompýuter

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

Amaly iş. Tablisanyň düzümi: öýjükler, sütünler, setirler.

Sorag-jogap alyşmak:

1. Tablisanyň öýjügi nähili belgilenýär we atlandyrylýar?

2. Öýjükleri haýsy usullarda belgilemek mümkin?

3. Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň informatika dersine degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.


4. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Berlenleri (san, tekst, formula) girizmek we redaktirlemek barada umumy düşünje bermek..

2. San formatynyň görnüşlerini öwretmek.

3. San berlenleri tablisada ýerleşdirmek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

- Formaty sazlamak;

-Elektron tablisanyňparçalafynda işjeň öýjükleriň salgylaryny aýtmak;

- Öýjüge formula girizmek;

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

- aýratynlykda we toparlaýyn işlemegi;

– öýjüge sene wagt ýazgylaryny girizmegi;

– öwrediji we ösdüriji kompýuter programmalary bilen işlemegi.


Öýjük berlenleriň üç görnüşiniň haýsy-da bolsa birini özünde saklap bilýär:

tekst berlenler – erkin uzynlykly setir görnüşindedir; san berlenler – öýjüge girizilen sanlardyr;

formula berlenler – öýjüge girizilen formulalardyr. Tekst görnüşindäki berlenler – bu islendik simwollaryň

yzygiderligi bolup biler. Tekst (ýazgy, sözbaşy, düşündiriş) tablisalar döredilende peýdalanylýar, şeýle hem ol seredil-ýän obýektiň häsiýeti görnüşinde berlip biler. Adaty ýagdaý-da tekst öýjükde çep tarapdan deňlenýär (sebäbi hat çepden saga ýazylýar).

San berlenler seredilýän obýekti mukdar taýdan hä-siýetlendirýär. Şeýlelikde, dürli san formatlary ulanylýar. Aşakdaky tablisada san formatlary görkezilendir.

San formaty

Mysal

San

9876,13

Göterim (%)

80%

Eksponensial (ylmy)

1.432E+05

Drob

531/9

Pul

2135 man. ($)

Sene

15.02.2015

Wagt

10:45:00

Adaty ýagdaýda oturdan soň iki sifrli san formaty ula-nylýar. Öýjüge ýerleşmeýän uly razrýadly sanlary ýazmak üçin eksponensial format ulanylýar. Öýjüge girizilen sanlary redaktirlemek arkaly üýtgetmek bolýar. Adaty ýagdaýda sütündäkiählisanlarrazrýadlaryboýunçadeňlenerýaly(bir-likler – birlikleriň aşagynda, onluklar – onluklaryň aşagynda we ş.m. ýerleşýär) öýjüge girizilen san sag tarapa deňlenýär.

Elektron tablisada hakyky sanlaryň bitin we drob bölek-leri otur (,) arkaly bölünýär. Eger sanlar ýazylanda nokat (.) ulanylsa (sanyň bitin we drob böleklerini bölüji hökmün-de), onda bu san sene hökmünde kabul edilýär. Meselem, 15.02 ýazgy 15-nji fewral, 7.17 ýazgy 1-nji iýul 2017-nji ýyl hökmünde kabul ediler. San berlenleriň üstünde dürli ma-tematiki amallary geçirmek bolýar. Göterim (prosent) for-matynda san %-e geçirilýär, ýagny öýjügiň bahasy 100-e köpeldilýär. Pul formatynda sanyň yzyndan pul birligi goşulýar, mysal üçin, рубль, доллар we ş.m.


5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Elektron tablisada berlenleriň haýsy görnüşleri bar?

2. Tekst berlenler tablisada nähili ýerleşýär?

3. San berlenler tablisada nähili ýerleşýär?


6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen täze temany okamak we özleşdirmek.


7. Sapagy jemlemek, umumylaşdyrmak, okuwçylary bahalandyrmak:

Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: ________________________________________________

Bellik:______________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________________________

Mekdebi: _______ Senesi: _____ ______ ______

Dersiň ady: Informatika Synpy: XI _____ ______ ______


Sapagyň temasy:

Amaly iş. Berlenleri (san, tekst, formula) girizmek we redaktirlemek.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Animasiýalary döretmegiň gurallary barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek,informatika dersine gyzyklanma döretmek.

Sapagyň görnüşi:

Bilimleri, başarnyklary we endikleri berkitmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Tema degişli soraglar, reňkli suratlar, tablisalar, kompýuter

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:

Berlenleri (san, tekst, formula) girizmek we redaktirlemek.

Sorag-jogap alyşmak: 1. Elektron tablisada berlenleriň haýsy görnüşleri bar?

2. Tekst berlenler tablisada nähili ýerleşýär?

3. Okuwçylaryň bilimini dilden soramak we gönükmeleri çözmek arkaly sapagy berkitmek.:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Berlenleri (san, tekst, formula) girizmek we redaktirlemek barada umumy düşünje bermek..

2. San formatynyň görnüşlerini öwretmek.

3. San berlenleri tablisada ýerleşdirmek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

- Formaty sazlamak;

-Elektron tablisanyňparçalafynda işjeň öýjükleriň salgylaryny aýtmak;

- Öýjüge formula girizmek;

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

- aýratynlykda we toparlaýyn işlemegi;

– Öýjüge sene wagt ýazgylaryny girizmegi;

– öwrediji we ösdüriji kompýuter programmalary bilen işlemegi.


