СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Elektrik togyndan ägä bol

Категория: Химия

Нажмите, чтобы узнать подробности

Просмотр содержимого документа
«Elektrik togyndan ägä bol»

























ELEKTRIK TOGYNDAN ÄGÄ BOL!










Çagalaryň bilesigelijiligi, hereketjeňligi käwagt olaryň elektrik togy urmagyna sebäp bolýar. Muňa gündeki durmuşdan ençeme mysallary getirmek bolaýar. Mysal üçin, öý hojalygyndaky elektrik bilen işleýän enjamlary bilesi gelijikli hereketler edip olary açyp görmek, elektirik togy bilen oýnamazlyk we beýleki ençeme duýduryşlaryň berilýändigine garamazdan, çagalar elektrik togynyň urmagyna örän köp uçraýarlar.   

Çagalaryň arasynda giňden ýaýran elektrik togynyň urmagy — tok enjamlaryny oýnama, işläp duran elektrik tokly enjama golaýlaşma zerarly döreýän elektrik urmasy. Kiçi ýaşly çagalara näçe göz-gulak bolunsa-da, olar käwagt bilesigelijiligi sebäpli işläp duran tok enjamlaryna arkaýyn hereket edip elektrik togynyň uranyny özleri-de duýman galýarlar. Işläp duran elektrik tokly enjamyň ýanyna gorkman golaýlaşýarlar. Şeýle ýagdaýlarda çagalaryň elektrik togy urma howpy döreýär.

Elektrik togy bilen şikeslenme köplenç halatlarda, durmuşda ulanylýan elektrik togunyň ýokary güýçlenmesiniň (naprýaženiýe) ýa-da ýyldyrymyň adam bedeniniň dokumalaryna täsir etmeginiň netijesinde ýüze çykýar. Öýde elektrik enjamlary bilen işlenende iş howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmezlik hem elektrik togunyň urmagynyň giňden ýaýran sebäbi bolýar. Şundan başga-da, öýümizde näsaz elektrik enjamy ýa-da durmuş maksatly islendik abzallar hem-de üzülen ýokary woltly liniýalar hem agyr elektrik şikeslenmeleriň çeşmesi bolup bilýändir. Elektrik togunyň täsir ediş derejesi gönüden-göni elektrik toguň güýjüne we onuň güýçlenmesine, şol sanda hem adamyň saglyk ýagdaýyna, elektrik toguň bedene degiş usulyna hem-de ilkinji kömegiň özwagtynda berilmegine baglydyr.













Elektrik togy bilen şikeslenmäniň aýratynlygy:

Elektrik togy adamyň bedeninden geçenden soň, dokumalary güýçli ýakýar, ol hem deri örtüginde elektrik ýanyklarynyň döremegine, şeýle hem töweregindäki dokumalaryň we beden agzalarynyň şikeslenmegine getirýär. Elektrik ýanyklary toguň "girýän" we "çykýan" ýerlerinde ýüze çykýarlar. Bu ýerler "elektriki toguň tagmalary" diýlip hem atlandyrylýarlar. Bu ýanyklar daşky görnüşi boýunça uly bolmasalar hem, adatça juda çuň bolýarlar we köp sanly myşsalary, süňkleri, şeýle hem içki agzalary zeperleýäler. Elektriki togy ýüregiň işiniň bozulmagyna, hatda onuň doly togtamagyna, şonuň ýaly-da dem alşyň durmagyna hem getirip biler.

Elektrik togunyň giriş hem çykyş deşigi köp halatlarda elleriň aýalarynda ýa-da dabanda ýerleşýär. Elektriki tok bilen şikeslenmäniň birnäçe aýratynlyklarynyň bardygy sebäpli, onuň adama dowamsyz görnüşde täsir etmegi hem ýüregiň ýa-da demiň durmagyna getirip bilýär. Hut şonuň üçin hem ejir çekeniň ömri ilkinji kömegiň özwagtynda berilmegine we tizden-tiz lukmanlaryň çagyrylmagyna bagly bolup durýar.

Bolup geçýän ýagdaýa baha bermeli. Ýagdaýa baha bermezden, ejir çekene eliňi degirmeli däl. Onuň heniz hem elektrik togunyň täsiriniň astynda bolmagy juda ähtimal. Siz oňa eliňizi degirseňiz, sizi hem elektrik togy urmagy mümkin.. Eger elektrik togy uran adamy onuň bedeniniň hem edil elektrik simi ýaly elektrik tok geçirýändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Bu ýagdaýlaryň hiç birinde hem ejir çekeniň bedeniniň açyk ýerlerine elleriňizi degirmäň.








HOWPSUZLYK DÜZGÜNLERINI BERJAÝ ET!

  1. Elektrik togy bilen işleýän islendik enjamy ulanmak bolmaýar.

  2. Elektrik togy bilen işläp duran enjamyň ýanyna barmak bolmaýar.

  3. Elektrik geçirijileriniň ýanynda bat-börek öýnamak ýa-da elektrik geçiriçileriň üstüne zat zyňmak bolmaýar.


  1. Elektrik transformatorlarynyň çägine girmek gadagan.

  2. Elektrik geçiriji daşy örtükli tok geçirijileri ellemek olar bilen arkaýyn çemeleşmek bolmaýar.

  3. Otly yolynyň ugrynda oýnamak bolmaýar, otly ýolunyň ugrynda elmydama elektrik togy bolýar.

  4. Bilesigelijilikli häsiýet bilen elektrik tigy bilen işleýän enjamlary açyp görmek ýa-da açyk ýagdaýda işe düşürmek gadagan.

  5. Ýolda elektrik geçirijileriniň siminiň üzülen ýagdaýynda uzakdan aýlanyp geçmeli we ululara habar bermeli.

  6. Mekdebiň çäginde elektrik togy bilen işleýän enjamlary öýnamak gadagan.

  7. Mekdebiň kompýuter otagynda kompýuter bilen işläniňde howpsuzlyk düzgünlerini doly berjaý etmeli.

  8. Elektrik togy bilen işleýän enjamlaryň üstünde ýa-da gapdalynda suw goýmak gadagan.

  9. Eliň höl ýagdaýynda elektrik togy bilen işleýän enjamlara degmek bolmaýar.

Hormatly okuwçylar! Siz özüňizi elektrik togynyň ojaklaryndan goramaga çalşyň. Geleňszilik edilen ýagdaýynda özüňiziň, öz bilesigeli-jiligiňizden ýaňa dürli elektrik togy urmagyna uçrap bilýändigiňizi ýadyňyzdan çykarmaň!




Скачать

Рекомендуем курсы ПК и ППК для учителей

Вебинар для учителей

Свидетельство об участии БЕСПЛАТНО!