Şiwe sözleri
Edebi dilde | rahat | reňk | razy | oraza |
Teke şiwesi | yra:hat | ireňk | yra:zy | ora:za |
Saryk şiwesi | yra:hat | ireňk | ra:zy | ro:za |
Ärsary şiwesi | ra:hat | reň | ra:zy | ro:za |
Yomut şiwesi | yra:hat | ireň | yra:zy | ara:za |
Gökleň şiwesi | yra:hat | ireň | yra:zy | ara:za |
Alili şiwesi | yra:hat | ireň | yra:zy | ora:za |
Çowdur şiwesi | yra:hat | ireň | yra:zy | ora:za |
Nohur şiwesi | irähet | iräňk | yra:zi | ura:ze |
Kesp-kär sözleri
Daýhançylyk:orak, pil,kätmen,...
Lukmançylyk:derman,ýod,hasa,...
Maldarçylyk: süri, goýun,çopan,...
Zergärçilik:bilezik,gülýaka, ...
Balykçylyk: lakga,tor,bekre, ...
Gurluşyk: kerpiç,suwag,hek, ...
7. Dil bilimi:sözlem,fonetika,düşüm ...
Sözüň bir we köp manylylygy
Sözler bir we köp manyly bolup biler. Meselem: ysmanak diýsek, onuň bir manysy bar. Ysmanak - baýyrlarda, meýdanlarda bitýän ýaprakly, iýilýän ot. Sözüň ilkinji we esasy aňladýan manysy onuň asyl manysy bolýar. Emma göz sözi öz asyl manysyndan, ýagny adamlaryň, haýwanlaryň, guşlaryň görüş agzalaryndan başga-da birtopar manyda ulanylýar. Mysal üçin,
adamyň gözi
agajyň gözi
iňňäniň gözi,
horjunyň gözi
Şunuň ýaly sözleriň öz asyl manysy bilen bagly başga-da birnäçe manyda ulanylmagyna sözleriň köp manylylygy diýilýär.
Eýelik-degişlilik aýyrgyjy
Hakyndalyk aýyrgyjy
Aýyrgyçlar
At
aýyrgyjy
Sypat aýyrgyjy
Meňzetme aýyrgyjy
San aýyrgyjy
Işlik
aýyrgyjy
Ýeňiş düşüm
Kimi? Nämäni? Niräni?
Ol doganyny gördi.
Gözel jigisini çagyrdy.
Halkymyz parahatçylyk isleýär.
Çykyş düşüm
Kimden? Nämeden? Nireden?
-dan, -den, -ndan, -nden
Obadan,ýoldan,mekdepden,öýden
Obasyndan , ýolundan,
mekdebinden , öýünden
Wagt-orun düşüm
Kimde? Nämede? Nirede?
-da, -de, -nda, -nde
Obada,ýolda,mekdepde,öýde
Obasynda , ýolunda,
mekdebinde , öýünde
Omonimler
Aýdylyşy we ýazylyşy birmeňzeş bolup, aýry-aýry many aňladýan sözlere omonimler diýilýär. Omonimleriň manysynda hiç hili
umumylyk bolmaýar.
Meselem: ýüz diýen sözi alyp göreliň.
Bu söz 100 diýen sany,
adamyň ýüzüni,
suwda ýüzmegi aňladýar.
Ol söz aýry-aýry manyny aňladýan bolsa-da,
olaryň aýdylyşy, ýazylyşy meňzeşdir.
B ir eýesi we bir habary bolan sözleme ýönekeý sözlem diýilýär. Meselem: Aman mekdebe gitdi. Durdy işden geldi. Birden artyk ýönekeý sözlemlerden ybarat bolan sözleme goşma sözlem diýilýär. Meselem: Gök gürledi we ýagyş ýagdy. Men öýe geldim, jigim okuwa gitdi. Goşma sözlemdäki ýönekeý sözlemler biri-birleri bilen baglaýjy kömekçili we baglaýjy kömekçisiz baglanyşyp bilýärler. Meselem: Gurban kitap aldy, emma men depder aldym. Gök gürledi, ýagyş ýagdy |
G oşma sözlemde we, hem kömekçileri arkaly baglanyşýan ýönekeý sözlemleriň arasynda otur goýulmaýar. Meselem: Howa bulutlaşdy we ýagyş ýagdy. Gök gürledi hem ýyldyrym çakdy. |
Goşma sözlemdäki ýönekeý sözlemleriň arasynda emma, welin, ýöne kömekçileri gelse, onda emma, ýöne kömekçileriň öňünden, welin kömekçisiniň soňundan otur goýulýar. Meselem: Biz daýhan birleşiginiň medeniýet öýüne bardyk, emma siz gelmediňiz. |
Sinonimler
Manysy biri-birine meňzeş ýa-da biri-birine ýakyn bolan sözlere sinonimler diýilýär.
Meselem: Yagşy, gowy, oňat. Bu ýerde üç sany söz bar. Olaryň her biri üýtgeşik seslerden düzülipdir, emma olaryň manysyna üns bersek, üçüsi-de oňatlygy aňladýar.
Bahar ,ýaz. Jeren, keýik, maral. At, bedew.