Eger öýjük formulany özünde saklaýan bolsa, onda onuň bahasy tablisanyň beýleki öýjükleriniň bahala-ryna bagly bolýar. Öýjügiň düzümi eger «=» bilen başlansa, onda oňa formula hökmünde garalýar (hemme formulalar san netijäni berýärler). Excel programmasynda berlenleriň dürli görnüşleri bardyr. Adaty ýagdaýda berlenleriň ähli görnüşleri umumy formata degişli bolýar. Ulanyjy berlenle-ri gerekli formatda sazlap biler.

F ormaty esasy gurallar paneliniň ýa-da gapdal menýunyň kömegi bilen sazlamak bolar: (1.3-nji surat).

Öýjük berlenleriň üç görnüşiniň haýsy-da bolsa birini özünde saklap bilýär:

• tekst berlenler – erkin uzynlykly setir görnüşindedir;

• san berlenler – öýjüge girizilen sanlardyr;

• formula berlenler – öýjüge girizilen formulalardyr.

Tekst görnüşindäki berlenler – bu islendik simwollaryň yzygiderligi bolup biler. Tekst (ýazgy, sözbaşy, düşündiriş) tablisalar döredilende peýdalanylýar, şeýle hem ol seredilýän obýektiň häsiýeti görnüşinde berlip biler. Adaty ýagdaýda tekst öýjükde çep tarapdan deňlenýär (sebäbi hat çepden saga ýazylýar).

San berlenler seredilýän obýekti mukdar taýdan häsiýetlendirýär. Şeýlelikde, dürli san formatlary ulanylýar. Aşakdaky tablisada san formatlary görkezilendir.

Sorag-jogap alyşmak:

1. Elektron tablisada berlenleriň haýsy görnüşleri bar?

2. Tekst berlenler tablisada nähili ýerleşýär?

3. San berlenler tablisada nähili ýerleşýär?

GÖNÜKMELER

1. Elektron tablisanyň parçalarynda:

• işjeň öýjükleriň salgylaryny aýdyň.

• öýjüklerde saklanýan berlenleriň görnüşlerini aýdyň.

• öýjükleriň salgylaryny aýdyň.

4. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen täze temany okamak we özleşdirmek.

5. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: ________________________________________________

Bellik:______________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________________________

Mekdebi: _______ Senesi: _____ ______ ______

Dersiň ady: Informatika Synpy: XI _____ ______ ______


Sapagyň temasy:

Öýjükleriň düzümini nusgalamak we olaryň orunlaryny üýtgetmek.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Animasiýalary döretmegiň gurallary barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek,informatika dersine gyzyklanma döretmek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Tema degişli soraglar, reňkli suratlar, tablisalar, kompýuter

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

Berlenleri (san, tekst, formula) girizmek we redaktirlemek.

Sorag-jogap alyşmak:

1. Elektron tablisada berlenleriň haýsy görnüşleri bar?

2. Tekst berlenler tablisada nähili ýerleşýär?

3. Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň informatika dersine degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Öýjükleriň düzümini nusgalamak we olaryň orunlaryny üýtgetmek barada umumy düşünje bermek.

2. Excel programmasynda kesmek, goýmak, nusgalamak buýruklaryny öwretmek.

3. Öýjükleri syçanyň kömegi bilen nusgalamak.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

- Öýjügi we öýjükleri nusgalamagyň we kesmegiň ähli usullaryny;

-Setiri we sütüni ýok etmegi;

- Täze öýjükleri goşmagy;

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

- Setirlerden we sütünlerden ybarat tablisany döredmegi;

– Üstünde nusgalama-goýma we kesme-goýma amallaryny dürli

(formulalar, hasaplanan bahalar, formatlar we bellikler boýunça) usullarda ýerine ýetirmegi;

– öwrediji we ösdüriji kompýuter programmalary bilen işlemegi.


Microsoft Office Excel programmasynda Nusgalamak (Копировать), Kesmek (Вырезать) we Goýmak (Вставить) buýruklaryň kömegi bilen öýjükleri bütinleý ýa-da olaryň düzümini nusgalamak ýa-da kesip geçirmek bolýar. Mysal üçin, formulany nusgalamazdan, formula boýunça hasaplanan netijäniň bahasyny ýa-da diňe formulany nusgalamak bolýar. Nusgalanan ýa-da kesilip alnan öýjükler hereketlenýän araçäkler bilen tapawutlandyrylýar. Bu hereketlenýän araçägi aýyrmak üçin Esc klawişe basmaly.

Öýjükleri nusgalamak we kesmek

Excel programmada öýjükleri formulalar, hasaplanan bahalar, formatlar we bellikler boýunça nusgalamak ýa-da kesip geçirmek bolar.

Öýjügi nusgalamagyň ýa-da kesip almagyň ýerine ýetirilişi:

1. Nusgalamaly ýa-da kesmeli öýjükleri bellemeli (tapawutlandyrmaly).

2. Aşakdaky görkezilen hereketleri ýerine ýetirmeli:

• Öýjügi nusgalamak üçin, Главная menýunyň Буфер обмена panelinden Копировать düwmejige basmaly ýa-da klawişleriň CTRL+C utgaşmasyny ýerine ýetirmeli.

• Öýjügi kesip geçirmek üçin, Главная menýunyň Буфер обмена panelinden Вырезать düwmejige basmaly ýa-da klawişleriň CTRL+X utgaşmasyny ýerine ýetirmeli.

Nusgalanan ýa-da kesilip alnan öýjügiň goýluşy (ýerleşdirilişi):

• Goýmaly ýeri (öýjügi ýa-da goýulýan meýdanyň ýokarky çepki öýjügini) bellemeli (tapawutlandyrmaly).

• Главная menýunyň Буфер обмена panelinden Вставить düwmejige basmaly ýa-da klawişleriň CTRL+V utgaşmasyny ýerine ýetirmeli.



5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Öýjügi we öýjükleri nusgalamagyň we kesmegiň nähili usullaryny bilýärsiňiz?

2. Öýjüge kesmek amaly ulanylandan soň goýmak amalyny näçe

gezek ulanmak bolýar?

3. Kesmek amalyny haýsy belleme çäklerine ulanyp bolmaýar?


6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen täze temany okamak we özleşdirmek.


7. Sapagy jemlemek, umumylaşdyrmak, okuwçylary bahalandyrmak:

Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: ________________________________________________

Bellik:______________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________________________

Mekdebi: _______ Senesi: _____ ______ ______

Dersiň ady: Informatika Synpy: XI _____ ______ ______


Sapagyň temasy:

Amaly iş. Öýjükleriň düzümini nusgalamak we olaryň orunlaryny üýtgetmek.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Animasiýalary döretmegiň gurallary barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek,informatika dersine gyzyklanma döretmek.

Sapagyň görnüşi:

Bilimleri, başarnyklary we endikleri berkitmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Tema degişli soraglar, reňkli suratlar, tablisalar, kompýuter

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:

Berlenleri (san, tekst, formula) girizmek we redaktirlemek.

Sorag-jogap alyşmak: 1. Elektron tablisada berlenleriň haýsy görnüşleri bar?

2. Tekst berlenler tablisada nähili ýerleşýär?

3. Okuwçylaryň bilimini dilden soramak we gönükmeleri çözmek arkaly sapagy berkitmek.:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Öýjükleriň düzümini nusgalamak we olaryň orunlaryny üýtgetmek barada umumy düşünje bermek.

2. Excel programmasynda kesmek, goýmak, nusgalamak buýruklaryny öwretmek.

3. Öýjükleri syçanyň kömegi bilen nusgalamak.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

- Öýjügi we öýjükleri nusgalamagyň we kesmegiň ähli usullaryny;

-Setiri we sütüni ýok etmegi;

- Täze öýjükleri goşmagy;

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

- Setirlerden we sütünlerden ybarat tablisany döredmegi;

– Üstünde nusgalama-goýma we kesme-goýma amallaryny dürli

(formulalar, hasaplanan bahalar, formatlar we bellikler boýunça) usullarda ýerine ýetirmegi;

– öwrediji we ösdüriji kompýuter programmalary bilen işlemegi.

Öýjükleri syçanyň kömegi bilen nusgalamak we kesip geçirmek

1. Nusgalamaly ýa-da kesip geçirmeli öýjükleri tapa-wutlandyryň.

2. Aşakdaky görkezilen hereketleri ýerine ýetiriň:

• Öýjügi ýa-da belleme çägindäki öýjükleri ke-sip geçirmek üçin syçanyň görkezijisini bellenen parçanyň üstüne eltiň. Syçanyň görkezijisi görnüşi alanda öýjügi ýa-da belleme çägini täze ýere süýşüriň.

• Öýjügi ýa-da belleme çägindäki öýjükleri nusgala-mak üçin syçanyň görkezijisini bellenen parçanyň üstüne eltiň, CTRL klawişe basyp saklaň. Syçanyň görkezijisi görnüşi alanda öýjügi ýa-da belleme çägini täze ýere süýşüriň.

Gapdal menýudan peýdalanyp nusgalamak, kesmek, goýmak, ýok etmek amallaryny ýerine ýetirmek

1. Öýjükleri tapawutlandyryp, üstünde syçanyň sag gu-lagyna basylanda açylýan gapdal menýudan Копировать buýrugy saýlamak bilen olary nusgalamak bolar.

2. Öýjükleri tapawutlandyryp, üstünde syçanyň sag gulagyna basylanda açylýan gapdal menýudan Вырезать buýrugy saýlamak bilen olary kesip almak mümkin.

3. Nusgalanýan ýa-da kesilip alnan öýjükleri goýmak üçin, goýmaly meýdanyň ýokarky çep burçundaky öýjügi almaly we syçanyň sag gulagyna basylanda açylýan gapdal menýudan Вcтавить buýrugy bermeli. Kesip geçirme amaly ýerine ýetirilenden soň, kesilen öýjükler arassalanýar (boşaýar).

4. Öýjükleri tapawutlandyryp, tapawutlandyrylan böle-giň üstünde syçanyň sag gulagyna basylanda açylýan gapdal menýudan Ýok etmek (Удалить...) buýrugy saýlamak bilen olary ýok etmek bolar. Şeýle hem, Delete klawişe basmak bilen saýlanan öýjükleriň düzümini öçürmek mümkin.

Bellikller: • Öýjükler nusgalananda öýjüklere salgylanmalar üýtgeýär.

• Öýjükler kesilip geçirilende öýjüklere salgylanmalar üýtgemeýär.

• Kesipgeçirmeamalynybaglanyşygybolmadykbelleme çäklerine ulanyp bolmaýar. Mundan başga-da Excel programmasynda öýjükler kesilip alnandan soň diňe bir gezek goýmak buýrugyny ýerine ýetirip bolýar.

Täze öýjükler Главная menýunyň Ячейки panelinde Вставить-Вставить ячейки buýruklaryň yzygiderligi bi-len goşulýar.

Setir goşulanda kursoryň duran setiri aşak süýşürilip, täze setir onuň ýokarsyndan goşulýar.

S ütün goşulanda kursoryň duran sütüni saga süýşürilip, täze sütün onuň çepinden goşulýar.

Aýratyn öýjükler goýlanda bolsa ýüze çykan gepleşik penjiresinde öýjükleri haýsy tarapa (saga, aşak ячейки со сдвигом вправо, ячейки со сдвигом вниз) süýşürmelidigini saýlamak bolýar (1.10-njy surat).

Sorag-jogap alyşmak:

1. Öýjügi we öýjükleri nusgalamagyň we kesmegiň nähili usullaryny bilýärsiňiz?

2. Öýjüge kesmek amaly ulanylandan soň goýmak amalyny näçe

gezek ulanmak bolýar?

3. Kesmek amalyny haýsy belleme çäklerine ulanyp bolmaýar?

GÖNÜKMELER

1. Setirlerden we sütünlerden ybarat tablisany dörediň, olaryň üstünde nusgalama-goýma we kesme-goýma amallaryny dürli (formulalar, hasaplanan bahalar, formatlar we bellikler boýun-ça) usullarda ýerine ýetiriň.

2. Tablisa dörediň, oňa setirleri, sütünleri we öýjükleri goşuň.

3. Tablisalary nusgalamagyň usullaryndan peýdalanyp dolduryň.

4. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen täze temany okamak we özleşdirmek.

5. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: ________________________________________________

Bellik:______________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________________________

Mekdebi: _______ Senesi: _____ ______ ______

Dersiň ady: Informatika Synpy: XI _____ ______ ______


Sapagyň temasy:

Tablisany formatirlemek.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Animasiýalary döretmegiň gurallary barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek,informatika dersine gyzyklanma döretmek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Tema degişli soraglar, reňkli suratlar, tablisalar, kompýuter

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

Amaly iş. Öýjükleriň düzümini nusgalamak we olaryň orunlaryny üýtgetmek.

Sorag-jogap alyşmak:

1. Öýjügi we öýjükleri nusgalamagyň we kesmegiň nähili usullaryny bilýärsiňiz?

2. Öýjüge kesmek amaly ulanylandan soň goýmak amalyny näçe

gezek ulanmak bolýar?

3. Geçilen temany jemlemek: Okuwçylaryň informatika dersine degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Tablisany formatirlemek. barada umumy düşünje bermek.

2. Formatlaşdyrmagyň görnüşlerini öwretmek.

3. Öýjükleriň düşek reňkini kesgitlemegi öwretmek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

- Tablisanyň formatlanmagyny;

-Formatlaryň görnüşlerini;

- Şriftiň çyzylyşyny, reňkini üýtgetmegi;

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

- Tablisada setirler we sütünler bilen işlemegi;

– öýjükleri, belleme çäklerini, tablisalary çarçuwa salmagy;

– öwrediji we ösdüriji kompýuter programmalary bilen işlemegi.

Setirleri we sütünleri formatlaşdyrmak Öýjükleriň düzümini, görnüşini, setirleriň beýikliklerini, sütünleriň inini we simwollary formatlaşdyrmak esasy formatlaşdyrmalardyr.

Formatlaşdyrmagyň görnüşleri:

• berlenleri öýjügiň gyralaryna görä ýerleşdirmek;

• şriftiň çyzylyşyny, reňkini we ölçegini üýtgetmek;

• stilleri ulanmak;

• öýjükleri,bellemeçäklerini,tablisalaryçarçuwasalmak.

Öýjügiň ölçegi uly bolanda onuň bahasyny ýokarky (aşaky), çep (sag) taraplara deňlemek bolar.

Şekillendiriş formaty berlenleri ulanyjylar üçin amat-ly görnüşde şekillendirmäge mümkinçilik berýär. Islendik maglumat girizilende umumy (общий) format ulanylýar. Bu ýagdaýda berlenleriň görnüşi awtomatiki kesgitlenýär.

Öýjügiň düzümindäki berlenleri formatlaşdyrmak üçin, ony belläp, Главная-Ячейки-Формат-Формат ячеeк... buýruklaryň yzygiderligi bilen Формат ячеeк penjiresini açmaly (öýjükleri belläp, syçanyň sag gulagyna basylanda ýüze çykýan gapdal menýudaky Формат ячеeк... ýazgyny işjeňleşdirip bu penjiräni almak bolýar) (1.12-nji surat).

Şonda San (Числовой) görnüşi saýlap, girizilýän sanyň drobbölegindäkionlukbelgileriňmukdarynykesgitlemekbo-lar. Eger girizilen sanda oturdan soň sifrleriň sany az bolsa, ondanollargoşulýar,tersineeger-deoturdansoňsifrleriňsany köp bolsa, onda san tegeleklenýär. Bu ýerde öýjükdäki sanlary okamak amatly bolar ýaly Разделитель групп разрядов ýazgynyň çep tarapynda bellijek goýmak bolar. Bu ýagdaýda sanlar razrýadlara bölünip ýazylýar. Onluk belgileriň sanyny Главная menýunyň Число panelindäki düwmejikler bilen köpeldip we azaldyp bolar. Şeýle hem, pul formatyny saýlap pul birliginiň adyny goýup, % formaty saýlap, öýjükdäki sany 100-e köpeldip yzynda % belgini göýmak mümkin.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak: 1 1. Formatlaşdyrmagyň nähili görnüşleri bar?

2. Öýjügiň düzümindäki berlenleri haýsy buýruklaryň yzygiderligi

bilen formatlaşdyrmak mümkin?

3. Elektron tablisada sanyň drob bölegindäki onluk belgileriň mukdary nähili kesgitlenýär?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen täze temany okamak we özleşdirmek.

7. Sapagy jemlemek, umumylaşdyrmak, okuwçylary bahalandyrmak:

Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: ________________________________________________

Bellik:______________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________________________

Mekdebi: _______ Senesi: _____ ______ ______

Dersiň ady: Informatika Synpy: XI _____ ______ ______


Sapagyň temasy:

Amaly işi. Tablisany formatirlemek.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Animasiýalary döretmegiň gurallary barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek,informatika dersine gyzyklanma döretmek.

Sapagyň görnüşi:

Bilimleri, başarnyklary we endikleri berkitmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Tema degişli soraglar, reňkli suratlar, tablisalar, kompýuter

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:

Amaly iş. Öýjükleriň düzümini nusgalamak we olaryň orunlaryny üýtgetmek.

Sorag-jogap alyşmak:

1. Öýjügi we öýjükleri nusgalamagyň we kesmegiň nähili usullaryny bilýärsiňiz?

2. Öýjüge kesmek amaly ulanylandan soň goýmak amalyny näçe

gezek ulanmak bolýar?

3. Okuwçylaryň bilimini dilden soramak we gönükmeleri çözmek arkaly sapagy berkitmek.:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Tablisany formatirlemek. barada umumy düşünje bermek.

2. Formatlaşdyrmagyň görnüşlerini öwretmek.

3. Öýjükleriň düşek reňkini kesgitlemegi öwretmek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

- Tablisanyň formatlanmagyny;

-Formatlaryň görnüşlerini;

- Şriftiň çyzylyşyny, reňkini üýtgetmegi;

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

- Tablisada setirler we sütünler bilen işlemegi;

– öýjükleri, belleme çäklerini, tablisalary çarçuwa salmagy;

– öwrediji we ösdüriji kompýuter programmalary bilen işlemegi.


San (Числовой) toparyndaky käbir formatlar bilen tan-şalyň:

• drob (дробный) – san ýönekeý drob görnüşinde şekil-lendirilýär;

• eksponensial (экспоненциальный) – san eksponen-sial görnüşinde şekillendirilýär;

• sene we wagt (дата и время) – girizilen san sene we wagt görnüşinde şekillendirilýär.

Deňlemek (Выравнивание) goýundynyň kömegi bilen öýjügiň düzümini keseligine ýa-da dikligine deňlemek, tekstiň öýjükdäki ýazylyş ugruny (graduslarda) kesgitlemek bolýar.

T eksti öýjükde birnäçe setirde ýerleşdirmek üçin söz-ler boýunça geçirmek (переносить по словам) ýazgynyň deňinde bellik goýmaly. Käwagtlar birnäçe öýjükleri (setiri ýa-da sütüni) birikdirmeli bolýar. Munuň üçin Öýjükleri birikdirmek (Объединение ячеек) (ýazgynyň deňinde bellijek goýmaly) amaly göz öňünde tutulandyr.

Excel programmasynda şriftiň ýazylyş usullaryny, çyzylyşyny, ölçegini, reňkini gurallar panelinden peýdalanyp üýtgetmek edil tekst redaktoryndaky ýalydyr. Şonuň ýaly-da bu amallary ulanmak üçin Формат ячеек penjiresinde Шрифт goýundysyndan peýdalanmak bolar.

Öýjükleriň araçäk çyzyklaryny öz islegiňe görä Araçäk (Граница) goýundysyndan peýdalanyp bermek bolar.

Suratdan görnüşi ýaly öýjükleriň düşek reňkini (ýerli-gini) Boýag (Заливка) goýundysyndan peýdalanyp bermek bolar.

Sorag-jogap alyşmak:

1 1. Formatlaşdyrmagyň nähili görnüşleri bar?

2. Öýjügiň düzümindäki berlenleri haýsy buýruklaryň yzygiderligi

bilen formatlaşdyrmak mümkin?

3. Elektron tablisada sanyň drob bölegindäki onluk belgileriň mukdary nähili kesgitlenýär?

GÖNÜKMELER

1. 50 öýjükden ybarat tablisany dörediň, araçäk çyzyklarynyň reňkini we ýogynlygyny üýtgediň.

2. 10 setirden we 10 sütünden ybarat tablisa dörediň we öýjüklerini dürli reňklerde reňkläň.

3. Aşakdaky aňlatmalaryň bahalaryny §6-daky 1.17-nji suratdaky mysalda görkezilişi ýaly iki usulda hasaplamaly:

4. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen täze temany okamak we özleşdirmek.

5. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: ________________________________________________

Bellik:______________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________________________

Mekdebi: _______ Senesi: _____ ______ ______

Dersiň ady: Informatika Synpy: XI _____ ______ ______


Sapagyň temasy:

Tablisada setirler we sütünler bilen işlemek. Otnositel we absolýut salgylanmalar.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Animasiýalary döretmegiň gurallary barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek,informatika dersine gyzyklanma döretmek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Tema degişli soraglar, reňkli suratlar, tablisalar, kompýuter

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

Amaly işi. Tablisany formatirlemek..

Sorag-jogap alyşmak:

1. Formatlaşdyrmagyň nähili görnüşleri bar?

2. Öýjügiň düzümindäki berlenleri haýsy buýruklaryň yzygiderligi bilen formatlaşdyrmak mümkin?

3. Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň informatika dersine degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Tablisada setirler we sütünler bilen işlemek. barada umumy düşünje bermek.

2. Otnositel we absolýut salgylanmalaryň görnüşlerini öwretmek.

3. Absolýut salgylanmany kesgitlemegi öwretmek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

- Salgylanmanyň ähli görnüşlerini;

-Elektron tablisanyň bahasyny kesgitlemegi;

- ikibelgili sanyň kwadratynyň tablisasyny düzmegi;

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

- Tablisada setirler we sütünler bilen işlemekž;

– öýjükleri, belleme çäklerini, tablisalary çarçuwa salmagy;

– öwrediji we ösdüriji kompýuter programmalary bilen işlemegi.


Salgylanma formulada ulanmaly berlenleri saklaýan öýjükleri ýa-da belleme çäklerini görkezýär. Salgylanma elektron tablisanyň dürli böleklerinde ýerleşýän berlenleri bir formulada we bir öýjügiň bahasyny birnäçe formulada ulanmaga mümkinçilik berýär.

Bahalary beýleki öýjüklere bagly bolman özbaşdak kesgitlenýän öýjüklere esasy öýjükler diýilýär.

Bahalary beýleki öýjükleriň bahalary boýunça hasap-lamalaryň kömegi bilen alynýan öýjüklere berlenlerden ön-dürilen öýjükler diýilýär.

Mysal: D5=B5*С5. Bu ýerde B5, С5 esasy öýjükler, D5 bolsa berlenlerden öndürilen öýjük. Eger D6 öýjügiň bahasyny şol formula bilen hasaplamak gerek bolsa, onda ýene-deD6=B6*С6formulanyýazmaly.Dsütüniňähliöýjük-lerini degişli B we С sütünleriň öýjükleriniň köpeltmek hasyllary bilen awtomatik doldurmak has amatlydyr. Bu ýerde öýjükleriň formula girýän otnositel (göräleýin üýtgeýän) salgysy gerekdir. Ýörite görkezilmese öýjükleriň salgylaryna Ехсel programma otnositel salgy hökmünde ga-raýar. Bu doldurmak usuly formula boýunça nusgany döret-mäge mümkinçilik berýär.

Otnositel salgylanma. Formulany saklaýan öýjük nusgalananda onuň düzümine girýän salgylanmalar hem üýtgeýär.

A2 öýjüge ýazylan =A1+2 formula seredeliň. Bu öýjük A1-e otnositel salgylanmany özünde saklaýar, ýagny A1 öýjügiň bahasyna 2 sanyň goşulýandygyny aňladýar.

A2 öýjükdäki formulany setiriň boýuna we sütüniň boýuna nusgalanymyzda salgylanmalar 1.18-nji suratdaky ýaly üýtgeýärler. A2 öýjükdäki formulany B2, C2 we D2 öýjüklere nusgalanymyzda otnositel salgylanma awtoma-tik üýtgeýär we formula: =B1+2, =C1+2, =D1+2 görnüşe eýe bolýar. Şu formulany A3, A4 we A5 öýjüklere nusgala-nymyzda otnositel salgylanma awtomatik üýtgeýär we for-mula: =A2+2, =A3+2, =A4+2 görnüşe eýe bolýar.

5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Esasy öýjükler we berlenlerden öndürilen öýjükler diýip nähili

öýjüklere aýdylýar?

2. Otnositel salgylanma diýip nähili salgylanma aýdylýar?

3. Absolýut salgylanma näme?

6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen täze temany okamak we özleşdirmek.

7. Sapagy jemlemek, umumylaşdyrmak, okuwçylary bahalandyrmak:

Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: ________________________________________________

Bellik:______________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________________________

Mekdebi: _______ Senesi: _____ ______ ______

Dersiň ady: Informatika Synpy: XI _____ ______ ______


Sapagyň temasy:

Amaly iş. Salgylanmalary peýdalanyp berlenleri işläp taýýarlamak.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Animasiýalary döretmegiň gurallary barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek,informatika dersine gyzyklanma döretmek.

Sapagyň görnüşi:

Bilimleri, başarnyklary we endikleri berkitmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Tema degişli soraglar, reňkli suratlar, tablisalar, kompýuter

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:

Tablisada setirler we sütünler bilen işlemek. Otnositel we absolýut salgylanmalar.

Sorag-jogap alyşmak:

1. Esasy öýjükler we berlenlerden öndürilen öýjükler diýip nähili

öýjüklere aýdylýar?

2. Otnositel salgylanma diýip nähili salgylanma aýdylýar?

3. Okuwçylaryň bilimini dilden soramak we gönükmeleri çözmek arkaly sapagy berkitmek.:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Salgylanmalary peýdalanyp berlenleri işläp taýýarlamak barada umumy düşünje bermek.

2. Salgylanmalary peýdalanmagyň görnüşlerini öwretmek.

3. Berlenleri işläp taýýarlamagy öwretmek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

- Salgylanmanyň ähli görnüşlerini;

- Salgylanma elektron tablisanyň dürli böleklerinde ýerleşýän berlenleribir formulada we bir öýjügiň bahasyny birnäçe formuladaulanmagy;

- öýjügiňbahasyny şol formula bilen hasaplamagy;

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

- Salgylanmalary peýdalanyp berlenleri işläp taýýarlamagy;

– Bahalary beýleki öýjükleriň bahalary boýunça hasaplamalaryň kömegi bilen almagy;

– öwrediji we ösdüriji kompýuter programmalary bilen işlemegi.


1-nji mysal. Ilaty 20 000 bolan şäheriň ilatynyň sany 5 ýyldan näçe bolar? Şäheriň ilaty ýylda 5% köpelýär diýip hasap etmeli.

B aşdaky berlenleri tablisa girizeliň (1.19-njy a surat), B3 öýjüge =B2+0,05*B2 otnositel salgylanmaly formulany girizeliň. Формулы menýunyň Зависимости формул pa-nelinden Покозать формулы buýrugy bereliň.

B3 öýjükden formulany B4:B7 belleme çäginde nusgala-lyň (1.19-njy a surat).

Görşümiz ýaly ilatyň her ýylky hasaby (şerte görä) şol bir formula boýunça ýerine ýetirilýär. Hasap formulasynda berlenler şol bir sütünde bir setir ýokarda ýerleşýär. Formula nusgalananda gerekli otnositel salgylanmalaryň üýtgemesi awtomatiki ýerine ýetirilýär. Ýene-de Формулы menýunyň Зависимостиформулpanelinden Покозать формулы buýrugy berip alnan netijeleri görüp bileris (1.19-njy b surat).

Absolýut salgylanma. Käwagtlar öýjükleri formula bilen doldurmaly bolanda öýjügiň absolýut salgyny sakla-maly bolan ýagdaýlar ýüze çykýar. Mysal üçin: eger öýjügiň bahasy başga setirlerde ýa-da sütünlerde ulanylýan bolsa, onda öýjüge absolýut salgylanmak üçin, onuň setiriniň ýa-da sütüniniň belgisiniň öňünden «$» belgini goýmaly.

Mysal üçin: A1 öýjüge salgylanma dört usulda: A1,$A1, A$1, $A$1 ýazylyp bilner. Öýjük formula bilen doldurylan mahalynda «$» belgi salgynyň haýsy böleginde duran bolsa şol bölek absolýut hasaplanylýar we «$» belgi ýok bolsa, şol bölek otnositel hasaplanýar.

Absolýut salgylanmany saklaýan öýjük nusgalanan-da otnositel salgylanmadan tapawutlylykda üýtgemeýär.

Sorag-jogap alyşmak:

1. Esasy öýjükler we berlenlerden öndürilen öýjükler diýip nähili öýjüklere aýdylýar?

2. Otnositel salgylanma diýip nähili salgylanma aýdylýar?

3. Absolýut salgylanma näme?

GÖNÜKMELER

1. Elektron tablisanyň parçasy berlin. C1 öýjükden C2:C3 belleme cägine nusgalanan öýjükleriň bahalaryny kesgitlemeli

2. B2 öýjüge garyşyk salgylanmaly formulany ýazyp, nusga-lamadan peýdalanmak arkaly birinji onlukdaky sanlary goşmagyň tablisasyny düzmeli.

3. Ikibelgili sanlaryň kwadratynyň tablisasyny düzmek. Görkezme: =($A2*10+B$1)^2 formuladan peýdalanmaly.

4. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen täze temany okamak we özleşdirmek.

5. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: ________________________________________________

Bellik:______________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________________________

Mekdebi: _______ Senesi: _____ ______ ______

Dersiň ady: Informatika Synpy: XI _____ ______ ______


Sapagyň temasy:

Standart funksiýalaryň ulanylyşy.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Animasiýalary döretmegiň gurallary barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek,informatika dersine gyzyklanma döretmek.

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Tema degişli soraglar, reňkli suratlar, tablisalar, kompýuter

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

Amaly iş. Salgylanmalary peýdalanyp berlenleri işläp taýýarlamak.

Sorag-jogap alyşmak:

1. Esasy öýjükler we berlenlerden öndürilen öýjükler diýip nähili öýjüklere aýdylýar?

2. Otnositel salgylanma diýip nähili salgylanma aýdylýar?

3. Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylaryň informatika dersine degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.

4. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Standart funksiýalaryň ulanylyşy barada umumy düşünje bermek.

2 Programma gurnalan standart funksiýalaryň birnäçesini ulanmagy öwretmek.

3. Tablisa hasaplamalarynda köp ulanylýan matematiki funksiýalary öwretmek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

- Standart funksiýalaryň ulanylyşy;

- Çylşyrymly formulany girizmegi;

- öýjügiňbahasyny şol formula bilen hasaplamagy;

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

- Standart funksiýalaryň ulanylyşyny işläp taýýarlamagy;

– elementleriň orta arifmetik bahasyny tapmagy;

– öwrediji we ösdüriji kompýuter programmalary bilen işlemegi.


Programmagurnalanstandartfunksiýalaryňbirnäçesini ulanmaga mümkinçilik berýär we çylşyrymly hasaplamalary ýerine ýetirmäge ukyplydyr.

Her bir funksiýanyň gaýtalanmaýan ady bardyr we bu at ony ulanmaga mümkinçilik berýär. Funksiýanyň ady gysgaldylan görnüşde ýazylýar. Funksiýa ýazylanda onuň adyndansoňýaýyňiçindeargumentlerýazylýar.Funksiýanyň argumentleri bolup: san, tekst, öýjüge ýa-da öýjükleriň belle-me çägine salgylanma bolup biler. Eger argumentler birnäçe bolsa, onda olaryň arasynda nokatly otur goýulýar.

Tablisa hasaplamalarynda köp ulanylýan matematiki funksiýalar:

Funksiýa

Excel programmasynda ýazylyşy

Sanlaryň jemi

СУММ (A1: В10)

Orta arifmetik baha

СРЗНАЧ (A5:B11; E2:E12)

Iň uly baha

МАКС (D4: D7; G5; G6)

Iň kiçi baha

МИН (HЗ:J10)

Sanlaryň kwadratlarynyň jemi

СУММ КВ (E3: F12)

Kwadrat kök ( X )

КОРЕНЬ (25)

Sinus (sin x)

SIN (А1)

Kosinus ( cos x)

COS (A2)



Çylşyrymly formulany girizmegi giriziş setirinde Вставить функцию düwmejige basylanda Вставка функции (1.25-nji surat) gepleşik penjiräni açmak bilen amala aşyrmak bolar.

Bu gepleşik penjire Eхсel programmasynda islen-dik standart funksiýany saýlap almaga mümkinçilik berýär

.5. Täze temany berkitmek:

Sorag-jogap alyşmak:

1. Excel programmasynda sanlaryň jemi nähili ýazylýar?

2. Orta arifmetik baha Excel programmasynda nähili ýazylýar?

3. МАКС (F4: H10) ýazgy nämäni aňladýar?


6. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen täze temany okamak we özleşdirmek.


7. Sapagy jemlemek, umumylaşdyrmak, okuwçylary bahalandyrmak:

Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: ________________________________________________

Bellik:______________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________________________

Mekdebi: _______ Senesi: _____ ______ ______

Dersiň ady: Informatika Synpy: XI _____ ______ ______


Sapagyň temasy:

Amaly iş. Standart funksiýalary (jemi;orta arifmetik bahany hasaplamak , iň uly , iň kiçi bahalary gözlemek; derejä götermek) ulanmaklyga degişli meseleleri çözmek.

Sapagyň maksatlary:


1)Bilim berijilik maksady:

Animasiýalary döretmegiň gurallary barada umumy düşünje bermek.

2) Terbiýeçilik maksady:

Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek,informatika dersine gyzyklanma döretmek.

Sapagyň görnüşi:

Bilimleri, başarnyklary we endikleri berkitmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Tema degişli soraglar, reňkli suratlar, tablisalar, kompýuter

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.

3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:

Standart funksiýalaryň ulanylyşy.

Sorag-jogap alyşmak:

11. Excel programmasynda sanlaryň jemi nähili ýazylýar?

2. Orta arifmetik baha Excel programmasynda nähili ýazylýar?

3. Okuwçylaryň bilimini dilden soramak we gönükmeleri çözmek arkaly sapagy berkitmek.:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Standart funksiýalary (jemi;orta arifmetik bahany hasaplamak , iň uly , iň kiçi bahalary gözlemek; derejä götermek) barada umumy düşünje bermek.

2. Funksiýa saýlanandan soň argumentleri girizmegi öwretmek.

3. Logiki funksiýalary funksiýalary öwretmek.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

- Standart funksiýalaryň ulanylyşy;

- Çylşyrymly formulany girizmegi;

- öýjügiňbahasyny şol formula bilen hasaplamagy;

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

- Standart funksiýalaryň ulanylyşyny işläp taýýarlamagy;

– elementleriň orta arifmetik bahasyny tapmagy;

– öwrediji we ösdüriji kompýuter programmalary bilen işlemegi.

1-nji mysal. -iň bahasyny hasaplamaly.

A1 öýjüge 5 bahany ýazalyň, funksiýanyň bahasyny hasaplamak üçin B1 öýjügi tapawutlandyralyň, oňa «=» belgini girizeliň we КОРЕНЬ(A1) funksiýany ýazalyň. Funksiýa ýazylanda açylýan kömekçi menýudan peýdalanmak bolar. Funksiýanyň argumentini (A1 öýjügiň adyny) klawiaturadan ýa-da aňsatlyk bilen bu öýjügi syçanyň kömegi bilen tapawutlandyryp girizmek bolar. Girizmek tamamlanandan soň islendik boş öýjükde syçanyň çep gulagyna basmak ýeterlikdir. Hasaplamanyň netijesiniň B1 öýjükde şekillendirilýändigini göreris (1.27-nji b surat).

F unksiýanyň argumentini (A1 öýjügiň adyny) klawia-turadan ýa-da aňsatlyk bilen bu öýjügi syçanyň kömegi bilen tapawutlandyryp girizmek bolar. Girizmek tamam-lanandan soň islendik boş öýjükde syçanyň çep gulagyna basmak ýeterlikdir. Hasaplamanyň netijesiniň B1 öýjükde şekillendirilýändigini göreris (1.27-nji b surat).

2-nji mysal. Haýsydyr bir sportuň görnüşinden halka-ra ýaryşlarynda eminlik etmegiň düzgüni şeýle:

1)her bir türgeniň çykyşyna N sany emin eminlik edýär.

2)her bir türgeniň iň uly we iň kiçi bahasy aýrylýar (eger olar köp bolsa biri aýrylýar).

3)türgeniň bahasy hökmünde galan bahalaryň orta arifmetik bahasy alynýar.

Aşakdaky elektron tablisada ýaryş baradaky maglumatlar getirilýär.

Ýaryşa gatnaşanlaryň hemmesiniň we ýeňijiniň ba-hasyny kesgitlemek talap edilýär. Munuň üçin:

4)A10, A11, A12, A14 öýjüklere, degişlilikde «Iň uly baha», «Iň kiçi baha», «Jemleýji baha», «Ýeňijiniň bahasy» ýazgylary girizeliň.

5)B10 öýjüge =МАКС(B3:B8) formulany girizeliň; B10 öýjügiň düzümini C10:F10 öýjüklere nusgalalyň.

6)B11 öýjüge = МИН(B3:B8) formulany girizeliň; B10 öýjügiň düzümini C11:F11 öýjüklere nusgalalyň.

7)B12 öýjüge = (СУММ (B3:B8)-B10-B11)/4; formulany girizeliň; B12 öýjügiň düzümini C12:F12 öýjüklere nusgalalyň.

8)B14 öýjüge = МАКС(B12:F12) formulany girizeliň.

Sorag-jogap alyşmak: 1. Excel programmasynda sanlaryň jemi nähili ýazylýar?

2. Orta arifmetik baha Excel programmasynda nähili ýazylýar?

3. МАКС (F4: H10) ýazgy nämäni aňladýar?

4. Öý işini tabşyrmak:

Geçilen täze temany okamak we özleşdirmek.

5. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).

  • Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?


Ýazan mugallym: ________________________________________________

Bellik:______________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary __________________________


Скачать

Рекомендуем курсы ПК и ППК для учителей

Вебинар для учителей

Свидетельство об участии БЕСПЛАТНО!